00:26 Kaka hüwdüsi | |
KAKA HÜWDÜSI / degişme
Goşgular
Indi dünýe üýtgäpdir, Aý-günler geçdi, ballym. Çaga saklamak paýy Kakaña düşdi, ballym. Aglasañam emme ýok, Eýýämden düşbi, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Köçämizde gelinler, Oturar hatar, ballym. Ejeñ gybat planyn Dolmaga gider, ballym. Dünýäñ ähli habary Öýmüze ýeter, ballym. Oña çenli kakañy, Gynama beter, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Şükür, indi çar ýana, Uçup dur, uçar, ballym. Ejeñ söwda baş goşdy, Kän menzil geçer, ballym. Yslamabat, Ankara, Tähranda düşlär, ballym. Oña çenli oñşarys, Ruhdan düşmän, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Geñ görmäwer, söwda bi, Hem ýortup-ýörüp, ballym. Ylgamasañ gelenok, Arzyly haryt, ballym. Gözli çeşme beklense, Galarys garyp, ballym. Wah, özüñem añýansyñ, Ýatyrsyñ görüp, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! "Malyşyñdan" bermäýin, Bolansyñ bizar, ballym. "Suwuñy köp goşýañ" diýip, Bermäwer azar, ballym. Käte şony tapmagam, Görýäñ-ä azap, ballym. Biraz oñşukly bolsañ, Ömrüñ-ä uzar, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Arlygyñy ölläýme, Görkezip görgi, ballym. Mundanam bir gün bormy, Ne bäri, añry, ballym. Ejeñ "göwsünem" maña, Beräýmeli ekeni - Bilmändir Tañry, ballym. Şonam bir ýatladawer, Geläýseñ dogry, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Poeziýa / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |