00:35 Kiçi sözler: Birinji söz | |
KIÇI SÖZLER
Pedagogika we edep-terbiýe
SÖZBAŞY Ynsan bir ýolagçydyr. Onuň ýolagçylygy çagalykdan ýigitlige, ýigitlikden garrylyga, garrylykdan gabra, gabyrdan haşra, haşrdan ebede çenli dowam edýär. Bu ýolagçylygyň iň möhüm etaby dogulmakdan gabra çenli uzaýan bu dünýede geçer. Aslynda dünýä ebedi ýaşaýşa taýýarlyk üçin Rebbimiziň bellän möhletinde geçýän synag meýdanydyr. Bu synagyň gidişini we netijelerini uly ölçeglerde ynsanyň isleg-höwesleri şekillendirer. Ine, yslamyň beýik alymy we danasy Bediuzzaman Said Nursy “Kiçi sözler” atly eserinde ynsanyň isleg-höweslerinde ýol görkeziji bolan öwüt-nesihatlary berýär. Bu nesihatlar şulardyr: Ynsanyň öňünde iki ýol bardyr. Bulardan biri älemi we ähli barlyklary ýaradyp, ynsany bu älemde myhman edýän soňsuz rehmet, gudrat we hikmet eýesi bolan Allany tanamak, Oňa ýürekden iman etmek, doly gul bolmak ýoly. Beýlekisi bolsa, nebse boýun bolup, gaflat, ynançsyzlyk, ýoldan azaşmak we peslik ýoludyr. Birinji ýoluň her etabynda sagadat we rahatlyk bardyr. Allaha ynanan, Oňa tagat kylan, wezipelerini berjaý edýän ynsan hem şu dünýäde hem ahyretde sagadatlara ýeter. Bu iman we gulluk netijesinde Rebbi bilen yzygider ösýän bir baglanyşyk gurar we öňünde soňsuz ýokary göterilmek mümkinçiligi açylar. Ähli ukyp we duýgulary, ýaradylyş maksatlaryna laýyklykda ösüp kämilleşer. Her barlyga we her bir hadysa iman nukdaý nazaryndan seredeni üçin, şu dün”ýedekä, eýýäm jennet durmuşyny ýaşar. Ikinji ýol bolsa, başdan aýak azaplar, sütemler, jebirler bilen doludyr. Çünki, bu ýoly saýlan adam ýaradylyş maksatlaryna laýyk gelmeýän ters tarapa gönügendir. Ol Rebbi bilen baglanyşygyny üzüp, soňsuz kämillige eltýän duýgy we ukyplaryny pany maksatlara sarp edenligi üçin, ruhy ösüş ýoluny öz eli bilen ýapýandyr. Barlyk we hadysalaryň arkasyndaky ylahy many we maksatlary görmeýänligi üçin, hemişe azap, görgi içinde çabalanmaga özüni mejbur edýär. Bu iki ýoldan birini saýlamak işi synag üçin bu dünýä iberilen ynsanyň öz erkine goýlandyr. Onuň netijelerini bolsa, hem şu dünýäde, hem ahyretde göper. Düşündirişli sözlük bilen neşir edýän şu kitapçamyz döwrümiziň ynsanyna gündelik isleg-höweslerinde çyrag bolar diýen umydymyz bar. Neşirýatdan. • BEDIUZZAMAN SAID NURSY BEDIUZZAMAN SAID NURSY asyrymyzyň ýetişdiren saýlama yslam alymlarynyň biridir. Ol 1876-njy ýylda Türkiýäniň Bitlis welaýatynyň Hizan etrabynyň Isparit posýologynyň Nurs obasynda dünýä inipdir. 1960-njy ýylyň 23-nji martynda Şanlyurfa şäherinde Hakyň rehmetine gowşupdyr. Ýiti zehini, güýçli ýatkeşligi, ösen ukyplylygy bilen örän kiçi ýaşlarynda ünsi özüne çeken Said Nursy adaty şertlerde ençeme ýyllaryň dowamynda öwrenilýän klassik medrese okuwyny üç aýlyk gysga möhletde tamamlaýar. Molla Said düýşünde Hezreti Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) ylym öwretmegini diläpdir. Resuly Kerim (sallallahu aleýhi wesellem) ummatyndan sowal bermezlik şerti bilen Kur”an ylmynyň tälim ediljekdigini oňa buşlaýar. Said Nursynyň durmuşynda bu düýş hakykata öwrülipdir. Çagalykdan başlap, asyryň paýhaslysy diýlip tanalan Said Nursy hiç wagt hiç kime sowal bermändir. Emma, özünden soralan sowallara hemişe jogap berip bilipdir. Ýaşlyk ýyllarynda özüni tutuşlygyna ylma bagyş eden bu alym, ylymdaky sowatlylygyny döwrüniň alymlary bilen dürli mežlislerde geçiren çekeleşiklerinde subut edipdir. Döwrüň alymlary onuň ylmynyň derejesiniň ýokarydygyny ykrar edip, oňa “Bediuzzaman” ýagny, “Döwrüniň deňsiz-taýsyz ägirdi” lakamyny beripdir. Mollalaryň dini öz peýdalaryna ulanan şol döwürde Said Nursy diniň, Kuranyň we mollaçylygyň yzzatyny saklamak üçin ömrüniň dowamynda hüşüp-zekat, sadaka we sowgat kabul etmändir. Kabul etmäge mejbur bolan sowgatlarynyň bolsa, bahasyny töläp alypdyr. Said Nursynyň medrese bilimi bilen dini bilimlerde gazanan ylmy kwalifikasiýasy, dürli takyk bilimlerde geçiren ylmy işleri bilen tamamlanýar. Ol döwrüniň gazet-žurnallaryny yzygiderli okap, ülkedäki we dün”ýedäki ösüşler, özgerişlikler bilen içgin tanyşlykda bolupdyr. Munuň bilen birlikde, önüp-ösen ýurdunyň kynçylyklaryny hut öz başyndan geçiren Said Nursy iň zerur mätäçligiň bilimdigine düşünip, Gündogarda din we takyk bilimleriň birlikde okadyljak uniwersitetini açmak üçin hemaýat soramak maksady bilen 1907-nji ýylda Ystambula gelipdir. Şol ýerde alymlar toplumyna gysga wagtda özüni ykrar etdiren Bediuzzaman dürli gazetlerde ýazan makalalary bilen Osmanly döwletini we paýtagty bulaýan erkinlik we meşrutiýet (konstitusion monarhiýa) çekeleşiklerine gatnaşyp, meşrutiýete yslamyň adyndan arka çykypdyr. 1909-njy ýyldan soň, Ystambuldan çykyp, Gündogara dolanyp gelipdir. Birinji Jahan urşy başlanan günlerinde Wan şäherinde ýaşaýan Bediuzzaman şägirtleri bilen birlikde meýletin milisiýa otrýadlaryny döredip, fronta gidipdir. Watan goragynda örän uly hyzmatlary bitiripdir. Uruş wagtynda birnäçe şägirdi şehit bolup, özi hem Bitlis şäheriniň goragynda agyr ýaralanyp, ýesir düşüpdir. Üç ýyl çemesi Russiýada tussag bolandan soň, Warşawa, Wiana, Sofiýa üsti bilen Ystambula gaýdyp gelipdir. Ystambulda döwlet ýolbaşçylary we ylym adamlary ony uly şowhun bilen garşy alyp, Daru’l-Hikmeti’l-Yslamyýe (Dini Ylymlar Akademiýasy) agzalygyna kabul edipdirler. Bediuzzaman bu döwürde resmi wezipesinden alan aýlyk haky bilen öz kitaplaryny çap etdirip, olary mugtyna halka paýlapdyr. Ystambulyň iňlisler tarapyndan gabalan döwründe onuň neşir eden “Hutuwaty Sitte” atly broşýurasy duşmana garşy durmakda rol” oýnapdyr. Anadolydaky azat ediş hereketini “gozgalaň” diýip atlandyran Şeýhülyslamyň (Baş müfti) fetwasyna (kararyna) žogap hökmünde, ol milli azat ediş hereketiniň dogrudygyny görkezip çykyş edipdir. Bu bitiren hyzmatlary Anadolyda döredilen millet mejlisiniň öwgüsini gazanyp, Bediuzzaman hut Mustapa Kemal Atatürk tarapyndan birnäçe gezek haýyş bilen Ankara çagyrylypdyr. Bu çakylyklaryň netijesinde, 1922-nji ýylyň soňunda Ankara gelen Bediuzzaman mejlisde resmi dabara bilen garşy alnypdyr. Täze döredilen döwletiň mejlis agzalaryna 10 maddadan ybarat bolan beýannamasy bilen ýüzlenipdir. Bu beýannamada täze öwrülişigiň gurujylaryna yslamyň mukaddesliklerine eýe çykmalydyklaryny nygtapdyr. Netijede, Mustapa Kemal Atatürk bilen birnäçe gezek duşuşypdyr. Şonda oňa Gündogaryň umumy wagyzçysy, deputatlygy we din agzalygy teklip edilipdir. Emma, Bediuzzaman bu teklipleri kabul etmän, Wan şäherine gidipdir. Bediuzzaman mundan soňky ömrüni Kur”anyň döwrebap tewsiri bolan alty müň sahypadan hem geçýän Rysale-i Nur Küllüýatyny ýazmaga bagyşlapdyr. Bediuzzaman iman hyzmatynda öçmejek yz galdyryp, Kur”any bu asyra laýyk görnüşde düşündiripdir. Onuň eserleri häzirki döwürde dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, köp ýerlere ýaýrandyr. Onuň eserleri Müsüriň Ezher uniwersiteti tarapyndan okuw kitaby hökmünde kabul edilip, Amerikada bolsa, şol eserleri öwrenýän kafedra döredilendir. Hormatly okyjy! Eliňizdäki kitapça hem şol Küllüýatdan “Sözler” atly kitapdan alnan bir bölekdir. Şonuň üçin hem awtor bu kitapçasany “Kiçi sözler” diýip atlandyrypdyr. Onuň size din bilimini öwrenmekde uly hemaýaty deger diýip tama edýäris. Sözümizi onuň şu ägirt pikiri bilen tamamlamagy makul bildik: “Wyždanyň yşygy dini ylymlardyr. Aklyň nury bolsa takyk bilimlerdir. Ikisiniň birleşmeginden hakykat ýüze çykar. Olar biri-birinden aýrylan wagty birinjisinden Ž taassup (öz bilişinden başgasyny unamazlyk) ikinjisinden Ž hile we şübhe dörär.” Ýagny, diňe dini ylymlary okamak ynsany köre-körlüge, ýalňyz takyk bilimleri öwrenmek bolsa, tehniki taýdan ösüş gazandyrsa-da doly köňül rahatlygyna däl-de, azgynçylyga we agzalalyga getirer. • BIRINJI SÖZ “Bismilläh” her bir haýryň başydyr.(1) Biz hem sözi ilkibaşda şondan başlaýarys. Eý, nebsim, bilip goý! Şu mübärek söz yslamyň nyşany bolşy ýaly bütin barlygyň hem haly herketi bilen wirdi-zybanydyr (hemişe gaýtalaýan zikiridir). “Bismillähiň” nähili ägirt egsilmez kuwwatdygyna, nähili tükeniksiz kän bereketdigine düşünmek isleseňiz, şu mysaly Ž hekaýajygy diňläň. Onda şeýle diýilýär: Gadym eýýamda Arap çöllerine çykan her bir adama haýsy hem bolsa bir uly taýpanyň serdarynyň adyny götermek, onuň howandarlygyny almak hökman bolupdyr. Eger şeýtseň, häli-şindi gabat gelýän garakçylaryň elinden heläk bolmarsyň we işleriňe amal edersiň. Ýogsa, ýalňyz başyň-a san-sajaksyz duşmanlaryň öňünde perişan, bitirmek islän işleriň ýanynda bolsa, biçäre halda galarsyň. Ine, şeýlelikde, iki kişi syýahat niýeti bilen çöle çykýar. Olaryň biri päk ýürekli, kiçi göwünli, beýlekisi tersine tekepbirdi. Häs”ýetlerine görä, olaryň kiçigöwünlisi bir taýpa serdarynyň adyny aldy, beýlekisi bolsa almady. Bir serdaryň howandarlygyndaky kişi gezen ýerinde sag-salamat gezdi. Ýolunda garakçy duş gelse “men pylan serdaryň ady bilen gezýärin” diýip aman galdy. Hiç bir garakçy oňa azar bermäge het edip bilmedi. Köpçüligiň üýşen ýerine, bir çadyra girse, şol at bilen hormatlandy. Tekepbir kişi welin, syýahatynyň tutuş dowamynda müňbir belalara uçrady. Mydama gorkudan galpyldap gezdi, hemişe dilegçilik etdi. Hem har boldy, hem zar boldy. Ine, eý gedem nebsim! Sen hem ýola çykan syýahatçysyň. Bu dünýä-de misli bir çöldür, sen munda ejizsiň we çäksiz mätäçsiň. Duşmanyň hem, hajatlaryň hem tükeniksizdir. Şonuň üçin, bu sähranyň Mäliki Ebedisiniň (ebedi eýesiniň), Hakimi Ezelisiniň (ezeli hökümdarynyň) adyny sena edin! Şeýle etseň, älemiň ähli dilegçiliklerinden we her bir hadysanyň öňünde gorkudan ýaňa titremeden halas bolarsyň. Hawa, bu söz şeýle bir mübärek hazynadyr, ýagny, seniň tükeniksiz ejizligiňi we mätäçligiňi soňsuz gudrata we rehmete ýetirer. Gadyry - Rahymyň dergähinde ejizligiň we mätäçligiň iň bir halanyljak şepagatça öwrüler. Hawa, bu sözi sena edinen her kes döwlete gulluk edýän esger ýalydyr. Esger bolsa döwletiň adyndan hereket eder. Hiç kimden çekinmez. Her eden işini “kanunyň ady bilen, döwletiň ady bilen” diýip eder, her bir zada döz geler. Biz başda bütin barlyk özüniň haly hereketi bilen “Bismilläh” diýer diýdik. Aýdaly, bir adam şäheriň ähli halkyny zor bilen başga bir ýere göçürse we olary mejbury işletse, onuň öz ady, öz güýji bilen bu işi edip bilmejegi saňa düşnüklidir. Ol diňe döwletiň adyndan hereket edýändigi, patyşanyň güýjüne arkalanýandygy üçin bu işleri päsgelsiz başarýar. Indi Alla Tagalanyň ady bilen hereket edýän her bir närsäniň güýjüne, gudratyna ser salalyň. Siz her ädimde görýänsiňiz, dynnym ýalyjak tohumlar özlerinde äpet agaçlaryň agramyny göterýärler, olaryň dag ýaly ägirt ýüklerini galdyrýarlar. Çünki her bir agaç “Bismilläh” diýýär, rehmet hazynasynyň miwelerinden ellerini doldurýar, soňra olary bize bagş edýär. Her bir bossan hem “Bismilläh” diýýär. Gudraty Güýçliniň aklyňy haýran edýän saçagynda dürli-dümen lezzetli ir-iýmişler, täsin tagamlar bişip ýetişýär. Sygyr, düýe, goýun, geçi kimin mübärek haýwanlar hem “Bismilläh” diýýär. Rehmetiň bereketi bilen olar süýt çeşmesine öwpülýärler. Rysgal bereniň adyndan iň ýakymly, iň arassa, durmuş suwy kimin iýmitleri bize bagş edýärler. Her bir agaç, ösümlik, ýumşajyk otlaryň ýüpek ýaly näzijek köklerine çenli “Bismilläh” diýýär; olar ýylçyr daşy, gaty topragy ýaryp çykýarlar. Her bir zat “Allanyň ady bilen, Rahmanyň ady bilen” diýýär we Onuň emrine boýun bolýar. Hawa, agaç şahalarynyň ösüşi, miwe berşi, ýylçyr daşy we gaty topragy ýaran kökleriň berkäp ýaýraýşy, käbiriniň bolsa ýeriň aşagynda hasyl berşi, näzik ýapraklaryň güýçli gyzgyna garşy durup, niçe aýyň dowamynda şol bir terligini saklaýyşy tebigatçylaryň akyl satmalaryna şarpyk çalýar. Olaryň kör gözlerine barmagyny dürtýär we şeýle diýýär: “Iň gaty berklik we gyzgyn epgek hem Onuň emri bilen hereket edýändigi üçin, ýüpek ýaly ýumşak kökler Musanyň hasasy kimin: emre tabyn bolup, ol daşlary ýarýarlar. Pergament kagyzy ýaly ýuka, näzik ýapraklaryň her biri Ybraýym Aleýhyssalamyň agzalary kimin, ataş saçan gyzgynlyga garşy: aýatyny okaýarlar.” Görşüňiz ýaly, her bir zat durky bilen “Bismilläh” diýýär. Olar Allanyň ady bilen, Allanyň nygmatlaryny bize hödürleýärler. Biz hem “Bismilläh” diýmelidiris. Allanyň ady bilen bermelidiris, Allanyň ady bilen almalydyrys. Şeýle hem, Allanyň ady bilen bermeýän gapyl ynsanlardan hiç bir zat almaly däldiris. Sowal: Bir miwe satyn alsak, hakykatda diňe araçyllyk edýän daýhan bizden onuň bahasyny talap edýär. Emma mülküň asyl eýesi bolan Alla Tagala bizden näme isleýär? Jogap: Hawa, ol hakyky nygmat beriji, bizden gymmat baha nygmatlara, mallara gaýtargy hökmünde üç zady talap edýär. Biri zikir (Allahyň adyny ýatlamak), biri şükür, biri pikirdir. Başda: “Bismilläh” zikirdir. Ahyrda “Elhamdülilläh” şükürdir. Arasynda “Bu aklyňy haýran edýän, gymmatly nygmatlaryň Ahadyň we Samadyň gudratydygyna, olaryň bize berlen ajaýyp sowgat we rehmetdigine düşünmek” pikirdir. Bir patyşanyň gymmat bahaly sowgadyny saňa gowşuran bir misgin adamyň aýagyny öpüp, sowgadyň hakyky eýesini tanamazlyk nä derejede samsyklykdyr. Zahyry mün’”imleri (görnüp haýyr edenleri) taryplap, söýüp Mün’imi Hakykyny (hakyky nygmat berijini) unutmak ondan-da müň dereje akmaklykdyr. Eý, nebsim! Beýle akmak bolmak islemeseň: Allanyň ady bilen ber... Allanyň ady bilen al... Allanyň ady bilen işle... Eý, dogan! Sen menden birnäçe nesihat soradyň. Sen esger bolanyň üçin esgerlik tymsallary bilen düzülen şu sekiz sany hekaýajygymy we birnäçe hakykaty nebsim bile birlikde diňle! Çünki men her kesden, ähli zatdan beter nebsimi nesihata mätäç hasaplaýaryn. Owal men sekiz aýatdan peýdalanyp, “sekiz sözümi” nebsime biraz uzynrak görnüşde aýdypdym. Indi gysgaça we sada dil bilen beýan edýärin, kim islese, bile diňlesin! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |