KYÝAMAT SENARIÝALARY
■ Kyýamat bolar! Emma haçan we nähili?
"2012” kinofilmi Golliwudyň kyýamat senariýalarynyň iň soňkusy. Emma kyýamat bilen baglanyşykly senariýalar diňe Golliwudyň ünsüni çekmeýär. Dünýäniň we adamzadyň soňy müňlerçe ýyllap adamlaryň aklyny gorjalap gelýär. Ylym, din, mifologiýa biragyzdan dünýäniň we adamzadyň bir gün ahyrynyň geljekdigi barada bir pikire gelýärler. Emma bu nähili we haçan bolarka? Munuň jogabyny bermek aňsat däl.
■ Älemiň ölümi
Ylym dünýäsi şu wagtky bolup geçýän hadysalara analiz berip, hakykatdanam kyýamatyň boljagyny, bütin älem-jahanyň ýok boljagyny çaklaýar. Emma bu nähli bolarka? Iň köp oňlanylan teoriýa görä, älemiň giňelip barmagy dowam etmeli, ýöne barha haýallap we barha sowap... “Uly sowama” diýip atlandyrylan bu teoriýa görä, sowama ýylylygyň we molekulalaryň baryp saklanan “nol” nokadyna (0 Kelwin, - 273.15 C) çenli dowam eder we hemme zat bu ýagdaýda soňlanjak.
“Uly ýygrylma” ady berilen teoriýa görä bolsa, dartyş güýji hemme zady haýallatmaly we älem öz üstüne çökmeli. Muňa meňzeş “Uly Çyrpynma” teoriýasy bolsa, älem giňelmegini tamamlandan soňra, daralmaga başlajakdygyny we daralmanyň netijesinde täze “Big Bang” (Uly partlama) emele gelip, bütinleý täze älemiň dörejegini çaklaýar.
Bu iki teoriýanyň tersine, “Uly ýyrtylma” teoriýasyna görä bolsa, syrly “gara energiýa” älemiň barha çalt giňelmegine ýol açmaly we netijede älem derbi-dagyn bolmaly.
■ Älemiň soňy haçan gelmeli?
Bu sowalyň üstünde tapawutly çaklamalar bar. Emma bir zat welin anyk; muny biziň hiç birimiz kyýamaty görüp bilmeris. Çünki, hiç bir teoriýa 13 milliýard ýaşyndaky älemiň ölüm taryhynyň häzirki ýaşyndan has öň boljagyny öňe sürmeýär.
■ Gün dünýäni ýuwtmaly
Eger kyýamaty älemiň däl-de, dünýäniň soňy hökmünde düşünsek ylym munuň bilen ylalaşmaýar. Anyk bir zat bar. Ol hem älemiň soňlanmagyndan has öň Gün tarapyndan dünýäniň soňunyň getirilmegi.
Günüň merkezindäki gaýnap duran çeşmeler işini bes edende, çeşme ýygrylyp ýyldyzy gurşap alan gidrogeniň ep-esli bölegi geliýuma öwrülmeli. Bu wagtyň içinde Gün gitdigiçe ulalyp, “Gyzyl Döw” ady berilen äpet ýyldyzyň şekiline öwrülmeli. Bu ulalyş wagtynda Günüň hereketi Marsyň çaltlygyndan hem ep-esli ýokarda bolmaly. Hasam beteri, Merkuriý, Wenera, Mars we Ýer planetalary Gün ýuwdup-ýalmamalymyşyn. Gün soňky etapda öz içine çöküp häzrki boluşyndan has kiçi görnüşde “ak jüýje” ady berilen öli ýyldyz hökmünde barlygyna dowam etmeli. Emma bu aýdylanlar bolaýan ýagdaýynda-da entek-entek durmuşa geçjek hadysalar däl we biziň şaýatlyk etjek zatlarymyz däl.
Şu wagt 4,6 milliýard ýaşynda bolan ýaş ýyldyz Gün, takmynan 7 milliýard ýyldan soňra ulalmaga başlamaly. Günüň “ak jüýjä” öwrülip başlamagy bolsa 12,4 milliýard ýyldan bolmalymyşyn.
■ Meteorit howpy nä derejede?
Dünýäniň ýedi milliýard ýyldan köp ýaşamajagy ylmy taýdan subut edilen. Emma has ýakyn bir döwürde kyýamat bolup bilermi? Ylmy taýdan bu babatda anyk bir zat aýtmak mümkin däl, ýöne bolup biläýjek ahmallyklardan söz açylýandygyny welin gizläp bolmaz.
Dünýäniň daşyndan gelip biläýjek kyýamat sebäpleriniň biri-de meteorit çaknyşygydyr. 4,3 milliýard ýyllyk ömründe meteorit çarpmagy dünýä üçin adatdan daşary ýagdaý bolmasa gerek, aýratynam başky döwürlerinde. Emma wagt diýilýän zady adam ömrüniň üstünden ele alanyňda, bütin adamzady kyn ýagdaý salyp biljek ýa-da ýok edip biljek meteoritiň çarpma ähtimallygynyň o diýen bir ullakan däldigini arkaýyn aýdyp bolar.
Bir kilometr ululykdaky meteoritiň adamzat üçin howp döredip biljekdigi, ululygy 3-10 kilometr bolan meteoritiň bolsa adamzady ýok edip biljegi çaklanylýar. Emma soňky 100 million seredenimizde, 1 kilometr ululykdaky meteorit takmynan 500 müň ýylda bir gezek dünýä bilen çaknyşýar. Bütin dünýäni özgerdip biljek bir meteoritiň iň soňky gezek 65 million ýyl mundan öň ýere çarpypdyr we dinozawrlaryň ýok bolmagyna getiripdir.
Ýere ýakyn astreoidleriň örän golaýdan syn edilendigine we çaklamalara görä gelejekde dünýä zeper berip biljek astreoide duşulmandygyna hem üns bermek gerekdir.
■ Gamma, gara deşik ýa-da...
Dünýäniň daşyndan gelip biljek betbagtçylyklar astreoidler bilen çäklenenok. Älemdäki iň görnükli hadysalardan biri hem gama işiniň partlamagydyr. Sönen ýyldyzlaryň bir-birleri bilen çaknyşmaklary netijesinde dörän we ululygy Günden 10 katrillion esse uly bolan bu partlamalar adamzadyň soňuna sebäp bolup bilermi?
Käbir kyýamat ssenariýalaryna görä dünýä ýa-da Gün sistemasynyň ýakynyndan geçip barýan ýyldyz ýa-da planatapisint kosmiki jisim Gün sistemasynyň deňagramlylygyny bozmaly we dünýäniň ýok bolmagyna getirmeli. Bu ähtimallygy örän az çaklama. Başga senariýalar dünýäniň bir gara deşik tarapyndan ýuwdulmagyny subut etmäge çalyşýar. Ylmy taýdan bu görnüşdäki senariýalaryň durmuşa geçmegi mümkin däl.
■ Ýa-da başga planetalylar?
Dünýaniň daşyndan geljek soňky howplaryň biri bolsa kosmiki jandarlaryň çozmagydyr. Emma bu babatda pikir ýöretmek ylmy taýdan örän fantastiki görünýär.
© Fatih AÇA.
Geň-taňsy wakalar