12:32 Söýgi degişmesi | |
SÖÝGI DEGIŞMESI
Goşgular
A gyz, saña sözden çemen bogaýyn, Çemenim kalbyña nagyş etjek dälmi? Asmanyñda günüñ bolup dogaýyn, Doñuñy azajyk gowşatjak dälmi? Yşk kölüne batyp galdym bilmän men, Garaýşyña bendi boldum günäm meñ, Heserlendim açylmadyk telbäñ men, Özüñ tebip bolup, ýagşy etjek dälmi? Çyn aşygyñ mydam haly teñ görner, Soñsuz wadalaryñ haçan soñy görner. Ullakan tamam ýok, ömre deñ görlen, Ýekeje pursaty bagyş etjek dälmi? Dünýä geldim, mähre suwsan gonakdym, Ömüm ýandy oýun bilen henekden, Ýellere ogşatdyñ elwan ýañakdan, Ýeri Toýly Öweze ogşatjak dälmi? ▶ 50 ÝAŞLY AŞYGYÑ ÝAŞ MAGŞUGYNA AÝDANY Men seniñ göwnüñ boljakdym, Bolmady diýmäwer maña. Hyýaldan hakyky dünýä, Gelmedi diýmäwer maña. Seret ykbalyñ oýnuna, Zülpleriñ çolap boýnuma, Şuñkar golum ak goýnuña, Salmady diýmäwer maña. Hasaby ýok aýyñ-ýylyñ, Eýýäm güýz gelipdir gülüm, Gara baglañ gyzyl gülün, Ýolmady diýmäwer maña. Bagt kölüniñ guba gazy, Çeke-çeke ömür näziñ, Ile gülki bolup özi, Gülmedi diýmäwer maña. Öýle biraz gussaly-da, Bagtly pursat gyssagly-da, Ak mämäni ýassandy-da, Galmady diýmäwer maña. * * * Iki ýyldyz arasynda, Iki million ýyl ýatanmyş, Iki ynsan arasynda, Iki barmak dil ýatanmyş. Iki ýyldyz arasynda, Ýagty berse çalaja yş, Iki göwün arasyny, Ýakynladar bir garaýyş. Iki aşyk arasynda, Iki dünýäñ gudraty bar. Iki dünýäñ arasynyñ, Ömür atly hupbaty bar. Şol ömürde iki bolup, Döwran sürmek, oýnap gülmek, Iki sany erbet görmäñ, Erbet däl-de, iki bolmak. Näme diýjek bolýañ şepe, Pikirleriñ ikibaka. Dargap barýar diýip goşga, Goýsañyz-da iki baha. Ýatladaýyn ähli sanyñ, Ikiden soñ köpelýänin, Ulularyñ ýanynda bir, Kemsinmesin 2 sanam. Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |