02:09 Informasiýa güýçmi? | |
INFORMASIÝA GÜÝÇMI?
Publisistika
Gündelik durmuşda doly kabul edilen, şonuň üçinem üstünde hiç hili ikirjiňlenilmeýän birtopar nobatçy aýtgylar bar. Bularyň biri-de zol gaýtalanýan “Informasiýa - güýçdür” sözüdir. Informasiýa güýç bolýan bolsa, kellesi informasiýadan, ýagny ylym-bilimden püre-pür doly birgiden mugallym, dosent ýa-da professor alýan aýlyklary bilen aýdan-aýa zordan ýetýän wagty, aň derejesi ortagürpdenem pes köp sanly işewür müňlerçe adamy garamagynda işledip, million dollarlara höküm edermidi? Nobel baýragyna mynasyp bolan birnäçe professor ortaça derejede ýaşaýan bolsa, uniwersiteti ýarpy ýolda taşlan Mark Zukerberg, Stiwen Spilberg ýa-da Stiw Jobs ýaly adamlar adatdan daşary oýlap tapyşlary edip, milliardlarça dollarlary gazanmadylarmy? Şeýle ýagdaý Türkiýä hem degişli dälmi? Işi şowuna bolýan market eýesi Orta Gündogar Tehniki uniwersitetindäki (ODTU) ýa-da Bilkent uniwersitetindäki iň gowy professordan 20-30 esse köp pul gazananokmy? Informasiýa güýç bolýan bolsa, köp kitap okaýan okumyşlar hemmelerden has kän gazanmaly dälmi? Nirdedir bir ýerde diwar ýazgysyny ýatladýan şeýle ýazgyny okapdym: “Elli ýaşadym, şumada çenli üç müňden gowrak kitap okadym, ýöne bu, köçäň ugrundaky gök-ak satýan alyp-sataryň meni her gün çürkemeginden gorap bilenok”. Şeýle bolýan bolsa, informasiýadan ýüki ýetik ýurtlar nädip ösüp-özgerip, baýap gitdi? Germaniýa, Fransiýa, Angliýa, ABŞ ýaly ýurtlar nädip informasiýa arkaly şugadar güýçlenip, baýadylar we şeýlekin uly ösüşe ýetip bildiler? Gury informasiýanyň bir özi derege ýaramaýar. Informasiýa ony diňe ulanyp bilen wagtymyzda hakyky güýje öwrülýär. Şol sebäpli-de ýokary okuw jaýlarynda guraksy we teoretiki ylym öwredýän professorlar pukara durmuşda ýaşaýan bolsa, olaryň kemala getiren ylmyny ulanan töwekgeller adatdan daşary işleri amala aşyryp, ummasyz uly baýlyklary gazanýar. Wehbi Koç ýa-da Sakip Sabanjy hiç mahalam ODGU-däki professor ýaly ylymly-bilimli bolmandy, ýöne olar edinen informasiýalaryndan peýdalanyp biljek praktiki akyl-paýhasa eýedi. Günbatar ýurtlary teoretiki ylym bilen praktiki akyl-paýhasy birleşdirip, ajaýyp işleri amala aşyrdylar we Günbataryň oýlap tapyşlary arkaly tutuş adamzadyň ýaşaýşy gowulandy. Şu gün ýol, suw, elektrik togy ýaly hiç bir infrastrukturasy bolmadyk Owganystanyň çet obasynda ýaşaýan biri internet arkaly dünýäniň başga bir künjündäki garyndaşlary bilen wideogepleşikde hal-ahwal soraşyp bilýär. Başgaça aýdanda, öz ýaşaýan döwleti raýatlarynyň ýol, suw, elektrik togy ýaly iň gerekli şertlerini üpjün etmeýändigi zerarly, ol iki asyr öňki döwrüň şertlerinde ýaşap ýörenem bolsa, ABŞ-nyň Kremniý jülgesindäki hünärmenleriň birnäçe ýyllap kelle döwüp oýlap tapan tehnologiýasy arkaly şu günümiz bilen, XXI asyr bilen aragatnaşyk gurup bilýär. “Günbatarda kämilleşdirilen tehnologiýalarda musulmanlaryňam goşandy uly” diýip, muňa mysal hökmünde derrew Ugur Şahin, Özlem Türeji ýaly birnäçe adamyň adyny sanap bilersiňiz. Muňa şeýle sowal bilen garşylyk bermek mümkin: Şahin we Türeji maşgalasy Türkiýede bolan bolsa, Germaniýada amala aşyran işlerini edip bilermidiler? Kaliforniýa ştatyndaky Kremniý jülgesinde ýapon, hytaý, türk, hindi, arap, brazil ýaly dürli milletlerden bolan uçursyz zehinli alymlar, inženerler, hünärmenler işleýär. Emma bu adamlaryň barsy adamzadyň ýaşaýşyny gowulandyran işlerini öz dogup ulalan ýurtlarynda däl-de, diňe ABŞ-da amala aşyryp bilýärler. Diýmek, informasiýa döretmek we önümleriň hilini gowulandyrmak üçin diňe zehinli bolanyň ýeterlik däl, munuň üçin amatly şertler hem gerek. Ýyladyşhanalarda ýetişdirilen miweleriň we gök önümleriň dökünine, suwuna, ýylylygyna çenli hemme zadyny deň şertde ýetirmek gerek bolýan bolsa, ylymyň galkynyp ösmegi we miwe bermegi üçinem demokratiýa, adam hukuklary, düşünje we söz azatlygy, hukuk döwleti ýaly birnäçe normalaryň deň derejede üpjün edilmegi gerek. Bulardan biri ýa-da ikisi bolmasa, ylym şonda-da öser, miwe hem berer, emma gazanylan netije hakyky bolmalysy ýaly bolmaz. ABŞ, Ýaponiýa, Günorta Koreýa ýaly ýurtlarda köp sanly tehnologiki enjamlar oýlap tapylanda, Russiýanyň bu babatda göýdük galmagy hut şu sebäplidir. Hytaý barada aýdanda bolsa, bu ýurtdaky ähli tehnologiki enjamlaryň Günbatardakylaryň bire-bir nusgasydygyny aýtmak mümkin. Elbetde, ylymdan-bilimden ýüki ýetik her kes millioner bolmaly diýen zat ýok. Emma halkyň ylym-bilim derejesi ösdügiçe ýurduň ýüzü-de, görnüşi-de üýtgeýär we hemmeler üçin göze gelüwli hala gelýär. Geografiki taýdan iň oňaýsyz şertlere eýe ýurtlaram ylym-bilim we tehnologiýa arkaly göze gelüwli hala gelip bilýär. Üznüksiz ýer titremeler bilen endiräp duran adalaryň ýurdy Ýaponiýa, gyş paslynyň 8-9 aý dowam edýän Şwesiýa, Norwegiýa, Finlandiýa yaly ýurtlaryň köp adamyň gözüne ýakymly görünmegi şonuň üçindir. Haýsydyr bir ýurt ýa-da sebit her näçe össe ösübersin, demokratiýa, düşünje we söz azatlygy, hukuk döwleti ýaly esasy prinsiplerden binesip bolsa, ol ýer hiç kimiňem gözüne ilmez. Göreňzokmy, epgekli çölde biten bägül deýin Dubaý diňe işewürleriň, maýadarlaryň we Golliwudyň ýyldyzlarynyň ünsüni çekýän bolsa, siriýaly we owganystanly bosgunlaryň ümzügi birmeňzeş medeni we dini gymmatlyklary bolan Dubaýa tarap däl-de, tersine özleri bilen hiç bir babatda umumylygy bolmadyk Ýewropa tarap. Türkiýe babatda bolsa: bu ýurtdaky informasiýa we ösüş derejesiniň o diýen öwerlik däldigini aýtmak mümkin. Türkiýe soňky ýyllarda adam ösüşi indeksiniň sanawynda 200 ýurduň içinde 80-nji we 50-nji orunlaryň arasynda bir ýerde durýar. Ykdysady taýdan G20 blogyna giren we birinji onluga girmegi maksat edinen bir ýurt üçin sanawdaky bu ornuň entek-entekler yzdadygy düşnükli zat. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 11.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |