09:05 Jynlaryñ aşyk bolma ýagdaýy nähili? | |
JYNLARYÑ AŞYK BOLMA ÝAGDAÝY NÄHILI, JYNYÑ AŞYK BOLANDYGYNY NÄDIP BILMELI?
Geň-taňsy wakalar
Adamlar ýaly iýip-içýän, öýlenýän, çagalarynyñ bolýandygy aýdylýan we başga hili älemlerde ýaşaýan jynlar nähili aşyk bolýar? Jynlar adamlara aşyk bolup bilerlermi, zenan ýa-da erkek jyn barmy? Aşyk bolan jyny nädip gidermeli, haýsy dogalar okamaly ýa-da psihologiki maslahatlary almaly? Jynlar adamlara nähili aşyk bolýar, jynyñ aşyk bolandygyny we onuñ gidendigini nädip bilmeli? Jynlar göz bilen görüp bolmaýan, ýöne bardyklary-da inkär edilmeýän, başga hili älemde ýaşaýan, biz görmesek-de olaryñ bizi görüp bilýän mahluklary. Eýsem hemişe eşdip ýören "jynyñ musallat bolma" ýagdaýy haýsy hadysalarda bolup geçýär. Jynlar adamlary gorkuzmagy, was-wasa düşürmegi, ejiz we biçäre ýagdaýda goýmagy halaýarlar, özlerine ýalbarylmagyndan lezzet alýarlar. Halypa, oruntutar meselesi bu meselede iñ täsirli sebäpdir. Ýagny, adam ýaradylmazdan owal ýer ýüzünde jynlaryñ häkimiýeti bolupdyr. Mantykdan, biri-birini diñlemekden, añ-düşünjeden binesip jyn jemgyýetleri ýer ýüzüni pitne-pesada we uruşa gark etdiler. Soñra olaryñ üstüne halyf hökmünde adam geldi. Kapyr jynlar adamlara bimazalyk berende, berilen zyýany adamyñ organizmine, gurluşyna görä üýtgeýär. Ýogsam bolmasa, jynlar her gören adamyna zyýan ýetirjsk bolup ýörmeýär. Jyn adama sataşanda, ony gorky-ürki, howpurgama duýgusy bilen keýpi-sapa meýul etmäge we ýaramaz endiklere iterýär. Ýagny, kynçylyk we gorky, endişe we ürki bilen adam ybadatyny taşlaýar; arak-şeraba köñül berip ýaramaz endiklere, öz janyna kast etme duýgusyna mübtela bolýar. Şular ýaly jyn sataşmasyna uçran kişiler, eger gowy niýetli, yhlasly we metafiziki äleme erk edip bilýän adamlara gabat gelende, Allanyñ (j.j) ejazasy bilen şypa tapyp biler. Diñe dindar bolmagam ýeterlik däl; käbir mediýumlyk ukyplaryñam bolmaly. Bularyñ hemmesiniñ ylmy tarapy bar. Şeýle-de, "tilsimaty-Kuraniýeden" baş çykarýan kişileriñ üsti bilen jynlara sataşan adamlara ýardam edip bilerler. Jynyñ zyýansyzlandyrylmagy mümkinmi? Hawa, mümkin. Jyny başga ýere gaçmaz ýaky etmek, mediýumlyk ukyby bolan adamyñ gözüniñ hünäri bilen üpjün edilýär. Emma bu ýerdäki maddy gözümiz bilen däl Çünki biz jynlary bäş duýgy organymyzdan biri bolan göz bilen görüp bilmeýäris. Magnit akymy elden, gözden we demden dürli-dürli tolkunda çykýar. Gözden çykan şöhle, ýagtylyk jyny duran ýerinden gymyldap, butnap bilmez ýaly edýär, jyny duran ýerine çüýläp goýýar. Jyn dürli keşplere giribem bilýär, gorky-ürki döredýän görnüş hem görkezip bilýär, emma adamyñ şu boýunça üstünligini inkär edip bolmaýar. Adamlaryñ arasynda meşhur "göz tussagy" aýtgysy doly şu hadysa üçin geçginlidir. Jynlar adamlary diñe şu dört ýagdaýda görmegi halaýar: Aşa gaharlanmak, aşa gorky, gara nebsiñ ýesiri bolmak, aşa gaflat. Walid Abdysalam Baliniñ kitabynda jynyñ adamy urmagynyñ beýleki keseller ýaly alamatlary bolýar. Şonuñ üçinem olara "jyn" diýmän, "üç harply" diýenimizi gowy görýäris. Adyny tutanymyzda, şobada dik başujumyzda peýda boljagyna ynanýarys. Aslynda by mahluklaryñ öýlenmegi, naharlanmagy, ybadat etmegi ýaly adamlara meñzeş birnäçe aýratynlygy bar. Emma aramyzda inçe tapawut bar. Biz olary görüp bilmesegem, olar bizi görüp, täsirlerini ýetirip bilýärler. Şol sanda diñe atlarynyñ tutulan ýerinde däl, hemme ýerde bolup bilerler. Ýagny, "jyn" däl-de, "üç harply" diýip, diñe psihologiýamyzy rahatlandyrýarys. • JYN URMAGYÑ OÝA ÝAGDAÝYÑDAKY ALAMATLARY - Dowamly kelleagyry, emma munuñ şerti bar. Bu agyrynyñ sebäbi göz-gulak, burun, bogaz ýa-da aşgazanyñdaky näsazlykdan bolmaly däl. - Ýüz öwürmek - bu, Allany zikir etmekden we namaz, oraza ýaly parz ybadatlardan ýüz öwürmekdir. - Pikiriñ pytraññylygy - mundan maksat añyñ bulaşyklygydyr. - Ýaltalyk - bu ýagdaýdaky adam hiç zat edesi gelmeýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |