17:41 Kiçijik kyssajyklar | |
Orazguly ANNAÝEW
Hekaýalar
Gyzyl Çyra Her sözüň öz aýdylmaly ýeri bar. Obadaşym Sary bilen tomus dynç alyşdan soň okuwa, Aşgabada gitmekçi bolup otyrys. Mydama bolşy ýaly ähli zat dara-direlikde ediljek bolunýar. Sagadymyza zol seredýänem bolsak, diýen wagtymyz ýola düşäýip bilmedik. Ulag tapýançagam esli wagt geçdi. Haçan-da biz agyr goşgaplarymyzy /çemodanlarymyzy/ süýräp demirýol menziliniň ýanynda ulagdan düşenimizde biziň münmeli otlymyz ýerinden gozgandy. Gyssanyp, hasanaklaşyp otla tarap ylgadyk... Şübela yhlas edenem bolsak, biz otlyň yzyndan ýetip bilmedik. Ol gyzyl çyrasyny lowurdadyp, barha badyny artdyryp, bizden arany açdy. Has-has edip sojap durşumyza ikimizem birden agyr goşgaplarymyzyň üstüne çökdük. Demini biraz dürsänden soň, Sary: — Ylganymyz gowy bolaýdy, gyssanmadyk bolsak, gyzyl çyrasynam görüp biljek däl ekenik — diýdi. Dogrudanam bu şeýledi. Menem az-kem köşeşdim. Kepjebaş Köpbilmişligiň çoçgara çolaşdyraýýan wagtlaram bolaýýar. Bu waka altmyşynjy ýyllarda bolupdy. O döwürlerde ýolagçy otlularynyň kadaly gatnawy, häzirkiler ýaly hyzmat biziň hyýalymyza-da gelmezdi. ...Demirýol menziline gelip saklanan otlynyň töweregine ýolagçylar ölen kyrkaýagyň daşyna garynjalaryň üýşüşi ýaly üýşdüler. Turdy topalaň, nämäň nämedigini biler ýaly bolmady. Özlerini arkaýynyrak duýýan eli biletli ýolagçylar galyp, ýüki ýeňil, terbiýesi ondanam ýeňilräk biletsizler wagonlary hyryn-dykyn doldurdylar. Üç-dört sany daýawyň arasyna düşemsoň, baryp iň soňky wagonyň orta gürpünde aýagym ýere galtaşdy. Köwşümiň çözülen bagjygyny biri basyp duransoň, gazygyna gysga daňylan mal ýaly, asyl butnap bilemok. Böwşeňlik aralaşandyr-da diýip aşak egilenimem şoldy welin, söm duranlaryň dyzlary kellämi atagzy ýaly gapjady. Indi ör turubam bilemok, meniň gohuma gulak asýanam ýok. Gaýta meni butnatman duran daýawyň biri: — Bu dara-direlikde näme aýaga çolaşyp ýörsüň-aýt! — diýip, maňa dazaryldy. Şu ýerde meniň gysylan kelläme bir hyýal geldi. Ýaňky daýawyň dyzyna ýumruklap, çalarak eşider ýaly edip: — Eý, kepjebaş ýylan gaçyrdym, tapmaga kömekleşsene! — diýdim. Daýaw töweregindäkileri eýläk-beýläk pyzyp, aşak egildi: — Ulumy?! — Weý, uly bolmazmy! Badhyzyň mürdüni gemrip ýatan, ýuwdarha çykan ýedi ýaşar peläket-dä! „Kepjebaş gaçypdyr, wagonda ýylan bar!“ diýip, bagyryp, patanaklap göterdi ökjäni ýaňky daýaw. Wagonyň ähli ýolagçysy, asyl öňki ýatanlara çenli, hemmesi ýöne sozanguýruk bolaýandyrlar. Dem salymda wagonyň içi sygryň dili bilen ýalanan ýaly boldy. Menem boşan ýerleriň birine geçdim-de, ýatdym hezil edip. ...Ertir turup, gerinip ýerimden galanymda wagon hereketsiz duran eken. Diýmek, otly Aşgabada birçak gelen bolmaly.Gapa baryp seredenimde töweregi bolmalysyndan çolarak gördüm. Daşarda, esli aralykda irkiljiräp, çöp bilen ýer dyrmap oturan, şu wagona hyzmat edýän ýolhemralara ýüzlenip: — Agalar, Aşgabada geläýdikmi? — diýip soradym. — Hä-ä, gelip bolansyň, belaň sapyny! — diýip, olaryň biri azgyrlan ýaly edip jogap gaýtardy. Ýüzüme müňkürlik bilen gazaply garap durşuna — Agşam bir harramzada kepjebaşyny gaçyrdy, wagony Garybatada otludan aýryp taşladylar. Bizem uzyn gijäni syňsyraklap daşarda geçirdik. Wagona-da girip bilmedik... — diýip käýindi. Özümi lampa aşak goýberdim. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |