21:19 Kiçi sözler: Ýigrimi birinji sözüň birinji makamy | |
ÝIGRIMI BIRINJI SÖZÜŇ BIRINJI MAKAMY Bir zaman ýaşuly, epeý, abraýly bir adam maňa şeýle diýdi: “Namaz gowy zat. Emma günde-günde bäş wagtyna okamak kän dälmi? Gutarar ýerde gutarmansoň, irizmeýärmi?” Ol adamyň bu sözünden esli wagt geçenden soňra, öz nebsimi hem diňledim. Onuň hem şol sözleri gaýtalaýandygyny duýdum. Soň ol adamy synladym, onuň ýaltalygy sebäpli şeýtandan şeýle sapagy alýandygyny gördüm. Şol wagt şuňa akyl ýetirdim: Ol adam bu sözi nebsi-emmaresiniň adyndan aýdýana ýa-da aýtdyrylýana meňzeýär. Şol wagt men hem diýdim: “Hakyna seredeniňde nebsim hem emmaredir. Nebsine erk edip bilmeýän başgasyna erk edip bilmez. Şonuň üçin nebsimden başlaýaryn.” Özüme şeýle ýüzlendim: Eý, nebsim! Jahyllygyň körlüginde, ýagny hiç zat bilmeýänliginiň üstesine bilmeýändigini-de bilmezlikde, ýaltalyk düşeginde, gaflat ukusynda sözleýän şu sözüň garşysyna “Bäş duýduryşy” menden eşit. Birinji duýduryş: Eý, betbagt nebsim!.. Ajap, ömrüň ebedimidir?.. Geljek ýyla, belkä, ertire çykjakdygyň güwäligi barmy? Saňa irmek duýgusyny getirýän, özüňi şu dünýäde ebedi saýmagyňdyr. Haram keýp üçin, dünýäde ebedi galjak kimin, sen eljireýärsiň. Ömrüň nähili gysga hem-de peýdasyz geçip durandygyny bir göz öňüňe getirsediň. Şonda irmek beýle-de dursun, belki, namaz okamaga - ömrüň bir gününiň ýigrimi dörtden birini hakyky, ebedi durmuşyň sagadatyna sebäp boljak ajaýyp, hoş, rahat hem-de rehmetli hyzmata sarp etmäge, sende çyn bir arzuw, hoş, datly bir hereketler dörärdi. Ikinji duýduryş: Eý, açgöz nebsim! Günde-günde çörek iýýärsiň, suw içýärsiň, arassa howadan dem alýarsyň, bu zatlar seni irizmeýärmi? Megerem, irizmeýär, çünki hökman gerek zadyň yzy üzülmän gelip durmagy irizmez, gaýta begendirer. Beýle bolsa: bedenimiň bir künjeginde ýerleşýän, seniň hemişelik hemralaryň, kalbymyň ruhy iýmiti, ruhumyň aby haýaty we Rebbany duýgularyň ýakymly şemal kimin hoş sözüne ýugrulan namaz, bilseň, seni irizmeli däldir. Hawa, gam-gussa we elemlere duçar hem mübtela bolup, tükeniksiz lezzetlere, umytlara maýyl, söýgüden doly kalbyň azygyny we kuwwatyny, gudraty güýçli Rahymy Kerimiň gapysyny nyýaz bilen kakyp, gazanyp bolar. Hawa, şu pany dünýäde sähel wagtyň içinde kemala gelip, soňra aýralykdan perýat edip geçip gidýän barlyklar bilen köplenç baglanşykly bolan ruhuň aby haýatyny bolsa, her bir zadyň öwezini doldurýan Ma’budy Bakynyň Mahbuby Sermediniň rehmet çeşmesinden namaz bilen baryp, içip bolar. Hawa, ýaradylşynyň aslynda ebediligi isleýän, ebedilik üçin ýaradylan, ezeli we ebedi Zatyň aýnasy bolan çensiz näzik we inçe duýgularyň eýesi Ž aňly, syrly ynsanyň, nurly Rebbany duýgulary şu gaflatly, eziji, dar, ötegçi, ýowuz, bogujy dün”ýewi ahwallar içinde, elbetde, dynç almak üçin arakesmä has mätäçdir. Bu bolsa diňe namazyň üsti bilen amal edilip bilner. Üçünji duýduryş: Eý, sabyrsyz nebsim! Geçen günlerdäki ybadat külpetini, namazyň muşakgatyny, musybatyň zähmetini göz öňüne getirip, derde galmak; hem-de geljek günlerdäki ybadat wezipäň, namaz borjuň, musybat elemiň hakynda bu gün oýa batyp, nägile bolmagyň, eýsem, akyl işmidir? Şu nägileligiň bir akylsyz serkerdä meňzeýär; duşmanyň sag tarapky kuwwaty serkerdäniň sagyndaky kuwwaty bilen goşluşypdyr we şeýlelikde, kuwwaty iki esse artan hem bolsa, akylsyzlyk edip, möhüm bir kuwwatyny hem ýene sag tarapa gönderýär, şeýdip, merkezi güýjüni gowşadýar. Üstesine-de sol tarapyna duşman esgerleri heniz gelmänkä, ol ýere-de uly bir kuwwatly goşun iberip, çozmagy buýrýar. Merkezi güýji bütinleý kuwwatdan düşürýär. Duşman bu ýagdaýy duýup, merkeze hüjüm edip, ony dargadýar. Ynha, sen hem şoňa meňzeýärsiň. Çünki geçen günleriňdäki çeken zähmetiň bu gün rehmete öwrülipdir. Elemi gidipdir, lezzeti galypdyr. Külpeti keramata gowşupdyr; muşakgaty sogaba dönüpdir. Beýle bolsa, namazdan irmek däl-de, belki, täze meýil, täze höwes, dowam etmäge hyjuwly gaýrat döremeli. Geljek günler hem entek gelmänkä, onuň pikirini edip, ýadamak we ruhdan düşmek, edil esassyz ýere aç we suwsuz galaryn öýdüp, ýüregiňe dowul salmak kimin diwanalykdyr. Dogrusy şudur: eger seniň aklyň ýerinde bolsa, ybadat jähtinde diňe şu günüňi pikir et. Onuň bir sagadyny, bahasy örän ýokary, külpeti has az, hoş, ajaýyp we uly bir hyzmata sarp edýärin diý. Şeýtseň seniň ajy umytsyzlygyň datly gaýrata öwrüler. Ine, eý, sabyrsyz nebsim! Sen şu üç sabry berjaý etmäge borçlusyň. (37) Birisi: tagatdaky sabyrdyr. Beýlekisi: magsyýete, günä işe garşy sabyrdyr. Başgasy-da: musybatlar, belalar öňündäki sabyrdyr. Aklyň bar bolsa, şu üçünji duýduryşdaky tymsalda görkezilen hakykaty özüňe ýörelge et. Merdanalyk bilen “Ýa, Sabur!” (Eý, iň sabyrly!) diý. Şu üç sabyry arkaňa al. Hak Tagalanyň saňa beren sabyr kuwwatyny, eger, ters ýolda dargytmasaň, ol seniň başyňa düşjek her muşakgata we her belalara ýeterlik bolar... Sen onuň kuwwatyna daýan. Dördünji duýduryş. Eý, meniň akmak nebsim! Eýsem, şu gulluk wezipesi netijesizmidir? Seni irizer ýaly, muzdy azmydyr? Meselem, bir adam seni hakyna tutsa ýa-da seni gorkuzyp agşama çenli işletse, bialaç işlärsiň. Indi myhmanhana meňzeýän bu dünýäde ejiz hem pakyr kalbyňa güýç we kuwwat, ahyrky menziliň bolan gabryňda iýmit we nur, ýene-de Magşarda kepilnamaň we azatlyk güwänamaň, üstesine-de, hemmeleriň hökman geçmeli Syrat Köprüsinde nur we Byrag aty boljak namaz seniňçe, netijesizmidir?.. Ýa-da şu bahany hem az görýärmiň? Mysal üçin, bir adam saňa ýüz tylla bereýin diýip, seni ýüz gün işleder. Soňra-da sözünde durman biler. Ol adama ynananyp, höwes bilen işlärsiň. Sözünde durmazlyk sypaty bolmadyk we özüne gelişmeýän, Ol Zaty Züljelal jennet kimin bir muzdy, ebedi sagadat ýaly bir sowgady saňa söz berse, juda az wagtyň dowamynda, örän oňat bir wezipede seni işletse, sen bolsa gaça dursaň, ýa-da ol hyzmatdan irip, göwünsiz ýarpy-ýalta etseň, Onuň wadasy, peşgeşini az görseň, örän güýçli bir jeza we eýmenç bir azaba duçar boljakdygyňa düşünmeýärmiň? Dünýäde tussag edilerin gorkusy sebäpli iň agyr işlerde höwes bilen hyzmat edip ýörsüň. Emma jähennem kimin bir ebedi tussaghananyň howpy saňa iň ýeňil we iň ýakymly wezipe bolan namaz ybdatyny berjaý etmäge gaýrat bermeýärmi? Bäşinji duýduryş: Eý, dünýäsöýer nebsim! Ybadatdaky höwessizligiň, namazyň öňündäki ejizligiň dünýä işleriniň köplügindenmidir? Ýa-da güzeran aladasy bilen wagt tapmaýanlygyňdanmydyr? Eýsem, ähli wagtyňy oňa sarp eder ýaly, diňe şu dünýä üçin ýaradyldyňmy? Sen ukyp taýyndan ähli janly-jandarlardan ýokardadygyňy we dün”ýewi durmuşyň zerurlyklaryny tapmaga gezek gelende, bir serçe guşuça-da ýokdugyňy bilýärsiň. Onda näme üçin seniň esasy wezipäň haýwan kimin çapalanmak däl-de, ynsana mynasyp, hemişelik hakyky durmuşy gazanmak üçin gaýrat etmekdigi barada oýlanmaýarsyň? Şeýle hem dünýäde alada galyp ýören zatlaryň köpüsi: saňa degişli bolmadyk, beýhuda goşulýan we garym-gatym edýän bipeýda işleriňdir. Iň möhüm işleriňi taşlap, göýä müňlerçe ýyllap ýaşajak kimin, iň peýdasyz işlere gümra bolup, wagtyňy geçirýärsiň. Meselem: Zuhal (Saturn) planetasynyň töweregini gurşan halkalaryň ýagdaýy nähili? Ýa-da Amerikada towuklaryň sany näçe? Şular kimin gymmatsyz zatlara gymmatly wagtyňy sarp edýärsiň. Göýä, kosmos ylmyndan we statistika hünärinden bir kemal alýan ýaly!.. (38) Eger sen: “Meni namazdan we ybadatdan daşlaşdyran, irizen şular ýaly gerekmejek zatlar däl-de, belki, güzeranyňy aýlamagyň zerur işleridir” diýseň, men hem saňa şeýle jogap bererin: “Eger günde bir tylla üçin işleseň, soňra biri gelip, saňa şeýle diýse: “Gel şu ýeri on minut çemesi gaz, ýüz tylla gymmaty bolan brilliant we bir dür taparsyň”. Sen oňa: Ž Ýok, gelip bilmerin. Çünki gündelik bir tyllamyň ondan birini hakymdan keserler, çörek pulum azalar Ž diýseň, nähili akylsyz bahana boljakdygy, elbetde, bellidir. Edil şonuň ýaly hem, her bir adam öz edýän işinde çörek puly üçin işleýär. Eger parz namazyny terk etseň, ähli gaýratyň, aladaň miwesi diňe şu dünýä mahsus ähmiýetsiz hem-de netijesiz çörek puluna döner. Eger sen dynç alyş we arakesme wagtyňy ruhuň rahatlygyna, kalbyň ynjalygyna getipjek namaza sarp etseň, çörek puluň bereketlenmegi bilen birlikde, ahyretiňde saňa ryzk we ähmiýetli çeşmä öwrüljek iki sany ruhy magdany taparsyň. Birinji magdan: öz bagyňda ýetişdiren, gülli bolsun, miweli bolsun, her agajyň, ösümligiň eden tesbihinden, ýagşy niýetiň bilen özüňe ýeterlik paý alarsyň. Ikinji magdan: hem-de bu bagda ýetişen miwelerden kim iýse - haýwan-ynsan tapawudy ýok Ž sygyr bolsun, siňek bolsun, müşderi bolsun, ogry bolsun Ž seniň sadakaň hökmünde kabul ediler.(39) Emma, şeýle şert bilen ýagny, sen gazanan malyňy Rezzaky Hakykynyň rugsat berenleriniň çäginde harçlamalysyň, özüňi onuň gazandyranlaryny mahluklaryna paýlaýan gullukçy hasaplamalysyň... Ine, seret: namazy terk eden nähili özüne uly zelel eder. Has möhüm baýlygy elden gidirer. Bu işe örän uly isleg döreden, amalda ruhy bir kuwwat beren ol iki netijeden hem-de ol iki çeşmeden mahrum, elleri boş galar. Hat-da garradykça öz bagynda işlemekden hem irer, göwniçökgünlik geler. “Bu zatlar maňa nämä gerek?” diýer... Men öňi-soňy bu dünýäden gidýärin. Beýle bolsa, munça zähmet çekmek nämäme gerek?” diýip, ýaltalyga ýüz urar. Emma namazyny berjaý edýän adam bolsa şeýle diýýär: “Has zyýada ybadat bilen birlikde halal ryzk gazanmak üçin işlärin. Ýatan ýerim ýagty bolup, jennetiň bir bossanyna öwrülsin. Ahyretim üçin has zyýada azyk edineýin”. Jemläp aýtsam, eý, nebis! Bilip goý: Düýnki gün seniň eliňden gitdi. Ertir hakynda aýtsak, ertir oňa eýe boljakdygyňa güwälik hatyň, kepilnamaň ýok. Beýle bolsa, nesip eden şu günüňi hakyky ömrüň diýip bil. Her günüňi ätiýaç puly kimin hakyky geljegiň bolan ahyret üçin harçla, ybadat we namaza sarp et. Hem-de bilip goý: her dogan gün saňa we her bir ynsan üçin açylan täze älemiň gapysydyr. Eger namaz okamasaň, seniň ol günüň zulumatly we perişan halda ýitip gider. Seniň garşyňa mysal äleminde şaýatlyk eder. Çünki, her kimiň şu älemde özüne mahsus bir älemi bar. Ol älemiň hili ol adamyň kalbyna we amalyna baglydyr. Meselem: ajaýyp bir köşgüň şekili aýnanyň reňkine görä şöhlelener. Aýna gara bolsa gara; gyrmyzy bolsa gyrmyzy görner. Hem-de onuň hiline laýyklykda üýtgär. Ol aýnanyň çüýşesi dury bolsa, köşgi has gözel, dury bolmasa ýaramaz görkezer. Iň nepis zatlaryň betgelşik görkezilip bilnişi ýaly, sen kalbyň, aklyň, köňlüň, imanyň bilen öz içki dünýäň şeklini üýtgedip bilersiň. Ýa öz peýdaňa ýa-da zyýanyňa şaýat etdirip bilersiň. Eger namaz okasaň, namazyň bilen ol älemiň Sanyýy Züljelalyna ýönelseň, saňa bakan älemiň birden nurlanar. Namazyň özi elektrik lampasy, namaza niýetiň bolsa, onuň düwmesini galdyrmak kimin, ol älemiň zulmatyny dagydar. Garym-gatym dünýädäki bulam-bujarlyklaryň, perişan haldaky öwrülişikleriň, hereketleriň hikmetli düzgün-nyzam, manyly gudrat kitabydygyny görkezer. aýatynyň köp nurlaryndan bir nuruny seniň kalbyňa salar. Şol günki älemiňi ol nuruň şöhelesi bilen yşklandyrar. Nury bilen seniň bähbidiňe şaýatlyk eder. Asla sen: “Meniň namazym nire, Hakyky namaz nire?!.. diýme. Çünki hurma miwesiniň kiçijik şänijegi ullakan hurma agajyny özünde jemlär. Olaryň tapawudynyň diňe gysylan we giňelen halda bolşy ýaly, seniň hem meniň kimin sowatsyzyň, duýmasak-da, namazynyň beýik bir weliniň namazy kimin şol nurdan paýy bardyr. Biz aň ýetirmesek-de, şu hakykatyň bir syry bardyr, onuň derejelerine görä, nurlanyşy we ýaýraýşy dürli-dürlidir. Meselem, hurma şäniginden kämil hurma agajyna çenli ösüş basgançaklarynyň bolşy ýaly namazyň derejelerinde-de has köp mertebeler bardyr. Emma ähli mertebelerde ol nuruň hakykatynyň esasyna duş gelner. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |