08:47 Isa pygamber haça çüýlenmän ekeni! |
ISA PYGAMBER HAÇA ÇÜÝLENMÄN EKENI!
Gýoteborg uniwersitetiniñ ylahyýetçisi Gunnar Samuelsson birinji asyrdan galan antiki ýazgylara esaslanyp geçiren barlaglarynda Isa pygamberiñ (a.s.) hristianlaryñ ynanşy ýaly haça çüýlenip ölmändigini orta atdy. Samuelssonyñ aýtmagyna görä, Hezreti Isa haça çüýlenip däl-de, başga bir temmi çäresi ulanyp şehit edilen bolmagy ähtimal, sebäp diýseñ Isanyñ ýaşan döwründe Rimde haça çüýläp öldürmek usuly ýok eken.
Gunnar Samuelsson birinji asyrda ulanylan haça çüýleme usuly boýunça ýazan 400 sahypalyk ylmy işinde Injilde Hezreti Isanyñ haça çüýlenip ýa-da haýsydyr bir başga usul bilen jezalandyrylyp öldürilendigi barada kesgitli anyk maglumatyñ ýokdugyny öñe sürdi.
Şwes teology Injiliñ Isa pygambere diñe “stauros” göterdilendigi barada ýazýandygyny mälim etdi. Birnäçe alym “stauros” sözüniñ gadymy grek dilinde “haç”, bu sözden dörän işligiñ bolsa haça çüýleme çäresini añladýan “anastauroun” bolmagynyñ ähtimallygyny öñe sürdüler. Muña garamazdan b.e.öñ 800-nji ýyla çenli uzaýan gadymy ýazgylar boýunça üç ýarym ýyllap barlag geçiren Samuelsson İnjilde geçýän sözleriñ birnäçe many añladýandygyny orta çykardy. Şwed ylahyýetçisi “stauros” sözüniñ aslynda gazyk-syryk-direg we "jeza guraly" manylaryny berýändigini subut etdi.
■ Haç we Isa
Şwesiýaly din alymy şol bir wagtyñ özünde haça çüýlemegiñ Rim imperiýasy döwründe giñden ýaýran usul bolmandygyny öñe sürdi.
Haça çüýleme boýunça ibrany, arameý, latyn we grek dilindäki müñlerçe golýazmalary içgin öwrenen Samuelsson haç ýesirleri öldürmek üçin däl-de, öldürenden soñ gazyga kakylan bir usul hökmünde ulanylypdyr diýen netijä geldi. Bu pikiri delillendirmek üçin salgylanylan antiki golýazmalaryñ birinde Rimiñ birinji asyrda ýaşan filosoflaryndan Seneka uruşdan soñ müñlerçe ýesiriñ gazyga kakylandygyny we şonda ölüleriñem gazyga kakylandygyny gürrüñ berýär.
Samuelsson gadymy golýazmalary ünsli seljerende haça çüýleme wakalaryna diñe iki ýa üç gezek duş gelendigini aýtdy. Şwesiýaly teologyñ bu maglumaty Rim döwründe haça çüýlemegiñ köp ulanylandygyny aýdýan kitaplar bilen ters düşýär. Birinji asyrda Rim imperatorlarynyñ üçüsine geñeşdarlyk eden ýewreý taryhçysy Žosef Flawiniñ ýazgylaryna hem salgylanan Samuelsson rimli esgerleriñ haýsydyr bir ýewreý gozgalañynda ele düşen ýesirleri öldürmek üçin birnäçe wagşyçylykly metodlary ulanandygyny aýtdy. Isa pygamberiñ ýaşan döwründe ulanylan ölüm jezalarynyñ çak edilşinde has tapawutly we dürli-dürli bolandygyny aýdýan Samuelsson näme sebäpli haçyñ hristian motiwine öwrülendigine düşünip bilmeýändigini aýtdy.
Şwed alymy Isa pygamber aradan çykansoñ diñe ikinji asyrda ýazylan golýazmalarda "T" we "X" şekilli haç belgileriñ ulanylyp başlandygyna ünsi çekdi.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy makalalar
|
Категория: Taryhy makalalar |
Просмотров: 593 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 5.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary