16:51 Barlagçy | |
BARLAGÇY
Goşgular
Şlýapasy kellesinden gabarak, Güjeñläp ondanam gaba papkasyn. Barlagçy gelenmiş, özem ýokardan, - Başlygmyzy gazabyndan saklasyn. - diýip, gürrüñ edýär üýşüp işçiler, Bu zatlar barlagçyñ perwaýyna däl. Haşamly kabinet, öñünde gök çaý, Ýumşajyk kreslo, hem uzyn stol. Onki papka dörüp, bäş sany kagyz, Çyrmaşdyryp göwün solpundan çykdy Başlygyndan içip günortan çaýyn, Marşrutyn goñşy kontora çekdi. Ýolbaşçyñ aş-nany, ötümli bolsa, Hödür-kerem hemme zatdan güýçli-dä, - Sered-ä, barlagçy ýumlugyberdi - diýip, ýene gürrüñ edýär işçiler. Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |