07:02 Küýseg / hekaýa | |
KÜÝSEG
Hekaýalar
Enem Ogulgeldiniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn. Öýe gelip Ogulgerek ejäniň mazasy bolmady: ysgynsyzlykdan ýaňa aýagy titredi, maňlaýynda görnen sowuk der hem onuň ragbatyny özi bilen alyp çykaýana meňzedi. Ol başyny ýassyga goýanyny kem görmedi. – Wah, ejesi, gitmeli däldiňiz-dä. Ynha, indi wagty bilen özüňizi tutup bilmersiňiz – diýip, Güller eje segsen ýaşy arka atan gaýyn enesiniň başujunda oturdy-da, onuň gasyn tutan maňlaýyna elini ýetirdi. – Aýtdym-a, eýýäm gyzgynyňyz bar. – Jomartguly janyň gozakly motory öýe gelýänçä içimi sanja doldurdy. Ol ýuwaşam sürdi-le. Şonda-da, näme, sähel janym bar. – Biziň aýdanymyzy edeňzok, ejesi. Geçen saparky gideniňizde hem bir hepdeläp galybilmän ýatdyňyz. Nämä gerek beýdip özüňizi horlamak? Ogluňyzam köp aýtdy: «Gitme, eje, ýa özüm eltip gaýdaýyn» diýip. – Bolýamy näme... – diýip, Ogulgerek eje ysgynsyz ýylgyrdy. Soňam gelnine seretdi-de biraz dymdy. – Gelin, kyn görmeseň-ä, maňa unaş bişirip ber. Ýüregim häzir şony küýseýär. Şondan içsem, göwnüme bolmasa, ysgynsyzlygym galaýjak ýaly. Güller eje çalaja baş atdy-da, ýerinden turup, unaş bişirmegiň ugruna çykdy. Enesiniň myhmançylykdan gele-gelmäne başyny ýassyga goýmasyndan howatyrlanan Wepa Ogulgerek ejäniň gapdalynda oturdy. – Ene, näme boldy? – Bilmedim-dä, guzym. – Ogulgerek eje bäş-alty ýaşlaryndaky Wepanyň posalak eljagazyny sypady. – Hiç mazam ýok. – Juma daýymy çagyraýynmy? Akol etsin. – Gerek däl-le, guzym. Men onuň iňňesinden gorkýan – diýip, Ogulgerek eje ýylgyrdy. – Menem gorkýan! Ýöne soň gowy-da – diýip, Wepa gara çyny bilen gürledi. – Indi hiç ýerigem gitme, ene, bolýamy? – Bolýa, guzym. – Haý, eje, gitmek nämäňe gerekdi?! Bir zat diýsek, saňa ters bolaýýar – diýip, Ogulgerek ejäniň ogly Döwletberdi aga içerik girdi. – Näme ýa bizden nägilemi? Kemçiligiň bar bolsa, aýt! Bitireli. Küýseýän zadyňy tapyp bereli. – Kem zadym-a ýok, guzym. – Otur-da onda öýde! Wah, gitmegiňe garşy däl. Ýöne soňundan heläk bolýaň. Ine, erbet ýeri. – Onyň-a dogry. – «Öýde içim gysýar. Gümür-ýamyr edişere adam ýok» diýseň, onda başga gep. Seniňki o-da däl. Öýümiz adamdan doly. Gelniň-ä gürrüňe gezek gelse, üçünji adamy küýsetmez! Dünýäň gürrüňi bar onda. Agtyklaryňam, çowluklaryňam ýanyňda. Telewizor gör, radio diňle. Ene ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Sebäbi ol ogluna näme jogap berjegini bilmedi. Ýok, ene ogluna jogap berip biljekdi. Ýöne ol muny islemedi. Işden aryp gelen oglunyň arkaýyn agşamlyk edinmegini, dynjyny almagyny, özüne üns bermezligini isledi. – Bary geçer-le. Ynha, menem häzir turaryn. Sen agşamlygyňy edin, guzym – diýip, Ogulgerek eje ogluna ýüzlendi. Wepanyň eljagazyny aýasynda oýnap ýatyşyna çala pyşyrdady. — Aknur mamaň öýündemikä, Wepam? Bar bolsa, çagyryp gaýt. Otagyň içine ümsümlik aralaşdy. Daşardan burçluja unaşyň ysy geldi. Döwletberdi aga motoryny otlady, megerem, ol Juma daýynyň yzyndan gitmekçidir. Ene oglunyň, gelniniň «Kejirlik edýäňiz» diýmesini ýatlap ýylgyrdy. Ýöne ol ýylgyryş uzaga çekmedi: enäniň keşbi öňki kaddyna geldi. «Kejirlik däl-le» diýip pyşyrdady. Ýeri, dört diwaryň içinde oturmalymy? Taňrynyň beren güni kän. Onuň haýsy birini oturyp geçirjek? Ýanyňda ýürekdeş gürrüňçi bolsa, otursa-da bolardy. O-da däl. Ogulgerek eje ýaşynyň soňunda başdan geçiren wakalaryny kimdir biri bilen ýatlaşmak, derdinişmek isleýärdi. Ol bu öýde kim bilen ýürekden derdinişsin? Gelinleri bilenmi? Ýok, olar bilen bolanok. Olaryň gürrüňi öz döwrüniň gürrüňi, enäniň bolsa göwni şo agyr günlerde bile der döküşen boýdaşlaryna sary telwas urup dur. Öý oňa dar görünýär. Ogly: «Iýjegiň, geýjegiň taýýar. Başga näme gerek saňa?» diýýär. Munuň başda şeýle ýaly bolup görünmegi-de mümkin. Ýöne bu asla beýle däl. Ruhy ýalňyzlyk, onda-da ýaşyň birçene baransoň, iýmek-içmekdenem has zerur eken. Öýde sähel otursa, Ogulgerek ejäniň ýüregi eleniberýär. Boýdaşlarynyň biriniň ýanyna gidip gelýär welin, göwni birneme aram tapýar. Onsoň ol kesellänine-de onçakly bir gyýlyp baranok. Öýde-de, näme, edere iş ýok. Gelinleri, agtyk-çowluklary onuň elini sowuk suwa urduranoklar. Eger ol bir iş etjek hem bolsa: «Sen horlanyp ýörmesene. Muny özümiz ederis» diýýärler. Soň Ogulgerek ejä ýene gol gowşuryp oturybermek galýar. Ýeke bolsaň, wagtam geçenok. Ölümiňe garaşan ýaly bolup oturmak Ogulgerek ejäniň ýek ýigrenýän zady. Ol oturmaga ram hem etmändir. Öň, nä, oturara boldumy diýsene! Ata-enesi ony entek on bäş ýaşy dolmanka durmuşa çykardy. Ýat öýde iňirdili söz eşitmejek bolup, ol janyna döz gelip işledi. Ilki Allaberdi, soň Döwletberdi, Ogulbagt, Hojaberdi dünýä indi. Olaryň hossasy, kolhoz işi ony halys surnukdyrdy. Çagalary ulaldy. Ýaňy Allaberdini öýereli diýip ýörkäler hem uruş başlandy. Berkeli urşa gitdi. Şondan bir ýyl geçip-geçmänkä-de Allaberdi bilen Döwletberdi bir günde kakalarynyň yzy bilen gitdiler. Ogulgerek ýaňy agy-garany saýgaryp ugran Ogulbagt bilen Hojaberdini hor-homsy etmejek, Berkeliniň, doganlarynyň ýokdugyny olara duýdurmajak bolup, elinde baryny etdi. Kolhozda işledi, sylag aldy. Şol birmeňzeş günler ýükli geçdi durdy. Ol agşam ýatyşyna süýji günleriň tizräk gelmegini arzuw etdi. Çagalykda bile oýnap-ösen boýdaşlary-da indi çagaly-çugaly. Olaryň durmuşynda ajy günlerem, süýji günlerem bolup dur. Ogulgerek eje olaryň-da, dogan-garyndaşlarynyň-da şatlygynam, gussasynam deň bölüşesi geldi. Ýöne çagalaryň, içeriniň aladalary bilen boldumy näme? Çagalara hem ata, hem ene bolmaly. Bu döwletli ojaga – Berkeliniň ojagyna çagalaryň ysnat getirmezligi üçin çalyşdy. Bu Ogulgerek ejä kän güzap berdi. Ol kä gijeler aglady, ýükli durmuşyndan nalap aglamady: adamsynyň ahyny çekip aglady. Ýylgeçdigisaýy adamsy Berkeli onuň ýüreginde mukaddeslige öwrüldi. Oňa az hyzmat edendigi, entek-entekler hyzmat eden bolsa gowy boljakdygyny ýatlap aglady. Perzentlerine atalarynyň ýokdugyny duýdurman, olary akylly-başly terbiýeläp ýörendigine begenip aglady. «Berkeliniň ýokdugy-da, Ogulgerege çagalary eýgerdenok» diýip, oba adamlaryna gep bolmaýandygyna begenip aglady. Döwletberdi uruşda kakasyny, uly dogany Allaberdini galdyryp geldi. Agyr günler ýeňse berip, Ogulgerek ejäniň küýsän günleri geldi. Indi onuň durmuşda kem zady ýok. Ol ogul öýerip, gyz çykardy. Agtyklaram köpeldi gitdi. Çowluklaryň güjürdilerine guwanmagyň öz nesibesinde bardygyna ene oturyp-oturyp şükür etdi. «Ogul – süýt, agtyk – gaýmak» diýleni çyp-çyn. Ýaşlykdanmy ýa iş-aladanyň köp bolanlygyndanmy-nämemi, agtyga garanda ogul kemmähir boljak eken. Ýaşyň durugşansoň agtygyň, çowlugyň mähri ap-aýry bolup dur» diýip, ene içini gepletdi. Ogulgerek eje agtygy Ýazgülden – Hojaberdi oglunyň gyzyndan özgesiniň hemmesinden çowluk gördi. Ýazgül çyrçykly ulaldy. Ol her sapar kesellände: «Şunuňam adam bolanyny görsem, dünýäde başga armanym ýok!» diýip, Ogulgerek eje howsalanardy. Ýazgül owadan gyz bolup ýetişdi. Ony halan ýigidine durmuşa çykardylar. Toý güni Ogulgerek ejäniň begenjiniň çägi bolmady. Ol toýa gelenlere hyzmat etdi. Öz ýanyndan: «Wah, Berkeli hem şu süýjüligi görende bolmaýamy näme?!» diýip pyşyrdady. Ýazül durmuşa imrikdi gitdi. Ogulgerek eje muňa begenjine guş bolup uçaýjaga döndi. Agtygyndan çowluga garaşdy. Ynha-da indi tegelek iki ýylyň içidir, enäniň şol garaşyp ýörşi. Garaşylýan gün ýakynlaşdygysaýy enäniň howsalasy artdy. Ol günde-günaşa çowluklarynyň birini Ýazgülüň halyndan habar almaga iberdi. Kä gijeler baryp, olarda ýatyp gaýtdy. Hojalygyň ol-bu işlerine kömekleşdi. Ene soňky iki aýyň pensiýasynyň puluny buşlukça bermek üçin ýygnap goýdy. «Görjegimi gördüm, öň wagtynda baryp, gatnaşyp bilmediklerimiňkä hem göründim. Hudaýa şükür! Indi menden Berkelem närazy bolmaz. Ýöne Ýazgülümiň hem ene bolanyny göräýsem, gowy boljakdy...» diýip, Ogulgerek eje käte şol aňyna berk ornan pikirleri gaýtalady. Daşarda aýak sesi eşidildi. Bu Aknur ejäniň aýagynyň sesi. Muny Ogulgerek eje çala gulagy kaklyşandan bildi. – Näme, ol ýene keselledimi? – diýip, daşardan Aknur ejäniň sesi eşidildi. – Ýarawlygy-ha ýok. Hany, baryberiň! Ynha menem häzir barýan – diýip, Güller eje seslendi. – Törki otagdadyr. Salym geçmänkä hem Ogulgerek ejäniň ýatan otagynyň gapysy açylyp, içeri Aknur eje girdi. – Wah, kesel boljagyňy bilip durkaň gitmek nämäňe gerek?! Diňe öz janyňy gynaýaň. Bulary-da azara goýýaň. – Senem şeý diýýäň-dä! – diýip, Ogulgerek eje närazylygyny ýaňzytdy. Soňam nämedir bir zat ýadyna düşen bolarly, ýylgyryp goýberdi: – Ärliniň gürrüňi ap-aýry. Dünýäň suwy topugyna däl, arkaýyn. – Näme, şu ýaşdan soň är isleýäňmi? Degişmesine degişme jogaba garaşan Ogulgerek ejäniň ýüzi boz-ýaz boldy. Aýdan sözüne puşman etdi. Ol uludan demini aldy-da, gaharly gürledi: – Seniňem zoňtarlygyň galman geçjek, Aknur. – «Tagangülüňkä gitdi» diýdiler düýn gelsem. – Hä! «Baryp gaýdybereýin» diýdim. Öň birki gezek toý edenlerinde hem baryp bilmändim. Tagangül düýn yzymdan ogly Jomartgulyny iberen eken. Çowlugy bolupdyr düýn-öňňinlikde. Barsam, begenjine monça boldy. Oturdyk sakyrdaşyp. – Sag-gurgun ekenlermi? – Allanäme! – Ogulgerek eje boýdaşyna möhüm habar aýtjak bolýan ýaly, garysyna galdy. – Adam bendäň käbir zat hiç ýadyndan çykmaz eken. Tagangül bilen gyz wagtymyz bile işlärdik. Bile paý alarlyk. Men bir gezek kätmene tötänlikden aýagymy çapdyryp, iki hepde töweregi işe çykyp bilmedim. Tagangül şonda paý alyp, onam ikimiziň adymyza ýazdyrypdyr. Birgäd: «Öz maňlaý deriňi özüňe ýazjak» diýse-de, onuň bilen ylalaşmandyr. Wah, onuň özem bir çepiksijedi ahyryn. Horlanypdyr bende şonda. Tagangülüň şo bolşy hiç ýadymdan çykanok, Aknur. Soň ol gaýraky oba durmuşa çykdy. Birek-birege ýat bolduk... Döwletberdi aga Juma daýyny alyp geldi. Ogulgerek eje sanjymdan soň çala derledi. Ýüregi çaý küýsedi. Oňa çaý getirip berdiler. Kiçi ogly Hojaberdiniň aýaly Ogulmaral gaýynenesiniň hemişe yhlas siňdirip bişirmegi halaýan böregini taýýarlap getirdi. ...Ogulgerek eje bir hepdeden gowrak düşekde ýatdy. Keselhana gitmekden keskelläm boýun gaçyrdy. Hemmeler onuň hyzmatynda boldy. Goňşy-golamlar onuň halyny soramaga geldiler. Ene her geleniň uzak oturmagyny isledi. Deňi-duşlaryndan biri dagy geläýse, Ogulgerek ejäniň geçisi daga ýaýrady. Birmahalky: «Adamyň garny doýsa, dünýäde başga küýsegi bolmaz» diýip pikir edişini ýatlap, oýa batdy. Onuň ýene içi gysdy. Boýdaşlarynyň biriniňkä gidesi geldi. Muňa ýagdaýy ýetirmänsoň, olaryň özleriniň gelerine garaşdy. Hyýalynda adamsy Berkeli bilen gürleşdi. Ýylgyrdy. Berkeli oňa: «Ogulgerek, sen är işini etdiň! Men senden ömrülla razy! Eden işeriňi birin-birin synlap ýörün. Her bir eden işiň göwnüme makul. Hojalygy hojalyga meňzetjek bolup, biçak horlandyň. Meniň etmeli işlerimi-de özüň etdiň. Näçe horlansaň-da, muny çagalara duýdurmazlyga çalyşdyň. Wah, men saňa ýük boljak däldim-le... Eden işleriňe köp-köp taňryýalkasyn, Ogulgerek!» diýen ýaly duýuldy. Bu Ogulgerek ejäniň ragbatsyz biline melhem boldy. Ogulgerek eje öň bir hepde töweregi wagtyň içinde sagalardy. Bu gezek beýle bolmady. Onuň kellagyrysy aýrylmady. Munuň üstesine-de, onuň hiç hili ysgyny ýokdy. Bu onda biynjalyk döretdi. «Ýaşan ömrümden müň kerem razy – diýip, Ogulgerek eje içini gepletdi. – Indi haçan gitmeli bolsa-da: «Wah!» diýjek däl. Ýöne bir inçejik islegim – Ýazgül janymy göräýsem-ä gowy boljakdy. Onuň özüniň bolsa gelere ýagdaýy ýokdur. Ýogsam meniň nähoşdygymy eşitse, ol hökman bu çaka gelerdi. «Oňa aýtmalyň» diýendirler. Adamyň küýsegine-de tükenme ýok-da. Öň: «Agtygymyň maşgala bolanyny görsem» diýdim. Soň ene bolanyny. Sag-aman köpeler-le ol. Ondan bolan çowlugymy görmek nesibämde ýok eken...» Ogulgerek ejäniň göz öňünde özüne tarap: «Ene-e, ene-e jan!..» diýip, ylgap gelýän Ýazgül janlandy. Ene galkyjaklady. Hemme zadyň hyýalyndadygyna gyýylyp, sessiz gözýaş dökdi. ...Ertir ir bilen gelen oglanjygyň habary Ogulgerek ejäni garysyna galdyrdy. – Ogulgerek eje, Ogulgerek eje... Buşluk!.. – diýip, oglanjyk tolgunmakdan ýaňa sakawlady. – Hä, guzym? – Ogulgerek eje, buşluk... öten agşam Ýazgül gelnejemiň ogly boldy!.. Ogulgerek eje zöwwe ýerinden galdy. Begenjine näme etjegini bilmän titredi. Buşlukçy oglanyň elinden tutup, sandyrawuk sesi bilen ýüzlendi: – Näme diýdiň, guzym? Näme diýdiň? – Öten agşam Ýazgül gelnejemiň ogly boldy. Gelnejem: «Adyna atamyzyň adyny – Berkeli dakalyň!» diýdi. – Wah, dillerinden aýlanaýyn, janym! Getiren hoş habaryňdan aýlanaýyn. – Ogulgerek eje oglany garsa gujaklady. – Gelnejem siziň ýagdaýyňyzy bilip gitmegi maňa sargady. «Geljek bolup heläk bolmasyn!» diýdi. – O nämäniň heläk bolmasymyş? Ýok, men asylam heläk bolaryn! Şeý diýibem aýt. Gör, onuň alada edişini?! Wah, men körpe agtygymdan aýlanaýyn, senden aýlanaýyn! Heý, Ýazgülüm meni alada edinmän, özüni gaýgyrsa, aladasyny etse bolanokmyka? Wah, janym, Berkeli pahyryň adyny dakmaak nireden kelläňe geldi, guzym?! A-ýu, Güller, eşidýäňmi? Hany, sen nirede? Gel ahyryn bärik. Ýazgül janymyň ogly bolupdyr! Adyna-da Berkeli pahyryň adyny dakypdyr. – Ogulgerek eje!.. – Hä, guzym? – Ýazgül gelnejem gyzy bolsa siziň adyňyzy dakjakmyş. – Wiý, şeýlemi? Gör, gör ony! Gör, onuň bizi gowy göräýşini! Wah, meniň akyllyja agtygym... – diýip, Ogulgerek eje oglanyň habaryna begenip, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi. Oglany ýene bagryna basdy. Gözünden syrygýan ýaşyny ondan gizlemäge çalyşdy. – Dur, dur, entek. Me, guzym! Islän zadyňy al – diýip, ene oglanyň eline puly tutdurdy-da, işe ugrajak bolup duran Döwletberdi aganyň ýanyna ylgady. — Döwletberdi jan, aýu, Döwletberdi jan!.. Eşidýäňmi? Ýazgülümiziň ogly bolupdyr! Adyna-da kakaň pahyryň adyny dakypdyr. – Hä, eje, onda gezmäge ýene bahana tapylypdyr-da? – diýip, Döwletberdi aga ejesine bakyp, gaşlaryny çytdy. – Meni Ýazgül janyň ýanyna çaltrak eltip gaýt, guzym! – Eje, düşün, entek sen näsag. – Kyn görme, oglum, eltip gaýt meni. – Ogulgerek eje ogluna bakyp delmindi: – Görýäň-ä, men indi kesel däl! Çowlugymy görmesem, meniň öýde oturyp kararym bolmaz. Gaýrat et, elt meni Ýazgül janyň ýanyna. – Ýok, ýok, eje. – Men hiç bolmanda çowlugymyň didaryny görüp, ýüzünden ogşap bir gaýdaýyn. Soň sähel salym hem saklanmaýyn. Diňe Berkeli jany görsem bolýar. – Birki günsüz Ýazgüli keselhanadan daşaryk hem goýbermezler. Diňe heläk bolanyň galar, eje. – Goý, onda Berkeli jany maňa penjireden görkezäýsinler. Ýör, oglum, ýör! Bilýäňmi, men bu güne çenli näçe garaşdym?! Ýazgül jan bilen Berkeli jany görsem, soň başga hiç armanym ýok! – Haý, eje – diýip, Döwletberdi aga ýöwselledi. – Gowy sagalaňsoň, bileje gitsek gowy boljak. – Wagtyň bolmasa, saklajak däl, guzym. Pyýadaja gidibirin. Meniň, näme, işim galýarmy?! Wiý, ýogsa-da, Hojaberdiniň maşyny bardyr ahyryn. Şony göräýeli-le?! Döwletberdi aga ejesiniň gitmegi ýüregine berk düwendigini aňyp, Hojaberdileriňkä ugrady. – Ene-e!.. – Wepa aňyrdan ylgap gelşine maşyna münjek bolup duran Ogulgerek ejäniň gujagyna doldy. – Ýene gitjekmi? Gitme-dä, ene! Gitmeýäý-dä! – Näme üçin, guzym? – Gitseň, sen kesel bolýaň-da, Juma daýy ýene iňňeli geler. «Hiç ýerik gitjek däl» diýipdiňem-ä. – Wah, guzym, saň döneýin! Näme, habaryň ýokmy, Ýazgülümiziň ogly bolupdyr! Ony görüp gaýdaýyn. Men derrewjik gelerin. Soň hiç ýerigem gitjek däl. Bilejik bolarys. Razymy? Oglanjyk nämäniň-nämedigine oňly düşünmese-de kaýyllyk bilen baş atdy. Ene gelni Güller eje bilen Hojaberdiniň maşynyna münüp, şäher keselhanasyna ugrady. Döwletberdi aga agtygynyň elinden tutup, maşynyň yzyndan seredip durdy. Ol ejesiniň soňky birki aýyň içinde oňa-muňa diýip köp gitmesini näme ýorjagyny bilmedi. ...Ogulgerek eje bu mahal dünýäni unudypdy. Ol iň soňky küýseginiň wysal bolanyna begenip, agtygyny, çowlugyny görmäge guş dek uçup barýardy. Dogrudanam, Ogulgerek eje oglunam, çowlugynam aldamandy: onuň bu günki gidişi iň soňky gidişidi. 1982 ý. Osman Öde | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |