21:17 Kiçi sözler: Dokuzynjy söz | |
DOKUZYNJY SÖZ Eý, dogan! Sen menden namazyň bäş wagta mahsus edilmeginiň hikmetini soraýarsyň. Biz onuň örän köp hikmetlerinden diňe birini görkezip geçeris. Hawa, her namazyň öz wagty - möhüm bir öwrülşigiň başlangyjy bolşy ýaly Allanyň ulug hikmetlerini ýöretmekligiň aýnasydyr. Şol ýöretmeklikde ähli Ilähi yhsanlaryň suratlanmagyndan Kadyry Züljelala has hem zyýada tesbih we tagzym etmegi hem-de iki wagt aralygynda çensiz nygmatlarynyň toplanan jemine şükür we hamd diýmegi aňladýan namaz emr edilipdir. Şu çuň we näzik mana kämil düşünmek üçin, bäş sany pähimi jan-dil bilen birlikde diňläliň! Birinji pähim. Namazyň manysy - Allahu Tagala tesbih, tagzym we şükürdir, ýagny, Jelalynyň öňünde söz we hereket bilen Subhanallah diýip, takdys etmek... Kemalynyň öňünde söz we amal bilen “Allahu Ekber” diýip tagzym etmekdir... Hem jemalynyň öňünde kalby, dili hem-de süňňi-süýegi bilen “Elhamdulillah” diýip, şükür etmekdir. Diýmek, tesbih, tekbir we hamd namazyň özenidir. Şonuň üçin hem namazyň hereketlerinde we dogalarynda bu üç söz gaýtalanyp gelýär. Şol sebäpli namazdan soňra namazyň manysyny güýçlendirmek we kuwwatlandyrmak üçin şu mübärek kelemeleriň her biri otuz üç gezek sanalýar. Namazyň manysy şu gysga sözli, köp manyly mazmuny sözler bilen kuwwatlandyrylýar. Ikinji pähim. Ybadatyň manysy şudur Ž Ilähi dergähda guluň, öz aýbyny, ejizligini we pakyrlygyny görüp, Kemaly Rububiýetiň we Gudraty Samedaniýeniň we Rehmeti Ilähiniň öňünde haýran galmak we muhapbet bilen sežde etmegidir. Ýagny, Rububiýetiň soltanatyna gulluk we tagat nähili zerur; Rububiýetiň mukaddesligi üçin päklik hem şeýle hökmandyr ki, gul öz aýbyny görüp, Alladan ötünç dilesin. Şeýlelik bilen Rebbisiniň bütin nogsanlardan päk we uzakdygyny, ähli azaşanlaryň batyl pikirlerinden arassa we ýokardadygyny, älemiň bar kemçiliklerinden päk hem tämizdigini tesbyh bilen “Subhanallah” bilen yglan etsin. Şeýle hem, Rububiýetiň gudratly kemaly ýene-de gulunyň öz höwesleriniň we ähli ýaradylan mahluklaryň ejizligini görüp, Gudraty Samedaniýeniň azamatly eserleriniň öňünde haýran galyp, “Allahu Ekber” diýip, akgöwünlilik bilen baş egmegini, Oňa sygynyp töwekgül etmegini islär; Ýene-de Rububiýetiň tükeniksiz rehmet hazynasy gulunyň öz mätäçligini we bütin ýaradylan mahluklaryň pakyr zerurlyklaryny dileg hem doga dilinde beýan edip, Rebbiniň ýagşylyklaryna we nygmatlaryna şükür hem-de sena bilen “Elhamdulillah” diýmegini islär. Diýmek, namazyň hereketleri we keramatly sözleri bu manylary öz içine alýar. Şeýle hem olary berjaý etmek üçin Ilähi tarapdan ündew edilipdir. Üçünji pähim. Her bir ynsan şu uly älemiň kiçeldilen bir nusgasydyr. Fatyhaýy Şerife bolsa, şöhrady azym Kur”anyň bir nurly mazmunydyr... Namaz hem ähli ybadatlary öz içine alýan nurly mazmundyr. Ol dürli görnüşlerde ýaradylan ähli mahluklaryň her hili ybadatlaryny jemleýän bir mukaddes taslamadyr. Dördünji pähim. Sagadyň sekundy, minudy, sagady hem günleri ölçeýän inçe demir dilleri biri-biriniň yzyndan ýöreýändirler, biri-birine nusgadyrlar, bir-biriniň hökmüne tabyndyrlar. Şeýle hem Allahu Tagalanyň iň uly bir sagady bolan şu älem dünýäsiniň sekundy hökmünde gije we gündiziň aýlanyşy; minutlary sanan seneler; sagatlary sanan adamzat ömri; günleri sanan älem ömrüniň döwürleri; bir-biriniň yzyndan ýöreýändirler, biri-birine nusgadyrlar, bir-biriniň hökmüne tabyndyrlar, biri-birini ýatladýandyrlar. Meselem: Säher wagty - Günüň dogýan wagtyna çenli; ol baharyň ilki günlerine, ynsanyň ene garnyndaky çaga ýatgysyna düşen zamanyna, zeminiň we asmanlaryň ýaradylan alty döwrüniň ilkinjisine meňzär, şolary ýatladar. Olaryň Ilähi halyny ýada salar. Öýle wagty - ýaz möwsüminiň ortasyna, ýaşlyk kemalyna, ynsanyň bu dünýäde ilkinji ýaradylan döwrüne meňzär, şol zatlara yşaratdyr. Rahmetiň tejellilerini we nygmatlarynyň berekedini ýatladar. Ikindi wagty - güýz möwsümine, garrylyk döwrüne, ahyrzaman Pygamberiniň (sallallahu aleýhi wesellem) sagadatly, bagtly döwrüne meňzär. Olaryň Ilähi hallaryny we Rahmany nygmatlaryny ýada salar. Agşam wagty - güýz möwsüminiň ahyrynda örän köp mahluklaryň ölmegini, ynsanyň wepat bolmagyny, kyýamatyň başlangyjyndaky weýrançylygy ýatlatmak bilen, Jelali tejellilerini düşündirer we ynsany gaflat ukusyndan oýarar. Ýassy wagty - tümlük älemidir, onuň gündizlik älemini özüniň gara kepeni bilen örtmegini, gyşyň ak kepeniniň öli ýeriň ýüzini basyrmagyny, wepat bolan ynsanlaryň bakylyk nyşanlarynyň ýitip gidip, unudylma perdesiniň aşagyna girmegini, synag meýdany bolan dünýäniň tutuşlygyna ýapylmagyny ýada salmak bilen, Kahhary Züljelalyň gudratly ýörelgelerini äşgär eder. Gije wagty bolsa, hem gyşy, hem gabry, hem Älemi Berzahy aňlatmak bilen, ynsan ruhunyň Rahmanyň Rehmetine nä derejede mäteçdigini ýatladar. Gijede tehejjüt namazynyň wagty bolsa Ž gabyr gijesinde we Berzah äleminiň garaňkylygynda nä dereje gerekli yşykdygyny bildirer... Bütin bu öwrülişikde Hakyky nygmat berijiniň tükeniksiz nygmatlaryny ýatlatmak bilen, Onuň nä derejede şüküre we öwgä mynasypdygyny yglan eder. Ertesi günüň daň namazy Ž haşry ýatladar. Hawa, şol gijäniň sabasy we şol gyşyň bahary nä dereje makul, zerur hem-de hökmany bolsa, haşryň sabasy-da, berzahyň bahary-da şonça hökmanydyr. Diýmek, şu bäş wagtyň her biri, iň möhüm öwrülşigiň başlangyjy bolup, beýik öwrülişikleri ýatladyşy ýaly, Gudraty Samedanynyň azym günde özüniň tarhanlygyna delil bolmak bilen, senä, asyra we döwre degişli gudratyň mugjyzalaryny we rehmetiň sowgatlaryny ýatladar. Diýmek, ýaradylyşyň asyl wezipesi we gullugyň esasy we hökmany borjy bolan parz namaz şol wagtlarda okalsa laýykdyr, has makuldyr. Bäşinji pähim. Ynsan ýaradylyş taýyndan has ejizdir. Emma, onuň her bir zat bilen baglanşygy bardyr, ýüregini ynjydar, ony agyrdar. Ol has ejizdir. Emma, onuň belalary we duşmanlary juda köpdür. Hem has pakyrdyr. Emma, mätäçligi has zyýadadyr. Hem ýalta we güýçsüzdir. Emma, durmuşda çekýän ýüki has agyrdyr. Ynsan edilip ýaradylmagy, ony ähli älem bilen bagly edipdir. Emma, söýen hem imrinen zatlarynyň zowaly we aýralygy ony hemişe ynjydýar. Akyl oňa belent maksatlary we baky miweleri görkezýär. Emma, onuň eli gysga, ömri gysga, güýji kem, sabry kemdir. Ine, bu ýagdaýda adam ruhy daň saz berende Kadyry Züljelalyň we Rahymy Züljemalyň beýik dergahyna ýalbarmak bilen, namaz bilen arzy hal aýtmak, towpyk we medet dilemek namazyň nähili gerekdigini we şol günüň dowamynda başyna geljek, egnine ýüklenjek işlere, wezipelere takat etmek üçin nä derejede zerur bir daýanç nokatdygyna anyk göz ýetirilýär. Öýle wagty Ž gündiziň günortasy, ýok bolmagyň başlangyjy we adaty işleriň tamam bolmaga ýakyn we meşgullygyndan wagtlaýyn bir dynç alyş zamanydyr. Pany dünýäniň beýhuda we agyr işleriň beren gaflatyndan we başagaýlygyndan ruhuň dynç alyşa mätäç wagtydyr. Ilähi nygmatlaryň görnen pursatydyr. Ynsan ruhy ol başagaýlykdan gutulyp, ol gaflatdan syrylyp, ol manysyz we beýhuda zatlardan saýlanyp, Kaýýumu Baky hem-de Mün’imi Hakykynyň dergahyna gidip, gol gowşuryp, ähli nygmatlaryna şükür edip, ony öwüp, ondan ýardam dilemegi, Jelal we Azamatynyň öňünde baş egmek bilen ejizligini görkezmegi, Onuň tükenmez kemalynyň, taýsyz jemalynyň öňünde sežde edip, haýranlygyny, muhapbetini we gorkusyny bildirmegi aňladýan öýle namazyny okamak Ž nähili ajaýyp, nä derejede ýakymly, niçik zerur we mynasyp borçdugyny bilmeýän ynsandan ynsan bolmaz... Ikindi wagty - güýz möwsüminiň gam-gussasyny, garrylygyň gaýgysyny, ahyrzamanyň azabyny ýatladar. Hem gündelik işleriň netijesiniň jemlenýän wagty; hem şol günde sag-salamatlyk we ýagşylyklar ýaly ilähi nygmatlaryň azym bir netijesiniň dörän wagty; hem-de goja güneşiň ýaşyp baryşynyň yşaraty bilen ynsanyň myhmandygyny, her bir zadyň geçijidigini, wagtlaýyndygyny yglan etmek zamanydyr. Ebediligi arzuwlan we ebedilik üçin ýaradylan, yhsana şükür eden, hijrandan elem çeken ynsan ruhy, tehäret kylyp, ikindi namazyny okamak üçin Gadymy Bakynyň we Kaýýumy Sermediniň dergahy Samedaniýesine arzy-mynajat eder. Ýaradanyň zowalsyz we çensiz rehmetiniň lutuflaryna sygynyp, hasapsyz nygmatlaryna şükür we hamd edip, Yzzaty Rububiýetiniň öňünde zelil halda rukuwa gider. Onuň Sermedi Uluhyýetiniň öňünde päli peslik bilen sežde edip, hakyky teselli bilen ruhy rahatlyk tapyp, azamat we gudratynyň öňünde gol gowşuryp, hyzmata taýyndygyny görkezer. Hawa, ikindi namazyny okamagyň nähili ägirt wezipe, nähili mynasyp hyzmat, ýaradylyşyň nähili ýerlikli borjudygyna, bütewi hoş sagadat tapmakdygyna ynsan bolan aň ýetirer. Agşam wagty Ž gyşyň gelmegi bilen tomus we güýz paslynyň näzenin hem-de gözel ýaradylan mahluklarynyň gussaly halda hoşlaşyp ýitip gidýändigini aňdyrar. Hem ynsanyň wepat bolmagy bilen, söýenleriniň ählisinden hijrany elem içinde jyda düşüp, gabra girmek zamanyny ýatladar. Hem dünýäniň kyýamat gopmagy bilen ýok bolup, ähli ýaşaýjylarynyň başga äleme göçjegini, dar synag dünýäsiniň yşygynyň öçjek wagtyny ýatladar. Zowal zerarly ýok boljak mahbuplar bilen ysnyşanlara şitdetli duýduryş berýän wagtydyr. Ine, agşam namazy üçin şeýle bir wagtda ýaradylşyň Jemaly Bakyýa muşdak aýna mysalyndaky ynsan ruhy şu uly işleri eden, bu beýik älemleri dolandyran, özgerden Gadymy Lemýezeliň (hemişelik gadymynyň) we Bakyýy Laýezalyň (hemişelik bakynyň) arşy azamadyna ýüzüni öwürip, bu panyda “Allahu Ekber” diýýär; panydan ellerini çekip, Möwla hyzmat üçin gol gowşuryp, Daýymy Bakynyň huzurynda dik durup, “Elhamdulillah” diýmek bilen, aýypsyz kemalyna, deňi-taýsyz jemalyna, tükeniksiz rehmetine hamd we sena eder. diýmek bilen, ýardamçysyz Rububiýetiniň, şäriksiz Uluhyýetiniň, wezirsiz Soltanatynyň öňünde gulluk eder, Ondan ýardam islär; tükeniksiz azamat we gudratynyň, hiç ejizlemeýän yzzatynyň öňünde rukuwa gidip, ähli ýaradylanlaryň hemmesi bilen birlikde güýçsizdigini, ejizdigini, pakyrdygyny, zelildigini boýun almak bilen: diýer. Rebbi Azymyny tesbih eder, Zowalsyz Jemalynyň aslyna, üýtgemez Mukaddes sypatyna, özgermez, Sermedi Kemalyna sežde eder. Ondan başga ähli zady terk edip, haýran içinde pes pällilik bilen, muhapbetini we gullugyny yglan edip, pany zatlaryň ählisiniň deregine bir Jemili Bakyny, Rahymy Sermedini tapar. diýmek bilen, zowaldan uzak, aýypdan päk Rebbi Aglasyny mukaddes hasaplamagy, soňra oturyp, bütin ýaradylan mahluklaryň mübärek salamlaryny we arassa salawatlaryny ol Jemili Lemýezele we Jelili Laýezala peşgeş etmegi, Resuly Kerimine salam bermek bilen Oňa baglylygyny täzeläp we onuň buýruklaryna boýun sunýandygyny görkezmegi, imanyny täzlemek bilen, Ony aýdyňlaşdyrmak üçin älem köşgüniň hikmetli nyzamyny duýup, Saniýi Züljelalyň wahdaniýetine şaýatlyk etmegi, Soltanaty Rububiýetiň buşlukçysy, Allany razy etjek zatlaryň habarçysy, älem kitabynyň iň beýik terjimeçisi, beýan edijisi bolan Muhammedi Araby aleýhissalatü Wesselamyň pygamberligine şahadat getirmegi aňladýan agşam namazyny okamagyň nähili ýakymly, tämiz bir wezipedigini, nä derejede eziz, lezzetli bir hyzmatdygyny, nähili hoş we ajaýyp bir gullukdygyny, nä derejede möhüm hakykat we bu pany myhmanhanada bakyýana bir söhbetdigini, hemişelik bagtlylykdygyny aňmaýan adam, nähili adam bolup biler!.. Ýassy wagty - gündiziň gözýetimden aňyrda galan baky yzlary ýitip, gije älemi tutuşlaýyn gaplar. Gijäni gündize, gündizi gijä öwren Kadyry Züljelalyň ol ak sahypany bu gara sahypa bilen çalyşmagy, Rebbany eýeçiligi bilen tomsuň bezelen ýaşyl sahypasyny gyşyň sowuk ak sahypasyna öwürmegini ýada salar. 30 Güne-Aýa hökümini ýöredýän Häkimi Zülkemalyň eden ilähi işlerini ýatladar. Wagtyň geçmegi netijesinde gubur ähliniň iň soňky yzlarynyň hem şu dünýäden doly ýitip gitmegi, bütinleý başga äleme geçmegi, “Halyky mewt we haýatyň” ölümi we diriligi ýaradanyň ilähi hallarydygyny aňdyrar. Dar we pany, hem soňy puç dünýäniň bütinleý harap bolup, iň soňky deminde güýçli urnup ýogalşy, giň we baky hem-de beýik ahyret äleminiň aýan bolşy “Halyky arz we semawatyň” (eri-gögi ýaradanyň) jelaly häkimiýetini, jemaly tejellilerini ýatladýan bir zamandyr. Şu älemiň Mäligi we hakyky Ygtyýarlysy, hakyky Magbud we Mahbuby bolan Onuň, şeýle bir Gudratdygyny, ýagny gije bilen gündizi, gyş bilen ýazy, dünýä bilen ahyreti kitabyň sahypalary kimin aňsatlyk bilen agdaran, ýazan, bozan, üýtgeden, bularyň ählisine hökmüni ýöreden Kadyry Mutlakdygyny subut edýän bir haldyr. Ine, şeýle ejiz, güýçsiz hem-de şeýle pakyr, mätäç, geljegiň çensiz zulumlary bilen gurşalan hem-de soňsuz hadysalar içinde hallan atan ynsan ruhy şu manylary içine alýan ýassy wagtynda namaz okanynda Ybraýym (aleýhissalam) kimin: diýip, Magbudy Lemýezeliň, Mahbuby Laýezalyň dergahyna namaz bilen sygnar. Şu pany älemde, pany ömürde hem-de garaňky dünýäde, garaňky geljekde bir Bakyýy Sermedi bilen mynajat edip, Onuň bilen bir pursatjyk baky söhbede we birnäçe minutyň dowamynda baky ömre goşulyp, öz dünýäsine nur sepjek, geljegini yşyklandyrjak, ähli barlygyň we dostlarynyň aýralygyndan dörän ýaralaryna melhem etjek Rahmany Rahymyň rehimli lutuflaryny, nurly hidaýatyny görüp, arzuw etmekdir... Ony wagtlaýyn undan we ondan gizlenen dünýäni ol hem undup, dertlerini kalbynyň agysy bilen Rehmetiň dergahynda döküp, ölüme meňzeýän uka gitmezinden öň, iň soňky gulluk wezipesini berjaý edip, gündelik amal depderçesini ajaýyp soňlama bilen berkitmek üçin namaza durmak, ýagny, ähli söýenleriniň deregine bir Baky Magbud we Mahbubuň we dilegçilik etdigi ejizleriniň deregine bir Kadyry Kerimiň we ähli zyýanly, eýmendirji zatlaryň şerinden goranmak üçin bir Hafyzy Rahymyň huzuryna çykmakdyr... Hem-de Fatyha süresi bilen başlamak, ýagny, hiç zada ýaramaýan we öz ornunda bolmadyk nakys (nogsanly) pakyr mahluklary öwmäge we olara minnetdarlyk bildirmäge derek, bir Kämili Mutlak we Ganyýy Mutlak we Rahym, Kerim bolan Rabbul älemini öwmek we sena etmekdir. Hem-de diýen söz bilen Oňa ýüzlenip, beýgelmekdir; ýagny, kiçiligi, hiç zatlygy, ýalňyzlygy bilen birlikde, ezeli we ebedi Soltan bolan Mäliki Ýewmiddine (Hasap we jeza gününiň eýesine) baglanmak bilen şu älemde eziz myhman we ähmiýetli bir gullukçy ýagdaýynda: diýmek bilen, bütin mahlukatyň adyna älemiň iň uly jemagaty we iň azym jemgyýetindäki ybadatlary we dilegleri Oňa sunmakdyr. Hem-de: diýmek bilen, ykbalyň garaňkylygy içinde ebedi bagtlylyga äkiden, nurana ýoly bolan Syraty Mustakyme hidaýeti islemekdir... Hem-de Zaty Züljelalyň gudrat we azamatynyň bir şam-çyragy, nökeri kimin, şu wagt aralygynda asuda ýatan ösümlikleriň, haýwanatyň, gizlenen güneşleriň, hoşýar ýyldyzlaryň, Onuň emrine tabyndyklaryna we myhmanhana bolan bu älemde Onuň hyzmatkäridiklerine düşünip, “Allahu Ekber” diýip, rukuwa gitmekdir... Hem-de ähli mahlukatyň umumy sežde edýändigine akyl ýetirip, ýagny gijesine uka giden mahlukat kimin her ýyldaky, her asyrdaky ähli barlyklar, hat-da zemin hem, dünýä hem bir düzgünli goşun, buýruga boýun nöker kimin, dün”ýewi gulluk wezipesinden emri bilen boşadylan wagty, ýagny gaýyp äleme gönderilen wagty berk düzgün-nyzam bilen zowalda tümlük namazlygynda “Allahu Ekber” diýip, sežde edýändiklerini... Hem-de: emri bilen dörän, direldiji bir ses we duýduruş bilen, ýeneki baharlardaky janly-jandarlar kimin edil öňküsi ýaly, emma tapawutly haşr edilip, Möwlanyň öňünde gol gowşuryp hyzmata taýyn duruşlary ýaly, şu ynsanjagazyň hem olara tabyn bolup, ol Rahmany Zülkemalyň, Rahymy Züljemalyň dergähinde haýranlyga garyşan bir muhapbet, bakylyga garyşan bir pespällik, yzzata garyşan bir zelillik içinde “Allahu Ekber” diýip, seždä barmagynyň, ýagny, Magrajyň bir görnüşi bolan ýassy namazyny okamagynyň nähili hoş, nä derejede ajaýyp, nähili şirin, nä derejede uly, neneňsi eziz we lezzetli, niçiksi makul we mynasyp bir wezipedigine, bir hyzmat, bir gulluk, bir möhüm hakykatdygyna, elbetde düşündiň. Diýmek, şu bäş wagt namazyň her biri uly öwürilşigiň yşaratlarydygyny we Rebbiň ägirt häkimliginiň nyşanlarydygyny, ilähi külli nygmatlaryň alamatlardygyny, borç we möhüm wezipe bolan parz namazynyň şol wagtlara bölünişi çensiz hikmetdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |