21:03 Kiçi sözler: Ikinji söz | |
IKINJI SÖZ Imanda nähili beýik bagtyň we nygmatyň, nähili uly lezzetiň we rahatlygyň bardygyny bileýin diýseň şu mysaly hekaýajygy diňle. Bir wagt iki adam hem gezelenç hem söwda üçin syýahata gidýärler. Olaryň biri tekepbir, betbagt kişi bolany üçin bir ýoly, beýlekisi hudaýhon, bagtyýar kişi bolany üçin başga ýoly saýlaýar we ýola düşýärler. Tekepbir adam men-menligi hem-de göwnüçökgünligi üçin umytsyzlygynyň jezasy hökmünde örän bir erbet ýurda düşýär. Görse, ähli ýerde ejiz biçäre bendeler sütemkär adamlaryň elinden, töwereklerindäki ýykgynçylyklardan dady-perýat edýärler. Onuň gözleri çar tarapda diňe şeýle ejirli ýagdaýy görýär. Tutuş ýurt durşuna ýashana meňzeýär. Ol bu sütemleri we eýmençlikleri duýmazlyk üçin serhoşlyga ýüz urmakdan başga çäre tapmaýar. Çünki her kes oňa ýat we duşman görünýär. Her ädiminde duş gelýän gözleri ýaşly ýetimler hem bu eýmençlikleriň üstüne. Bu çydamsyz ýagdaýda oňa wyždany hem azap berip başlaýar. Beýleki kişi bolsa tersine, akýürekli, hudaýhon, arassa ahlakly adam bolany üçin üýtgeşik owadan bir ýurda düşýär. Ol baran ýerinde ähli kişiniň hoşwagtlykda, şatlyk-şagalaňda ýaşaýandygyny görýär. Allaha muhabbetlerinden her kesiň keýpi çag, daş töwerek zikirhanalar... Gabat gelen her adam oňa dost we garyndaş bolup görünýär. Bütin ýurt oňa alkyşlar we taňryýalkasynlar aýdýar. Ähli halk erkanalykda we hoşwagtlykda ýaşaýar. Çar tarapda uly toýlar tutup, şadyýan gezýän adamlara gözüň düşýär. Diňe şirin sazyň, depregiň sesi eşdilýär. Ozalky bagtygaranyň hem-ä özüniň, hem töweregindäki ilatyň elemler (azap) görmeginiň tersine, bu bagty getireniň hem özi hem daşyndaky ähli adamlar şatlyk-şagalaňda, uly buýsançda ýaşaýarlar. Üstesine onuň eden söwdasy hem oňupdyr. Ol Allaha şükür edýär. Soňra ol adam ýurduna dolananda özi bilen ýola çykan beýleki kişä gabat gelýär. Onuň agyr halyny görüp şeýle diýýär: “Baý-bow, sen diwana bolupsyň. Içiňdäki erbetlikler daşyňdan äşgär görnüp dur. Şonuň üçin sen gülkini Ž agy, erkanalygy Ž garakçylyk we talaňçylyk diýip hasaplaýarsyň. Aklyňa aýlan, kalbyňy tämizle, goý, seniň nazaryň öňünden matam perdesi syrylsyn. Gözleriň hakykaty görsün. Cebäbi iň bir adyl, merhemetli, raýatperwer, yntyzamperwer (tertip-düzgünli), şewketli bir hökümdaryň ýurdunda, ösen we kämil döwletde seniň pikir edişiň ýaly ýagdaý bolup bilmez. Ýoldaşynyň bu aýdanlaryndan soňra betbagt kişi aklyna aýlanýar. Nedamat (puşman) edýär. “Hawa, men keýpi-sapanyň yşkynda diwana boldum. Taňryýalkasyn, meni jähennemi haldan halas etdiň” diýýär. Eý, nebsim! Bilip goý, olaryň ilkinjisi kapyrdyr ýa-da gaflatdadyr. Üstesine-de gapyl hem günäkärdir. Bu dünýä onuň gözüne bir matamhana, tutuş janly-jandarlar bolsa aýralyk we zowallar şarpygyndan aglaýan ýetimlerdir. Onuň göwnüne haýwan-u-ynsan hiç zada arkalanyp bilmeýän, ajal penjesi bilen parçalanýan biçärelerdir. Daglar we deňizler kimin beýik barlyklar hem onuň üçin ruhsuz, gorkunç zatlardyr. Ine, şular ýaly köp elem çekdiriji, eziji, gorkunç duýgularyndan, küfürinden we ýoldan azaşmagyndan ýaňa ruhy ez”ýet onuň içindedir. Beýleki adam bolsa imanlydyr. Alla Tagalany tanany we ykrar edeni üçin onuň gözüne bu dün”e zikrhanaýy Rahman, ynsan-u-haýwanyň tälimgähi, yns-u-jynyň synag meýdanydyr. Dün”eden öten ähli haýwanat we ynsanyýet bolsa azatlyga ýetenlerdir. Olar öz wezipelerini bitirip, ömürlerini ötürerler, bu daryl-panydan (ötegçi dünýäden) ruhy hoşallyk içinde, gohsuz-galmagalsyz, gowgasyz-uruşsyz beýleki bir äleme giderler. Goý, olaryň ýerine başgalar gelsinler, borç we wezipelerini berjaý etsinler. Ähli haýwanat we ynsanyýet üçin bu dünýä inmek gulluga alynmakdyr, özüne tabşyrlan wezipäniň başyna atly-ýaragly gelmekdir. Bütin janly-jandarlar gullukdadygyna begenýän esgerler, dogruçyl we edeninden hoşal gullukçylardyr. Bu älem jahandan eşdilýän owazlar bolsa, bir işe başlajak bolýanyň zikir çekmesi we tesbih sanamasy, ýa-da işi gutarandygy üçin şüküri we rahatlanmagy, ýa-da höwes bilen işlemeginiň keýpinden dörän nagmalarydyr. Bütin barlyk ol mü”miniň nazarynda Seýidi Keriminiň we Mäliki Rahymynyň söýgüli hyzmatkärleridir, habyby gullukçylarydyr, şirin kitabydyr. Ine, şeýle ýakymly, beýik we datly hakykatlar imandan döreýändir. Diýmek, iman Tuba-ýy jennetiň (jennetdäki Tuba agajy) tohumyny göterýär. Imansyzlyk bolsa, Zakkumu-Jähennemiň (jähennemdäki Zakkum agajy) tohumyny saklaýar. Diýmek, salamatlyk we asudalyk ýalňyz yslamyýetde we imandadyr. Şonuň üçin elmydam: diýmelidiris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |