19:20

Köçäniñ itleri saýlawa gatnaşanok, öldüriñ, gitsin!

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 168 | Добавил: Gökböri | Теги: Hakan Aksaý | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Ependi  
284
Muňkam dogry welin, halys köpelse olam gowy däl. Kiçijikdim, her ýyl ýazlagda daýymlara gidýärdim çöle. Meň bilen deň-duş ogullary bardy. Hezildi. Çöl, açyk sähra, mal-goýun, it eşek düýe, hemme zat bar. Şonçada iş kändi. Ýagny, mallaryň köpelýän döwrüdi. Düşündirjek bolup temadanam çykyp barýan. Aýtmakçy bolýanym, daýymyň ganjyk iti bardy. Tohum itleriň biri. Sol günlerde olam guzlady. Näçedir öýdýäňiz, jemi ýedi sany. Özlerem naşyja, moýtuk-moýtuk edip. Hezil edibem emýäler ejesini. Daýymyň oglunyň: "Kakam ertir ganjygy bolsa gömüp gelýärow" diýenni bilýän, kän ähmiýet bermedim. Ertesi irden turup ýene şojagaz naşyjaja güjüklere ylgadym. Barsam, iki sanjagy emip ýatyr, galany ýok. "Oýnamaga giden däldirlerd-a" diýip töweregi gözleýän, hiç tapamok näçe gözlesemde. Çaga pikirida o wagt. Halys ynjalman daýyma ylgadym. Ol daňdan süregi getirip, ýerleşdirip durşudy. "Daýy-daýy, güjüklerimiziň bäşisi ýok, kimem bolsa biri ogurlap gidipdir, seret hanha iki sanjagy bar" diýip, özelenýänimi bilýän. Kän aglanynam bilýän. Daýym meni köşeşdirjek bolup şonda onuň "aldany-ny" soň ulalamda bildim. Özi aýtdy: "Ol wagt sen ýaşdyň ýegen, olary gömüp gaýtdym diýsem menden erbet adamy görmezdiň. Düşün birzada, hanha goýunlar. Şularam dogursa birini dogurýar, anyry gitse iki ýa üç. Onam Hudaý berse. Bu itler welin, näme diýeýin, azyndan ýedi-sekiz bolmasa hasabam däl. Seňki dogry, ýöne her ýyl şeýdip dursa goýunlaňdan beter köpelmejekmi. Olary eklemegem gerek, iň esasam et gerek. Sen bilýänem dälsiň, it her günde ynsandanam köp iýýändir. Köpeldi diýde hasap et, hanha bir tarapda goýunlar, bu tarapda it sürüsi. Barda, çatmaňa girde ýat. Ertesi diri goýunlaň birinem tapmarsyň... Nähili düşündireýin, bu ata-baba gelýän adat" diýenni bilýän. Näme diýeýin, kimiňki dogry, kimiňki ýalňyş...

Hemde birzady aýdypdy. "Goýuny şu itlere tabşyranyňdan möjeklere tabşyrsaň has gowusy eken. Şu goýunlar şu döwüre çenli nädip adamlara gowuşdy, şony bilýärmiň?" "Ýok, bilemok" "Onda aýdaýyn, birwagtlar bulaň hojaýyny möjekler. Goýun halky möjekden ellibizar gorkýar, ýüzüni görmän, iň bolmanda sesini eşitdigi. Olar goýunlary süri-süri edip saklanlar. "Süri agsaksyz bolmaz" diýen nakyla bilýänsiň. Bulam şeýle, haçanda möjekler ajygan wagty sürüni eýläk-beýläk ylgadýan ekenler. Şonda iň agsagy bolsa olar duýýan jandar. Bogaz bolup yza galýannam bilýäler, oňa degenoklar. Wah, bu çölüň hojaýyny olar, ýöne näme, ynsan soň akyly goýalyşyp bu dowarlara özi hojaýyn çykdy. Şondan bärem olar dişlerini gyjap ýörüşleri" diýipdi. Muňada näme diýjek, ýokarky aýdyşym ýaly, kimiňki dogry-kimiňki ýalňyş. Gep gürrüň bilen temadanam çykyp barýas, bagyşlarsyňyzda!.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]