KIMIÑ SURATYNY ÝERLEŞDIRMELI?
"Güýçli aýal õz äriniñ işiniñ şowlamagyna ýardam edip bilýär" diýen bir gürrüñ bar. Hawa, bizem şeýle edenli aýallara duş geldik. Dagystanly bir şahyryñ şeýle aýaly bardy. Onuñ adyny eşideninde, tutuş Ýazyjylar birleşigi, neşirýatlar, gazet-žurnallar sandyrabererdi. Menem ondan gorkýardym, hat-da ony biraz kõşeşdirmek üçin onuñ äriniñ suratyny iş kabinetimde asyp goýupdym. "Şeýtsem, ol menden razy bolar, maña azar bermez" diýip oýlanýardym. Ýõne bu oña känbir täsir etmedi. Çünki meniñ kabinetimde duran suratyndan oña kõr kõpüklik peýda ýokdy.
Bir gezek ol äriniñ goşgular kitabyny tiz tizden neşir etmegi neşirýatdan berk talap etdi. Neşirýatyñ direktory bu ýylky meýilnamanyñ eýýam tassyklanandygyny, kagyzyñ azlygyny aýdyp kitaby indiki ýyl çykaryp biljekdigini gorka-gorka äşgär etdi.
Gazaba münen aýal:- Sen bir wyždansyz adam- diýip gygyrdy. -Sen meniñ ärimiñ goşgularynyñ seniñkiden gowudygyny adamlar gõrer, bilerler õýdüp gorkýarsyñ.Şoñ üćinem sen maña kagyzyñ azlygy hakda, meýilnama hakda takal okaýarsyñ. Men seniñ içiñi parran gõrüp durun. Saña õzümi aldatman. Ärimiñ kitabyny çykarmaga mejbur ederin- diýdi.
Şu sõzleri aýdyp, ol aýal neşirýatyñ gapysyny şarka ýapyp çykyp gitdi. Iki sagatdan soñ direktoryñ iş stolunyñ üstündäki telefon jyrlady. Telefonda obkomyñ sekretarynyñ sesi eşidildi.
- Hudaýyñ haky üçin bir alaç ediñ - diýip sekretar ýalbarýar, - indiden beýläk şol aýal meniñ ýanyma gelmesin.
Netijede näme boldy?
Neşirýatyñ meýilnamasyndan Lew Tolstoýyñ "Hajymyrat" diýen powestini, Gamzat Sadasanyñ çagalar üçin ýazan kitabyny aýryp taşladylar.* Şu iki awtoryñ hasabyna ýañky aýalyñ äriniñ goşgular ýygyndysyny meýilnama girizdiler.
Gõräýmäge ýagdaý düzelen ýaly boldy, ýõne täze bir galmagal ýüze çykdy. Gõrlüp oturylsa goşgular kitabyna şahyryñ suraty goýulman eken.
- Ynsapsyz adamlar- diýip gazaba münen aýal gygyryp başlady. -Siz meniñ ärimiñ suratyny kitapda ýerleşdirmänsiñiz.
- Ýok-la, - diýip neşirýatyñ direktory garşy çykdy - Biz siziñ haýsynyzyñ suratyñyzy: äriñiziñkinimi ýa õzüñiziñkinimi kitapda ýerleşdirjegimizi bilmedik.
-Eýsem näme? - diýip aýal gülsiredi. Men bolmadyk bolsam onuñ şahyr boljagy entek belli däl.
Abutalyp şol şahyra duşanynda şeýle diýipdir:
- Diñle, Kusa, aýalyñy maña bir hepdelik bersene - men derrew Stalin baýragynyñ eýesi bolaýyyn.
- Aýdýanyñ näme, Abutalyp, men onuñ bilen oniki ýyl ýaşaşýan, ýõne Hajy Hasym baýragnam alyp bilemok entäk - diýip ýylgyraýypdyr.
Resul GAMZATOW, awar şahyry.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Edebi makalalar