12:12 Şepelere häsiýetnama | |
ŞEPELERE HÄSIÝETNAMA
Goşgular
![]() Birisi Pökgi Wala, Garaçomak birisi. Hasan şugul, Gully han, Dirileriň dirisi. Syrtpuruş Nepes peşab, Gassaplaryň gassaby. Çapgyýassykda ýatan, Ýokdur hetdi-hasaby. Huzurynda elmydam, Ýelli Zaman - kümsügi. Garbap alar ýanyna, Özi ýaly samsygy. Ady onuň pulmesi, Gözi iliň ýalynda. Göräýmäge sypaýy, Jöwher pyçak bilinde. Bally molla obanyň, Täze metjit ymamy. Heleý görse köçede, Göçer gider imany. Öküz gödek goňşusy, Enneküti ýeňňesi. Şaňňyrdaýar horjunda, Harwar-harwar teňňesi. Bar gargasy, gyrgysy, Bar tüýkesme ogrusy. Ýöne weli tapmadym, Ýok eken Göroglusy... 03-05.04.2024. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |