17:15 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Güýjüň garşysyna batyrlyk | |
XIX. Güýjüň garşysyna batyrlyk
Taryhy proza
Çingiz han şeýle diýipdir: «Men olaryň agtyk-çowluklaryna, iň soňky guluna çenli gyraryn». «Gizlin hekaýatlar». Çingiz hanyň çadyryňa mongol kebtewüli1, onuň yzy bilenem egni kümüşsöw sowutly, eli kiçiräk naýzaly ýigit girdi. Naýzanyň ujunda suw geçirmeýän, ýag ýokmaýan pergament kagyzy akjaryp görünýärdi. Kebtewül şeýle diýdi: – Hökümdar, sen ýanyna Horezmiň şasy Jelaletdin soltanyň ilçisini getirdim. Naýzanyň ujundaky onuň ýollan haty. Altyn çaýylan tagtynyň üstünde aýbogdaşyny gurup, gymyldaman oturan Çingiz han tutuk nazaryny çapara gönükdirdi. – Ilçi diýýäninem şümi? Bu gyz. Özem erkek lybasyna girip, men ýanyma gelmege ýürek edip bilen bolsa, batyr gyz bolmaly. Maňa näme diýmekçi? Näme üçin gyzlaram söweş lybasyny geýipdir? – Men saňa öz soltanymyz Jelaletdinin hatyny getirdim... Watany goramak üçin gyzlarymyzam ellerine ýarag aldy. Menem şolaň biri. Garry uýgur mürzesi naýzanyň ujundaky haty aldy-da, esli wagtlap ýüzüne seredip durdy. Soňam şeýle diýdi: – Bu hakykatdanam, hat... Horezmiň şasy Jelaletdinden... Ýazylyşy gödek, sypaýçylyksyz. – Oka! – diýip, Çingiz han heňkirdi. – Ine, oň ýazan zady: «Uruşmak üçin göwnün halan ýerini saýla. Saňa şo ýerde garaşaryn». Çingiz han ýogyn garnyny silkeläp, göwnühoşluk bilen güldi. – Şu gün gelmek bilen, sen bagtyň getirdi. Ýowuz şiriň häzir garny dok. Sag-aman yzyna gidip bilersiň. – Men diňe berjek jogabyna garaşýan, beýik kagan. – Ýaş çapar, – diýip, Çingiz han söze başlady. – Öz hökümdaryň gaşyna bar-da, şeýle diý: «Men öz kuwwatly gollarymdaky patyşalyk uýanlarymyň gymmatly bezeglerini onuň garawsyz goparyp durmagyna ýol berip bilmen. Agzy sary guşjagaz bolan seniň garry Bürgüt bilen oýnuň deň gelmez. Munyň ýetmedik ajala el bulamak bolýar. Men seň bilen duşuşara ýer belleşip durman. Edil tupan ýaly, söbügine münerin-de, ýeriň deşiginde-de bolsaň sypdyrman. Asmanda bolsaň – aýagyndan, deňziň düýbünde bolsaň – gulagyňdan çekip çykararyn. Diri tutup, şu ellerim bilen bogup öldürin». – Sen sözlerini bolşy ýaly ona ýetirerin, hökümdar – diýip, çapar seslendi. – Ýöne gelejekde kime näme garaşýanyny Allanyň bir özi bilmese, bendesi bilmez. Çingiz han gaşlaryny çytdy-da, elini salgady: – Ilçini lagerden çykaryp goýberiň! Sag-aman gitsin. Barmagyňyzam batyraýmaň! Çapar daşary çykansoň Çingiz han ýerinden syçrap turdy-da, guduzlan ýaly bögürmäge, bürünç käselerdir beýleki gap-gaçlary ýere pylçap urmaga başlady. Duranlaryň ählisi ellerini ýüzüne tutup, halynyň üstüne ýykyldylar. – Bugurjy noýon nirede? Ýüzin duşup ýatan garry mongol: – Men bärde – diýip, ysgynsyz seslendi. – Ýerinden tur-da, maňa gulak as. Sen dürli şäherlere dargan otrýadlarymyň ählisine çapar ýolla. Goý, olar haýal etmän Talkan şäherine ýygnansynlar. Men öz ähli goşunymy şol ýere ýygnap, tekepbir guşjagazyň söbügine münmekçi. Ol Hindistana gaçyp gizlenjek bolar. Ýöne men dag geçelgelerinde ýoluny keserin. Ol gaýduwsyzlygy üçin ýeňiş öz tarapymda bolar öýdýändir. Ýöne beýle häsiýetli adamlardan äge bolunsa kem däl. Ondan dörejek aždarhalar meň lellim hem emelsiz agtyklarymy çeýnemän ýuwdarlar. Şoň üçinem, biz onuň ýoguna ýanmaly. Men ony gözläp taparyn, kowalap, ysgyn-mydaryny alaryn-da: bokurdagyňa ýapyşaryn!.. Kaganyň ýowuz buýrugyny alan mongol otrýadlary dumly-duşdan bellenilen ýere süýşüp ugrady. Talkan şäheriniň ýanyna ýygnanan goşun ýetmiş müňe ýetdi. Çingiz han özlerini owgan daglarynyň geçelgesi bilen gyssagly alyp ugransoň, esgerleriň hatda nahar bişirinmäge-de wagtlary bolmady. Agyr ýükli kerwenleriň ähläsini şäherde goýdular. «Öz goşuny bilen owgan daglaryndan aşyp, Hindistana tarap gyssanmaç barýan Jelaletdiniň yzyndan kowup ýetmeli» diýen pikir mongol hökümdaryna ýazylganlyk berenokdy. Çingiz hanyň daga siňenem şoldy welin, ol ýerdeki Garjystan galasynyň hökümdary emir Muhammet Maragany garly gerişlerden duşup, onuň agyr ýükli kerwenleriniň üstüne döküldi. Ol Çingiz hanyň altyn hem beýleki gymmat bahaly zatlar ýüklenen arabalaryndan alyp bilenini aldy. Süri-süri gylýallaryny sürüp, kän bendileri azat etdi. Soňra ol ele salan şonça baýlygy bilen Garjystanyň jeňňelliklerine siňip gitdi. Bir ýyldan soň Çingiz hanyň Garjystana ýollan goşuny bäş aýa çeken gabawdan soň daglylaryň ähli galalaryny derbi-dagyn etdi. Emin el-Mülküň çadyryňa gelen Jelaletdiniň diýseň keýpi kökdi. Ol gapynyň agzynda atynyň başyny çekdi. Çadyrdan gaharly, gykylyklar, döwülýän gap-gaçlaryň sesi eşidilýärdi. – Şol köne heň – olja paýlaşygy başlanypdyr öýdýän – diýdi-de, Jelaletdin atdan düşüp, uýanyny golaýynda duran ýigide oklap goýberdi. Çadra girenden onuň gözleri ortadaky akan-dökänlige düşdi: sähel wagt ozal mongollaryň garşysyna egin-egne berip göreşen hanlardyr emirleriň häzirki boluşlary biri-birini düýt-müýt edäýerli görünýärdi. Türkmen hany iki gypjak hanynyň üstüne nagarasyny döwüp, olary mongollardan bir düýe ýüki altyndyr beýleki gymmatly sowgatlar alandygy, Jelaletdiniň goşunyndan aýrylmaga söz berendikleri üçin günäleýärdi. Gypjak hany keljeleriň otrýadynyň baştutany Agragyň depesinden gamçysyny inderip: – Özüň mongollaryň hökümdaryndan sowgat alyp, indem başgalaryň boýnuna atýaň – diýip, heňkirdi. Soňra owganlaryň baştutany Muzafar Mälik bilen garlyklaryň serdary Azym Melik goşuny birleşdirmegiň göwün diýen netijäni bermejekdigi, her kimiň bir tarapa çekip, öz ýerlerine dyzaýandygy, galyberse-de, Garjystana gidip, Çingiz hanyň talanan kerweninden düşen oljadan paýlaryny alaslarynyň gelýändigi barada gürrüňe başladylar. Hanlaryň käbiri gypjaklaryň tekepbirliginden, gödekliginden, beýlekileri kemsidip, masgaralaýandyklaryndan zeýrendiler. – O hanlar öň mongollardan öler ýaly gorkýardylar. «Mongollar bu görünýän adamlara meňzeş däl. Olara gylyjam ýetenok, peýkamam. Şoň üçinem, mongollar ýeňilmezek. Özlerem hiç kimden gorkanoklar, söweşde olary ýeňip biljek güýç ýok» diýip, dowul ýaýradýardylar. Indi çym-pytrak edip, mongollaryňam ilden üýtgeşik däldigine göz ýetiren wagtymyzda gypjaklar ýene öwnüp başladylar. Ýogsam, duşmanyň öňünde döş gerip, Perwananyň ýanynda derbi-dagyn eden biz welin... Ellerini döşünde gowşuryp duran Jelaletdin ala-galmagal bolşup duran serdarlara gussa bilen syn edýärdi. – Dawaňyz näme? – diýip, ol hanlara ýüzlendi. – Heý, agzalalykdan gören peýdaňyz barmy? Görýän welin, Çingiz hanyň göze ilmez kölegesi araňyzda aýlanyp, jübüleriňize tylla taşlaýar öýdýän. Eger-de heriňiz öz ýurduňyza dargasaňyz, bizi aýry-aýrylykda ýok etmegiň Çingiz hana ýeňil düşjegini bilip goýuň. Perwanaň ýanyndaky söweşde bolşumyz ýaly egin-egne berip, jebis dursak, hiç bir güýç bize kär edip bilmez. Diňe şonda biz aýylganç ýagydan üstün çykyp Horezmiň mähriban topragynda azat, erkana ömür sürüp bileris! Jelaletdiniň bu sözlerine pitiwa etmediler. Goşunyň ýarsy bölünip gitdi. Ol özüni taşlap, atlaryna münüp ugran hanlara ýigrenç bilen syn edip durdy. Onuň ýanynda diňe wepaly Timur Mälik bilen hemişe sözüniň eýesi Emin el-Mülk galdy. Şeýdibem, Çingiz han bilen güýç synanyşmak baradaky maksadyň köküne palta uruldy... Ol çadyryň agzynda söweşde tygy gemrik-gädik bolan gylyjyny ýiteldip, gussa batyp oturdy. Birden ol biriniň özüne tarap at çapdyryp gelýänini gördi. Edil ýanyna gelip, atyň başyny çekende onuň Bent-Zankyjadygyny tanady. Atdan düşüp, kelte naýzasyna söýenip duran gyz habaryny berdi: – Men saňa mongol hökümdarynyň jogabyny getirdim. Jelaletdin syçrap ýerinden turdy: – Sen nädip gorkman oň ýanyna baryp bildiň? Bu hyzmatyny hiç wagt unutman. Ol ýowuz gaplan nädip seni öz süreninden aman-esen goýberdi? Bent-Zankyja oňa özüniň Çingiz han bilen duşuşygy, beren jogaby, soňam hiç zat etmän ugradyşy barada gürrüň berdi. «Edermen ýigidiň başyny goýýan ýerinde naçar zenanyň howpsuz ýoda tapaýdygy bolýandyr» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. – Çingiz hanyň bu hatyndan gorkaýmaly – diýip, Jelaletdin gaşyny çytyp seslendi. – Ol bikär gürleýän däldir. Bir zat diýdimi – şonam eder. Ýöne menem aňsat boýun egýänlerden däl: Entekler göreşjegim hak! Onuň bu jogabyndan soň biziň bu ýerden ara açyp, tizräk owgan daglarynyň jülgesine siňmegimiz gerek. Edermen, wepaly dostum, öz kitabyňa gyzykly sahypa ýazyp, onda «Älemi sarsdyryjy» Çingiz han bilen duşuşygyny beýan edersiň... Biz owgan daglaryndan aşyp, Hindistanyň serhetlerine gideris. Men ol ýerde mongol hökümdary bilen garpyşyp, bokurdagyny çeýnär ýaly güýçli goşun toplaryn! Goşunynyň ýarysy bölunip giden Jelaletdin indi mongollar bilen açyk söweşe girip biljek däldi. Şonuň üçinem ol günorta tarapa ýola düşmäge gyssanýardy. Iki tarapyndan dag gysan köp suwly, batly akýan Hind derýasy onuň ýoluny bekledi. Soltan goşunyny o kenara geçirer ýaly gaýykdyr sallar ýasatdy. Ýöne güýçli akym olary belent daş kenara urup, kül-owram etdi. Ahyry bir gämi tapyp getirdiler. Jelaletdin oňa ejesi Aýjäjegi hem beýleki aýallary mündürmekçi boldy. Ol gämem öňküleriň günüňe düşüp, çym-pytrak bolansoň, aýallaram goşunyň ýanynda galdy. Birden atyny ýüzin salyp gelen çaparyň howsalaly sesi ýaňlandy: – Mongollar gaty golaýda! Tizden ähli zat gijäniň gara örtügine duwlandy. Jelaletdiniň Hind derýasyndan geçit gözleýänini bilen Çingiz han ony ele salmak kararyna geldi. Goşunyny gyssap, uzak gije ýol söken hökümdar daň atansoň öz garşydaşyny saýgardy. Mongollar soltanyň goşunyna üç tarapdan golaýlaşyp ugradylar. Goşun birnäçe ýarym aýlaw görnüşinde durany üçin Hind derýasy ýaýyň ykjam dartylgy kirşine meňzeýärdi. Çingiz han Uner Guluja bilen Guguz Guluja öz otrýadlary bilen soltany gysyp, kenardan gaýrarak süýşürmegi tabşyrdy. Soňam bütin goşunyna şeýle buýruk berdi: – Soltana ok ataýmaň. Ony boýnuna kement salyp, meň ýanyma diri getiriň. Jelaletdin gaýduwsyz ýedi ýüz ýigidi bilen goşunynyň ortasynda durdy. Çingiz hanyň bir depäniň üstünde goşunlaryna görkezme berip duranyny gören Jelaletdin ýigitleri