08:51 Kawakjynyñ kitaby | |
KAWAKJYNYÑ KITABY
Publisistika
“Kawakjy” maşgalasynyñ awtobiografiýasyny ýazsam-a, bolmanam durjak däl. Diñe üç dogan Kawakjylar däl: - Halk deputaty, ilçi Merwe Kawakjy; - Halk deputaty, terjimeçi Rawza Kawakjy; - Modaçy Elif Kawakjy... Galyberse-de: Kakalary (yslam hukugy boýunça Türkiýäniñ ilkinji professory) Ýusuf Ziýa Kawakjy, ejeleri mugallym Gülhan Kawakjy... (Kawakjylaryñ ABŞ-da geçiren günleri, Fethulah Güleni öwüp arşa çykaryşlary we ş.m.) Şeýle-de: Daýy tarapy Güngenler maşgalasy... Ýerli-kese ýerli körekenler... Üçünji arka Kawakjylar: Fatima Gülhan Abuşanab, Mariýam Kawakjy, Erwa Kan, Žanna, Sidra... sanasañ sogaby bar... Erdoganlar Kawakjy maşgalasyny eý görýär. Olardan birini halk deputaty, ilçi ýa-da Külliýä (Prezident köşgüne) geñeşçi ýa-da modaçy edýär. Kawakjylaryñam asly Erdoganyñky ýaly gürji... Ymam Hatyp mekdebinde okaýarka Erdogany iñlis dilinden okadan Gülhan Kawakjy bolup çykmagynyñam beýle ýakyn gatnaşyga täsiri bolmagy ahmal... Körekenleriñ işleri hakda-ha aýdybam durjak däl... Ýokarda-da aýdyşym ýaly Kawakjylaryñ awtobiografiýasyny, nirden gelip çykan neberediklerini ýazmaly. Türkiýäniñ soñky 25 ýyllyk syýasatynda hemişe gürrüñleri edilip gelindi (amerikan raýatlyklarynyñ boluşy we beýl.). Nämeler bolup geçdi. Hiç bir konserwatiw maşgala (RHP deputaty bilen nikalaşmagy we ş.m.) "syýasy witrinada" bular ýaly ýer almady... Beýle uzyn girişi ýazmagymyñ sebäbini aýdaýyn: * * * Doktor Fatıma Gülhan Abuşanab... Merwe Kawakjy 1988-nji ýylda ABŞ-nyñ Tehas uniwersitetinde birinji kursda okap ýörkä, ýigrimi ýaşynda asly iordaniýaly amerikan raýaty Ali Ahmad Abuşanababa durmuşa çykdy. Bularyñ nikasyndan dünýä inen Fatima Gülhanyñ çagalygy ABŞ-Türkiýe aralygynda geçdi. Alymlyk derejä ýetdi. 2018-nji ýyldan bäri Külliýede geñeşçi bolup işleýär... Mundan bäş aý öñ "Musulman realist" kitaby çap edildi. (Kitabyny "nänem" diýip ýatlaýan enesi Gülhan Kawakja bagyşlady. Kitabyñ minnetdarlyk bildirilýän bölüminde bir wagt ölüp giden daýylaryny we maşgalasynyñ beýleki ähli agzalarynyñ adyny agzap geçenem bolsa, biriniñ adyny tutmazlygy ünsümi çekdi: Kakasy Ali Ahmad Abuşanab!). "Musulman realist" kitaby ünsümi çekdi, okadym... Ýyldyrym Beýazit adyndaky uniwersitetiñ Halkara gatnaşyklary bölüminde mugallym bolup işleýän doktor Abuşanabyñ ýazýanlaryna añk bolup galdym: Heý, taryham bular ýaly bozularmy, bozulyp bilnermi! Meselem şeýle diýýär: "2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabryndan soñ Türkiýäniñ doktrinasynda we pozisiýasynda öwrülişik bolup geçdi. Munuñ özi Türkiýe ýaly ýurduñ Günbatar gegemonlygynraoy Ýakyn Gündogar syýasatyny sazlamak üçin içerki syýasy täsirini artdyrmagy üçin aýgytlaýjy pursatdy... Türkiýe Respublikasynyñ Yrakdaky uruşyñ garşysynda ykjam pozisiýada durup hereket etmegi-de möhüm pursatlaryñ biri boldy..." Okamaga dowam edeliñ, turpuñ tommaýly ýeri öñde: * * * Serediñ, awtoryñ pikiriçe 2003-nji ýylyñ 1-nji martynda Mejlisiñ gün tertibine hödürlenen kanunnamada AKP hökümeti näme edenmiş: "AK partiýa parlamentar sistemanyñ içinde batyrgaý ädimleri ätdi. Batyrgaýdy, çünki ýurduñ ýarany ABŞ-na garşy çykýan, indi diñe "Günbatara esaslanýan" üns merkezini kanagatlandyrjak funksiýasy bolan aktýor bolmajagyny netine düwüpdi... AK partiýa köp sanly raýatyñ janyny halas etjek uruşda ody gorjamagyñ ýerine regional durnuklylygy saklamak boýunça ykjam pozisiýa görkezmek isleýärdi". Awtordan soramak lazym: haýsy AKP? Başyny Erdoganyñ çekýän liberal-konserwatiw-FETÖ ýaranlygy memorandumyñ kabul edilmegi üçin urundy. Ses berişlikde 250 garşy ses, 264 kabul ses, 19 saklanan ses berildi. 267 sese ýetip bilmändigi üçin memorandum kabul edilmedi. Kabul ses berenleriñ hemmesi AKP deputatlarydy. Alymlyk derejesine ýeten adam "Musulman realist" adyny beren kitabynda taryhy nädip beýle ýoýýar? Kitap musulman liberal kimligini kemala getirmek üçin sa:p Erdogan propogandasyny öz içine alýar! Doktor Abuşanab ABŞ-Ýewropanyñ täsiri bilen edilen Siriýa we Liwiýa memorandumymyñ hatalaryny-da göresi gelmeýär. Ol hakykaty däl-de, öz hyýaly janlandyrmasyny ýazýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |