23:50 Kitap arakesmesi | |
KITAP ARAKESMESI
Edebiýat täzelikleri
Iñ soñky gezek "Gara guty" (“Kara Kutu”) kitabymy 2019-njy ýylda çykardypdym. Soñra Osmanlydan respublika döwrümize çenli okuw programmalarynyñ üstünde işlemäge başladym. Emma gelip görseñizläñ: Kitap çykjak wagtyny özi belleýän eken! Beýleki öwrenýän ugurlarym ýaly okuw programmalary boýunça temamy-da çekerime oklap goýdum, göreliñ haçan çykarka? Başga kitabyñ üstünde işläp başladym... Ine, şol kitabymyñam soñuna geldim. Eger rugsat berseñiz, biraz wagt bärde bolmaryn... Öñümizdäki iýun aýynda çapdan çykjak kitabymy halarsyñyz diýip umyt edýärin. Fransuz ýazyjysy Balzagyñ bir gowy sözi bar: "Içinde hiç zat tapylmajak derejede erbet kitap ýokdur". Adamlaryñ däl-de, kitabyñ özüni öwmelidigine ynanýaryn! Bu kitabyñam şeýle boljagyny pikir edýärin. Akylyñ dermany her kitap bir göreşdir! Görüşýänçäk... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.05.2024 ý. | |
|
Материалов за текущий период нет.
Teswirleriň ählisi: 0 | |