23:52 Kowumdaşlar türkleriñ "gelmişek duşmançylygyndan" howatyrly | |
KOWUMDAŞLAR TÜRKLERIÑ "GELMIŞEK DUŞMANÇYLYGYNDAN" HOWATYRLY
Publisistika
Gurban baýramy sebäpli garyndaş-doganlarym bilen didarlaşmaga bir hepdelik Stambula gaýdanymda birnäçe dostum we tanyş-bilişim bilen ýakyndan görüşme mümkinçiligini edindim we gören zatlarym şular boldy: Türkiýede ýaşaýan türki kowumdaşlarymyz bu ýurtda barha artýan daşary ýurt duşmançylygyndan diýseñ ynjalyksyzlanýarlar we uly lapykeçligiñ içinde. Olar birnäçe ýyl bäri ýaşap gelen we ikinji watan hasaplan Türkiýelerinde her günde diýen ýaly ýolda-yzda, jemgyýetçilik ulaglarynda, hassahanalarda, okuw jaýlarynda we iş ýerlerinde dürli kemsitmelere we mertebäñi peseldiji hereketlere uçraýandygyny aýdýarlar. Bularyñ barsynyñ sebäbi-de, etniki gelip çykyşyny mesaña görkezip duran gyýyk gözleri we özlerine mahsus türki şiwede gürleýändikleri. Türkiýede iñ gowy medisina fakultetini tapawutlanan bahalar bilen tamamlan asly owganystanly türkmen kardiology Angliýa lukman bolup gitmek üçin dürli synanşyklara ýüz urandygyny aýtsa, paýlaşýan wideoçykyşlary millionlarça tomaşaçy tarapyndan tomaşa edilen ýaş türküstanly žurnalist YouTuber-de daşary ýurda aşmagyñ ýollaryny gözleýär. Ikisiniñem tutarygy birmeñzeş: Gelmişek bolandygymyz üçin bizi islänoklar. Aslymyzyñ türki halkdan bolmagymyzam bize garşy bolýan zorlukly hereketleriñ öñüni alyp bilenok. Türkiýede gelmişek duşmançylygy soñky aýlarda şeýle bir derejä ýetdi welin, käbir gatlaklaryñ, aýratynam käbir partiýalaryñ didiwanyna mündürilen siriýaly we owganystanly bosgunlar bilen bir hatarda, ençeme ýyl bäri Türkiýede ýaşaýan özbek, gazak, gyrgyz, türkmen, uýgur ýaly ganybir kowumdaşlarymyzam köçede, ýolda-yzda dürli kemsitmelere duçar bolýarlar. Stambulda iñ pes aýlyk hakyndanam az aýlyga günde 10-12 sagat işleýän owganystanly bir türkmen ýigidi garbanyşhanalaryñ birinde çörek iýip durka, gapdalky stoldan "ýurdy bu gyýyk gözlüler basdy, çekirtge ýaly hemme ýeri doldurdylar" diýlendigini, mundan soñ naharyny doly iýip bilmän stoluñ başyndan turup gaýtmaga mejbur bolandygyny gözlerini ýaşardyp gürrüñ berýär. Heniz murty garalmadyk ýaş ýigit "Şol gün agşam dañ atýança agladym, şol günden soñ içimde nämedir bir zatlar döwülen ýaly boldy, ýüregimdäki Türkiýe söýgüsi ýanyp kül boldy" diýende, ol aslynda özi ýaly birnäçe adamyñ duýgularyny dile getirýär. Şeýlelikde, Türkiýe soñky otuz ýylda TIKA, Türk Geñeşi, Türki we garyndaş kowumlar guramasy onlarça gurama arkaly ýüz millionlarça dollar harçlap umumytürk dünýäsiniñ göwnüni awlamak üçin alyp baran işlerini öz eli bilen paltalaýar. Türkiýede göçegçi sanynyñ we başly-barat göçüñ artmagyna birinji nobatda häzirki häkimiýet we daşary ýurtlardaky türk ygtyýarlylarydyr. Mysallar bilen düşündirjek bolaýyn: Owganystanda soñky ýigrimi ýylda ýüz müñlerçe türk wizasy puluna satyldy. Altmyş günlük Türkiýe wizasynyñ resmi çykdajysy 90 dollar bolsa, Kabul, Mazary-Şerif ýaly owgan şäherlerinde gara bazarda 4 müñ dollardan satyldy. Şeýlelikde, jübüsi pully betpäl tipler Stambul, Izmir, Antalya, Ankara ýaly şäherlere siñdi. Kadasyz göçüñ artmagynyñ ýene bir sebäbi-de, türk ygtyýarlylarynyñ turistik wiza bilen ýurda gelen her bir daşary ýurtla wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama paýlamagy boldy. Muny eşdrn owganystanly, yrakly, eýranly... raýatlar Türkiýede ýaşamaga rugsatnama almak üçin köpçülikleýin gelmäge başlady. Käbir araçy edaralar daşary ýurtlulara tölegli bilim we medisina bejergisini göz öñüne tutýan wizalary bermäge başlady. Dünýäde hiç bir ýurt turist wizasy bilen gelen daşary ýurtlulara wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama bermeýänem bolsa, Türkiýe şeýle rugsatnama berdi we bu ýagdaý birnäçe ýyllap dowam etdi. Seýilgähler, meýdanlar, söwda merkezleri we köçeler daşary ýurtlulardan dolup-daşmaga başladam welin, ýagny, ýurt daşary ýurtlularyñ duralgasyna öwrülip, suw señrikden agandan soñ Içeri işler ministrligi wiza we ýaşamaga rugsatnama meselelerine täzeden serediljekdigini mälim etdi. Gijem bolsa, bu çäräniñ zerurdugy görnüp dur. Zyýanyñ ýarpysyndan gaýtsañam, bir peýda. Türkiýe ençeme ýyllap öz tarapyna çekmek üçin pul, wagt, zähmet harçlan umumytürk dünýäsini doly ýitirmek islemese, Türkiýedäki asly türki halklardan bolanlara hemişelik ýaşamaga we işlemäge rugsatnama bermelidir. Türki halkdan bolan her kes aý-ýyldyzly baýdagyñ saýasynda özüni howpsuz duýmaly, hiç hili gorky-ünjini başdan geçirmeli däl. Dogrusy-da şu. Dünýädäki hemme ýurt öz kowumdaşlaryna arka durýar we olara birnäçe ýeñillikleri döredýär. Munuñ diskriminasiýa bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Ýatdan çykarylmazlygy gerek başga bir zat hem şu: hiç bir bosgun ýa-da göçegçi keýpine ýa meslikden ýurduny taşlap gaýdanok. Türkiýä gelen daşary ýurtlular dürli sebäpler zerarly ýurtlaryny terk edip gaýtmaga mejbur bolan adamlar. Dili, reñki, urp-adaty üýtgeşik diýip adamlara gyýa göz bilen garamak Türkiýä gelişjek zat däl. Türkiýe taryhyñ dürli döwürlerinde dürli milletleri öz goýnunda saklan, hemmesine gujak geren siwilizasiýanyñ we medeniýetiñ mirasdüşeridir. Millionlarça emigrantyñ arasynda jenaýata meýilli bozgak adamlar hem bolup biler. Bir emigrantyñ eden ýalñyşlygyny hemme daşary ýurtla ýöñkemek dogry däl. Ýadyñyza salyñ, Türkiýede her gün ýüzlerçe, belki-de, müñlerçe akla-huşa sygmajak agyr jenaýatlar, galphorluklar, kezzapçylyklar bolup geçýär, bulary edýänleriñ aglabasy Türkiýe respublikasynyñ öz raýatlary. Emma hiç kim munuñ üçin uçdantutma türk halkyny günäkärlemeýär. Şeýle bolýan bolsa, bir owganystanlynyñ ýa-da bir siriýalynyñ eden ýalñyşlygyny bütin siriýalylara we owganystanlylara ýöñkemek hiç bir babatda dogry däl. Häzirki kynçylyklar, elbetde, geçer gider, Siriýa we Owganystan ýaly ýurtlaram, nesip bolsa, asuda günlerine gowşar. Emma adamlaryñ kalbynda Türkiýe bilen baglanyşykly ajy ýatlamalar galar. Munuñ beýle bolmazlygy üçin häzirden, giç bolmanka, käbir öñüni alyş işleriniñ geçirilmegi hökmanydyr. Esedulla OGUZ. 22.07.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |