21:11 Kiçi sözler: Altynjy söz | |
ALTYNJY SÖZ Nebsiňi we malyňy Alla Tagala satmak hem-de Oňa gul bolmagyň, esger bolmagyň nä derejede gazançly söwdadygyna, nä derejede beýik bir mertebedigine düşünmek isleseň, şu mysaly hekaýajygy diňle: Bir zaman bir patyşa öz raýatyndan iki adamyň her birine amanat bir mülk berýär. Ol mülkde fabrikler, gymmat bahaly maşynlar, at, ýarag-esbap kimin dürli zatlar bar eken. Emma galagoply bir uruş zamany bolansoň, hiç bir zat durnukly däldi, ýa ýykylyp berbat boljak, ýa-da üýtgäp gitjekdi. Patyşa ol iki adama ýagşylyk we rehim-şepagat edip, olaryň ýanyna keremli wezirini gönderýär. Patyşa juda merhemetli perman bilen olara şeýle ýüzlenýär: “Eliňizdäki amanat berenlerimi maňa satyň. Olary siziň üçin gorap saklaýyn. Bihuda zaýa bolmasyn. Uruş gutarandan soňra ýene siziň özüňize öňküsinden hem gowy ýagdaýynda gaýtaryp bererin. Hakykatda ol size amanat berlen maldyr, şeýle-de bolsa men oňa ýokary baha tölejek. Ol fabriklerdäki maşynlar, enjamlar meniň adym bilen we ýanymda işlediljek. Bir puluňyz müň bolar, girdeji girer. Ol gazanjy-da tutuşlygyna özüňize berjek. Siz ejiz we pakyrsyňyz. Ol ägirt uly işleriň harajatlaryny çekip bilmersiňiz. Bu işiň ähli harajadyny we garamatyny öz üstüme alýaryn. Girdejileri, peýdalary size berjek hem-de parahatçylyk zamanyna deňiç eliňizde galdyrjak. Ine, size bäş mertebe peýda üstüne peýda! Aslynda görýänsiňiz, häzir hiç kim elindäki zady özi gorap saklap bilmeýär. Eger, siz hem olary soňra maňa satmasaňyz, beýlekiler kimin eliňizden giderersiňiz we uly puldan mahrum galarsyňyz. Ol gymmat bahaly gözel enjamlar, bu ölçeg terezileri, ol ulanylmaly ajaýyp magdanlar ulanylmanlygy üçin bütinleý gymmatyny gaçyrarlar. Hem ýolbaşçylyk etmek, hem gorap saklamak külpeti başyňyza düşer. Üstesine-de amanada hyýanat jezasyny çekersiňiz. Ine, size bäş esse zelel üstüne zelel. Olary maňa satmak diýmek, maňa esger bolup, meniň adym bilen iş etmek diýmekdir. Siz ýönekeý bir ýesir we başy bozuklar bolmagyň deregine, belent mertebeli patyşanyň has we azat bir gullukçy esgerleri bolarsyňyz.” Şu ýakymly sözleri we permany diňlänlerinden soňra ol iki adamyň akyllysy şeýle diýdi: “Baş üstüne, men uly höwes bilen olary size sataryn. Hem muňa müň gezek şükür ederin.” Beýleki gedem bolsa, Fyragun kimin nebisjeň, tekepbir, meýhor, adam; göýä mülkde ebedi galjak kimin, dünýäniň goh-galmagallaryndan, dagdagalaryndan habarsyz: “Ýok, patyşa kim bolupdyr? Men mülkümi satjak däl, keýpi-sapada ýaşajak!” diýdi. Az wagtdan soňra birinji adamyň şeýle bir mertebesi beýgeldi, her kim oňa gözigidijilik bilen seretdi. Ol patyşanyň lutfy bilen has gözel köşkde bagtly döwran sürüp ýaşady. Beýlekisi bolsa şeýle bir hala girifdar bolýar Ž her kim oňa gynanýar, emma, “Oňa geregi hem şol” diýýär. Çünki eden hatasy sebäpli, hem bagtly döwrany, hem-de mülküni ýitirýär. Üstesine-de jeza we azap çekýär. Ine, eý, meniň höwesden doly nebsim! Şu mysalyň dürbüsi bilen seredip, hakykata dogry düşün! Ol patyşa, ezeli, ebedi Soltan bolan Rebbiň, Halygyňdyr. Ol mülkler, maşynlar, enjamlar, mizan terezileri bolsa, töweregiňi gurşap alan durmuşyňdaky baryň-ýoguňdyr. Ol bary-ýoguň içindäkiler Ž bedeniň, ruhuň, kalbyň, olaryň içindäki gözüň, diliň, akylyň, hyýalyň we şuňa meňzeşler bolsa äşgär we gizlin duýgularyňdyr. Ol keremli wezir, eýsem, Resuly Kerimdir. Ol patyşanyň permany, Kur”any Hakimdir. Gürrüňini etdigimiz uly söwda bolsa, şu aýatda şeýle beýan edilýär: Ol howsalaly uruş meýdany şu galagoply ýeriň ýüzüdir. Ol bir durkuna durmaýar, agýar, dönýär, bozulýar we her ynsanyň aklyna şu pikiri getirýär: “Her bir zat elimizde durmaýar, ýitip gidýär. Eýsem, olary bakylaşdyrmagyň çäresi ýokmuka? “ Şol wagt hem gökden Kur”anyň owazy eşdilýär: “Hawa, bar. Onda-da bäş esse girdejili, ajaýyp we rahat çäresi bar” Sowal: Ol nämedir? Jogap: Amanady hakyky eýesine bagş etmek. Ine, şu söwda bäş esse düşewünt üstüne düşewüntli söwdadyr. Birinji bähbidi: Pany mal ebedilige öwrülip biler. Çünki Kaýýumy Baky bolan Zatu Züljelala bagyşlanan, onuň ýoluna sarp edilen bu wagtlaýyn ömür bakylyga öwrüler. Bakylyk miwelerini berer. Şol wagt bu dünýäde ömür minutlary tohumlar we däneler kimin çüýräp gitseler-de, hakykatda olar älemi bekada (Baky dünýäde) bagtyýar gül açarlar, sünbüllenerler. Älemi berzahda bolsa, ol saňa ýagtylyk, ýakyn hemraňa öwrüler. Ikinji bähbidi: jennet bagyşlanar. Üçünji bähbidi: Her bir duýgy agzalaryň seniň üçin peýdasy birden müňe çykar. Meselem akyl bir ajaýyp serişdedir. Emma sen ony Alla Tagala bagş etmän, nebsiň hasabyna işletseň, ol birahat, saňa agram salýan şeýle bir ýaramaz zada öwrüler. Seniň biçäre başyňa geçen günleriň azaplaryny, gam-gussasyny, ajysyny ýüklär. Şeýle hem geljek günleriň gorkularyny, howp-hatarlaryny inderer. Akylyňy dereksiz, saňa zyýanly bir serişdä öwrüp, onuň gymmatyny gaçyrar. Ine, şonuň üçin fasyk adam akylynyň berýän birahatlygyndan we agram salmasyndan gutuljak bolup galapyn serhoşlyga ýüz urar ýa-da haram keýpe ulaşar. Eger Mäliki Hakykysyna bagş etseň, Onuň üçin işletseň, akyl şeýle bir syrly açara öwrüler. Adam ol açar bilen älemdäki çäksiz Rehmet we hikmet hazynalaryny açar. Şeýdip akyl öz eýesini ebedi bagtyýarlyga taýýarlap, Mürşüdi Rebbany derejesine göterer. Meselem, göz şeýle bir duýuş agzasydyr, ruh bu äleme şol penjireden sereder. Emma sen ony Alla Tagala bagş etmän, gaýta nebsiň hasabyna işletseň, ol gelip-geçip duran wagtlaýyn gözelliklere, daş görnüşlere seredip, nebsiň islegine we höwesine meýilli günäkär hem pes derejeli hyzmatkäre öwrüler. Eger gözleriňi Sani-ýi Basyryňa bagş etseň we Onuň hasabyna, Onuň rugsat beren çäklerinde işletseň, şol wagt olar kitaby kebiri kainatyň syrlaryny öwrener we älemdäki mugjizatyň, ýagny Rabbyň gudratly sungatynyň synçysyna öwrüler. Ýýer üsti bossanynyň rehmet gülleriniň mübärek arysy derejesine ýeter. Meselem, diliň tagam syzmak duýgusyny Fatyry Hakimiňe bagş etmeli. Eger sen ony nebsiň, gara garnyň üçin işletseň, onda ol garyn atly ýuwdarhanyň gapy guly derejesine düşer, gymmatyny gaçyrar. Emma sen diliňi Ryzzaky Kerime bagş etseň, onda diliň tagam syzyş duýgusy, Ilähi rehmet hazynalarynyň üstünden seredýän hünärli zada öwrüler. Gudraty Samedaniýe nygmatlar hazynasynyň şükür eden bir barlagçysy bolar. Ine, eý akylym! Üns ber! Ugur-dereksiz serişde nirede, älemiň açary nirede? Eý, göz! Gowy ceret! Bihepbe bigaýrat kişi nirede, Ilähi kitaphanasynyň üstünden seredýän alym nirede? Eý, dil! Gowja dat! Ýuwdarhanyň gapy guly bolmak nirede, Rehmet hazynasyna seredýän ýörite wezipeli kişi nirede? Ýene şular kimin syna agzalaryny we beýleki organlary deňeşdirip görseň, düşünersiň. Hakykatdan hem mü”minler jennete laýyk we kapyrlar jähenneme muwapyk bolarlar. Olaryň her biriniň özüne laýyk baha almaklarynyň sebäbi mü”min imany bilen Halygynyň amanat zatlaryny onuň adyna we Onuň rugsat beren çäklerinde ulanar. Kapyr bolsa Oňa hyýanat edip, olary betnebsiniň hasabyna işleder. Dördünji bähbidi: Ynsan güýçsüzdir, onuň daşynyň belalary köpdür. Pakyrdyr, mätäçligi welin örän zyýadadyr. Ejizdir, durmuş ýüki örän agyrdyr. Eger Kadyry Züljelala daýanyp, Oňa töwekgellik etmese, Oňa ynanyp, jany bilen boýun sunmasa, wyždany elmydam azap içinde galar. Netijesiz muşakgatlar, elemler, gaýgy-aladalar, ahmyrlar ony horlar. Ol ýa serhoşlyga baş urar, ýa-da wagşa döner. Bäşinji bähbidi. Ähli-Zewk we keşf, Ähli-Ihtisas we muşahede birleşip, bütin agzalarynyň we organlarynyň ybadaty we tesbihaty we başga-da uly bir peşgeşleri iň mätäçlik çekýän wagtyňda, jennetiň iýmişleri görnüşinde saňa beriljekdigini agzapdyrlar. Ine, bu bäş mertebe bähbitli söwdany etmeseň, şu bähbitlerden mahrum bolmakdan başga-da, bäş esse zelel üstüne zelel çekersiň. Birinji zeleli: Seniň şeýle eý gören baýlygyň we zürýatlaryň, meýil eden betnebis we howaýy islegleriň, yşgyna düşen gözel ýaşlygyň we durmuşyň ahyry puç bolar, ýiter gider. Bary senden geçer. Emma welin, seniň boýnuňa diňe günälerini we elemlerini ýükläp giderler. Ikinji zeleli: Amanada eden hyýanatyň jezasyny çekersiň. Çünki iň gymmat bahaly aletleri iň biderek zatlara sarp edip, özüňe zulum etdiň. Üçünji zeleli: Ynsana bagş edilen ähli gymmatly duýgulary sen haýwanlaryňkydan hem aşaky derejelere düşürip, olaryň Ilähi hikmetlerine hyýanat we zulum etdiň. Dördünji zeleli: Ejizligiň we pakyrlygyň üstesine durmuşyň agyr ýüküni-de kuwwatsyz biliňe ýükläp zowal we pyrak astynda elmydama waweýlah çekersiň. Bäşinji zeleli: Ebedi durmuşyň esaslaryny we ahyret bagtlylygynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin berlen akyl, kalp, göz we dil kimin Rahmany gözel sowgatlary seniň üçin jähennem gapylaryny açjak eýmenç bir görnüşe öwürmekdir. Indi amanady Hak eýesine ak ýürekden bagyşlamak wagtydyr... Hakykatdanam bu şeýle kyn işmikä, köpler ondan gaça durýarlar. Ýok! Asla beýle däl! Bu işiň hiç bir kynçylygy ýokdur. Sebäbi halal ýoluň çägi giňdir. Ol adamyň ýaradylyşyna laýykdyr. Keýpi-sapa üçin hem ýeterlikdir. Haram işleri etmäge hiç zerurlyk ýokdur. Allahyň buýran parzlary bolsa ýeňil hem azdyr. Allaha gul we esger bolmak şeýle bir lezzetli mertebedir, hat-da taryp etmek hem mümkin däldir. Ynsanyň wezipesi edil esger kimin diňe Allanyň ady bilen başlap, Allanyň ady bilen işlemeli. Allanyň hakyna bermeli, almaly. Allanyň rugsadynyň we kanunynyň çäklerinde hereket etmeli. Ýüregiň karar tapmaly... Günä etseň, bagşlanmagyňy dilemeli. “Ýa Reb! Günämizi geç!” “Bizi Özüňe gulluga kabul et!” “Amanadyňy almak möhletine deňiç bizi amanada hyýanat etdirme! Ämin!..” diýmeli, Oňa ýalbarmaly... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |