19:33 Kürtleriñ ajam sadranjyndaky soñky göçümi: Mehabat Kürt Respublikasy | |
KÜRTLERIÑ AJAM SADRANJYNDAKY SOÑKY GÖÇÜMI: MEHABAT KÜRT RESPUBLIKASY
Taryhy makalalar
Paýtagty Mehabat bolan Kürt respublikasy kürt dilini döwlet dili diýip yglan etdi we ministrler sowetini düzdi. Döwletiñ başyna-da Kady Muhammet getirildi. Şol ýyl Eýran Azerbaýjany-da herekete geçdi we ruslaryñ goldawy bilen özygtyýarlylygyny yglan etdi Osmanly döwletiñ soñky beýik patyşasy Abdylhamydyñ döwri kürtler altyn döwrüni başdan geçiren bolsa gerek. Soltan Abdylhamyt Gündogarda Rus, Ermeni, Ajam giñelmelerine garşy kürtlere güýçli syýasy we harby goldaw beripdi. Bu goldaw şeýle bir ýagdaýlara gelip ýetipdi welin, Stambuldaky birnäçe gatlak mundan ynjalyksyzlyk duýýandygyny aç-açan dillenýärdi. Soltan bu tankydy belliklere şeýle jogap beripdi: - Kürt kethudalarynyñ käbiriniñ çagalaryny Stambula getirip ýerleşdirendigim üçin tankyt edilýänimi bilýärin. Ençeme ýyllap hristian ermeniler nazir (ministr) wezipelerini eýeläp geldiler. Mundan soñ öz dinimizden bolan kürtleri özümize ýakynlaşdyrmagyñ näme zyýany bolup biler? (Alakom - "Köne Stambul kürtleri" / "Eski İstanbul Kürtleri") Soltan Abdylhamyt II Soltan goldawyny diñe kürt çagalaryny ýetişdirmek bilen çäklendirmedi, ol gönüden-göni özüne tabyn "Hamidiýe" batalýonlaryny gurup, bu goldawy hasam ýokarky sepgide ýetiripdi. Karar "Takbir Hatty-Hümaýunda" yglan edilipdir. Günlerde bir gün Aramdan (ermeni), Arif Hikmetden (laz), Selanik mebusy (deputaty) Karasudan (jöhit), Draç mebusy Esad Toptaniden (alban) ybarat bihepbeler topbagynyñ mälim eden fetwasyndan soñ iñ uly kürt howandary Soltan Abdylhamyt taryh arenasyndan çekildi. Şondan soñ osmanly kürtleri döwlete tabynlyklaryny dowam etdirenem bolsalar, aýratynam Eýranyñ çäklerinde galan kürtler bilen syýasy baglanyşygy doly kesilipdi. • Eýranda kürt respublikasynyñ gurulmagyna giden müddet Eýranda ilatyñ uly düzümini tutýan kürtler syýasy taryhlaryny medlere birikdirýär. Her halkda bolşy ýaly kürtleriñ Eýranda taryh arenasyna çykyş mifiki hekaýatlar arkaly gürrüñ berilýär: XVI asyrda ýazylan "Şerefnamanyñ" awtorynyñ toplan käbir hekaýatlary bar. Taryhy gollanma bolan "Şerefnamada" mifiki despot bolan Zahhak (Ezdahak we Dahhak hem diýilýär) bilen pars dili barada rowaýat gürrüñ berilýär. Rowaýatda Zahhagyñ iki egninden ýylanyñ kellesi çykypdyr. Olary diñe günde iki sany ýaş ýigidin beýnisi iýdirilenden soñ köşeşdirip bolupdyr. Ýaşlaryñ ýylan kellelerine gurban edilmegi uzaga çekipdir. Ahyrynda bir hile oýlanyp tapylyp, ýylan kellelerine ýaş ýigidiñ beýnisiniñ ýerine goýnuñ beýnisi iýdirilipdir. Şeýlelikde her gün iýdirilmeli ýigitleriñ biriniñ daga gaçyp gutulma mümkinçiligi döräpdir. Ine, daglara gaçan şol adamlardan emele helen jemgyýet hem kürt halkyny kemala getiripdir. (XX) Taryhy mifler bir ýana goýlanda, eýran kürtleri taryhyñ dürli döwürlerinde şaýy-ajam syýasaty üçin uly howp-hataryñ çeşmesidi, çünki kürtler her bolýan zatda sünni Osmanly bilen ýaranlyk gurup, ullakan meseleleri döredip bilýärdiler. Şaýy türkler bilen ajamlaryñ hereketi şu meselede esassyz hem däldi. Ýawuz Soltan Selimiñ Gündogar ýörişlerinde etran kürtleri tasdan tutuş Ajam ýurdunyñ Osmanlynyñ eline geçmegine sebäp bolupdy. Eýranlylaryñ Urmiýe sebitinde eden gandöküşliginden soñ 1880-nji ýylda Osmanly döwletiniñ goldaýan 20 müñ kürt atlysy Şeýh Ubeýdullahyñ ýolbaşçylygynda sergedi aşyp birnäçe şäheri eýeledi we eýran goşunyna uly ýitgileri çekdirdi. Şeýh Ubeýdullah Eýran bu gozgalañy diñe Osmanly bilen dil tapyşyp, uly eglişikkeri edensoñ soñ basyp ýatyryp bildi. Eýran şasy bilen görüşen Şefh Ubeýdullah özüniñ diñe osmanly soltanyna boýun egjegini aýdyp, eýelän şäherlerini Osmanly döwletiniñ arada durmagynda yzyna gaýdyp berdi. Osmanly döwleti bu ýörişi guran şeýhi Mekgä ugradyp, ömrüniñ galan böleginde howpsuz ýaşamagyny üpjün etdi. Elbetde, şeýh wagtal-wagtal Osmanlynyñ özüne garşy-da käbir bökdençlikleri döredenem bolsa, köplenç soltana tabyn syýasat ýöretdi. Birinji jahan urşy ýyllarynda osmanly goşuny 1915-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda Töwrizi eýeläp bildi. Şol wagt Eýrany gysymynda saklap duran Russiýa täze Kürt-Osmanly ýaranlygynyñ bolmagyndan gorkup, uly gyrgynçylyga girişdi. Birküç ýylyñ içinde Sewr ýaraşyk şertnamasynyñ 63-64-nji maddalary kürtlere Osmanlynyñ çäklerini-de öz içine alýan ýerlerde garaşsyz döwlet gurmagy wada berýärdi. Ýöne bu maddalar käbir ekstremistik-milletçi kürt toparlaryndan başga hiç kimi gyzyklandyrmady. Munuñ düýp sebäbi Ermeni, Rus, Ajam üçburçlugynda kürtleriñ iñ uly ýarany ahyrynda ýene sünni türkler bolup çykýardy. Ruslaryna goldawyna daýanýan Eýran şalygy kürtlere garşy düýpli assimilizasiýa syýasatyny ýöretdi. Kürt dili döwlet edaralarynda gadagan edildi, ýerli egin-eşikleri geýmek syýasy simwol hasaplandy we belli kürt han-begleri ýurtdan sürgün edildi. Ikinji jahan urşy ýyllary bolsa eýran kürtleri üçin düýbünden başga hili öwrümi emele getirdi duruberdi. Sowet Soýizy kürtlere bolan garaýşyny üýtgetdi. Munuñ iki sebäbi bardy: kürtleriñ Faşistik Germaniýa bilen ýakynlaşmagynyñ öñüni almak we Günbatar bilen gatnaşyklaryny ösdürýän şalyk režimine garşy kürtleri ulanmakdy. 1941-nji ýylda tagta geçen Muhammet Ryza Pehlewiniñ doly diýen ýaly iñlisleriñ täsiri astynda bolmagy eýran kürtleriniñ Sowet Soýuzy bilen güýçli ýaranlyk gurmagyna getirdi. Kürtler ruslaryñ goldawyna-da arkalanyp, "Komel" ady bilen gizlin gurama açdy. Kürtleriñ eýran agalygyndan halas bolmagyny maksat edinen guramanyñ belli ýolbaşçysynyñ bolmandygy sebäpli "Komel" düýpli işleri amala aşyryp bilmändir. Mehabat atly kiçijik kürt welaýatynda ýaşaýan Kady Muhammediñ gizlin guramanyñ hatartna goşulmagy biken Mehabat bir demde Eýrandaky garaşsyzlyk hereketiniñ merkezine öwrüldi. 1945-nji ýyla gelinende eýýäm Eýranyñ kürt taýpalarynyñ barsy gizlin guramanyñ agzasy bolupdy. Molla Mustapa Barzany Barzany maşgalasynyñ "Komel" guramasyna beren goldawy gurama gurulandan soñ eýranly kürt az wagtyñ içinde güýçli jemlenişmäge başlady. Yrakdaky Mustapa Barzanynyñ tabynlygyndaky esgerleri bilen bu guramanyñ hataryna goşulmagy uly gozgalañyñ oduny tutaşdyrdy. 1945-nji ýylda Bakuda ruslar bilen gepleşik geçiren Kady Muhammet şa režimine garşy herekete geçdi. Şa režimi güýçli rus goldawyna arkalanan kürt gozgalañynyñ hötdesinden gelip bilmänsoñ, 1946-njy ýylyñ 22-nji ýanwarynda özbaşdak kürt respublikasynyñ gurlandygy yglan edildi. Kady Muhammet Paýtagty Mehabat bolan Kürt respublikasy kürt dilini döwlet dili diýip yglan etdi we ministrler sowetini düzdi. Döwletiñ başyna-da Kady Muhammet getirildi. Şol ýyl Eýran Azerbaýjany-da herekete geçdi we ruslaryñ goldawy bilen özygtyýarlylygyny yglan etdi. Kürtleriñ guran bu respublikasy ruslara arkalanýandygy sebäpli Günbatar dünýäsi tarapyndan goldaw tapmady we BMG tarapyndan ykrar edilmedi. Günbatar goldawy bilen içerki meselelerini birýanalyk eden şa režimi herekete geçdi we Töwriz merkezli Eýran Azerbaýjanynda gurlan hökümeti ýykmagy başardy. Şa režiminiñ eýran türklerine garşy eden gyrgynçylygynda Sowet Soýuzynyñ sesini çykarman durmagy kürtleri gaýga batyrdy. Mundan soñ şa režimi bilen gepleşiklere başlan Kady Muhammet şäheri eýran režiminiñ ygtyýaryna bermäge razy boldy. Urmiýede we Mahabatda eýranly kürtler garşylyk bermegi bes edensoñ, Mustapa Barzany tabynlygyndaky goşun birliklerini-de alyp, Eýranyñ territoriýasyndan çykdy. Molla Mustapa Barzany Mehabatly kürtleriñ kommunizme girişip gidibermezligi we Eýran Azerbaýjany bilen birlikde hereket etmezligi Sowet Soýuzynyñ goldawyny ýitirmegine sebäp hökmünde görkezilse-de, Molla Mustapa Barzany Mehabadyñ yza tesişini şu sözler bilen düşündiripdi: "Aslynda eýran goşuny kürtleri ýeñmedi, Angliýa we ABŞ Sowet Soýuzyny ýeñdiler". Mehabat boýun egenden soñ ölüm jezasyna höküm edilen kürt ýolbaşçylary Eýran ilkibaşda Kady Muhammet bilen sazlaşykly şähere girýän ýaly hereket edenem bolsa, dolandyryşy doly gysymyna gysandan soñ ilkinji nobatda Kady Muhammedi garaşsyzlygyny yglan eden Mahabat meýdanynda dardan asdy. Mahabatly kürtler eýran türkleriniñ uçraýşy ýaly gyrgynçylyga uçramandyklary sebäpli özlerini nesibeli saýdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK, @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Ýekşenbe, 26.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |