21:22 Kiçi sözler: Hatyma - soňlama | |
HATYMA - SOŇLAMA (Gapyl başa degen bir tokmak hem-de alnan bir sapak) Eý, gaflatda galan, bu durmuşy datly görüp, ahyreti undup, dünýä talap bolan betbagt nebsim! Nämä meňzeýändigiňi bilýärmiň? Düýeguşyna... Ol guş awçyny görýär, emma uçmaýar, awçy özüni görmesin diýip, başyny guma sokýar. Uly göwresi daşynda galansoň, awçy ony görýär. Ýöne diňe ol gözüni guma sokany üçin, awçyny görmeýär. Eý nebsim! Şu tymsala bak, seret: Açgözlik - eziz lezzeti ajy azaba öwürer. Bir obadan iki adamy mysal alalyň. Olaryň biriniň ýüz dostundan togsan dokuzysy şähere göçüpdir. Göçenler gowy hem rahat ýaşapdyrlar. Obada bolsa onuň ýalňyz bir özi galypdyr. Şonuň üçin ol hem şähere muştak - hemişe şäheri ýatlaýar, dostlaryny küýseýär. Oňa haçan “Senem şähere git!” diýilse, höwes bilen begenip gitjek. Ikinji adamyň bolsa ýüz dostundan togsan dokuzy obadan gidipdir. Olaryň birtopary ýitipdir. Birnäçesi bolsa ne özleri görjek ne-de iliň olary görüp biljek ýerine düşüpdirler. Ýalňyz galan obaly olar perişan hala düşendirler diýip güman edýär. Dostlaryny ýitiren bu biçäre adam olaryň ählisine derek, ýalňyz bir myhman bilen dostlaşyp teselli tapýar. Şeýdip, aýralygyň agyr eleminden gutulmak isleýär. Eý nebsim! Owalbaşda Habybylla, ähli dost-ýaryň gabryň beýleki tarapyndadyrlar. Bärde galan birki sanysy hem bahym giderler. Ölümden ürküp, gabyrdan gorkup, başyňy çaşyrma! Gabra merdana bak, diňle ol senden näme talap edýär! Batyr bol, ölümiň ýüzüne gülüp seret, ölüm senden näme isleýär! Zynhar, gapyl galyp, ikinji adama meňzeme! Eý, nebsim! “Zamana üýtgedi, asyr başgalaşdy, her kim dünýä işi bilen başagaý, durmuşa ysnyşypdyr eklenç derdeseri bilen serhoş” diýmegin. Çünki adam başy ölümli. Şol bir wagtyň özünde-de pyrak hem baky däldir. Adamzadyň ejizligi, ynsanyň pakyrlygy peselmeýär, gaýta has hem artýar. Adamzat ýolagçylygy kesilmeýär, tersine tizleşýär. Sen: “Men hem ähli kişi ýaly “ diýme. Çünki, ähli kişiniň saňa dostlugy gabryň gapysyna deňiçdir. Her kes bilen ýaramaz işlerde ýoldaş bolup, özüňe teselli gözleme, bu düşünjäň gabyrda puç bolar. Hem özüňi öz erkiňe göýberilen eýesiz bir mahlukdyryn öýtme. Çünki, şu dünýä myhmanhanasyna hikmet nazary bilen seretseň, bir zat düzgün-nyzamsyz, maksat-manysyz däldir. Onsaň sen neneňsi ala-böle bidüzgün we maksatsyz ýaşap bilersiň? Her bir hadysalar ýer titremesi ýaly tötänleýin zatlar däldir. Meselem: Zemin lybasy Ž ösümlikler, onuň görki haýwanatlar biri-biriniň içinden geçirilip çyzylan owadan nagyş kimin dünýäni örtendir. Olar başdan-aýaga maksatlar, hikmetler bilen bezelip, Kemaly Intizam (kämil düzgün-nyzam) bilen ýaradylandyr. Olar bir maksatda, zikr edip, aýlanyp durandyrlar. Şeýle hem Adam atanyň nebereleriniň, aýratyn-da, iman ähliniň halanmaýan gaflat işleri sebäpli ruhy dertden ýaňa egin silkmegi ýatladýan ýer titremesi ýaly, ölüme tarap barýan durmuşy hadysalary dinsizler deýin maksatsyz, tötänleýin kabul etmek; musybata duçar bolanlaryň, çekýän elemli zyýanlaryny gaýtargysyz hasaplamaklary olary erbet umytsyzlyga elter. Olaryň şeýtmekleri uly hata we agyr zulumdyr. Hawa, beýle hadysalar Hakimi Rahymyň emri bilen iman ähliniň pany malyny sadaka öwürip bakylaşdyrar, näşükürlikden gazanylan günäleri ýuwar. Bir gün geler, şu emre tabyn Zemin, öz ýüzüniň zynaty bolan ynsanlaryň şirke tarap gidenini, näşüküpliklerini görüp halamaz. Halygyň emri bilen uly bir ýer titremesi - kyýamat bilen ýüzüni arassalar, Allanyň emri bilen şirk ählini jähenneme dykar. Şükür ähline “Baş üstüne, jennete giriň!” diýer. Ýagny: “Eý, adamlar! Sizi we Sizden öň ötenleri ýaradan Rebbiňize ybadat ediň. Diňe şeýdip takwa mertebesine ýetip bilersiňiz. Ýýene-de Rebbiňize ybadat ediň. Çünki Ol ýeri size düşek, asmany üçek etdi. Asmandan suwy size ryzk bolsun, ýerden miwe we beýleki azyklary öndürsin diýip iberdi. Onda siz, başga zatlary Allaha şärik saýmaň. Bilýärsiňiz ahyryn, Alladan başga Mabudyňyz we Halygyňyz ýokdur”. (Bakara süresi, 2/21-22.) Risale-i Nur Külliýaatyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |