20:57 Katarda Owganystan ýygnanyşygy | |
KATARDA OWGANYSTAN ÝYGNANYŞYGY
Publisistika
Birleşen Milletler Guramasynyñ 18-19-njy fewralda Kataryñ paýtagty Dohada Owganystana bagyşlanyp geçiren ýygnanyşygy rus oppozision lideri Alekseý Nawalnynyñ duýdansyz ölümi we Gazadaky çaknyşyklar ýaly has möhüm meseleleriñ arasynda gaýnady durdy we Owganystandaky taraplaryñ birini-de kanagatlandyrmadam, begendirmedem. Hawa, Taliban öñe süren şertleri kabul edilmänsoñ, ýygnanyşyga gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Talibanyñ şerti - ýygnanyşyga Owganystanyñ ýeke-täk wekili hökmünde gatnaşmakdy we beýleki owgan toparlarynyñ gelmegine päsgel bermekdi. BMG muny kabul etmänsoñ, Taliban hökümeti-de ýygnanyşyga gelmek pikirinden el çekdi. Täsin ýeri, owgan oppozisionerleri-de ýygnanyşyga çagyrylmady, diñe käbir owgan raýat-jemgyýetçilik guramalarynyñ wekilleri gatnaşyp bildi. Şeýdibem Dohada uruşýan iki owgan toparynyñ bolmadyk Owganystan ýygnanyşygy geçirildi. Elbetde, ýagdaý şeýle bolansoñ, hiç hili netije-de gazanyp bolmady. Dohadaky ýygnanyşygyñ owganlaryñ tamasyny ödemezliginiñ sebäbi barada aýdanda, ilkinji nobatda ýygnanyşygyñ maksady owgan taraplary bir ýere üýşürmek we ylalaşdyrmak däl-de, tersine, BMG-nyñ Owganystan üçin ýörite wekilini saýlamak we Taliban bilen gatnaşyklar babatda goñşy hem bu boýunça gyzyklanýan ýurtlar bilen pikir alyşmakdy. Russiýa ýaly käbir regional ýurtlar Talibanyñ talaby bilen Doha delegasiýalaryny ugratmadylar. Çünki olara Talibanyñ gaharyny getirmezlik öz bähbitleri üçin juda gerekli. Galyberse-de, Eýran, Russiýa, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe ýaly ýurtlar ençeme ýyllap Demirgazyk ýaranlygyny Talibana garşy goldap gelenem bolsalar, göz öñünde tutan netijelerini gazanyp bilmediler. Şeýdibem, "epip bilmedik eliñi öpmeli borsuñ" ýörelgesine eýerip, Taliban bilen dil tapyşmagy makul bildiler. 90-njy ýyllardaky öñki ýaranlarynyñ gözünden düşen owgan oppozisiýasy bu gezek ýigrimi ýyllap arkalaryny dirän Günbatardanam ýüz tapmadylar. Günbatar şonsuzam Owganystanda ýigrimi ýyllyk azabyñ yzyndan başdan geçiren şowsuzlygyny öñki owgan režiminiñ liderleriniñ boýnuna atýar. Bu doly ýalñyş bolmasa-da, şowsuzlygyñ jogapkärçiliginiñ belli bir bölegi Günbataryñ özüne-de degişli. Owganystanda dost eli bilen we ýalñyşlyk bilen ýüzlerçe, hatda müñlerçe gezek obalary, toýlary, jynaza üýşmeleñlerini, hatda goýun sürülerini bombalan NATO-dyr amerikan istrebitelleri ýurdy Talibandan arassalajak bolup, tersine onuñ çöregine mesge çaldy we ahyrynda ýurdy terrorçylara taşlap gaçyp gitdiler. Bar bolanam Günbataryñ demokratiýa wadalaryna we öñki garañky günleriñ yzda galandygyna ynanan azlykdaky şäherli owgan intelligensiýasyna boldy. Ýurduñ içinde ýokary okuw jaýyna taýýarlanýan polisiýa, harby gullukçy, inžener, lukman bolup ýurtlaryna hyzmat etmek üçin Türkiýe ýaly birnäçe ýurtda ýokary bilim alan müñlerçe owgan ýaşlary 2021-nji ýylyñ awgustynda torba sakgally, garañky ýüzli taliban militanlarynyñ çekirtge sürüsi ýaly ýurduñ uly şäherlerini basyp alandygyny gören batlaryna, arkadan pyçaklanan ýaly düýpsüz gaýgy-hasrata çümdüler. Ullakan mümkinçiligi yrýa eden owgan halky, aýratynam azlykdaky şäherli gatlak indi başlaryna çöken garañkylykdan çykmagyñ ýoluny gözleýärler. Ýöne peýdasy ýok. Indi dünýä jemgyýetçiligi olar bilen gyzyklanaýynam diýenok, sebäp has wajyp, has wawwaly meseleler ortada: Gazada çyrpynýan palestinalylar we Russiýanyñ garşysynda aldym-berdimli göreşe girişen ukrainalylar ýaly. Görnüşine seretseñ-ä, dünýä arenasynda owganlaryñ gezegi geçene meñzeýär. Dünýä olar bilen gaýtadan gyzyklanmagy üçin beter uly waka, meselem ikinji "11-nji sentýabr" wakasy gerek. Emma şolar ýaly ýagdaýda eýýäm suw señrikden agsa gerek. Sowet goşunynyñ 1989-njy ýylda ýurtdan çykmagyndan soñ palasyñ aşagyna süpürilen owgan problemasy on ýyldan soñ 2001-nji ýylda (90-njy ýyllaryñ Ümraniýe zibilhanasy ýaly) partlady. 2021-nji ýyldan soñ ikilenç palasyñ aşagyna süpürilen owgan zibilligi göreliñ bu gezek haçan partlarka? Etmeli zat, Owganystanda ähli etniki toparlaryñ wekilçilik edýän giñ gurşawly täze hökümetiñ gurulmagy. Edil häzir ähmiýetsiz we zyýansyz ýaly bolup görünýänem bolsa, Owganystandaky mesele-de azyndan palestin meselesi ýaly wehim, uly we howply netijelere göwreli. Gepiñ keltesi, Owganystanda problemalar düýpli çözülmese dünýä ynjalyk tapmaz. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Çarşenbe, 21.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |