21:06 Kiçi sözler: Dördünji söz | |
DÖRDÜNJI SÖZ Namaz neneňsi gymmatly we möhümdir hem-de arzan we sähelçe zähmet bilen gazanylýar. Namazsyz adamynyň neneňsi diwana we ýaramaz hala düşýändigini iki ikiniň dört bolşuny bilşiň ýaly bilmek isleseň, şu mysaly hekaýajyga bak, ony diňle: Bir zaman bir uly häkim iki hyzmatkäriniň her birine ýigrimi dört altyn pul berýär we olary iki aý uzaklykdaky has owadan başga bir mülküne ýaşamaga gönderýär. Häkim olara: “Şu pullary ýol harjy we bilet üçin sowuň. Galanyna mesgen tutan ýeriňizde gerek bolan käbir zatlary alarsyňyz. Bir günlük ýol ýöreseňiz, bir stansiýa bardyr. Ondan aňry isleseňiz maşyn bilen, ýa-da gämi, otly, uçar bilen hem gidip bilersiňiz. Puluňyza görä saýlaň” diýýär. Hyzmatkärleriň ikisi hem häkimiň aýdanlaryny diňläp, ýola düşýärler. Olaryň birisi öňdengörüji, bagtyýardy. Ol stansiýa barýança, puluny diňe zerur bolan zatlara sowýar. Galan puluna bolsa, hojaýynynyň gownünden turaýjak söwdalar edip, girdejiler gazanyp, bir puluny müň edýär. Hyzmatkärleriň beýlekisi akylsyz, betbagt bolany üçin stansiýa ýetýänçä, ýigrimi üç altyn puluny sowýar. Ony humarly oýunlara we beýleki derek tutmajak zatlara harç edýär. Ýanynda ýekeje altyn puly galýar. Ýoldaşy oňa: “Eý dogan, sen galanja puluňa bir bilet satyn al. Ýogsa bu uzak ýolda paýu-pyýada we aç galarsyň. Biziň Eýämiz keremlidir (sahydyr); belki ol saňa merhemet eder, seniň bu günäňi bagyşlar. Seni hem uçara mündürerler. Bir günüň içinde barmaly ýerimize ýeteris. Ýogsa, bu çölde iki aýlap aç-suwsuz, ýeke özüň pyýada gitmäge mejbur bolarsyň” diýýär. Eger şu adam ýoldaşynyň döwletli maslahatyny diňlemän, galanja puluny hem uçara bilet almagyň deregine haram keýpe sowaýsa, onuň akmak hem betbagtdygyny iň bir düşünjesiz adamam aňlamazmy? Elbetde, aňlar. Ine, eý, binamaz adam! Eý, meniň namazy halamaýan nebsim! Ol häkim Rabbimizdir, Halygymyzdyr. Ol iki hyzmatkär ýolagçylaryň birisi dindardyr, namazyny höwes bilen okar; beýlekisi bolsa, gapyl, binamaz ynsandyr. Ol ýigrimi dört altyn pul bolsa, ýigrimi dört sagatdyr, adamyň gündelik ömrüdir. Ol has gözel mülk hem jennetdir. Ol stansiýa gabyrdyr. Ol syýahat bolsa, adamzady gabra, haşra, ebediýete eltýän beşer ýolagçylygydyr. Ol uzak ýoly her kim öz amalyna, takwalyk kuwwatyna görä, her hili geçer. Takwalar ähliniň bir kysmy bu müň ýyllyk ýoly ýyldyrym çaltlygynda geçer. Beýleki bir kysmy elli müň ýyllyk ýoly edil hyýaldaky ýaly, bir günde geçer. Kurany-Azymüşşan bu hakykaty iki aýatynda görkezýär.(10) Ol bilet bolsa namazdyr. Täret kylmak bilen birlikde, bäş wagt namazyňy jemleseň, hemmesi bir sagatdan uzaga çekmez. Ýigrimi üç sagadyny şu gysgajyk dün”ýewi durmuşa bagş edip, ol soňsuz, ebedi durmuşyna bir sagadyny hem dözmeýän adam neneňsi zyýana galar, özüne zulm berip, akyla sygmaýan hereket eder. Meselem, müň adamyň şärik bolýan lotareýa oýnuna ýarym baýlygyňy sarp etmegi makul görýän bolsaň, onda seniň gazanmak ähtimallygyň münden birdir. Haçanda ýüzde togsan dokuz ähtimallygy bilen bähbit gazanyp, haýyr görjek bolup durka, ýigrimi dört baýlygynyň ýekeje birini ebedi durmuş üçin sarp etmeýän adamyň, akyla sygmajak hereket edýändigini, neneňsi aklyndan azaşandygyny özüni azda-kände akyly ýerinde saýýan aňlamazmy? Namazda ruhuň, kalbyň we akylyň gör, nähili uly rahatlygy bardyr. Ol seniň bedeniň üçin hem o diýen agyr iş däldir. Şeýle hem namaz okaýan adamyň adaty dün”ýewi amallary ýagşy niýetliligi üçin ybadata öwrüler. Netijede, ol tutuş ömür sermaýasyny ahyret hasabyna geçirip biler. Başgaça aýtsak, pany ömpüni bakylaşdyrar | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |