14:11 Kysasyl enbiýa -35: Ýusup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany / dowamy | |
Rowaýat: Allatagala zyndanda iki top daragt ösdürdi. Olaryň birinden iýmäge tagam, beýlekisinden bolsa içmäge şerbet peýda boldy. Zyndanyň halky muňa şat boldular. Olar Ýusup alaýhyssalama hezzet-hormat ederdiler. Olar zyndanyň bisatlaryny arassalap durardylar. Müsür halky dürli tagamlary getirip, Ýusup alaýhyssalamy görmäge gelerdiler. Ýusup alaýhyssalam ol tagamlary zyndandakylara bererdi. Zyndan halky: «Eý, Ýusup! Biz seni söýýäris» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Na‘uzu billäh! Atam meni söýdi, men guýa düşdüm. Azat adamdym, gul boldum. Züleýha meni söýdi, zyndana düşdüm. Indi siz meni söýseňiz, meniň başyma nähili günler düşerkä?» diýip, köp ýyglady. Ol ertesi namaz okap bolandan soň mähraba arkasyny berip, zyndan halkyna ylym öwredip otyrdy. Birden iki sany ýigidi zyndana getirdiler. Aýat: «Ýusup bilen zyndana iki sany ýigit girdi». Ol ikisiniň biri Reýýan patyşanyň aşpezi, ýene biri bjlsa onuň atbakarydy. Bir sözde: «Aşpeziň ady Malsa, käbir rowaýata görä Şubhakum, seýisiň ady bolsa Sanwa eken» diýip aýdypdyrlar. Sowal: Ol ikisiniň zyndana girmegine sebäp nämedi? Jogap: Abdylla ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýdypdyr: Rum patyşasy Müsür patyşasyna: «Sen bize haraj ber we biziň adymyza pul çykar» diýip, ilçi iberdi. Ol ýene ilçä: «Reýýan patyşany awy içirip öldürer ýaly adam tapsaň, oňa sen mal ber. Goý, onuň ili bize galsyn» diýip tabşyrdy. Ilçi Müsüre gelende gün giç bolup galdy. Ol gonmaga öý gözledi. Ol işikde oturan bir kurtkany görüp, oňa: «Eý, kempir! Meni gonak kabul etmermisiň?» diýdi. Kempir: «Meniň ýaly kempire myhman bolmak isleseň, düşläý» diýdi. Ol gonak düşüp, aş iýdi. Emma ol atyny baglamaga ýer tapmady. Kempir muňa gaýgylanyp: «Biziň patyşamyza Taňry ölüm bersin» diýdi. Myhman: «Patyşa gargamak gelşiksiz bolar» diýdi. Kempir: «Meniň öýümiň töwreginde açyk ýerim bardy. Ol ony meniň erkimden aldy. Indi, men bir myhmanyň atyna ýer tapmaýaryn» diýdi. Myhman kempiriň patyşadan närazydygyny bildi. Ol kempire: «Biz iki bolup patyşa awy berip bilmerismi?» diýdi. Kempir: «Patyşanyň bir seýisi, ýene bir aşpezi bar. Olar meniň öýüme gelýärler. Sen olara mal berseň, belki olar bu işi bitirerler» diýdi. Ol ikisi ertesi kempiriň öýüne geldiler. Kempir olara bu sözi aýtdy. Ilçi olara mal teklip etdi. Aşpez bu işi bitirmegi göwnedi, seýis bolsa göwnemedi. Ilçi olara pul-mal bermekçi boldy. Kempir: «Bu iş bitse, Reýýan patyşa ölenden soňra Rumdan leşger gelip, halky emgeder. Adamlar öler. Onsoň men kyýamata çenli ýazykly bolaryn» diyip oýlandy. Kempir bu ýagdaýdan gorkup, bularyň hyýallary barada Reýýan patyşa habar berdi. Reýýan patyşa bu ikisini öz ýanyna getirdip: «Men siziň ikiňiziň maňa hyýanat etjek bolýandygyňyz baradaky habary eşitdim» diýdi. Seýis: «Menden hiç bir hyýanaty güman etmäň. Men päkdirin. Emma aşpez saňa hyýanat etmekçi boldy» diýdi. Bu söz bilen patyşa bularyň ikisinden hem bigüman boldy. Ol: «Bu ikisine näme çäre göreli?» diýip, Müsür ezizine geňeşdi. Müsür ezizi oňa: «Adamy öldürmek aňsatdyr, emma ony direltmek kyndyr. Bulary zyndana salmak gerek» diýip maslahat berdi. Şeýlelikde aşpez bilen seýis bu sebäp bilen zyndana düşdüler. Aýat: «Ýusup alaýhyssalam bilen deň zyndana iki sany ýigit girdi». Ol ikisi Ýusup alaýhyssalamyň düýş ýorýandygyny gördüler. Ol ikisi: «Biz hem düýş gördük diýip, oňa ýalan söz aýdaly, Ýusup ony nähili ýorarka?» diýip geňeşdiler. Olar Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna gelip, salam berdiler, ol bularyň salamyna jogap gaýtardy. Ol ikisi: «Eý, Ýusup! Biz hem düýş gördük. Sen ony bize ýorup berseň?!» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Düýşüňizi aýdyň» diýdi. Seýis: «Düýşümde men üzüm iýdim. Ondan üç däne çykdy. Men ol däneleri ýere dikdim. Olardan gögerip, üzüm çykdy. Üzüm ösüp agaç boldy we hasyl berdi. Men ol üzümi sykyp, suwuny aýagyma sepip, asmana galdym» diýdi. Aýat: «Iki ýigidiň biri: «Men düýşümde özümiň üzümden şerap sykyp duranymy gördüm» diýdi. Aşpez: «Men düýşümde üç sany tamdyr gördüm. Olaryň biri ak, biri gara, biri gyzyl. Men üç gezek etmek bişirdim. Olary kellämiň üstünde göterdim. Howadan guşlar gelip, çörekleri çokup-çokup iýdiler» diýdi. Aýat: «Ol ýigitleriň beýlekisi: «Men düýşümde depämiň üstünde çörek göterip durandygymy we ondan guşlaryň gelip iýendigini gördüm» diýip aýtdy. Aýat: «Ol ikisi: «Sen bize bu düýşüň ýorgudyny aýdyp ber. Çünki biz seni ýagşy adamlardan hasap edýäris» diýip aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam bularyň özüni: «Sen ýagşy adamlardan» diýip öwýändigini we bularyň biriniň düýşüniň gowudygyny, beýlekisiniň düýşüniň bolsa ýamandygyny gördi. Ol öz-özüne: «Men bulary ilki imana ündäýin, bular musulman bolsunlar. Olar ýaman ýorguda duş bolup ölseler, imanly bolup ölsünler» diýdi we: «Eý, seýis! Ol üzüm akmydy, gyzylmydy, süýjümidi, ajymydy. Onuň idişi nähilidi? Bu zatlaryň hemmesini men size aýdyp bereýin» diýdi. Olar: «Gap biziňki, aş biziňki. Biz ony bilmeýäris. Sen ony nireden bilersiň?» diýip aýtdylar. Aýat: «Ýusup: «Men siz ikiňize her günki iýgi-içki rysgalyňyz gelmänkä, düýşüňiziň ýorgudyny aýdyp bereýin (ýagny onuň reňkini, haçan geljegini we mukdaryny size aýdyp bereýin). Meniň size habar berjek zatlarym Taňrymyň öwreden zatlaryndandyr» diýdi. Olar: «Sen bu keramaty nireden tapdyň?» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Men kapyrlygy goýdum» diýdi. Aýat: «Men Allatagala iman getirmedik milletiň ýoluny terk etdim» diýdi. Olar: «Sen olaryň ýoluny goýan bolsaň, indi haýsy ýol bilen ýöreýärsiň?» diýip aýtdylar Ol: «Men atamyň ýoly bilen ýöreýärin» diýdi. Aýat: Ol: «Men ata-babalarym Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň ýoluna düşdüm» diýdi. Olar: «Seniň atalaryň bu ýoly nämeden tapdylar?» diýdiler. Ol: «Olar Hudaýtagala hiç bir zady ortak (şärik, ýoldaş) etmediler. Aýat: «Hudaýtagala bir zady şärik etmeklik bize dürs däldir» diýdi. Ol ýene: «Bu Allatagalanyň bize eden mähribanlygy we sahylygydyr. Şeýle hem bolsa adamlaryň köpüsi Oňa şükür etmeýärler. Aýat: «Eý, zyndandaky meniň iki ýaranym!» Ýaradylan taňry ýagşyrakmy ýa-da ýaradan Alla? Siz özüňiz butlary ýonýarsyňyz. Olary: «Taňry» diýip atlandyrýarsyňyz. Olaryň ýaradandan hiç hili tutarygy ýok. Aýat: «Allatagala olara ybadat eder ýaly hiç hili güwälik inderen däldir. Höküm etmeklik diňe Allatagala degişlidir» diýdi. Ondan soň Ýusup alaýhyssalam seýse: «Eý, seýis! Seniň düýşüň ýorgudy şeýledir: Üç günden soň seni zyndandan çykararlar. Seni hormatlap baýaky seýislik käriňe goýarlar» diýdi. Seýis begendi. Ýusup alaýhyssalamyň aşpeziň düýşüni ýormaga dili barmady. Aşpez: «Eý, Ýusup! Meniň düýşümiň ýorgudy nähilidir?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Seni hem üç günden soň zyndandan çykararlar. Emma seni dara asarlar, gurt-guşlar gelip seni çekeläp-çekeläp iýerler» diýip aýtdy. Aýat: «Emma beýlekiňiz dara çekiler, onuň başyndan guşlar iýerler». Bular bu ýorguda gaýgyly boldular we: «Biz bu düýşleri ýalandan aýtdyk» diýip aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam: «Siz aýtdyňyz, men bolsa ýordum. Höküm ýöredi, kaza edildi, indi başga söz bolmaz». Aýat: «Siziň soraýan zadyňyza Allatagalanyň dergähinde höküm çykarylyp goýlupdyr» diýdi. Üç günden soň bularyň yzyndan geldiler. Seýsi zyndandan çykardylar we ony hormatlap öňki işine goýdular. Aşpezi dara asyp öldürdiler. Seýsi zyndandan çykarjak bolanlarynda Ýusup alaýhyssa-lam oňa: «Sen patyşa duşanyňda meni ýadyňa sal we patyşa meniň zyndanda nähak ýatandygymy düşündir. Men hem bu ýerden halas bolaýyn» diýdi. Aýdypdyrlar: «Ýusup alaýhyssalam seýisden bu haýyşy edende Jebraýyl perişde geldi we: «Eý, Ýusup! Seni kim ýaratdy?» diýdi. Ol: «Meni Allatagala ýaratdy» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam ýene: «Seni doganlaryň elinden kim gutar-dy?» diýip sorady. Ol: «Allatagala gutardy» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam ýene: «Seni aýallaryň mekirinden kim saklady?» diýip sorady. Ol: «Allatagala saklady» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Allatagala saňa şunça ýagşylyk etdi. Indi sen Ony goýup, başgadan halaslyk isleýärsiňmi? Sen seýse: «Sen meni hökümdaryň ýanynda ýatla» diýýärsiň. Men Allatagalanyň hak-hormaty üçin seniň seýse eden bu haýyşyňy oňa unutdyraryn. Sen köp ýyllar zyndanda galarsyň» diýdi. Aýat: «Şeýtan seýse hökümdaryň ýanynda Ýusup hakynda ýatlamagy unutdyrdy. Ýusup birnäçe ýyl zyndanda oturdy». Şeýtan Ýusup alaýhyssalamyň haýyşyny seýsiň huşundan gidirdi we ol ýedi ýyl zyndanda boldy. Sowal: Allatagalanyň şeýtanyň üsti bilen Ýusup alaýhyssalamyň eden haýyşyny seýse unutdyrmagynyň sebäbi nämedir? Jogap: Sebäp şeýledir. Seýis onuň haýyşyny unutman, ony patyşa aýtsa, Ýusup alaýhyssalamy zyndandan çykarsalar, seýis: «Men patyşa aýtdym. Men seni zyndandan çykartdym» diýip, patyşa hem: «Seni zyndandan çykardym» diýip minnet ederdi. Allatagala olaryň minnetini Ýusup alaýhyssalama rowa görmedi. Ol ony öz mähribanlygy we rehmeti bilen zyndandan çykardy. Minnet Allatagalanyň özünden boldy. Hoja Ysmaýyl Merjeni (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!) aýdypdyr: Züleýha her gije zyndanyň ýanyna gelip oturardy. Ýusup alaýhyssalam ybadat ederdi. Ýöne, bu ikisiniň gatnaşygy ýokdy. Züleýha daň atanda öýüne giderdi. Bir gün Jebraýyl alaýhyssalam geldi we oňa: «Bismillähi-r-rahmäny-r-rahym. Ýa ekbera kulli kebirin we ýa men lä şerike lehu we ýa lä nazyra lehu we ýa men huwe alä kulli şe’in kadirun we ýa halikaş-şemsi wel-kamaril-muniri we ýa razikat-tyflis-sagyri we ýa rahimaş-şeýhil-kebiri we ýa muhaýiýal-mewti we huwe aleýhi ýesirun we ýa muýessira kulli asirin. Ijgalni min emri ferajen we mahrajan»23 diýen dilegi öwretdi. Ýusup alaýhyssalam bu dilegi okady. Bir perişde gelip oňa: «Reýýan patyşa düýş görer. Hiç kim ony ýorup bilmez. Onsoň ony senden soramak üçin kişi ibererler. Şonda sen özgeleriň minneti bilen däl-de, eýsem Allatagalanyň rehmeti bilen zyndandan çykarsyň» diýip habar berdi. «Reýýan» sözüniň manysy «Suwdan ganan» diýmek bolar. Bir gije Reýýan patyşa wezir-wekilleri bilen uzak wagt oturdy. Ol köp iýip-içdi. Ol olaryň köp hekaýatlaryny diňledi. Ahyry onuň ukusy gelip ýatdy we bir düýş gördi. Ertesi ol mugabbirleri ýygnap: «Men düýşümde deňziň gyrasynda otyryn. Deňizden sary reňkli, ýüzleri ak, emjeklerinden süýt gelip duran ýedi sany semiz, görkli sygyr çykdy. Men ýene arryklygyndan ýaňa süňkleri görnüp duran ýedi sany sygyr gördüm. Olaryň görki ýaman, emjeklerinde bolsa süýt ýok. Olaryň erinleri ýarylan, dişleri doňzuň dişi ýaly, burunlary piliň burny ýaly. Ýedi arryk sygyr ýedi semiz sygra topuldylar. Semiz sygyrlar olardan gaçdylar. Arryk sygyrlar olaryň yzyndan ýetip iýdiler. Olaryň gursagynda hiç zat görünmedi. Men bulara haýran bolup otyrkam, deňizden önen ýedi baş gök bugdaýy gördüm. Olaryň hemmesiniň boýy deň. Ol arryk sygyrlar bugdaýlary iýmäge bardylar. Ol sygyrlar bugdaýlary iýmänkä ýene ýedi baş gury bugdaý deňizden çykdy. Ol gury bugdaýlar ýedi gök bugdaýa çolaşyp, olary guratdylar. Men muňa haýran bolup turamda bir ýel gopdy. Ol ýel ýedi baş gury bugdaýy, ýedi sygry ýok etdi. Men muny görüp gorkdum we oýandym. Siz meniň bu düýşümiň ýorgudyny aýdyň» diýdi. Aýat: «Eý, wezir-wekiller! Gurrandazlar! Düýş ýorujylar! Eger siz düýş ýorup bilýän bolsaňyz, meniň bu düýşümiň ýorgudyny aýdyň». Gurrandazlar bu düýşüň ýorgudyny bilmediler. Olar üç gün möhlet dilediler. Üç gün geçdi. Olar düýşüň ýorgudyny gözläp tapmadylar. Olar patyşadan gorkdular we: «Biz bu düýşüň ýorgudyny bilip bilmedik» diýip aýtdylar. Aýat: «Olar: «Bu gören düýşüň garyşyk ukudyr. Biz garyşyk ukuda görülen düýşüň ýorgudyny bilmeýäris» diýip aýtdylar. Şol gije Ýusup alaýhyssalam düýş gördi. Bir kişi gökden indi. Ol Müsür halkyny mallary bilen ýygnady. Ol olary getirip Ýusup alaýhyssalamyň goýnuna sokdy. Ýusup alaýhyssalam: «Olaryň hemmesini halka beriň» diýdi. Ýusup alaýhyssalam şu ýerde oýandy. Ol zyndan halkyna: «Size söýünji bolsun! Siziň hemmäňiz zyndandan gutularsyňyz. Müsür halky size gul bolar. Olar aç bolar, siz dok bolarsyňyz» diýdi. Züleýha hem ol gije düýş gördi. Ýusup alaýhyssalam başyna täç geýip tagtyň üstünde otyr. Züleýha gelip Ýusup alaýhyssalamyň aýagyna ýykyldy. Ol Züleýhany aýagy bilen itdi. Züleýha emgendi hem eňredi. Reýýan patyşa gurrandazlara: «Siz şunça ýyldan bäri meniň nygmatymy iýip, meniň düýşüme garyşyk uky diýýärsiňiz» diýip, olaryň birnäçesini öldürdi, birnäçesini ilden çykaryp kowdy. Şol wagt zyndandan çykan seýsiň Ýusup alaýhyssalam ýadyna düşüp, Reýýan patyşa: «Seniň bu düýşüňi ýorjak kişini men bilýärin. Sen meni onuň ýanyna iber» diýdi. Aýat: «Men düýşüň ýorgudynyň habaryny bererin. Siz meni ol ýorujynyň ýanyna iberiň». Reýýan patyşa: «Ol kişi kimdir?» diýip sorady. Seýis: «Bir ýigit bar. Ol örän bilimli, göni sözli, özi bolsa çet ýurtly we mazlumdyr. Biz iki kişi bolup düýş gördük we ony oňa aýtdyk. Ol biziň düýşümizi ýordy. Biziň düýşümiziň ýorgudy onuň aýdyşy ýaly boldy» diýdi. Reýýan patyşa: «Ol ýigit nirede?» diýdi. Seýis: «Ol zyndanda otyr» diýdi. Reýýan patyşa seýsi Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna iberdi. Ol zyndana onuň ýanyna geldi. Seýis Ýusup alaýhyssalamyň: «Patyşa duşaňda men barada oňa ýatlat» diýen sözüni unudany üçin utanyp: «Eý, göni sözli Ýusup! Bize patyşanyň düýşüniň ýorgudynyň habaryny ber» diýdi. Aýdypdyrlar: Ol kapyr bolsa hem Ýusup alaýhyssalamy öwüp sözledi we: «Biz seni ýagşy adamlardan diýip bilýäris» diýdi. Olar ony «alym we syddyk» diýip tarypladylar. Kapyrlar oňa kapyrlyklary bilen alym diýip hezzet-hormat etdiler. Kim alyma hormat etse, ol perişdelerden bolar, kim alymy horlasa, ol şeýtanyň nökerlerinden bolar. Seýis: «Eý, Syddyk! Sen biziň sowalymyzyň jogabyny aýt. Reýýan patyşa düýş görüpdir. Ýedi arryk sygyr ýedi semiz sygry iýipdir. Ýedi baş gury bugdaý ýedi baş ýaş bugdaýa çolaşyp, olary guradypdyr. Meni Reýýan patyşa: «Ýusup bu düýşümi ýorsun» diýip, seniň ýanyňa iberdi» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ýedi sany semiz sygyrlar, ýedi baş ýaş bugdaýlar giňlikdir we dokçulykdyr. Ýedi sany arryk sygyrlar, ýedi sany gury baş bugdaýlar darlyk we açlykdyr. Ilki ýedi ýyl bolçulyk we dokçulyk bolar. Soňky ýedi ýyl darlyk we açlyk geler. Bu açlyk ýyllarynda köp adamlar ölerler» diýdi. Seýis: «Bu işiň näme çäresi bar?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ol ýedi ýyl galla köp bolanda, ondan diňe eker ýalysyny alyp galsynlar. Galanyny bolsa ambarlara salyp ýygnasynlar» diýdi. Aýat: «Ýusup: «Siz ýedi ýyl näçe arpa-bugdaý ekseňiz, ondan ýygnanyňyzy sünbülleri bilen ambarlara salyp goýuň. Siz ondan diňe iýmäge gerek bolan mukdaryny alyň» diýdi. Bu ýedi bolçulyk ýyldan soň, ýene ýedi gytçylyk ýyl geler, Gökden ýagmyr ýagmaz, ýerden gök ýaş önmez. Ilki ýedi ýylda ýygnanyňyzy soňky ýedi ýylda iýersiňiz. Aýat: «Siz gytçylyk üçin ozalky ýygnan gallalaryňyzy iýersiňiz. Belki, ondan tohumlyk üçin az mukdaryny goýarsyňyz». Bu ýedi ýyldan soň ýene dokluk bolar» diýdi. Seýis Reýýan patyşanyň ýanyna gelip, Ýusup alaýhyssalamyň sözlerini aýtdy. Reýýan patyşa seýsiň sözüni diňläp: «Bar, ol ýigidi meniň ýanyma alyp getir. Ol bu işiň çäresini maňa aýdyp bersin. Goý, meniň köňlüm aram tapsyn» diýdi. Seýis Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna geldi, oňa Reýýan patyşanyň sözüni ýetirdi we: «Seni patyşa ýanyna çagyrýar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men zyndandan çykjak däl» diýdi. Seýis: «Nä¬me üçin?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, seýis! Sen patyşa aýt. Ol elleri kesilen aýallardan ellerini näme üçin kesendiklerini, donlaryny näme üçin gana bulandyklaryny sorasyn. Olaryň maksady nämedi? Ol aýallaryň ulusy Züleýhadyr. Meniň ýazyklylygym we ýazyksyzlygym belli bolýança men zyndandan çykjak däl» diýdi. Aýdypdyrlar: Ýusup alaýhyssalamyň maksady şeýledi: «Eger men aýallaryň sözi belli bolman zyndandan çyksam Reýýan patyşa menden: «Sen näme üçin zyndana düşdüň?» diýip sorar. Men hem aýallaryň sözüni patyşa aýdyp bersem, ol onuň göwnüne ýakmaz. Ol meni özüne duşman görer. Ol ilki meniň päkligimi bilsin. Men ondan soň zyndandan çykaýyn» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Ol gün men Ýusubyň ornuna bolan bolsam, men zyndandan şol bada çykardym. Emma meniň garyndaşym Ýusup bu işi ýagşy edipdir. Ol: «Reýýan patyşa¬nyň köňli tamam päklensin» diýip çykmandyr» diýip aýdypdyr. Seýis gelip Ýusup alaýhyssalamyň sözüni patyşa aýtdy. Patyşa ol aýallary öz ýanyna getirip: «Siziň Ýusup bilen halyňyz niçikdir?» diýip sorady. Ol aýallar bu sözi eşidip: «Patyşa biziň işimizi bilipdir» diýdiler we: «Eý, patyşa! Ýusup päkdir. Biz oňa töhmet ýapdyk. Biz özümizi oňa teklip edip, ony özümize meýil etdirjek bolduk. Ol bize bakmady we bize meýil etmedi. Biz ondan hiç bir aýyp görmedik» diýip dogrusyny aýtdylar. Züleýha ol halda perdede otyrdy. Ol perdäniň içinden seýse yşarat etdi we oňa: «Ýusup meni ýamanladymy?» diýip sorady. Seýis: «Ol sen hakynda bir agyz söz hem aýtmady» diýdi. Züleýha: «Ine är, alym, päk kişi» diýip şuňa aýdarlar. Ol on iki ýyl zyndanda meniň üçin ýatdy. Şonda hem ol meniň syrymy açmady we adymy tutmady» diýdi. Züleýha perdeden çykyp geldi we çadyrdan başyny çykaryp: «Eý, patyşa! Şu wagta çenli meniň söýgüm mejazydy. Men ol wagt: «Seniň maşgalaňa ýamanlyk etmek islän kişiniň jezasy nämedir?» diýip aýdypdym. Indi, meniň oňa bolan söýgüm hakyky boldy, dogrusyny aýtmagyň wagty geldi. Aýat: «Müsür eziziniň aýaly: «Hakykat indi aýan boldy» diýdi. Hemme ýazyk mende. Aýat: «Men ony özüme meýil etdirjek boldum». Ýusuba özümi hödürlän men, öýi bezän men, ony öýe girizen men, onuň etegini ýyrtan men, oňa ýazyk ýüklän men, ýalan sözlän men. Ýazygy eden men. Ol päkdir. Aýat: «Ol göni sözlülerdendir». Ol wagt meniň ýaşlygym bardy. Indi men garradym. Maňa ölüm haly ýakyn geldi» diýdi. Aýdypdyrlar: «Züleýha üç zadyň dogrusyny aýtdy. Birinji, «Indi hakykat aýan boldy». Ikinji, «Men ony özüme meýil etdirmekçi boldum». Üçünji, «Ol gönüsözlülerdendir». Ol bu üç sözden keramat tapdy. Ýatdy, ýakyn boldy. Hordy, eziz boldy. Kempirdi, ýaş gyz boldy. Mundan hem artygragy Ýusup alaýhyssalama jübüt boldy. Züleýha: «Eý, patyşa! Şu güne çenli Ýusup zyndanda bolansoň, men ony unutdym. Bolmasa, onuň yşkynda men özümi öldürerdim. Bu gün men öňkümden beter aşykdyryn» diýdi. Hekaýat. Züleýha Ýusup alaýhyssalamy zyndana salandan soň, zyndanyň işigine baryp durardy we zyndança: «Bar, Ýusuby bagla we ony gaty taýakla. Men onuň agyly sesini eşideýin» diýip aýdardy. Görgüli zyndançy bu işi göwnemezdi. Ol zyndana girip Ýusup alaýhyssalama Züleýhanyň sözüni aýtdy. Ýusup alaýhyssalam: «Sen meni Züleýhanyň göwni üçin ur» diýdi. Zyndançy onuň bu sözüni unamady. Emma Züleýhadan gorkup, taýagy ýere urdy we ol Ýusup alaýhyssalama: «Men taýagy ýere uraýyn, sen iňle» diýdi. Züleýha Ýusup alaýhyssalamyň bu üýnüni eşidip, yzyna gaýdardy. Sowal: Züleýhanyň Ýusup alaýhyssalamy söýüp, ýene oňa taýak urdurmagynyň sebäbi näme? Jogap: Züleýha oňa aşykdy. Ol öz-özüne ýawukdan Ýusup alaýhyssalamyň ýüzüni görüp bilmänden soň: «Men onuň uzakdan sesini eşideýin, köňlüm aram tapsyn» diýdi. «Söýgüliň üýni (sesi) hem magşugyna söýgüli bolar» diýipdirler. Kyýamat güni hem şunuň ýalydyr. Bendä dowzahy görkezerler. Mömin bende Allatagalanyň dostudyr. Olar hem oduň içinde dowzahdan gorkunjyna nala ederler. Aýat: «Allatagala olary söýýändir, olar hem Allatagalany söýýändirler». Allatagala möminleriň üýnüni söýýändir. Allatagala: «Meniň günäkär bendelerimiň günälerini bilip, Menden gorkup eňremegi dogry sözli bendelerimiň maňa ýalbaryp eden dileglerinden söýgüli¬räkdir. Meni ýatlaýandygyny dünýäde kapyrlara görkezen bendelerim bardyr. Olary men dowzahyň oduna girizsem hem meni ýatlarlar» diýip aýdypdyr. Indi biz baýaky söze gaýdyp geleliň. Seýis zyndana bardy. Ol Ýusup alaýhyssalama ol aýallaryň we Züleýhanyň sözlerini aýtdy. Ýusup alaýhyssalam begendi. Aýat: «Men muny Müsür ezizi meniň gizlin hyýanat etmändigimi bilmegi üçin etdim. Çünki Allatagala haýynlaryň hilesine ýol berýän däldir». Abdylla ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!): «Ýusup bu söz bilen, ýagny: «Men hyýanatçy däl» diýip özüni öwdi. Jebraýyl alaýhyssalam ganaty bilen ony urdy we: «Eý, Ýusup! Eýse, sen tebigatyň ýeňilliginden Züleýha meýil et¬män¬midiň? Indi, sen özüňi ýagşy edip görkezjek bolýarmy-syň?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Meniň köňlüm ýagşydyr, emma men: «Nebsim gowudyr» diýmeýärin». Aýat: «Men özümi aklamaýaryn. Çünki nebis adama ýaramaz işleri etmekligi buýurýar» diýdi» diýip aýdypdyr. Şahyr aýdypdyr: Nebsiň hetden aşdy, azmaklykdan ýokdur saňa aman, Çünki ýetmiş şeýtan başarmaz nebsiň işin hiç zaman. Aýdypdyrlar: Ýusup alaýhyssalam ýedi ýyldan bäri seýse: «Öz hökümdaryň ýanynda men barada ýatla» diýip, ynam edip zyndanda ýatdy. Ol alty ýyl zyndanda üç işe meşgul boldy. Dileg etdi, Hakdan umydyny üzdi, ýöne sabyrly boldy. Şonuň üçin Hudaýtagala oňa farah berdi. Reýýan patyşa: «Ýusuby meniň ýanyma alyp getiriň» diýip, kişi iberdi. Aýat: «Patyşa: «Ýusuby meniň ýanyma getiriň. Men ony işlerime ynamly adam edeýin» diýdi. Ol kişi: «Eý, Syddyk! Çalt ýeriňden tur. Seni patyşa çagyrýar» diýdi. Şeýlelikde, Ýusup alaýhyssalam özüniň päkligini bildirdi. Ýazyk, hyýanat özgelerden gelip çykýandygy aýan boldy. Ýusup alaýhyssalam zyndanyň gapysyna gelip, başyny ýuwdy we arassa donlary geýdi. Zyndanyň hemme halky ýyglaşyp: «Eý, Ýusup! Telim ýyllar boldy. Sen bize ýaran bolduň, ýagşylyklar etdiň. Indi, biz zyndanda sensiz näme edeli?» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam yzyna döndi we: «Eý, seýis! Sen baryp patyşa aýt: «Meniň bu ýerdedigime köp ýyllar boldy. Men zyndanyň halkyna öwrenişdim. Indi men ol ýerden çyksam, olar ýyglaşýarlar. Men bulary gözi ýaşly goýup bilmerin. Patyşa meni bagyşlasyn. Ol meni bu bendiler bilen gulçulykdan azat etsin. Bolmasa, meni zyndanda bular bilen goýsun» diýdi. Seýis gelip patyşa Ýusup alaýhyssalamyň sözüni ýetirdi. Patyşa bendileriň hemmesini azat etdi. Olara ýagşy donlar geýdirdi. Beşarat. Bu gün dünýäde Ýusup alaýhyssalamyň şepagaty bilen Reýýan patyşa zyndandaky bendileri azat etdi. Ertir Daýýan patyşa Muhammet alaýhyssalamyň şepagaty bilen mömin dowzahdan azat etse geň bolmaz. Ýusup alaýhyssalam bilen zyndandan hemme bendiler çykdy. Ol zyndanyň işigine ýetende, tagt goýulandygyny gördi. Olaryň hemmesi gymmat parçalar bilen örtülip goýlupdyr. Ol zamanda resim – adat şeýledi. Patyşa kimi hormatlasa, ol ony tagta mündürerdi. Ol Ýusup alaýhyssalamy altyn tagtyň üstünde oturtdy. Ýusup alaýhyssalam kagyz we galam sorady. Oňa kagyz we galam berdiler. Ol kagyza: «Bu zyndan dirileriň gabrydyr, dostlara islenmedik ýerdir we duşmanlara arzuw edilmeýän orundyr» diýip ýazyp zyndanyň işigine ýapşyrdy. Soňra Ýusup alaýhyssalama köp hormat-hezzet edip, Müsüre girizdiler. Müsür halky biri-birine: «Bu oglan on iki ýyl mundan öň aýagyna zynjyr urlup, eşege mündürilip zyndana eltilen kişidir. Bu gün bolsa ony munça hormat-sylag bilen altyn tagta mündürip patyşanyň saraýyna alyp barýarlar. Eý, Taňry! Bu ne horlukdyr, bu ne hormat-hezzetdir?» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen isläniňi eziz edýärsiň, islemedigiňi hor edýärsiň. Men seniň bu hökmüňe razydyryn» diýdi. Ýusup alaýhyssalam patyşanyň köşgüne baranda patyşa ýerinden turdy we oňa öz ýanyndan orun berdi. Aýdypdyrlar: Patyşa Ýusup alaýhyssalama ýetmiş dürli dil bilen sözledi. Ýusup alaýhyssalam oňa bu dilleriň hemmesi bilen jogap berdi. Söz tamam boldy. Ýusup alaýhyssalam patyşa üçin ybrany dili bilen dileg etdi. Patyşa bu dile düşünmedi. Patyşa ondan: «Bu haýsy dildir?» diýip sorady. Ýusup alaýhyssalam: «Bu meniň ata-babalarym Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň dilidir» diýdi. Ol patyşanyň ýanyndan çykanda ibri dili bilen hoşlaşdy. Patyşa: «Bu nähili dildir?» diýdi. Ýusup alaý¬hys¬sa¬lam: «Bu meniň atamyň dogany Ysmaýylyň dilidir» diýdi. Patyşa muňa haýran galdy we: «Men saňa wezirligi bereýin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Wezirlik Müsür eziziniň hakydyr. Onuň mende köp haky bardyr. Ol diri wagty men wezirligi boýnuma almaryn» diýdi. Patyşa: «Hemme patyşalyk mülküne eýesiň. Sen onda özüňe haýsy orun gerek bolsa, şony hem al» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Maňa bu ýedi ýyl aşlyklar işinden başga orun gerek däl. Maňa şol işi tabşyr» diýdi. Aýat: «Ýusup: «Maňa ýurduň hazynalarynyň üstünden goraýjy wezipesini ber. Çünki men olary gorap saklaýjydyryn we olaryň ýagdaýyny bilijidirin» diýdi. Patyşa: «Eý, Ýusup! Sen meniň mülkümde näme iş etseň, şony et. Ýöne, sen aýallar we kenizekler bilen sözleşme. Ýene meniň bilen bir tabakdan aş iýme» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Aýallar bilen sözleşmek biziň şerigatymyzda rowa däldir. Emma seniň bilen tabakdaş bolmak maňa ardyr. Çünki men Ýakup pygamberiň ogly, Yshak pygamberiň agtygydyryn. Men Ybraýym pygamberiň urugyndandyryn, sen bolsa Şetdat kapyryň urugyndansyň. Onsoň men seniň bilen nähili aş iýerin?» diýdi. Patyşa Ýusup alaýhyssalam üçin görkli saraý bina etdi. Ýusup alaýhyssalam adamlara daýhançylyk etdirip başlady. Ol köp ekin ekdirdi. Ol adamlara iýmek üçin çäkli galla berdi. Galanyny samany, başy bilen guş-gumry iýmesin diýip ambarlara saldyrdy. Aýdypdyrlar: Ol zamanda patyşa raýatynyň hasylynyň ýarysyny alardy. Raýat mazlumdy. Emma Ýusup alaýhyssalam erkli bolandan soň, ol adalatly iş alyp bardy. Ýurt abadan boldy. Üç ýyldan soň Müsür ezizi öldi. Patyşa onuň ornuny Ýusup alaýhyssalama berdi. Patyşa ýurduň hemme işini oňa tabşyrdy. Ýusup alaýhyssalam ýedi ýylda biten ekinleri ambarlara saldy. Bu bolçulyk ýyllar tamam boldy. Soňra ýedi ýyl ýagyn ýagmady, ýerden ösümlik önmedi. Halaýyk galla mätäç boldy. Bir batman arpanyň bahasy bir altyna çykdy. Ýusup alaýhyssalam halka gallany çäkli bererdi. Ol garyplara her gün ýüz düýe ýüki gallany sadaka bererdi. Ol gallany baýlara satardy. Onuň bahasyny patyşanyň hazynasyna salardy. Ýusup alaýhyssalamyň kyrk hazynaçysy we kyrk müň satyn alnan guly bardy. Müsür halkynyň hemmesi Ýusup alaýhyssalamyň erkinde boldy. Aýdypdyrlar: Gahatçylygyň birinji ýylynda adamlar altyn-kümüşlerini berip, galla satyn aldylar. Olar ikinji ýylda at, düýe, sygyrlaryny galla çalyşdylar. Üçünji ýyl gul-çorylaryny galla satdylar. Dördünji ýyl öý esbaplaryny galla bilen alyş-dylar. Bäşinji ýyl öýlerini galla almaşdylar. Altynjy ýyl ýer-suwlaryny satyp galla aldylar. Müsüriň degresinde hiç kimiň hiç zady galmady. Patyşa Ýusup alaýhyssalam bilen: «Bäş ýylky satylan gallanyň üç ýylkysynyň bahasy meniňki bolsun, iki ýylynyňky seniňki bolsun» diýip şertleşipdi. Ýusuba ýeten iki ýylyň içinde onuň agalary Kengandan Müsüre galla satyn almaga geldiler. Ýedinji ýyl gelip girdi. Halkda hiç zat galmady. Hemme zat Ýusup alaýhyssalamyňky boldy. Halaýyk açlyk çekdi. Olar Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna gelip ogul-gyzlaryny satyp, galla alyp iýdiler. Aýdypdyrlar: Bir ýyl tamam bolmaga kyrk gün galdy, başga bir rowaýatda: dört aý galdy diýip aýdypdyrlar. Halk açlyk çekip, Ýusup alaýhyssalama ýalbaryp geldi. Ambarlarda galla galmandy. Bu wagt Ýusup alaýhyssalam näme alaç etjegini bilmän mutahaýýyr boldy. Jebraýyl alaýhyssalam gelip Hudaýtagalanyň: «Eý, Ýusup! Daşary çykyp, bu aç halaýyga ýüzüňi görkez» diýen permanyny ýetirdi. Ýusup alaýhyssalam daşary çykyp, tagt üstünde oturdy we ýüzünden perdesini göterdi. Halaýyk Ýusup alaýhyssalamyň jemalyny görüp, aş-tagamy unutdy. Bir sözde: «Olar kyrk gün», bir sözde bolsa: «Olar üç aý hiç zat iýmediler» diýipdirler. Olar Ýusup alaýhyssalamyň görki bilen gün geçirdiler. Olar aşa, suwa mätäç bolmadylar. Aýdypdyrlar: Hudaýtagaladan Ýusup alaýhyssalama: «Eý, Ýusup! Biz seni gulçulyga salmadyk bolsak, bu gün sen gullaryň gadryny nireden bilerdiň? Gullaryň gadryny bilmek ol bolar: Bu gün sen Müsüriň halkynyň baryny azat edersiň» diýen owaz geldi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Müsür halky! Siziň hemmäňiz är-u-hatyn meniň gulummysyňyz?» diýip jar çekdirdi. Olar: «Hawa, biz seniň guluňyzdyrys» diýip aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam ýene: «Men siziň hemmäňizi Hudaýtagalanyň razylygy üçin azat etdim» diýip jar çekdirdi. Rowaýat. Ýusup alaýhyssalamyň Kengandan çykyp gaýdanyna ýigrimi ýedi ýyl bolupdy. Gytçylygyň, gahatçylygyň bäşinji ýylydy. Ýakup pygamber ogullaryna: «Müsürde aşlyk bar. Sizler ol ýere gidip aşlyk getiriň» diýip aýtdy. Onuň oglanlary: «Biziň hemmämiz gideli» diýdiler. Olaryň her biri iki düýä ýag, gurt, ýüň, deri ýükläp Müsüre ugradylar. Ýusup alaýhyssalam başga illerde aşlyk ýokdugyny bilýär¬di. Ol: «Meniň doganlarym aşlyk almaga Müsüre geler» diýip oýlandy. Ol ýolda sakçylary goýdy. Ol sakçylara: «Şu sypatly uzyn boýly, güýçli ýigitler gelse, olary meniň ýanyma alyp geliň» diýip tabşyryk berdi. Ýakup pygamberiň on ogly bir sypatda meňzeş geýim geýip geldiler. Olaryň gelendigi barada Ýusup alaýhyssalama habar berdiler. Ýusup alaýhyssalam olaryň doganlarydygyny bildi. Aýdypdyrlar: Ýusup alaýhyssalam ýigrimi ýedi ýylyň içinde elli gezek Kengana, atasyna hat iberdi. Allatagalanyň erki bilen ol hatlardan biri hem Ýakup pygamberiň eline baryp ýet¬medi. Doganlary geldi. Ýusup alaýhyssalam olary tanady, agalary ony tanamadylar. Aýat: «Ýusubyň doganlary onuň ýanyna gelip girdiler. Ol olary tanady. Olar bolsa ony tanamadylar». Ýusup alaýhyssalam doganlaryny görüp, olaryň özüne eden ýamanlyklary ýadyna düşdi. Ol olaryň ýüzüne ýamanlyklary barada aýtmakçy boldy. Emma Hudaýtagala onuň köňlüne: «Eý, Ýusup! Olar aşlyk almaga muňlug bolup geldiler. Sen olaryň işlerini äşgär etseň, olar utanarlar. Sen olara aşlyk ber. Olar begenip yzyna gaýtsynlar. Seniň ýagşylygyň aýan bolsun» diýen pikiri guýdy. Ýusup alaýhyssalama bu söz hoş geldi. Ýusup alaýhyssalam olaryň hemmesiniň topraga bulanandygyny we arassa däl dondadygyny gördi. Ol: «Siz nireden geldiňiz? Siz kimiň oglanlarydyrsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Kengandan geldik. Biz Ýakup pygamberiň oglanlarydyrys» diýip aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam: «Siziň ataňyz dirimi?» diýdi. Olar: «Hawa, ol diri» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Ol näme işleýär?» diýdi. Olar: «Ol pygamberdir. Ol Hudaýtagala gulluk edýär» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Ol kimden kime pygamberdir?» diýdi. Olar: «Ol Hakdan halka pygamberdir» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam aýtdy: «Ol pygamber bolýan bolsa näme üçin Müsür halkyna hem pygamberlik etmeýär?» Olar aýtdylar: «Ol Kengana, ýene Kenganyň degresine pygamberligini ýetirýär. Onuň gözleri görmeýär». Ýusup alaýhyssalam: «Onuň gözi näme üçin görmez boldy?» diýdi. Olar: «Onuň Ýusup atly ogly bardy. Ol ony örän söýerdi. Onuň ol ogly gaýyp boldy. Ogly üçin ýyglamakdan onuň gözleri kör boldy» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam şol wagt üstüne ýüpek donlar geýip, başyna altyn täç atyp tagt üstünde otyrdy. Onuň sag tarapynda müň sany sakgalsyz gul ellerine topuz alyp durdular. Onuň ýüzi nykap bilen örtülendi. Onuň öňünde müň sany är altyn gurluk guşanyp, ellerinde gylyçlaryny tutup durdylar. Ýusup alaýhyssalam: «Özüňiz hem bir atanyň ogullarymysyňyz?» diýdi. Olar: «Hawa» diýdiler. Ol: «Sizden başga dogan aga-iniňiz barmy?» diýip sorady. Olar: «Biz on bir dogandyrys. Ol birini getirmedik» diýip aýtdylar. Ol: «On bir oglan bir atadan bolup ol näme görksüzmidi? Siz näme üçin ony getirmänsiňiz» diýdi. Olar: «Ýok, ol hem görkli oglan. Emma atamyz ony özüne ýoldaş edinip alyp galdy. Onuň ýiten ogly hemmämizden görklüdi» diýdiler. Ol: «Onuň Ýusup diýen ogly nähili gaýyp boldy?» diýdi. Olar bu sowala dürli jogap berdiler. Biri: «Ony böri iýdi» diýdi, beýlekisi: «Ony ogry öldürdi» diýdi, başgasy: «Biz onuň diňe ganly köýnegini tapdyk» diýdi. Ol: «Bular ogrymy, jasusmy? Bularyň sözleri biri-biriniňkä dogry gelmeýär. Eltiň, bulary zyndana salyň» diýdi. Olar: «Biz ogry hem däldiris, içaly hem däldiris. Biz bu ýere galla almak üçin geldik» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam bulara rehimi gelip zyndana ibermedi. Ýusup alaýhyssalamyň elinde sagrak bardy. Ol ony kakdy. Ondan bir owaz çykdy. Ýusup alaýhyssalam: «Bu sagrak gizlin zatlary aýdyp berýär. Men ondan soradym. Ol: «Olaryň Ýusup atly dogany diri» diýip jogap berdi» diýdi. Olar: «Biz onuň anyk habaryny bilmeýäris» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam olary üç gün öýde saklatdy. Ýene olara köňli dözmedi. Olaryň her birine bir düýe ýüki bugdaý, atalaryna bir düýe ýüki bugdaý we inileri Ibn Ýemine bir düýe ýüki bugdaý berdi. Olaryň özleri bilen getiren ýaglaryny, gurtlaryny, ýüňlerini çuwallara saldyrdy we ol zatlary almady. Ondan soň ol: «Siz ýene bu ýere gelseňiz, ol doganyňyz Ibn Ýemini getirmeseňiz, men size bugdaý bermerin» diýdi. Aýat: Ol: «Eger siz ol doganyňyzy meniň ýanyma getirmeseňiz menden size galla bermek ýokdur we siz meniň golaýyma gelmäň» diýdi. Ýehuda: «Eý, doganlar! Bu patyşa Ýusuba meňzeýär. Ol Ýusupdyr. Ol biziň atamyzy we onuň tutýan ýoluny sorady» diýdi. Galan doganlar: «Bu nähili söz boldy? Ýusuba bu ýurtda patyşalygy we munça leşgeri kim berer? Ol diri bolsa, onuň çawy çykardy. Ol atasyny gözlärdi, bu gün bolsa bize ýagşylyk etmezdi we bizi gynardy» diýdiler. Ýehuda: «Ol Ibn Ýemini getiriň diýdi. Bu sözden onuň Ýusupdygy maňa mälim boldy» diýdi. Olar: «Sen bu sözi goý» diýdiler. Olar Müsürden çykdylar we ýol söküp Kengana geldiler. Ýakup pygamber oglanlaryny görüp begendi. Olar: «Müsür patyşasy bize köp ýagşylyklar etdi. Ol bize bugdaý berdi, seni hem sorady. Saňa bir düýe ýüki bugdaý, Ibn Ýemine hem şonça bugdaýy iberdi. Ol biziň alyp baran zatlarymyzy yzyna gaýtardy. Biz olary hem alyp geldik. Şeýle hem ol: «Ibn Ýemini meniň ýanyma alyp geliň. Eger ony getirmeseňiz gelmäň. Ýogsa, men size bugdaý bermerin» diýdi. Aýat: «Olar: «Elbetde, biz ony (Ibn Ýemini) gorap saklaýjydyrys» diýdiler. Ýakup pygamber: «Siz Ýusuby alyp gitdiňiz, ony gaýtaryp getirmediňiz. Indi, men size Ibn Ýemini berip goýbermäge nähili ynanaryn?» diýdi. Olar: «Bu sapar sen biziň sözümiziň hakdygyna ynan. Biz ony saňa salamat gaýtaryp getireli» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam: «Siz maňa diliňizden Ibn Ýemine ýaramazlyk etmejekdigiňize hat beriň. Biz bilen Allatagalanyň arasynda oňa ýowuz daraşmajakdygyňyza äht ediň» diýdi. Aýat: «Ýakup: «Men Allatagaladan kasam edýänçäňiz ony siz bilen hergiz ibermerin» diýdi. Olaryň hemmesi Allatagaladan ant içdiler we dillerinden hat berdiler. Ýakup pygamber özüne berlen bugdaýyň ýarysyny Kengan halkyna paýlap berdi. Ýakup pygamberiň oglanlary Ibn Ýemini alyp ýola düşdüler. Uly argyş ýygnandy. Ogullary Ýakup pygambere: «Sen bize näme nesihat etseň, biz seniň şol sözüň bilen ýöräli» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam: «Meniň birinji sözüm siziň çuwallaryňyzdan çykan zatlar ýalňyşlyk bilen salnan bolmaly ýa-da olar sizi synamak üçin salan bolmaly. Beýle zatlary almak bize ýaraşmaz. Ol zatlary yzyna eltip tabşyryň. Ikinji sözüm siz Müsüre baranyňyzda heriňiz bir işikden giriň. Hemmäňiz bir işikden girmäň. Aýat: «Ýakup: «Eý, meniň oglanlarym! Siziň hemmäňiz bir gapydan girmäň. Siz bölünip aýry-aýry gapylardan giriň» diýdi. Hadys. Pygamber alaýhyssalam: «Göz äri göre girizer, düýäni bolsa gazana salar» diýip aýdypdyr. Hekaýat. Arapda bir kabyla bardy. Olaryň hemmesiniň adamlara gözi degerdi. Olar göz degirmekde meşhurdylar we haçan et iýesleri gelseler, aýallaryna gazan asdyryp, özleri ýola çykyp, öten-geçen kişilere: «Seniň nähili görkli sygyryň, ýa-da atyň, ýa-da düýäň bar eken» diýerdiler. Olaryň gözleri bu ötegçileriň mallaryna degerdi we mallary agdarylyp düşerdi. Onsoň olar mallaryny soýardylar. Bular bolsa olardan et satyn alyp iýerdiler. Hekaýat. Kuraýyş kapyrlary Muhammet alaýhyssalama zerer-zyýan ýetirmekçi boldular. Olar ol taýpadan birini hakyna tutup oňa: «Sen Muhammede gözüňi degir. Goý, ol heläk bolsun» diýdiler. Ol Pygamber alaýhyssalama göz salmaga ugrady. Ol kişi Pygamber alaýhyssalamyň ýanyna ýetip gelmezden öň, Jebraýyl alaýhyssalam gelip bu aýaty getirdi: «Elbetde, kapyrlar sen Gurhany okanyňy eşidenlerinde olaryň seni ýaman gözi bilen taýdyrmaklaryna az galdy. Onsoň olar: «Bu kişi (Muhammet) jynlydyr» diýdiler. Gurhan älemleriň içindäki ynsa-jynsa diňe pent-nesihatdyr». Ol kişi gelip, gözüni salýança, Pygamber alaýhyssalam bu aýaty okady we onuň özüne dem saldy. Onuň iki gözi şol wagt peträp çykdy we ýere gaçdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |