21:08 Kiçi sözler: Bäşinji söz | |
BÄŞINJI SÖZ Namaz okamagyň we uly günälerden saklanmagyň ynsanyň nä derejede hakyky wezipesidigini, ynsanyň asyl bolşuna laýykdygyny, adamzadyň ýaradylyşynyň manysydygyny görmek isleseň, şu mysaly hekaýajyga bak, ony diňle: Seferberlik (harby mobilizasiýa) wagtynda birisi tälimli wezipeperwer beýlekisi bolsa täze gelen, öwrenje nebsewür bolan, iki esger bir otrýadda bile bolýar ekenler. Wezipeperwer nöker tälime we jihada üns berýärdi, azyk we norma hakynda hiç alada etmeýärdi. Çünki ol özüni iýdirmek, esbaplaryny bermek, hassa bolsa keselini bejermek, hat-da zerur halda iýjegini agzyna tutup bermege çenli döwletiň wezipesidigine akly ýetýärdi. Özüniň asyl wezipesiniň tälim we jihatdygyny bilýärdi. Ýöne, ol azyk we esbap işlerinde işleýärdi. Gazan gaýnadýar, meýdan nahar gaplaryny ýuwýar, daşaýar. Ondan “Näme iş edýärsiň?” diýip sorasalar, ol “Gara bokurdak üçin gazanç edýärin” diýmeýär, “Döwletiň tabşyrygyny berjaý edýärin” diýip jogap berýär. Beýleki şikemperwer - diňe garnynyň aladasyndaky öwrenje nökeriň bolsa tälim hem, uruş hem perwaýyna däldi. “Bu zatlar döwletiň işi. Maňa näme?” diýýärdi. Mydama öz garnyny doýurmagyň aladasynda hallan atýardy, otrýady taşlap, bazara gidýärdi, alypsatarlyk edýärdi. Bir gün tälimli ýoldaşy oňa şeýle diýdi: “Eý, dogan, seniň asyl wezipäň harby tälim we söweşmekdir. Seni bu ýere şonuň üçin iberdiler. Patyşaha ynan, oňa daýan. Ol seni aç goýmaz. Bu onuň wezipesidir. sen welin, bir ejiz pakyrsyň, islendik ýerde özüňi ekläp bilmersiň. Häzir uruş we seferberlik wagty. Şonuň üçin saňa gaçgak diýip, jeza bererler. Görşiň ýaly, iki sany wezipe görünýär. Olaryň biri patyşanyň wezipesidir. Biz patyşanyň tabşyrygyny berjaý ederis, ol bolsa biziň iýjegimizi, geýjegimizi berer. Beýlekisi bolsa biziň öz wezipämizdir. Patyşa howandarlyk edip kömek berer, biz bolsa türgenleşeris we söweşeris.” Eger, ol başyna giden bibaş esger öz jihatly, düzgün nyzamly ýoldaşyna gulak salmasa, onuň neneňsi bela-beterlere uçrajagyny göz öňüne getirýärmiň?! Ine, eý, meniň biparh nebsim! Ol howsalaly tälim meýdany bu dagdagaly başagaý dünýädir. Ol otrýadlara bölünen goşun bolsa, adamzat jemgyýetidir. Ol otrýad bolsa, şu asyryň musulman jemagatydyr. Ol iki esgeriň biri diniň parzlaryny doly ýerine ýetirmek, uly günälerden daşda durmak we günä etmezlik üçin nebis we şeýtan bilen göreşýän takwa musulmandyr. Beýleki esger hakyky ryzk beren Allaha töhmet atmaga çenli derejede, öz eklenjiniň aladasynda galyp, parz işleri terk edip, ryzk ugrunda duş gelen günä işlerden gaçmaýan, zyýana galan fasykdyr. Ol tälim we düzgün-nyzam bolsa ilki başda namaz-ybadatdyr. Ol söweş bolsa, nebse we boş meýillere, jyn hem yns şeýtanlaryna garşy göreşdir. Netijede, günälerden we ahlaky haýa-şerim işlerden özüňi daş tutup, kalbyňy hem-de ruhuňy ebedi heläkçilikden halas etmekdir. Ol iki wezipäniň biri Ž bize ömür beren Allanyň biziň ryzkymyzy bermegidir. Beýlekisi, ýagny, biziň wezipämiz bolsa, bizi ýaradana we ryzk berene bendelik edip ýalbarmakdyr. Oňa töwekgellik edip, ynam etmekdir. Hawa, bize iň bir ajaýyp Samedany sungat we iň täsin Rebbany bir hikmet bolan durmuşy kim beren bolsa, bizi kim ýaradan bolsa, ryzk bilen eklejek-de, ony dowam etdirjek-de Oldur. Başgaça bolup bilmez! Delil getireýinmi? Syn et, iň ejiz, iň akylsyz jandarlar bol hem gowy iýmitlenýärler (miwä düşen gurçuklar we balyklar ýaly). Iň oňat ryzk Ž iň güýçsüz, iň näzik ýaradylanlaryňkydyr (ýaňy dünýä inen jandarlar we çagalar ýaly). Hawa, ryzka ýetmegiň güýç-gaýrat we ygtyýar bilen bolmaýandygyna, gaýta tersine ejizlik hem güýji peslik bilen ol ryzka ýetilýändigine düşünmek üçin balyklar bilen tilkileri, ýaňy dünýä inen jandarlar bilen ýyrtyjylary, agaçlar bilen haýwanlary deňeşdirip görmek ýeterlikdir. Diýmek, güzeran üçin namazyny terk eden adam söweş wagty söweş meýdanyny taşlap, bazarda dilegçilik etmäge oturana meňzär. Emma namaz okanyňdan soňra, başgalara ýük bolmazlyk üçin Jenaby-Rezzaky-Kerimiň rehmetinden döreýän ryzkyň ugrunda bolmak has göwnejaýdyr, mertlikdir hem-de ybadatdyr. Ynsan öz durmuşynyň düýp mazmunyna akyl ýetirýär. Ynsanyň ybadat üçin ýaradylandygyna onuň tebigaty we ruhy durky şaýatlyk edýär. Sebäbi, adam şu dünýädäki ýaşaýyşyna zerur bolan amal we gudrat taýyndan iň pes bir serçe guşuça-da bolup bilmez... Emma, ynsan özüniň ylmylygy we pakyrlygy bilen ruhy durmuşy we ahyreti üçin ybadat etmek hem-de Hudaýa ýalbarmak jähtinde haýwanatyň soltany we hökümdarydyr. Diýmek, eý, nebsim! Eger sen dün”ýewi durmuşy ahyrky maksat edinseň, onuň ugrunda ýüwrüp-ýortup işleseň, şol kiçi serçe guşy mysaly bolarsyň. Eger ahyreti ýatlap, o dünýäňi gazanmagy ahyrky maksat edinseň, bu durmuşyňy ahyret üçin sebäp we ekin meýdanyna öwürseň we şoňa görä iş etseň, şol wagt haýwanatyň uly bir hökümdary hökmünde bolarsyň. Bu dün”ýede hem Alla Tagalanyň mähriban, nyýazdar bir guly, gadyrly we hormatly myhmany bolarsyň. Ine, saňa iki ýol. Isläniňi saýlap bilersiň. Towpyk we hidaýaty Erhamür-Rahymyňdan - iň merhemetli Alladan isle... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |