21:13 Kiçi sözler: Ýedinji söz | |
ÝEDINJI SÖZ Ähli ýaradylanlaryň tilsimini, düşünmesi kyn gizlin syryny açan bu iki sözüň adamzat ruhy üçin bagtyň gapysyny açandygyna, gör, neneňsi kyn işleri çözen gymmatly iki tilsimdigine, Halygyna sabyrlylyk, töwekgellik, şükürlik we sygynmak bilen Rezzagyndan eden dileg hem dogalarynyň nähili nepli hem-de derman bolşy ýaly iki derman bolandygyna, Kur”any diňlemegiň, hökümine boýun egmegiň, namaz okamagyň, uly günälerden daşda durmagyň ebedi abatlyk ýolunda nähili möhüm, gymmatly parlak bir bilet, ahyret serenjamy, gabyr nury bolandygyna düşünmek isleseň, şu tymsaly hekaýajyga bak, ony diňle: Bir wagtlar bir esger söweş we synag meýdanynda, peýda we zyýan öwrülşiginde örän erbet ýagdaýa düşýär. Ol şeýle bolýar: Esger sagyndan we solundan agyr ýaralanýar. Arka tarapynda bolsa gorkunç bir arslan onuň üstüne zyňmaga hyýallanyp dur. Edil öňünde-de dar agajy dikilipdir. Onuň ähli eý gören ezizlerini dar agajynda asyp durlar. Dar agajynda asylmak nobaty oňa-da garaşýar. Munuň bilen birlikde uzak ýola-da gitmeli. Biçäre bu çykgynsyz halda umytsyzlyk oýuna batýar. Şol wagt onuň sag tarapynda Hyzyr kimin bir nurana ýagşyzada peýda bolýar we oňa şeýle diýýär: “Umytsyz bolma! Saňa iki sany tilsim öwredeýin, doga bereýin. Eger olardan oňat peýdalanyp bilseň, ol arslan seniň diýeniňe tabyn at bolar. Ol dar agajy bolsa, seniň göwnüňi göteriji sallançaga döner. Saňa bulardan başga iki sany derman hem bereýin. Olardan ýerlikli peýdalanyp bilseň, synaňdaky porsap başlan ýaralaryň üýtgeşik ýakymly ysly Güli Muhammedi (Aleýhissalatü Wessalam) diýilýän näzikden enaýy güle öwrüler. Saňa bir bilet hem bereýin. Sen onuň bilen bir ýyllyk uzak ýoly edil uçar kimin bir günde geçersiň. Eger maňa ynanmasaň, synag edip gör. Meniň aýdýanlarymyň hakykatdygyna göz ýetirersiň. Esger ol ýagşyzadanyň aýdyşy ýaly synag edip gördi. Synagy onuň aýdanlarynyň hakdygyny tassyk etdi. Hawa, munuň şeýledigini men - ýagny, şu biçäre Said hem tassyk edýärin. Çünki olary men hem synap gördüm we dogrudygyna göz ýetirdim. Soňra esger bir görse, sol tarapynda meýhor, kezzap, şeýtan kimin hilegär bir kişi dur. Ol köp zynatlar, hoş suratlar, hyýaly şekiller, serhoş ediji içgiler bilen birlikde ýanyna geldi. Şu halda onuň öňüne geçip şeýle diýdi: “Heý, dost! Gel, bile içeli, keýp çekeli. Şu gözel gyzlaryň synalaryna bakaly. Bu hoş owazly aýdymlary diňläli, datly tagamlary iýeli.” Şeýtan sowal berýär: ŽEý, eý... Pyşyrdap näme okaýarsyň? Jogap: Bir tilsim (doga). Şeýtan: ŽBu düşnüksiz işiňi goý!.. Häzir keýpimizi bozmaly. Bu elleriňdäki näme? Jogap: Derman. Şeýtan: ŽZyň, ony. Sen sag ahyryn. Seniň kelläň nirede, häzir keýp çekmeli pursat. Bu bäş nyşanly kagyzyň näme? Jogap: ŽBilet. Bellenen ýere barmagym üçin gymmatly kagyz. Şeýtan: ŽÝyrt, ony. Şu ajaýyp bahar möwsüminde sapara gitmek biziň nämämize gerek?.. diýýär. Her hili hileleri bilen ony aldamaga çalyşýar. Hatda ol biçäre şeýtanyň aýdýanlaryna az-kem meýil hem edýär. Hawa, ynsan aldanýar. Menem şeýle mekirlige aldandym, al kerebine çolaşdym. Birden onuň sag tarapyndan gök gürrüldisi kimin ses gelýär: “Seresap bol, aldanma! Ol mekire-de şeýle jogap ber: “Eger arkamdaky arslany öldürip, garşymdaky dar agajyny aýyryp, sag we sol taraplarymdaky ýaralary dep edip, öňümdäki menzili gysgaldyp biljek çäräň bar bolsa, tap; hany, görkez, göreli. Soňra: “Gel, göwün açaly” diý. Ýogsa, sesiň çykmasyn, eý, nadan...” Goý, ol kişi gökden aýdylan sözleri Hyzyr kimin diýsin... Ine, eý, ýaşlygynda gülen, indi welin, gülenine aglaýan nebsim! Bilip goý!.. Ol biçäre esger sensiň we ynsanlardyr. Ol arslan bolsa ajaldyr. Ol dar agajy bolsa, ölüm we aýralykdyr, ýagny bu gün göreniň erte ýokdur. Ol synadaky iki ýaranyň biri ynsany mydama bizar edýän islegleriniň öňünde çensiz ejizligi; beýlekisi hem ynsana ajy azap berýän tükeniksiz pakyrlygydyr. Ol uzyn we peýdaly ýolagçylyk bolsa, ruhlar äleminden, ene göwresinden, çagalykdan, garrylykdan, dünýäden, gabyrdan, Berzahdan, Haşrdan, Syratdan geçýän uzyn bir synag saparydyr. Ol iki tilsim bolsa Alla Tagala we ahyrete imandyr. Hawa, şu mukaddes tilsim bilen ölüm: imanly ynsanlary zyndany dünýäden jennetler bossanyna, Rahmanyň huzuryna alyp barýan hyzmata tabyn at we Byrag görnüşini alar. Onuň üçin hem ölümiň hakykatyny gören kämil ynsanlar ölümi söýüpdirler. Hatda ölüm gelmezden ölmek isläpdirler. Ol zowal we pyrak, ölüm we wepat dar agajyna meňzeýän wagtyň geçip gitmegi, iman tilsimi bilen Saniýi-Züljelalyň täze-täze, reňbe-reň, dürli-dürli ynsan elinden gelmejek nagyşlaryny, gudratynyň täsinliklerini, rehmetiniň tejellilerini, kämil bir lezzet bilen seýran hem tomaşa etmegiň serişdesine öwrüler. Hawa, güneşiň nurundaky reňkleri görkezýän aýnalaryň çalşyrylyp täzelenmegi, ýa-da kino perdeleriniň üýtgedilmegi has gözel görnüşleri görkezer. Ol iki dermanyň birisi sabyr bilen töwekgellikdir. Halygynyň gudratyna bil baglamak, hikmetine ynam etmekdir. Şeýle dälmi eýsem? Hawa, ejizligine düşünip, “kün-feýekun” emriniň eýesi jahanyň soltanyna bil baglaýan adamyň ne gorkusy bolup biler? Sebäbi iň aýylganç bir belanyň öňünde: diýip, ýüreginden çykan iman bilen Rebbi Rahymyna daýanar. Hawa, arifi billäh - Allahy tanaýan adam ejizlikden, Alladan gorkmakdan lezzet duýar. Hawa, howpda lezzet bardyr. Eger bir ýaşyndaky çaganyň akly ýetsedi, ondan şeýle sowal soralardy: “Iň lezzetli we özüňe ýakymly bolan halatyň haçan boldy?” Ol hem belki şeýle jogap bererdi: “Ejizligimi, güýçsizligimi bilip, enemiň datly şarpygyndan gorkup, ýene-de enemiň mähriban gujagyna dolan halatymdyr”. Hakykatdan-da, ähli eneleriň rehimliligi şeýle bir ajaýyp hem nurly Rehmetdir.(15) Şonuň üçin kämil ynsanlar ejizlikden we Hudaýdan gormakdan şeýle uly lezzet alýarlar öz güýç-kuwwatlaryndan şitdet bilen ýüz öwürip, Allaha ejizlik bilen sygynypdyrlar. Ejizligi we howpy özlerine hemaýatçy edipdirler. Beýleki derman bolsa, şükür we kanagat içinde edilen dileg-dogalar hem Rezzaky Rahymyň rehmetine bil baglamakdyr. Şeýle dälmi?! Hawa, bütin ýer ýüzüni üsti nygmatly saçak eden, bahar möwsümini bir gül dessesine öwren we ol saçagyň ýanynda goýan hem-de onuň üstüne seçelän Jewady Kerimiň myhmanyna pakyrlyk we ýoksullyk neneň azaply hem agyr bolsun? Belki onuň pakyrlygy we mätäçligi hoş bir meýli döreder. Meýli bilen birlikde pakyrlygyny duýmagy-da artar. Şonuň üçin kämil ynsanlar özleriniň pakyrlyklary bilen öwünipdirler. (Ýöne ýalňyş düşünmäň! Bu hal Allanyň öňünde pakyrlygyňy duýup, Oňa ýalbarmak diýmekdir. Emma öz pakyrlygyňy ile görkezip, dilegçilik etmek diýmek däldir.) Ol bilet Ž gymmatly kagyz bolsa, başda namazdan başlanýan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan parz işler hem terk edilmeli uly günälerdir. Şeýle dälmi?! Hawa, Bütin ähli ihtisas we muşahedeniň we bütin ähli zewk we keşfiň bir agyzdan makullamagy bilen ol uzyn we garaňky Ebedül abat ýolunda zat we azyk, yşyk we Byrag, diňe kur”anyň emrlerine ýapyşyp, gadagan edilenlerden gaça durmak bilen gazanylar. Ýogsa, ol ýolda tehnikanyň we filosofiýanyň, sungatyň hem hikmetiň hümmeti gara şaýyça-da ýokdur. Olaryň yşygy diňe gabryň gapysyna çenlidir. Ine, eý, meniň ýalta nebsim! Bäş wagt namazy okamak, ýedi uly günäni terk etmek nähili ýeňil we rahatlykdyr. Netijesiniň, miwesiniň we peýdasynyň nähili köp, möhüm we uludygyny aklyň bar bolsa, aklyňdan azaşmadyk bolsaň, duýarsyň. Pysk we haram keýplere seni meýil etdiren şeýtana we ol adama diýersiň: "Eger ölümi öldürip, bu pany dünýeden ony gidermek, ejiz we pakyr ynsandan ony dyndaryp, gabyr gapysyny ýapmak çäräň bar bolsa, sözle diňläýin. Eger ony oňarmaýan bolsaň, onda lal bol!.. Beýik älem metjidinde Kur”an älemi okaýar. Ony diňläliň. Onuň nury bilen nurlanalyň. Onuň dogry ýoly bilen amal edeliň. Ony hemişe dilimiziň dogasy edineliň. Hawa, söz Ol sözdür. Söz diýip Oňa diýerler. Hak bolup, Hakdan gaýdyp, Hak diýen we hakykaty görkezen hem-de nurana hikmeti neşir eden Oldur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |