MAGTYMGULY PYRAGY
▶Magtymguly taglymaty
Magtymguly — türkmen halkynyň wyždany!
Bu asyl-ha ulaltma däl! Magtymguly tutuş türkmen halkynyň däl, tutuş halklaryň, tutuş Gündogaryň, tutuş eýýamyň wyždanydyr.
Her bir halkyň özüniň ruhy hazynasy bolýar, şol ruhy hazyna halkyň ýaşaýşy üçin abyköwser çeşmesi bolmak bilen birlikde şol halkyň häsiýetini hem döredýär. Magtymguly, Şabende, Andalyp, Seýdi, Mollanepes, Kemine, Mätäji... dagy türkmen halkynyň ruhy hazynasy, milli baýlygynyň gaznasy. Magtymguly bolsa, olaryň arasynda hem has aýratyn orunda durýar. Ol türkmen halkynyň buýsanjy!
Magtymguly — öňi bilen, halallyk!
Her bir adamyň gazanany halal, iýeni-içeni halal bolsa, ol pygamberler islegidir. Baýamaga ýol açyldy diýip, hars urup, hallan atyp ýörmek türkmene gelişmeýär. Elim geldi, barmagymy ýalaýyn diýip, halkyň baýlygyna omurdanyna çenli sokýan hem bar, emma haram iýeniň yzyndan ýetiler.
Magtymguly Pyragynyň taglymaty XVII—XIX asyrlarda türkmen ruhunyň ikinji bir esasy merkezini, ruhuň ikinji bir esasy başlangyjyny aňladýar. Bu akyl-paýhas başlangyjydyr.
Magtymgulynyň ruhy döredijiligi XVIII asyrdan baş¬lanýan Täze döwrüň esasy ruhy hadysasydyr. Elbetde, mag¬tym¬gulyçylyk başlangyjy diýenimizde biz şahyryň adyny bu taglymat bilen şertli baglanyşdyrýarys. Ruhuň esasy meseleleri hatda pikir ýöredende, akyly birinji orunda goýýan şahsyýetlerden Magtymguludan owal Ýusup Has Hajyby, Hoja Ahmet Ýasawy¬ny, Ýunus Emräni, Seýit Nesimini, Döw¬letmämmet Azadyny görkezmek bolar. Ruhuň göroglyçylyk başlangyjyndan tapawutlylykda, olar akyl-paýhasy hem-de adamyň içki kämilligini esasy ýörelgä öwürdiler. Bu iki başlangyjyň arasyndaky tapawut, umumylaşdyryp aýdanyňda, duýgy bilen paýhasyň, ruhy özakymlylyk bilen akylyň, ruhy-taryhy erkanalyk bilen ruhy-taryhy döredijilikliligiň arasyndaky tapawutdyr.
Ruhuň ikinji bir uly başlangyjyny Magtymgulynyň ady bilen baglanyşdyrýandygymyzyň sebäbi — hut Magtymguly ilkinji bolup, birinjiden, özünden öňki pikirdeşleriniň, ygtykatdaşlarynyň pikirlerini jemledi hem muňa gutarnyklylyk häsiýetini berdi, ikinjiden bolsa, ol özbaşdak ulgam bolup duran bu ýörelgeleri janly türkmen durmuşynyň hadysasyna öwürdi. Pikirleriň jemgyýetiň aýry bir gatlagy bolup duran asylzadalaryň (intelligensiýanyň) öz içinde dowamat etmegi — bir zat, olaryň tutuş halkyň ruhy münberine çykyp, tutuş milletiň ruhy barlygynyň meselesine öwrülmegi — bu bütinleý başga bir zatdyr. Magtymguly türkmen dünýägaraýşynyň şu keşbini milletiň içki ruhy esaslarynyň ýörelgesine öwürdi. Onsoň beýle taglymat jemgyýetiň diňe bir akyl hem ruh bilen gönüden-göni iş salyşýan böleginiň — gatlagynyň däl-de, tutuş milletiň dünýäni görşüniň bir usuly bolup ýüze çykdy.
▶ Magtymguly taglymatynyň esaslary
1. Goç teswiri
Gün öz ulgamyndaky ähli saýýaralary (planetalary) daşynda aýlanmaga mejbur edýär. Şundanam Günüň dartyş kanuny emele gelýär. Indi iki asyr töweregi wagt bäri Magtymguly taglymaty özünde bütintürkmen dartyş güýjüni saklaýar. Täze döwürde ýüze çykan pikirleriň hemmesi, ählitürkmen jemgyýet¬çilik aňy Magtymguly hadysasynyň daşynda aýlanýar.
Ruhuň ýigriminji asyryň ahyryna çenli taryhy barada şuny aýtmalydyrys: meňzedilende, aýtjak pikiriň has düşnükli hem elýeterli bolýar diýýärler, türkmen ruhunyň şol iki başlangyjyny janly-jandaryň iki gözüne meňzedesim gelýär. Çünki göz — dünýäni görşüň hem oňa baha berşiň usulydyr, ruhuň başlangyjy-da şoldur.
Şu manyda
Göroglynyň gözi — munuň özi duýgynyň hem özakymly¬lygyň gözüdir;
Magtymgulynyň gözi — munuň özi akylyň gözüdir.
Munuň özi dünýäni görşüň biri-birinden düýpli tapawutlanýan usullarydyr hem-de janly durmuşda başga-başga ruhy ahlaky ýörelgelere getirýän taglymatlardyr. Taglymatlar nukdaýnazaryndan Görogly Türkmen halkynyň ýüregidir, Magtymguly Pyragy bolsa akylydyr.
Ýöne bu iki ruhy hadysanyň bir zat babatda aýratyn kybapdaşlygy bar: «Görogly» eposy hem-de Magtym¬gulynyň «Diwany» türkmen edebiýatynda çeper-çiligiň iň ýokary derejesi bolup durýar. Dogrudanam, halkyň, ylaýta-da, soňky üç asyrda gözellik duýgusyna täsir ediş güýji boýunça şu ikisi bilen bäsleşip biljek çeperçilik hadysasy türkmen edebiýatynda başga ýokdur. Çeper edebiýatdan juda daşdaky islendik türkmeniňem Magtymgulyny hem «Görog¬lyny» okanlygy gürrüňsizdir. Garaz, türkmen ömründe iki kitap okan bolsa, onda ol kitaplar, elbetde, «Görogly» bilen Magtymgulynyň şygyrlar kitabydyr.
Bularyň türkmen üçin çeperçilik ähmiýetiniň hem güýjüniň sebäbi nämede?!
Ruhy pikiriň çeper pikire, pelsepäniň edebiýata, çeperçilige öwrülişinde şeýle kanunalaýyklyk bar: diňe halkyň ruhunyň özenine, esasyna degişli düýpli pelsepe onuň çeper aňynyň hem diliniň ähli içki güýjüni, gözelligini, ýitiligini, tagamyny hem owazlylygyny ýüze çykarmaga ukyplydyr. «Görogly» hem Magtymguly her bir türkmeniň aňynda, aňastynda, hatda ganynda ýatan zatlary oýarýar. Şeýdibem, ol üýtgeşik täsir ediş güýjüne eýe bolýar.
«Göroglynyň» çeperçilik kämilliginiň aňyrsynda ruhuň erkanalyk meýilleri ýatýar. Onuň çeperçilik güýji türkmeniň bu dünýäniň gurýan her hili çäklilik hem şertlilik kösseklerinden çykmaga bolan aňasty kakabaş ymtylyşlaryndan gelip çykýar.
Magtymgulynyň çeperçilik kämilliginiň aňyrsynda ruhuň paýhas kämilligi ýatýar. Onuň çeperçilik kuwwaty türkmen ruhunyň sazlaşyga hem tertiplilige bolan ymtylyşlaryndan gelip çykýar.
Göroglynyň keramaty tebigylyk bolsa, Magtymguly¬nyňky kämillikdir.
Görogludaky bürgüt ruhy oňony Magtymguluda goça öwrüldi.
Şeýdip, türkmen ruhy döwletsiz, tas elkin taryhy ýaşaýşyň gödekliklerinden halas boldy.
Magtymgulynyň eserlerinde «goç ýigit» jümlesi gaty köp gaýtalanýar. Munuň özi onuň dünýägaraýşynyň düýp aýratynlyklaryny özünde jemleýän pelsepewi aňlatmadyr. Bu ýerde esasy bellemeli zat, goçuň ýyrtyjylyk häsiýetlerinden hem meýillerinden saplygydyr. Şol bir wagtda-da goç kuwwatlylygy, berdaşlylygy, hereketliligi, janlylygy, oýlanyşyklylygy, tertipliligi, saklygy hem-de köpçülik bilen birligi we köplüge ymtylyşy alamatlandyrýar. Çünki dag goçlary kuwwatly hem ýyndam, hereketde bolýar, ol öz sürüsinde tertipliligi saklaýar, oňa oýlanyşykly eýeçilik edýär. Magtymguly hem taryhy ýaşaýyşda türkmen ruhuna kuwwatlylygyň hem janlylygyň, oýlanyşyklylygyň hem tertipliligiň, köplügiň hem rysgallylygyň mahsus bolmagyny isläpdir. Iň esasy zadam, Magtymguly taglymatynda ruha hökmürowanlygyň häsiýetli bolmaly däldigini nygtamakdyr. Ol özüniň goşgularynyň birinde şeýle diýýär:
Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,
Goýun kibi çar tarapa il bolgul!
Munuň özi Magtymgulynyň ruhy taglymatynyň bary-ýogy iki setirde jemlenmesidir. Bu setirler Magtymgulynyň taryhy ýaşaýyş pelsepesiniň özenidir. Bu iki setir taryhy ýaşaýyş meselesinde Magtymgulynyň göroglyçylyk baş¬lan-gyjyny belli bir manyda ret edýänligini görkezýän setirlerdir. Çünki Görogly gurtdur. Emma şu ýerde mana nädogry düşünmezleri üçin bir zady ýörite nygtamaly. Magtymguly hut uly manyda — tutuş milletiň taryhy ýaşaýyş keşbi, aňyýeti gymmatlyklary manysynda «gurdy» inkär edýär. Bu ýerde söweş meýdanynyň gürrüňi gidenok. Gara güýjüň zoruny inkär edemzok, ýöne ahlak düzgün-ýörelgeleriniň güýji hem ähmiýeti-de adamzat taryhynda birbada görnendäkisinden has uludyr.
Şahyryň pelsepesini esasly hem doly ýüze çykarmak isleseň, onuň ruhy döredijiligine berilýän bahany göwnejaýlamak isleseň, elbetde, onuň şygyr setirlerini sökmek gerek. Çünki diňe setirleri bölekläp, söküp, ondaky pelsepäni üste — ýüze çykaryp bolýar. Muňa köne türkmen ylmynda şerh etmek diýilýän eken.
Ruhy taglymat nukdaýnazaryndan gurt-goýun diýen pikir bäsleşikli ýokarky iki setir maňa şeýlebir ähmiýetli göründi weli, men degişli tutuş goşgyny özümçe düşündirmek meýlinden saklanabilmedim.
Bu goşgynyň ady «Gul bolgul» bolmaly. Magtymgulynyň islendik başga bir eseri ýaly hem düp-düşnükli, hem içine giriberseň, agtarara, ölçäp-dökere düşnüksizlikleri köp bolan bu goşgy şeýle setirler bilen başlanýar:
Bir bidöwlet iliň begi bolynçaň,
Döwletliniň gapysynda gul bolgul!
Bedasyl beg gullugynda galynçaň,
Asyl begiň saýasynda kül bolgul!
Magtymgulynyň goşgularynda onuň taglymatyny açýan aýry-aýry düşünjeler bar, olar eseri okap başlanyňdan seniň gözüňe hem aňyňa ilýär hem-de seni eseriň ruhy çuňlugyna alyp gidýär. Şolary gözden sypdyrman, yzyna düşüp gidiber, ahyry olar seni şygryň bitewüligine we şahyryň baş pikirine alyp barar. Ine, birinji setirdäki «bidöwlet» diýen kesgitleme şo hili açar — sözleriň biridir. «Döwlet», «bidöwlet», «döwletli» ýaly sözler çuňňur taglymatyň oňurgasyny düzýän pelsepewi düşünjelerdir. Bularyň many hem çeperçilik çuňňurlygyny, giňligini hem köpjähetliligini doly göz öňüne getirmek isleseň, köp zadyň başyny agyrtmaly bolar. Belki, ýeri gelende, muňa synanyşyk hem ederis. Häzirki gürrüňimiz bolsa bir goşgynyň hem bir meseläniň çägindäki pikir öwürme. Şol sebäpden düşünjelere umumy syn bermek bilen çäklenäýeliň. Diýmek, döwletsiz il — bereketsiz, haýyrsyz hem rysgalsyz ildir. Bu ilde maddy bolçulygyň-da aňk edip barmaýanlygy düşnükli. Ýöne, hatda barja baýlygam adamyň hem iliň ruhy taýdan ýokary galmagyna, mazmunynyň ruhlaşmagyna däl-de, tersine, adamlaryň ruhy taýdan pese düşmegine, kemis bolmagyna hem kemsidilmegine hyzmat edýär. Maddy baýlyk ruhy hem ahlak gahatlyga we betnyşanlyga sebäp bolýar. Ine, döwletsiz il diýilýäni şunuň ýaly bolýar. Döwletli weli munuň tersine. Bu ýerde durmuş hem isleg, maddy hem ruhy gatnaşyklar şeýle bir gurnalypdyr, hatda bu döwletli iliň gapysynda gul bolmagam adamyň mertebesini ýokary göterip bilýän durmuş ornuny aňladýar. Döwletli ilde asyl begler durmuşa erk edýär. Bedasylyň — adam hem il mertebesini bilmeýän begiň hyzmatyny edip, özüňi peseldeniňden, asyllynyň hyzmatynda kül bolmagy şahyr has dogry görýär.
Köp ýerlerde, kitaplarda «döwlet» sözüniň ikinji manysyny baýlyk, mülk, eşret diýip düşündirýärler. Emma «döwletiň» bulardan tapawudy uludyr.
Döwlet — ruhy gatanjy bolan baýlykdyr, ruhy hem ahlak gymmatlyklara eýerilip, şol ýol-ýodalarda ýörelip, gazanylan maddy baýlykdyr. Muňa türkmen rysgal, halal baýlyk hem diýýär.
Näme üçin biz haram baýlygy şeýle ýigrenýäris?! Sebäbi ruhy ret edilip gazanylan baýlyk — haramylyk milleti hem adamy içinden ýykmaga dalaş edýän erbetlikdir, ýaman ýoldur.
Döwletlilik-döwletsizlik meselesini Magtymguly täze bir derejä çykardy. Men-menlik, diňe öz bähbidiňi, gurt kimin diňe öz wagşy islegleriňi bilmek bidöwletlige getirýän eken. Emma durmuş, dünýä şeýle bir oýlanyşykly hem adalatly guralan, munda her kimiň, hatda kelhemejiň — çybynyň hem öz orny bar, hatda şony-da äsgermezlik etmek ilden döwletiň, rysgalyň gitmegine, berekediň göçmegine sebäp bolýar.
Peşe diýip agyrtmagyl,
içinde jany bardyr.
Her kim gylyjyna, gara güýjüne daýanyberse, munuň soňy nirä barjak?! Dünýä güýç esasynda däl-de, Allanyň akyl-paýhasy hem eradasy bilen binýat bolan sazlaşykdyr. Ol sazlaşygy gylyjyň owazy däl-de, uly hem kiçi, ejiz hem güýçli taraplaryň arasyndaky adyl ruhy gatnaşyklar kemala getirýär. Şonuň üçinem, hatda adamlara-ha däl, «ýele-suwa hökmi ýeten» Süleýman bolsaňam, iň pes, ýuwaş janawary — garynjany-da kemsitmäge hukugyň ýokdur.
Süleýman, sen mura bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl,
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!
Bu setirleriň aňyrsynda Gurhanda beýan edilen täsin bir rowaýat ýatyr. Onuň düýp ruhy-ahlak manysy gara güýjüň däl, deňligiň berekedi, rysgaly kemala getirýändigine syrygýar. Bir kişiniň gymmatyny iň adalatly kesgitleýän gurluş, onuň başga adamlara näderejede hyzmat, ýagşylyk edip bilýänligi bilen kesgitleýän gurluşdyr. Şo hili jemgyýetçilik gatnaşyklaryndanam döwletlilik emele gelýär. Gün bolup çoýmak, içere akar suw, ýadanyň ýüzüne sowuk şemal bolup degmek — ýaşaýyş rehnedini hem sazlaşygyny saklaýar.
Näme üçin Magtymguly häkim meselesini orta atýar? Çünki hut häkimlik — syýasy gurama manydaky döwlet eden-etdiligi¬niň, güýç-güýji ýeteniňkiligiň, gara güýjüň garşysyna tapylan gymmatlykdyr. Şonuň üçinem syýasy manydaky döwlet ruhy manydaky döwletiň, rysgalyň hem adalatyň esasy şerti bolup durýar.
Elbetde, Magtymguly jemgyýetşynas ýa syýasatşynas däl. Ýöne ol döwletiň ruhy-ahlak esaslary hem şertleri barada hut türkmençe pikir ýöredýän pelsepeçidir. Ol maddy jemgyýet¬çilik durmuşynda baýlyk toplaýan, ýurduň maddy sütünlerini ýumurýan güýjüň ruhy-serhaly çeşmesini tankytlaýar. Ol ruhy ahlak meýil hem-de sypat — munuň özi adam men-menligidir, nebis hem açgözlükdir.
Ne işdendir, ýatyp, nebsiň besleseň,
Akmaklykdyr özüň ýagşy toslasaň,
Her bazarda rowaç bolmak isleseň,
Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul!
Döwlet, häkimlik özüni ýagşydyr, özüniňki hakdyr diýip hasaplaýan şol men-menligiň öňüne atanak çekmelidir. Ejizow diýip peşäni, garynjany, goýny äsgermezçilik etjek bol¬ýan gurt kimin ýyrtyjy, alyjy-ýolujy, tozduryjy ruhuň şindiki taryhy ýaşaýyşda geljegi ýokdur. Türkmeniň näçe ýüz ýyl döwletsiz ýaşamagynyň (sözüň iki manysynda-da, çünki bular bir-biri bilen baglanyşyklydyr) içki sebäbi bolan şol ruhy galyby hem keşbi ret etmeli.
Adam bolsaň, öz men-menligiňiň, öz-özüňi magtamanyň yzyna düşmegi goý, bes et. Gylyç bilen amal edilýän köre kör islegleriň durmuşda esasy zat däldigine düşün. Hatda seni kemsidene, seni daş bilen urana, saňa ýamanlyk edene-de ýagşylyk bilen jogap ber — ine, Magtymgulynyň ýöredýän ruhy taglymatynyň düýp manysy şuňa syrygýar.
Görogluçylyk başlangyjyň ýerine gelýän bu ruhy ýörelgäniň taryhy ähmiýeti göze görnüp durandyr. «Gul bol¬gul» goşgusynyň biziň döwrümizde ýüze çykýan şu içki ma¬nysy hakda şuny aýtmak bolar.
Biz şu wagta çenli döwletsiz asyrlaryň agzalalygyny birtaraplaýyn teswir edip geldik. Ýagny biz bu agzalalygyň diňe daşky sebäplerine agram berdik. Emma bu ýaramaz hadysanyň içki sebäbi-de bardy ahyryn. Munuň özi türkmen ruhunyň gurt meýilleri, görogluçylyk başlangyjy bilenem baglanyşykly eken.
Görogly Reýhana niçik ýalbardy,
«Amandyr» diýene diýanat ýagşy.
Gep bir «Görogly» eposynyň gahrymanlarynda däl. Magtymguly halk döredijiliginiň eserleriniň teswirçisi däl, ol türkmen taryhynyň pelsepeçisi. Milletiň süňňüne dawa edýän gözi ýok men-menlik meýillerinden, elbetde, sözüň oňyn manysyndaky diýanat-din ýagşydyr.
Osman ÖDE.
Magtymgulyny öwreniş