17:08 Lenin hakynda aýdym | |
LENIN HAKYNDA AÝDYM
Goşgular
Ady ile dolan bagşy däldi ol, Aýdyma höwesek sada ýigitdi. Günleriň bir güni Şol sada ýigit Beýik Lenin hakda aýdym aýtdy. Şol aýdym bilenem Mähriban Iliç Gelipdir obama ilkinji gezek. Diňlänler iýdiler: «Bu ajap aýdym Baýlaryň gonjuna gor guýsa gerek!» Dogrudanam, oda düşdi han-begler Aňtadylar, bir gün bolsa tutdular. Baglap el-aýagny, Baglap agzyny, Garaňky zyndana zyňyp gaýtdylar. Şeýdip, Bu aýdymdan dyndyk diýdiler, Ukladylar. Düýş gördüler – Görsene, Ýigidiň golundaky zynjyr şakyrdap, Şol aýdymy aýdyp berdi hersine. Tisginip turdular, Ýordular düýşi, Soň nätdiler? Bagşy ýigdi atdylar. «Gülläň gudratyna taý ýokdur» diýşip, Öwündiler hem welilik satdylar. Ýöne welin bar zat boldy tersine... Alyp barýarkalar ýigdiň meýdini. Adamlar bozdy-da öňki adaty, Aýtdylar şol täze dörän aýdymy. Baýlar gahar bilen dişledi hyrçyn: «Bu aýdymdan, heý, gutulmak barmyka? Gowsy biz gaçalyň adamsyz ýere, Çölüň jümmüşinde tutalyň mekan...» Gaçdylar-da, çölde mesgen tutdylar, Berdiler özlerine biraz teselli Emma güneş paýlap, Parlap dogan Gün Getirdi, Ol aýdym çöle-de doldy. «Ah, nätse bolarkan? – oýlandylar-da Diýdiler: «Arzuwmyz düýpden başgady...» «Indi galan ýalňyz çäre şu» diýşip Özlerine gabyr gazyp başlady. Gazaply günlerde, Jeňli günlerde Lenin hakda döräp, eý ajap aýdym, Ýaşadyň, Göreşdiň. Ýeňiji bolduň, Gaýda taplandy her setiriň, beýdiň. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |