INDEÝLERIÑ ASLY TÜRKI TAÝPALARDAN GELIP ÇYKANMY?
Indeýleriñ Amerika başga yklymdan gelendigi baradaky jedelli gürrüñiñ hiç haçanam gowry ýatmady. Öñe sürülen teoriýalaryñ arasynda bize iñ mälimi bolsa indeýleriñ mundan müñlerçe ýyl öñ deñiz derejesiniñ peselmegi netijesinde Bering bogazynda emele gelen gury ýeriñ üstünde Amerika geçenligidir. Alymlaryñ birnäçesinim pikirine görä, indeýleriñ ata-babalary, ýagny ýokarda ady geçen bogazdan Amerika geçenler türki taýpalardy. Has takygy türkmenlerdi. Muny ylmy jemgyýetçilikde sagdyn deliller arkaly iñ göwnebatyjy şekilde subut edenem zehinli türkmen alymy Ahmet Bekmyradowdyr.
(Maglumat üçin seret: Ahmet Bekmyradow "Amerikany ilki bolup kim açypdyr?",
Makalanyñ saýtdaky linkleri:
http://kitapcy.ml/news/amerikany_ilki_bolup_kim_acypdyr/2018-07-05-980;
http://kitapcy.ml/news/amerikany_ilki_bolup_kim_acypdyr_2_dowamy/2018-07-05-982;
http://kitapcy.ml/news/amerikamy_ilki_bolup_kim_acypdyr_3_dowamy/2018-07-05-983).
Demirgazyk Amerikanyñ ilkinji ýaşaýjylarynyñ genetiki düwünçeginiñ Sibiriñ günortasyndaky daglyk Altaý sebitinden (türki taýpalaryñ ýaşan ýerleri -t.b.) gelip çykandygy barada amerikan we rus antropologlarynyñ geçiren barlaglary hem Ahmet Bekmyradowyñ gelen netijesini ýene bir ýola tassyklaýar.
Amerika ilkinji gadam basanlaryñ ata-babalary şol türki taýpalardandy we olar häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyñ çäginde galan Altaý daglaryndan mundan 20-25 müñ ýyl öñ Amerika tarap gidipdiler.
Aziýalylara ýakyn genetiki aýratynlyklara eýe bu adamlar şol döwür suw astynda bolmadyk Bering bogazyndan geçmänkä Sibiri boýdan-başa pyýadalapdyrlar.
Hünärmenler geçiren barlaglarynda amerikaly indeýler bilen Altaýyñ günorta böleginde ýaşaýan ýerli taýpalaryñ DNK-larynda Y hromosomyny (atadan geçme) analizlediler we iki tarapyñ paýlaşýan genetiki mutasiýasyny tapmaga çalyşdylar. Barlagyñ netijesinde amerikan we rus antropoglary her iki toparda-da eneden geçme mitokondrial genlerde hem birmeñzeş genetiki baglanyşygy tapdylar.
Barlaglaryñ dowamynda bu mutasiýalaryñ orta çykmagy üçin näçe wagtyñ gerek boljakdygyny hasaplan alymlar Altaý genleriniñ 13 ýa-da 14 müñ ýyl öñ amerikan indeýlerinden bölünip aýrylandygyny çak edýärler.
DNK boýunça geçirilen täze barlaglar häzirki wagtda Sibirde ýaşaýan türki halklaryñ biri bolan ýakutlaryñ arasynda juda ýakyn garyndaşlyk baglanşygynyñ barlygyny görkezdi.
Stanford uniwersiteyinden Riçard M.Mýersiñ ýolbaşçylygyndaky toparyñ “Science” žurnalynda çap edilen işlerinde ýer ýüzüne ýaýran adamlaryñ täze genetiki analizleriniñ häzirkizaman adamyñ Afrikadan ýaýrandygy baradaky teoriýasyna goşmaça deliller berildi.
Mýersiñ topary 51 halkdan 938 adamyñ genetiki aýratynlyklaryny öwrenip, olaryñ biri-birine nähili meñzeşlikleriniñ ýa-da tapawutlyklarynyñ bardygyna üns berdi.
Barlaglaryñ dowamynda orta çykan iñ ähmiýetli açyşlaryñ biri bolsa Sibirde ýaşaýan ýakutlaryñ Meksikada, Orta Amerikada, Kolumbiýada we Braziliýada ýaşaýan ýerli ýaşaýjylar bilen genetiki meñzeşliginiñ barlygydyr. Ýakutlar bilen Amerikada garyndaşlyk baglanyşygy tapylan ýerli halklara Orta Amerikada maýýalar, Braziliýada suruiler we karitianalar girýär.
Alymlar ýakutlar bilen deñiz derejesiniñ has pes döwründe gury ýeriñ üstünden Sibire geçen ýerli amerikalylaryñ arasynda ganybir garyndaşlygyñ bardygyny aýtdylar.
Öñe sürülen pikirleriñ ählisi-de Amerika mundan 12 bilen 30 müñ ýyl öñ bar bolan gury ýer arkaly Bering bogazyndan aşyp Sibirden göçülendigi baradaky teoriýany tassyklaýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy makalalar