bilen gazaply hüjüme geçdi. Öňünden çykany tar-mar edip, tüweleý ýaly okdurylyp gelýän bu ýigitlerden elheder alan mongol hökümdarynyň özem atyny gamçylap zut gaçdy. Göräýmäge, ýeňiş Jelaletdiniň tarapynda ýalydy. Ýöne öňden görüji hem hüşgär Çingiz han söweşiň öňýanynda saýlama esgerlerden düzülen ullakan otrýady buky ýerde gizläp goýupdy. Olar oslagsyz halatda bir gapdaldan çykdylar-da, Jelaletdiniň üstüne hüjüme geçdiler. Olar soltanyň toparyny dargadyp, sag ganata baştutanlyk edýän Emin el-Mülküň üstüne döküldiler. Onuňam hatarlary dargadylansoň, bütin goşun garym-gatym bolup, yza çekilip başlady. Soňra mongollar çep ganatam dargatdylar. Jelaletdin öz wepaly ýigitleri bilen söweşi dowam etdirip, günortana çenli garpyşdy. Ozalky asudalygyndan nam-nyşan galmadyk soltan ýaraly gaplan ýaly, kä saga, kä çepe okduryldy. Mongollar kaganyň buýrugyny berjaý edip, soltana ok atman, diňe halkany kem-kemden gysýardylar. Jelaletdin duşman hatarlaryny böwsüp geçjek bolup, guduzlan ýaly söweşýärdi. Özüniň çykgynsyz ýagdaýda galandygyna göz ýetiren soltan tuwulgasyny, sowudyny hem gaýry söweş enjamlarynyň ählisini zyňdy-da, diňe almaz gylyjyny alyp galdy. Soňra öz söýgüli türkmen atyna syçrap mündi-de, jylawyny derýa tarap burdy. Ok ýaly atylyp gelşine, aty bilen birlikde belent gaýadan Hind derýasynyň towlanyp akýan garamtyl tolkunlarynyň goýnuna özüni oklady. Derýadan sag-aman ýüzüp geýen Jelaletdin kert kenara çykdy-da, gylyjyny bulaýlap Çingiz hana haýbat atdy. Soňam at çapdyryp, golaýdaky jeňňele sümüp gitdi. Adatdan daşary haýran galmakdan ýaňa barmagyny dişläp duran Çingiz han ogullaryňa Jelaletdini görkezip, şeýle diýdi: – Ogul diýeniň şonuň ýaly bolmalydyr! Jelaletdiniň derýa uranyny görüp, suwdan geçmege synanyşýan mongollara hökümdar kowgyny bes etmegi buýurdy. Soltanyň yzy bilen onuň goşunynyňam ýarysy özlerini suwa oklady. Olaryň ep-esli bölegine o kenara geçmek başartdy, galanlaryny joşly tolkunlar öz goýnuna dolap äkitdi. Halas bolanlaryň ählisi Jelaletdiniň goşun toplamagy niýet edinýän ýerine – Hindistanyň serhedine tarap ugradylar. Mongollar söweşde aman galan adamlaryň ählisini gylyçdan geçirdiler. Soltanyň esgerleri onuň aýalyny, ejesini hem beýleki zenanlary duşmanyň eline bermejek bolup derýa zyňdylar. Diňe Jelaletdiniň ýedi ýaşly oguljygy mongollaryň penjesine düşüp, diri galdy. Ony Çingiz hanyň ýanyna getirdiler. Oglanjyk kese oturyşyna kagana ýigrenç bilen seredýärdi. – Duşmanlarymyzyň neberesini köki bilen ýok etmeli! – diýip, Çingiz han gazaply haşlady. – Beýle edermen horezmlileriň neslem meniň agtyklarymyň damagyny tersine çalar. Şoň üçinem, oglanjygyň ýüregini soguryň-da, tazyma beriň! Beýik kagana öz başarnygyny görkezmäge ýagdaý döränine çaksyz begenen mongol jellady ýeňlerini çermäp, oglanjyga tarap ugrady. Ony bada-bat arkan ýatyrdy-da, mongol debine göre, pyçak bilen kükregini parran dildi. Soňam elini gapyrganyň astyna sokup, entek tarsyldap urup duran kiçijik ýüregi sogrup, Çingiz hana uzatdy. Kagan birnäçe gezek hyklady: – Khu! Khu! Khu! Çingiz han dor atynyň jylawuny burdy-da, iki bükülip, ýüz-gözüni eňşidip daşly ýoda düşüp ugrady. ____________ 1 Kebtewül – şahsy janpena; ol «gije köşge girmäge synanyşan islendik adamyň kellesini almaga borçly». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |