21:14 Kiçi söz: Sekizinji söz | |
SEKIZINJI SÖZ Şu dünýä we ondaky adamzat ruhuna, ynsanda diniň esasyna we gymmatlyklaryna we eger-de Hak Din bolmasa, dünýäniň bir zyndandygyna, dinsiz ynsanyň iň betbagt mahlukdygyna, şu älemiň syrlaryny açan ynsan”ýetiň ruhuny zulmatdan halas edeniň -dygyny düşünmek isleseň, şu mysaly hekaýajyga bak, ony diňle: Gadym zamanlarda iki dogan uzak wagtlaýyn syýahata bile gidýärler. Gide-gide ýol ikä bölünýär. Iki ýoluň aýyrdynda salyhatly bir adamy görýärler. Ondan: “Haýsy ýol gowuka?” diýip soraýarlar. Ol hem: “Sag ýolda kanuna we düzgün-nyzama tabyn bolmak mejburlygy bar. Emma, ol kynçylygyň aňyrsynda pena we bagt bardyr. Sol ýoldan gitseňiz, erkinlige we azatlyga ýetersiňiz. Emma ol erkinlik bilen birlikde howp we bagtygaralyk elmydama siziň hemraňyz bolar. Indi ýol saýlamak ygtyýary sizden.” Bu sözi diňläninden soň, doganlaryň gowy häs”ýetlisi diýip, sagdaky ýola gitdi. Kanuna we düzgün nyzama tabynlyga razy boldy. Ahlaksyz we başyna giden beýleki dogany bolsa diňe erkinlik üçin sol ýoly saýlady. Indi bolsa, daşyndan ýeňil görünýän, emma ruhy taýdan agyr ýola giden bu adamy hyýalymyzda yzarlalyň. Ine, bu adam dereden-depeden aşyp, gide-gide bir boş sähralyga ýetdi. Şol wagt birden elhenç bir ses eşitdi. Görse, gorkunç bir arslan tokaýdan çykyp, oňa tarap atylyp gelýär. Ol hem gorkusyna aýak aldygyna gaçdy. Gaçyp barşyna, altmyş arşyn çuňlukdaky suwsuz guýa gabat geldi. Gorkusyndan özüni onuň içine oklady. Guýynyň ýarsyna ýetende, eline bir agaç ildi. Oňa ýapyşdy. Guýynyň diwarynda gögeren ol agajyň iki köki bardy. Iki sany syçan Ž biri ak, beýlekisi gara Ž ol iki köki dişleri bilen aldygyna kertýärdiler. Ýokarsyna baksa, arslan garawul kimin guýynyň başynda garaşyp dur, aşagyna garasa, guýynyň düýbünde gorkunç bir aždarha başyny göge tutup, agzyny açyp, onuň otuz arşyn ýokarsyndaky aýagyna ýetip barýar. Aždarhanyň agzy guýynyň agzy kimin giň. Ol adam aljyrap, guýynyň diwaryna bakdy, görse, onuň ýüzi zäherli mör-möjeklerden doly. Agajyň depesine seretdi. Görse bir injir agajy eken, emma, haýran galdyran zat Ž onuň şahalarynda hozdan nara çenli köp dürli agaçlaryň miweleri, iýmişleri bar. Ine, bu adam pes düşünjeliliginden, akylsyzlygyndan bu wakanyň ýöne ýere däldigine düşünmeýär. Bu işler tötänlikden bolup bilmez. Bu täsinlikleriň aňyrsynda üýtgeşik bir syryň bardygyna we bu zatlara emr edýän ýeke-täk biriniň bardygyna düşünmedi. Şol wagt onuň kalby, ruhy we akyly şu ajy ez”ýetden, elemli halyndan gizlin perýat etse-de, doýmaz-dolmaz nebsi göýä, hiç zat bolmadyk kimin, bilmezlige salyp, ruhunyň, we kalbynyň agysyndan gulagyny dykyp, öz-özüni aldap, bir bagda seýranda gezýän kimin ol agajyň miwesini iýmäge başlady. Ýöne, ol miweleriň bir kysmy zäherli we zyýanlydy. Alla Tagala Özüniň bir kutsy hadisinde şeýle buýrmuş: “Gulum Meni nähili tanasa, onuň bilen hem şonuň ýaly bolaryn”.(19) Ine, bu betbagt adam öz ýaramaz erbet garaýşy we akylsyzlygy bilen görenlerini adaty zat we hakykatyň özi diýip düşündi. Şu düşünşi ýaly hem ol kabul edildi, edilýär we ediljek!... Ol ne ölüp dynýar, ne-de ýaşaýar. Şeýle bir azap çekýär. Biz hem bu ugursuz adamy şu azapda galdyryp, başga ýana dolanalyň. Beýleki doganyň halyndan habar alalyň. Ine, mübärek akylly şahs gidip otyr. Emma, dogany kimin kynçylyk çekmeýär. Çünki ýagşy ahlakly bolany üçin, ýagşy zatlary pikir edýär, başyna gowy hyýallar getirýär. Öz-özi dostlaşýar. Dogany kimin azap we muşakgat çekmeýär. Çünki düzgün-nyzamy bilýär, oňa uýýar, ony berjaý etmegi aňsat görýär. Ynamly we asuda halda arkaýyn gidip barýar. Ine, ol şol gidip oturşyna, bir bag-bakjalygyň üstünden geldi. Bag-bakjanyň içinde owadan güller we ajaýyp miweler bar. Emma, seredilmändigi, bejerilmändigi üçin bagyň içinde myrdar, hapa zatlar hem duşýar. Owal dogany hem şunuň ýaly bir bag-bakja giripdi. Emma myrdar, hapa zatlara üns berip, olar bilen meşgul bolup, ýüregi bulanypdy. Bag-bakjada dynç alyp bilmän, çykyp gidipdi. Beýleki şahs bolsa, “Her zadyň gowy tarapyna bak” kadasyny amal edip, myrdar zatlara hiç bakmady. Gowy zatlardan peýdalandy. Gowy dynç alyp, çykyp gitdi. Soňra, gide-gide bu hem owalky dogany kimin bir uly sähralyga ýetdi. Birden hüjüm eden bir arslanyň sesini eşitdi. Gorkdy, emma, dogany ýaly gorkmady. Çünki gowy pikirleri besläp we gowy oýlary bilen: “Şu sähranyň bir häkimi bar. Bu arslan ol häkimiň emrini ýerine ýetirji hyzmatkär bolsa gerek” diýip, düşünip teselli tapdy. Emma, ol hem gaçdy. Edil altmyş arşyn çuňlugundaky bir gurruk guýa gabat geldi. Özüni onuň içine oklady. Dogany kimin guýynyň orta bilinde onuň hem eli bir agaja ildi, howada hallan atyp galdy. Görse, iki jandar ol agajyň iki köküni kertýär. Ýokarsyna seretse, arslan; aşagyna äňetse, aždarha gördi. Edil dogany kimin şeýle geň ýagdaýa düşdi. Ol ýene-de gorkdy. Emma, doganynyň gorkuşyndan müň esse az... Çünki oňat ahlagy onda gowy pikirler döredýärdi. Gowy pikirleri bolsa, oňa her bir zadyň ýagşy jähitlerini açýardy. Ine, şu sebäpden hem ol şeýle pikir etdi: “Bu täsin wakalar biri-biri bilen baglanşyklydyr hem-de bir emre gulluk edýäne meňzeýär. Bularda bir gizlin syr bardyr. Elbetde, bu zatlar bir gizlin Häkimiň emri bilen dolandyrylýar. Beýle bolsa, men ýalňyz däldirin; ol görünmeýän Häkim maňa seredýär; meni synag edýär, haýsydyr bir maksat üçin meni bir ýere gönükdirip çagyrýar.” Onuň şu datly gorkusyndan we gowy ýorgudyndan geň sorag ýüze çykýar: “Meni synag edip, özüni maňa tanatmak isleýän we bu täsin ýol bilen meni bir maksada gönükdirýän kimkä?” Soňra tanamak isleginden, oňa gizlin syryň eýesine muhabbet geldi. Şu muhabbetden bolsa, ol syry açmak arzuwy döredi. Ol arzuwdan bolsa, gizlin syryň eýesini razy edip biljek we Onuň göwnünden turjak gowy bir haly eýelemek islegine ýetdi. Soňra ol agajyň başyna bakdy, görse, injir agajy eken. Emma, ony geň galdyran ýene bir zat Ž bir agaçda müňlerçe dürli agajyň miweleri sallanyşyp durdy. Muny görenden, onuň ähli gorkusy aýrylyp, ýüregi ynjaldy. Çünki ol injir agajynyň bir mazmundygyna, bir sergidigine doly düşündi. Ol gizlin häkim özüniň bagy-bossanyndaky ähli miweleriň nusgalaryny bir tilsim we gudrat bilen bu agajyň şahalaryna dakyp, öz myhmanlaryna taýýarlan nygmatlarynyň bir yşarady hökmünde, bu agajy bäzän bolmaly. Ýogsam, täk bir agaç müňlerçe dürli agaçlaryň miwesini berip bilmez. Soňra ol nyýaza başlady. Netijede, bu syryň açary oňa ylham berdi: “Eý, bu ýerleriň Häkimi! Meniň ykbalym Seniň eliňde. Senden aman dileýärin. Saňa hyzmatkärdirin. Seniň razylygyňy isleýärin. Seni gözleýärin.” Bu nyýazdan soňra birden guýynyň diwary ýarylyp, şahana, ajaýyp bir baga tarap gapy açyldy. Belki, aždarhanyň agzy gapy boldy. Arslan hem, aždarha hem hyzmatkär görnüşine girdiler. Onuň şahsyýetini içeri çagyrdylar. Hatda arslan hyzmata tabyn bir ata öwrüldi. Ine, eý meniň ýalta nebsim we eý, hyýaly arkadyşym! Gel, bu iki doganyň düşen günlerini deňeşdirip göreli. Ýagşylyk nähili ýagşylyk getirer we ýamanlyk nähili ýamanlyga elter... göreliň, bileliň. Serediň: sol ýoluň betbagt ýolagçysy mydama aždarhanyň agzyna düşerine garaşýar, titreýär. Beýleki bagtyýar şahsyýet bolsa, reňbe-reň gülli, miweli ajaýyp bir täsin baga çagyrylýar. Ol betbagt hem azap hem-de galpyldyda, uly bir gorkudan ýaňa ýüregi ýarylyp barýar. Bu bagtyýar şahsyýet welin, bolan wakalardan lezzetli bir sapak alyp, ýakymly bir gorky, mahbup bir magrypat bilen täsinliklere tomaşa we seýran edýär. Ol betbagt bolsa, gorky, umytsyzlyk we ýalňyzlyk içinde azap çekýär. Bu bagtyýar adam welin, dostluk, umytlylyk hem-de ýagşy dilegler içinde kanagat edýär.Ol betbagt bolsa, özüni wagşy haýwanlaryň hüjümine duçar bolan tussag hökmünde görýär. Bu bagtyýar şahsyýet bolsa, bir eziz myhmandyr; Myhmandary Kerimiň myhmany bolup, Onuň täsin hyzmatkärleri bilen dostlaşyp şatlanýar. Ol betbagt, welin, daşyndan göräýmäge, lezzetli, emma, zäherli iýmişleri iýip, azabyny artdyrýar. Sebäbi, ol miweler Ž nusgalardyr. Asyllaryna talyp we müşderi bolsunlar diýip, olardan datmaga rugsat berilýär. Emma, haýwan kimin, symyşlamaga rugsat berilmeýär. Bu bagtyýar adam bolsa, ilki dadyp görer, soň düşüner, iýmegi soňa goýar. Intazar etmekden lezzet alar. Ol betbagt welin, öz-özüne zulum edýär. Gündiz kimin, oňat bir hakykaty we aýdyň bir haly öz aňmazaklygy bilen özi üçin bir eýmenç we zulmatly bir wehme, bir jähenneme öwüripdir. Bu adam ne rehime mynasyp, ne-de bir kimseden şikaýat etmäge hakly. Meselem: bir adam tomsuň güni täsin bir bakjada dost-ýarlarynyň arasynda hoş bir zyýapatdaky keýpe hem kanagat etmän, özüni pis, haram içgiler bilen serhoş edip, hamala gyşyň ortasynda wagşy haýwanlaryň içinde aç hem çyplak haldadyryn öýdüp, bagyrmaga we aglamaga başlasa, oňa nähili rehim etjek?! Sebäbi, ol öz-özüne zulm edip, dost-ýarlaryny wagşy haýwanlar saýyp kemsidýär. Ine, ol betbagt hem şeýle etdi. Bagtyýar şahsyýet bolsa, hakykaty görýär. Hakykat bolsa gowudyr. Hakykatyň husnuna düşünmek bilen, hakykat eýesiniň kämilligine hormat goýýar. Rahmetine mynasyp bolýar. Kur”anyň “Erbetligi özüňden gözle, gowulygy Alladan” diýen hökmüniň syry aýan bolýar. Eýsem, şular ýaly tapawutlary deňeşdirseň, düşünersiň, ýagny owalkynyň gara nebsi oňa magnawy jähennem taýýarlapdyr. Beýlekisiniň ýagşy niýeti, husny zanny, gowy gylygy we gowy oý-pikirleri ony yhsan we bagta, parlak bir pazylata hem-de berekete ýetiripdir. Eý, nebsim! Nebsim bilen birlikde bu hekaýany diňleýän adam! Eger, doganlaryň betbagty kimin bolmak islemeseň, bagtyýar dogan ýaly bolaýyn diýseň, Kur”any diňle we onuň hökümlerine tabyn bol! Oňa ýapyş! Hökümlerine amal et! Eger, şu mysaly hekaýada bolan hakykatlara pähim etseň, olary diniň hakykaty, dünýä, ynsan we iman bilen deňeşdirip bilersiň. Möhümlerini men özüm aýdaryn. Galanyndan sen özüň netije çykar. Ine, bak! Ol iki doganyň, birisi ruhy mü”min we kalby salyhdyr. Beýlekisi ruhy kapyr we kalby pasykdyr. Ol iki ýoluň sag tarapa gidýäni Ž Kur”anyň ýoly we imandyr. Sol tarapa gidýäni bolsa, ysýan ýoly we küfrandyr. Ol ýoldaky bakja bolsa adamzat jemgyýetiniň we ynsan medeniýetiniň wagtlaýyn sosial durmuşydyr. Onda haýyr we şer, gowy hem ýaman, tämiz hem-de pis zatlar bile gelýärler. Akyl adam şudur: diýen kada bilen amal eder, her bir ýere kalby salamatlyk bilen gider. Ol sähra bolsa, şu zemin we dünýädir. Ol arslan bolsa, ölüm we ajaldyr. Ol guýy ynsan we durmuşdyr. Ol altmyş arşyn çukur bolsa, ynsanyň ortaça ömrüdir, takmyny altmyş ýyldyr. Ol agaç bolsa, ömür mütdetimizdir we maddy durmuşymyzdyr. Ol gara we ak iki janawer bolsa, gije hem gündizdir. Ol aždarha-da agzy gabyr bolan berzah ýoludyr, ahyretiň eýwanydyr. Emma, mü”min üçin, ol agyz zyndandan bir baga tarap açylan gapydyr. Ol zäherli mör-möjekler bolsa, dün”ýewi belalardyr. Emma mü”min üçin ol belalar gaflat ukusynda galmaz ýaly, datly ilahy oýarmalardyr we Rahmanyň lutuflary hökmündedir. Ol agaçdaky iýmişler bolsa, dün”ýewi nygmatlardyr. Jenaby-Kerimi Mutlak olary ahyret nymatlarynyň sanawy, ýatladyjylary, meňzeşleri hem-de jennet miwelerine höweslileri dagwat edýän nusgalary şekilinde ýaradypdyr. Ol agajyň bir düýbünde her dürli miweleriň bitmegi Gudraty Samedaniýeniň tagmasyna, Rububiýeti Ilähiniň möhürine, Soltanaty Uluhyýetiň goýan goluna alamatdyr. Çünki: “täk bir zatdan her bir zady döretmek” ýagny, bir toprakda bütin ösümlikleri we miweleri kemala getirmek, hem şol bir suwdan ähli haýwanaty ýaratmak(21), hem sada bir iýmitden ähli haýwanat dünýäsiniň duýgularyny döretmek; şunuň bilen birlikde hem: “her bir zady täk bir zada öwürmek” ýagny, janly-jandarlaryň iýýän örän dürli-dürli tagamlaryndan ol janly-jandarlaryň hersini özüne mahsus bedene eýe etmek, ýönekeý sada bir ham-deri bilen örtmek kimin sungatlar Ahad we Samat bolan Zadyň, Ezeli we Ebedi Soltanyň hususy tagmasydyr. Diňe Özüne mahsus möhrüdir. Galpy ýasalmajak bir nyşanydyr. Hawa, bir zatdan her zady we her zatdan bir zady döretmek diňe her bir zadyň Halygyna hasdyr hem-de Külli Zadyň Kadyryna mahsus bir nyşandyr, bir bellikdir. Ol tilsim bolsa, iman syry bilen açylýan ýaradylyş hikmetiniň syrydyr. Ol açar bolsa: Ol aždarhanyň agzynyň bagy-bossanyň gapysyna öwrülmegi bolsa şeýle zatlaryň nyşanydyr: Gabyr azaşanlar üçin gorky we ýalňyzlyk bilen birlikde, zyndan kimin ýürek gysdyrjy hem-de aždarhanyň garny kimin dar bir mazara açylan gapy halyndadyr; Kur”ana uýanlar we imanlylar üçin zyndany dünýäden bossany baka hem-de synag meýdanyndan jennetler bossanyna we azaply durmuşdan Rahmanyň Rehmetine açylan bir gapydyr.(24) Ol wagşy arslanyň ýakyn hyzmatkäre öwpülmegi we hyzmata tabyn at bolmagy yşaratdyr ki, ölüm azaşanlar üçin ähli dost-ýarlaryndan, eý gören zatlaryndan ajy we müdümi aýralykdyr. Olar üçin özleriniň dünýewi - ýalançy jennetinden çykmaklary we gorkydyr ýalňyzlyk birlikde mazar zyndanyna girmek we tussag edilmekleridir; hidaýet ähli we kuran ähli üçin bolsa ölüm beýleki äleme giden köne dost-ýarlaryna hem-de tanyşlaryna gowuşmaga sebäpdir. Olaryň öz hakyky watanlaryna we ebedi bagtly boljak ýerlerine girmäge bir serişdedir. Ol dünýä zyndanyndan jennet bossanlaryna çagyryşdyr. Ol bir Rahmany Rahymyň kereminden her kesiň öz eden hyzmatyna laýyk nyrhyny almaga garaşýan nobatydyr. Ol bu dünýäniň külpetlerinden dynmakdyr. Ol gullugyň we synagyň tälim hem-de taglymatyndan azat bolmakdyr... Netijede, her kim pany durmuşy esasy maksat edinen bolsa, jennet içinde ýaşaýan ýaly görünse-de, ol ruhy taýdan jähennemdedir. Eger her kim baky durmuşyna çyn ýürekden ýönelen bolsa, ol iki dünýäniň bagtyna eýedir. Dünýäsi nähili erbet we kynçylykly bolsa-da, ol bu dünýäsini jennete girmek üçin garaşylýan eýwan hökmünde garaýandygy sebäpli ony hoş görer, takat eder, sabyr içinde şükür eder. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |