10:05 Özdiýenli däp | |
ÖZDIÝENLI DÄP
Publisistika
Osmanlyda "dynç alyş güni", "hepdäniñ ahyrky güni" diýlen düşünjeler ýokdy. Anna gününe-de dini hökümlerden daşgaryn aýratyn hukuk berilmedi, dynç alyş güni däldi... Ýedi gün 12-14 sagat iş şertleri 1908-nji ýylda zähmetkeşleriñ aýaga galmagyna sebäp boldy. Emma döwlet zähmetkeşleriñ problemalaryny görmezlige salyp, işçileriñ iş taşlaýyş yglan etmegini çäklendirýän profsoýuzlary gadagan edýän "Tatili-Eşgaal Kanunyny" çykardy! Täze guruljak respublikan döwletiñ iş durmuşyndaky roly Osmanlyñkydan düýpgöter tapawutlanýandygy Anadolynyñ okkupirlenen döwründe bildirmäge başlady. Ilkinji gezek 1921-nji ýylda mejlisde Zonguldak we Eregli magdançylarynyñ zähmet şertleri üçin iki kanun güýje girizildi. Galyberse-de, Mustapa Kemalyñ baştutanlygynda 1923-nji ýylda jemlenen Izmir Ykdysadyýet kongresine gatnaşan işçiler problemalaryny orta atyp, hepdede bir gün dynç berilmegini talap etdi. 1924-nji ýylda "Hepdelik dynç güni kanuny" çykaryldy. Zähmetkeşlere ilkinji gezek dynç güni berildi. Ordu şäheriniñ halk deputaty Sytky Kumry beýiñ teklibi bilen munuñ üçin Anna güni saýlanyp alyndy... * * * Zähmet durmuşyndaky üýtgeşmeleriñ hemmesi respublikamyz gurlandan soñky döwürde girizildi. Soñky ýyllarda senagatyñ ösmegi bilen bu üýtgeşme ýurtdaky ykdysady gurluşa we zähmet durmuşyna ýeterlik bolmady. Işçileriñ sany 1921-nji ýylda 76 müñ bolsa, 30-njy ýyllarda 300 müñe ýetdi. Şonuñ üçin 1935-nji ýylda "Döwlet derejesindäki baýramçylyklar we esasy dynç alyş günleri hakdaky kanun" mejlisde güýje girizildi: 29-njy oktýabr Respublikamyzyñ döredilen güni, 30-njy awgust Ýeñiş güni, 23-nji aprel Ýurt agalygynyñ güni, 19-njy maý Atatürk güni-Ýaşlar we sport baýramy ýaly milli baýramlar bilen Remezan (üç gün), Gurban baýramlary (dört gün) ýaly dini baýramlaram dynç güni hökmünde kesgitlendi. Halkara gatnaşyklarda bökdençlik döredýändigi üçin dynç güni Anna gününden Ýekşenbä geçirildi. Dynç güni Şenbe gününde sagat 13:00-dan soñ başlaýardy... Bu kanun ýurtdaky zähmet durmuşyny dynç alyş günleri boýunça öz içine alan iñ giñ gurşawly kanuny boldy we häzirem hereket edip gelýär... * * * Zähmetkeşleriñ 1-nji maý baýramy-da (Giresun halk deputaty Hakky Taryk Usyñ teklibi bilen) 1935-nji ýylda "Bahar baýramy" ady bilen güýje girizildi. 1-nji maý Türkiýede ilkinji gezek 1923-nji ýylda resmi-kanuny ýagdaýda bellendi... Osmanlyda 1-nji maý gününi bellemegiñ taryhy köneden gelýärdi: 1908-nji (Ikinji meşrutyýet) ýylyñ iýul rewolýusiýasyna gidende Selanikde bellendi. Iñ uly zähmetkeş synpyna eýe Stambulda 1-nji maý gününi 1912-nji ýylda bellediler. Baýramyñ köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ýetmişinji ýyllara gabat gelýär. 1977-nji ýylyñ 1-nji maýynda Türkiýäniñ taryhynyñ iñ ganly-garañky wakalarynyñ biri bolup geçdi. (Näçe adamyñ ölendigini bilemzok. Her kim bir san toslaýar, 34 bilen 42-niñ arasynda üýtgeýär!). 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabrynyñ harby döwlet agdarylyşygy 1-nji maý gününi bellemegiñ soñuna nokat goýdy, Bahar baýramyny ýatyrdy. 1-nji maý güni adaty iş günleriniñ biri boldy! Gadagançylygy 1987-nji ýylda Beýoglynyñ "Zähmet" kinozalynda geçirilen ýygnakda böwüsdiler. Şahyr Jan Ýüjel şygyr okady: "Howa üýtgedi, işçiden işçä ýel öwüsýär" (“Hava döndü işçiden işçiden esiyor yel...”). Iki ýyldan soñ köçä çykyldy. Taksim meýdanyna çykmak islän iki müñ adam polisiýa tarapyndan dargadyldy. Mehmet Akif Daljy atly ýaş işçi mañlaýyndan atylyp öldürildi, 400-den gowrak adam tussag astyna alyndy... Her ýyl galmagally baýramçylyklar dowam etdi gitdi... 1-nji maýyñ "Zähmetkeşler we Raýdaşlyk güni" hökmünde bellenmegini 2008-nji ýylda kanunylaşdyran AKP häkimiýetiniñ rugsady bilen 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji ýyllarda 1-nji maý baýramy Taksim meýdanynda bellendi. Soñra sebäpsiz awtoritar çemeleşme bilen Taksim ýene 1-nji maý gününi bellemelerine ýapyldy. Soñky ýyllarda 1-nji maý güni polisiýanyñ rezin dürresiniñ, gaz pürküjileriniñ astynda bellenýär! Häkimiýetler gelip geçer durar, hemişelik dowam etjek zat işçiler synpynyñ 1-nji maý baýramydyr... Ýaşasyn 1-nji maý! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |