KITABY MAGŞUK SAÝ, ÖZÜÑI AŞYK!
Kitap adamzada mahsus bolan maglumatlaryň tükenmez çeşmesi we medeniýetiň mermer daşydyr. Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, eşidip bilmeýän zatlarymyzy eşitdirýän, asyrlary biri-birine baglaýan köprüdir. Geçmişi, geljegi ýakynlaşdyrýan, ynsany ynsana dost edýän hem kitapdyr.
Taryhy çeşmelere ser salsak, heniz kagyz ýok wagty hem daş kitaplaryň bolandygy barada maglumatlara gabat gelýäris. Ýurdumyzda we оnuň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylardaky keramikanyň ýüzüne ýazylan ýazgylar bu pikiri subut edýär. Baryp gadym döwürde Wawilondan tapylan keramikanyň ýüzüne ýazylan «Gylgamyş (Gilgameş) hakyndaky rowaýat», otparazlar döwründe ýaşan pederlerimiziň bize daşyň ýüzüne ýazyp galdyran Awesta kitabyndan bölekler, Nusaýdan tapylan daşyň ýüzüne ýazylan salgyt baradaky resminamalar hem-de ýene şol ýerden tapylan patyşa aýal Zarina hakyndaky rowaýat, Margianadan tapylan ýazuw ýadygärlikleri munuň aýdyň mysalydyr.
Orta asyrlar Gündogarda ylym-bilimiň gülläp ösen wagty hasaplanylýar. Şonuň üçin şol döwri kitaphanasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzyň köp ýerlerinde kitaphanalaryň bolandygyna taryh güwä geçýär. Gadymy Ýüpek ýoly bilen gelýän söwdagärler Mälik şa hem-de Soltan Sanjara kitaphana üçin dünýäde iň seýrek kitaplary sowgat beripdirler. Şol döwürlerde Merwiň kitaphanalarynda ähli ulgamlara degişli kitaplary tapmak başardypdyr. Şonuň üçin hem dünýäniň ylym adamlary bu kitaphanalaryň hyrydarlary bolupdyr.
Kitaby özüne höwür edinip, dost tutunan adamyň dünýägaraýşy çuň, gözýetimi giň, pikirlenişi düýpli we esasly, okamaga, öwrenmäge höwesli hem ukyply bolýar. Kitaphon adamlardaky bu artykmaçlygy dana Magtymguly «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip häsiýetlendiripdir. Kitap ynsanyň kalbyny ýumşadyp, adamda ynsanperwer we ahlak häsiýetleri terbiýeleýär, adamy belent adamkärçilik sypatlaryna eýe edýär. Kitaby özüne höwür edinen adamyň ruhy belent bolýar. Ol durmuşda ýüze çykýan dürli ýagdaýlardan baş alyp çykmagy başarýar. Hut şonuň üçinde pederlerimiz diňe bir kitaby däl, eýsem, kitapdan kemal tapyp, ylymlar dünýäsine aralaşyp, onda meşhurlyga ýeten ylymly-bilimli adamlary-da derejeläpdirler.
Ata-babalarymyz ýörişe çykanlarynda kitaplaryny hem gatyrlara ýükläp, ýanlary bilen alyp gidipdirler. Bu olaryň taryhda beýik döwletleri nähili gurandyklaryndan habar berýär. Taryhda watandaşlaryna kitap okamagy endik etdirmek üçin her hili usullary ulanan döwlet işgärleri bolupdyr. Samanogullary döwletiniň bir hökümdary jenaýat edenleri kitaphana gabar eken. Eger bir zatlar öwrenip, kitaplary okap çyksa, onda ony azat edipdir.
Yslam alymlarynyň biri-de el-Jahyz kitaphanalary kireýine tutup, daň saz berýänçä kitap okar eken. Onuň kitaplar hakynda şeýle setirleri bar:
«Ýaňy ýazylan, täze, arzan, islendik ýerden tapmak mümkin bolan, geň-enaýy wakalardan, berk galalardan we hikmetli tejribelerden habar berýän, gadym döwürler baradaky hem-de uzak ülkeler hakyndaky habarlary özünde jemleýän kitap bilen bäsleşip biljek zat ýok bolsa gerek.
Kitap — gepletmeseňiz sessiz-üýnsüz, gepletseňiz welin, gürrüňdeşligi söýýän, işli wagtyňyz dil ýarmaýan, päsgel bermeýän, bezenip-beslenmäge, utanyp-ýygrylmaga zerurlyk döretmeýän bir myhman. Ol ýüzüňize seredip ýallaklamaýan bir ýaran, azdyryp, ýoldan çykarmaýan dost, ýürege düşüp, seni irizmeýän, ikiýüzlülik etmeýän, yzyňyzdan pyssy-pujurlyklara baş goşmaýan ýoldaşdyr».
Genri Forduň okamak, öwrenmek hakynda şeýle jümleleri bar:
«Öwrenmegi terk eden adam, isle 20 ýaş bolsun, isle-de 80 ýaş, tapawudy ýok, ol garrydyr. Öwrenmegi dowam edýän adam bolsa, kimdigine garamazdan, juwanlygyna galar. Dünýäde iň ajaýyp zat, zehiniňizi ter saklamakdyr».
Pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime, dana adamlara goýýan sarpasy, hormaty olaryň döreden nakyllarydyr atalar sözlerine-de siňipdir. «Paýhas çeşmesi» kitabynda ata-babalarymyzyň döreden okamak, öwrenmek, ylym-bilim almak bilen baglanyşykly nakyllarynyň ençemesi berilýär. «Bir — okana, bir — dokana», «Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitaby magşuk saý, özüňi — aşyk!», «Kitapsyz okalmaz, merduwansyz çykylmaz», «Bilimli — ölmez, bilimsiz — gülmez», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize — guwanç» ýaly ýüzlerçe nakyllaryň many-mazmunyny öwrenenimizde ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ynançlarynda, pelsepewi garaýyşlarynda ylym-bilimiň nähili uly orun tutandygyny görýäris. Ata-babalarymyz «Hünärli är hor bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Adamyň elinden gelýän bir hünäri bar bolsa, nähili ýagdaýda bolanda-da, gyssaga düşende alnyndan dirär.
Gündelik durmuşda «Alym bolmak asan, adam bolmak kyn» diýen pähim köp aýdylýar. Aslyýetinde, bu ýerde göz öňünde tutulan «adam bolmak» kämillik, sypaýyçylyk, ak ýüreklilik hem edeplilikdir. Ilhalar kişileri beýleki adamlardan tapawutlandyrýan sypatlar, ine, şu häsiýetlerdir. Adamlara bu häsiýetleri doly we dogry öwrenmäge kömek etjek iň ygtybarly çeşme bolsa kitapdyr.
Kitap okamagyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, ynsana özüňi tanamaga mümkinçilik bermegidir. Okaýan adam haýsy ugurda üstünlik gazanjagyna çalt düşüner. Tomas Edison, meşhur Eýnşteýn ýaly alymlar haýsydyr bir ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary däldiler. Ýöne olar okan kitaplarynyň kömegi bilen haýsy ugurda zehinlidiklerine akyl ýetiripdirler we üstünlik gazanypdyrlar. Diýmek, durmuşda üstünlik gazanmagyň esasy şerti kitap bilen dost bolmakdyr.
Okamak hiç haçan ünsden düşürip bolmajak zerurlykdyr. Her gün yzygiderli, azyndan bir sagat kitap okamagam bizi gysga wagtyň içinde belent sepgitlere ýetirer.
Pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýan bu ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara ülňülerine laýyklykda, dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylyp, döwrebap ýagdaýda ösdürilýär. Ýaşlarda okamaga, öwrenmäge bolan höwesi artdyrmakda olarda kitap bilen işlemek endiklerini terbiýelemegiň we kemala getirmegiň ähmiýeti uludyr. Kitap — bilimleriň çeşmesi, tapylgysyz hazyna. Bu hazyna eýe bolmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Borja wepalylyk milletimiziň ganyna siňen asyl häsiýetleriň biridir.
Hurmagül ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Edebi makalalar