21:04 Kiçi sözler: Üçünji söz | |
ÜÇÜNJI SÖZ Ybadatyň nähili uly bähbitdigine, bagtdygyna, tersine, pyssy-pujurlygyň we pesligiň nähili uly zyýandygyna we heläklikdigine düşünmek isleseň, şu mysaly hekaýajyga bak, ony diňle: Bir wagt iki esger uzak bir şähere gitmek üçin buýruk alýarlar. Olar tä ýol ikä bölünýänçä bile gidýärler. Ýolaýyrtda duran bir adam olara şeýle diýýär: “Sagdaky ýol howpsuzdyr. Mundan gidenleriň onusyndan dokuzsy uly peýdalar gazanyp, rahatlyk görer. Soldaky ýol bolsa, bähbitsizdir. Muny saýlanlaryň onusyndan dokuzsy zyýanda galar. Bu ýollaryň uzyn-gysgalygy deňdir. Olaryň diňe bir tapawudy bar: düzgünsiz, hökümetsiz sol ýoluň ýolagçysy ýol azyksyz, ýaragsyz eli boş gider. Ol emeli ýeňillik we ýalan rahatlyk tapar. Berk düzgün saklanýan sag ýoly saýlan ýolagçy bolsa, ýol azygyndan doly horjuny we her bir duşmana garşy ulanmak üçin berlen ýarag-esbaby götermäge mejbur bolýar. “ Bu ýol görkeziji adamyň sözüni diňlän iki esgeriň bagtyýary saga gidýär. Arkasyna bir batman ýükli horjuny atýar, emma kalby welin, müňlerçe batmanlyk gorky we howplardan halas bolýar. Beýleki betbagt adam bolsa, gullugy inkär edýär, düzgün-nyzama tabyn bolasy gelmeýär we sol ýana gidýär. Elbet, ol kişi göwresini bir batman ýükden halas edýär, emma ruhy welin, müňlerçe batmanlyk gorkular we ez”ýetler aşagynda galýar. Tutuş ýolunyň dowamynda her öňetenden dilegçilik edip, sähel hadysadan titräp, sähel howpdan sandyrap ýol sökýär. Tä barjak menziline ýetinçä, horluk ýamanyny görýär. Baran ýerinde hem asylyk, gaçgaklyk jezasyny alýar. Esgerlik düzgün-nyzamyny berjaý eden, ýol azygyny we ýarag-esbabyny üpjünläp saga giden kişi bolsa, hiç kimiň minnetini çekmän, hiç kimden howatyr etmän, kalby rahat, wyždany päklikde ýoluny geçýär. Arzyly şähere ýetýär. Öz wezipesini ak ýürekli ýerine ýetiren bu namysly esger baran ýerinde hem mynasyp sylaglanýar. Ine, eý, asy-keçjal nebis! Bilip goý, ol iki ýolagçynyň biri Allanyň buýruklaryny berjaý eden, beýlekisi bolsa asy we betnebis ynsanlardyr. Ol ýol hem durmuş ýoludyr. Ýagny, ol ýol ruhlar äleminden gelip, gabyrdan geçer we ahyrete ýeter. Ol azykly horjun bilen ýarag-esbap hem ybadat we takwalykdyr. Ybadatyň çendan göräýmäge kynçylygy hem bar. Emma onuň hakykatynda şeýle bir rahatlyk we ýeňillik bardyr, hat-da ony taryp etmegem mümkin däl. Çünki, gul öz namazynda: (Eşhedu enla ilahe illallah...) ýagny: Ondan başga Halyk (Ýaradan) we Rezzak (ryzk beren) ýokdur! Zyýan we peýda Onuň elindedir. Ol hem Häkimdir, biderek ýere bir iş etmez, hem Rahymdyr, haýyr yhsany, merhemeti uludyr diýip, ygtygat edýändigi üçin her bir zatda Rahmet hazynasynyň gapysyny tapar we ony doga bilen açar. Her bir zady öz Rabbiniň emrine tabyn görer. Rabbine sygynar. Töwekgellik we umyt bilen Oňa daýanyp, her bir bela-beterden goranar. Imany oňa ygtybarly ynam berer. Hawa, her bir çyn gözellikler kimin, edermenligiň hem gözbaşy imandadyr, Allaha gulluk etmekdedir. Her bir günä we peslik kimin, bigaýratlygyň gözbaşy hem imansyzlykdadyr. Hawa, sapýürekli, bir namazhon guly Ýýer şary ýarylyp, partlasa, ähtimal gorkuzmaz. Belki, ol muňa täsin Gudraty Samedaniýe hökmünde haýran galyp sereder. Emma şöhratly akyldar saýylan imansyz, fasyk filosof bolsa, gökdäki guýrukly ýyldyzy görüp, ýerde galpyldar. “Bäh, bu öz başyna çawup gelýän ýyldyz Ýýer bilen çaknyşaýmasyn?” diýip, ala-basga galar.(7) Hawa, ynsanyň mätäçligi çensiz köpdür, emma sermaýasy çigidiň gabygy ýaly azdyr... Çensiz belalaryň öňünde güýç-kuwwaty hem hiçdir... Çünki, ynsanyň sermaýa we güýç-kuwwatynyň çägi eliniň ýeten ýerine çenlidir. Emma, ynsanyň arzuw-umytlarynyň, islegleriniň, çeken azaplarynyň we uçran belalarynyň çägi hyýalynyň we gözüniň ýeten ýerine çenli giňdir. Şeýle ejiz, garyp, biçäre ynsanyň ruhuna ybadatyň, töwekgelligiň, töwhidiň we teslimiň nähili uly peýdadygyny, bagtdygyny, eşretdigini, nygmatdygyny batyl bolmadyklar görer, aňlylar aňlar. Bilşimiz ýaly, her kim özüne bähbitli ýoly saýlar, hat-da onuň bähbitlilik ähtimallygy nägümana bolsa-da, umyt eder şol ýoly saýlar. Biziň söhbetini edýän Allaha gulluk etmek ýoly iň bähbitli ýol bolup, onuň bähbitlilik ähtimallygy ondan dokuza deňdir. Bu ýol ebedi bagtlylyk hazynasyna elter. Emma pyssy-pujurlyk we sefahet (haramlyk) ýoly bolsa - hatda fasygyň boýun alşy ýaly - peýdasyz ýoldur. Bu ýoluň zyýanlydygy beýlede dursun, ondan dokuza deň ähtimallygy bilen ol ebedi bagtygaralyga we heläkçilige elter. Munuň şeýledigi ijma” we tewatur derejesinde, san-sajaksyz ähli ihtisasyň we ähli muşahedeniň şaýatlygy bilen subut edilendir hem-de ähli zewk we ähli keşfiň habar beren hakykatydyr. Netijede: Ahyretde-de, şu dünýäde-de bagtlylyk ybadatda we Allahyň guly bolmakdadyr. Şonuň üçin biz elmydama: (8) diýmelidiris we musulmandygymyza şükür etmelidiris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |