22:18 Mähriban adam (goşgular) | |
GOŞGULAR
Goşgular
▶ ELLI ÝAŞ Şükür bu günlere ýetiren Alla, Algym azdyr, bergi bilen ýaşadym. Diýsem-de "janymda galmady arman", Boýn alaýyn, görgi bilen ýaşadym. Durusy içilen, läbigi galan, Bu ýowuz tetärik salsa-da talañ, Oglumyñ deñine diýmedim agam, Ynsap diýen "Tañry" bilen ýaşadym. Bagrymyñ ýylysyn imana eýläp, Keşk çekdim, gyş buýup, tomusda gaýlap, Bolşuna göräräk kök urup, ýaýrap, Haka ýakyn añry bilen ýaşadym. Şu garyp günümi köp görme, ykbal, Menem adam, günäm bolmagy ahmal. Ýöne jana dözüp, il göwnün ýykman, Halal kesbiñ jebri bilen ýaşadym. Hydyr gören arkam ýatlap her demde, Garyp başy merdem tutdum her çende, Şeýdip bu gün mündüm elliñ gerdenne, Iliñ-günüñ derdi bilen ýaşadym. ▶ MÄHRIBAN ADAM Bu gün seni togp eýläp alnyma, Keremli didaryñ arşa göterip Perişde deý ruhuña garyla, Gubar bolan dideleñden öpeýin. Özüñ zarkañ çekilere goluñdan, Il-güni depäñe göterip bilýäñ. Eden ýagşylygyñ undup köñülden, Etmedigi üçin utanyp bilýän Mähriban adam sen, ilden üýtgeşik, Wezipäñ ýok, baýlygyñ ýa puluñ ýok - Egniñde güzeran hem agyr keşk, Ýöne barkañ kynçylyk ýok, zulum ýok. Säher köçä çyksañ, assaja ýöräp, Ýüzüñ görüp rehnet ~ nura örtülen ~ Biraz ynsaplaşýas düýnkiñe görä, Hem azajyk päklenýäris öñküden. Sen misli bir zemin, ekseñ gülleýän, Ýygnap ýazlañ nurun, gönezlik deýin ~ Ýagşylykdan özge hiç zat gelmeýän, Sahawaty aýalañdan öpeýin, Mähriban adam. ◆ ◆ ◆ Otda eremedik, doñmadyk gaýda, Ýaşap gördük "jennet" diýlen dowzahda. Jan Hudaý, indi bir namysa goýma, Garyp guluñ mundan beter ownatma. Bes, şu çaka çen boýun burup entänim, Pesligiñ alnynda kän atdyk hallan. Hyjalatyn iýdirenden bendäniñ, Al meni, Allam! Haramdan müñ teññe eçileniñden, Ýekeje teññe bes, halaly bilen. Bol emläp, uçutdan gaçyranyñdan, Az ber, ygtyýary, karary bilen. Atly nebsi kowup paý-u-pyýada, "Ýetip bilmedim" diýp çekenden arman. Goý, abraý-aýdymlam galsyn diýarda, Al meni, Allam! Heran-haçan ynsap hakda oýlansañ, Dide ýaşa dolar, tutular demiñ. Eý, ynsabym, bu dünýäde öwlüýäm sen, Namazlygym meniñ, saçagym meniñ. Ynsap ~ diriligim, ömrüm, rysgalym ~ Aýt, neçün sen bizden sowaşyp barýañ. Ynsapsyz ýaşaljak bolsa bir salym, Al meni, Allam! Al meni, Allam! ◆ ◆ ◆ Men ötsem bir adam azalar türkmen, Hem-de bir köñüle aýralyk düşer. Ýaryñ synasyndan üzlen umytlar, Gussaly didede saralyp bişer. Men gitsem balalañ boýny burlar, Belki-dw unudar olaram käte. Wah, ne gadyr bar, asly çüýrük gurlan, Bu doýmadym, bu dolmadym dünýäde. Bir toprak unutmaz, bagryna basyp, Eläp-eläp öwrer meni özüne. Şeýdip ýer astynda köpeler türkmen, Diñe şeýdip ömür ikä bölüner. ▶ GARAGANLY OBASY Ak ýollaryñ ýüze togap edenim, Seniñ boz topragyñ gözüme sürme. Howandar bol, gowşur meni ýene bir, Çagalygymyñ siltäp geçen günlerne. Ah, bir görsem dolanmakam kepene, Bassadym bagryma käbäm enemi. Men indi çydamom zaryñ çekere, Küýseý-küýseý ömür salym eredi. Bu ýalñyzlyk halys etdi, gowurdy, Zaryñ çeke ýandy ganym-damarym. Bu gün meniñ toý-baýramym sowuldy, Wah, ezizim, göbek ganym damanym. Eññere bolandyr bossanym, bagym, Bir sen galdyñ bu gowgaly ömürde. Hyýalymda ýene saña barýaryn, Bir gözüm umytda, biri ölümde. Indi sönüp barýar ýakan çyragyñ, Señ guran minarañ çökdi dyzyna. Mejalym ýok, ýokdur sabry-kararym, Çaga bolup dolanara yzyma. Eý, ak ýolun ýüze togap edenim, Umydym, didary jana dermanym. Günäm bolsa bagyşlagyn, pederim, Razy bol, ak obam, ahym-armanym. ▶ DAGLARA... "Ýör, Öwezim, dolanaly daglara..." "Görogly" dessanyndan. Bu gün dünýä sygmaý zaryny çekdiñ, Ýör, Öwezim, dolanaly daglara Bagryñ o daglar diýp gan-gabarçakdyr, Ýör, Öwezim, dolanaly daglara. Heññam üzre umytlarym gyrykdyr, O daglañ humary kalba urupdyr, Men bir ýetim oglan, boýnum burukdyr, Ýör, Öwezim, dolanaly daglara. Sumbaryñ daglary sütün-sütündir, Onda bagty talañlarym ýatandyr, Gözi ýolda galanlarym ýatandyr, Ýör, Öwezim, dolanaly daglara. Bu ilde gün üçin meñzim saraldy. Ýyllar meni gamça daglaý ar aldy, Meger, indem paýawlap ýör sanalgy, Ýör, Öwezim, dolanaly daglara. ▶ RÖWŞEN OGLUM... Röwşen oglum, körpe balam, wysalym, Birje saz çalyp ber, jigermiñ bendi. Ýöne gamgyn bolmawersin bu sazyñ. Ýürek gaýgy-gussa çydanok indi. Röwşen bala, ýüpek deýin gül-de sen, Birje çäýnek çaý demläp ber, inerim. Guzym, ýöne gaty ajy bolmasyn, Ajynam kän göterenok ýüregim. Nerim, gaşyñ çytýañ, ynjaýañ käte, Meniñ janym ~ dideleriñ çyrazy. Sizden başga nämäm bar bu dünýäde, Siz dursañyz Hak Alladan razy. Röwşen bala, köküm, damarym, bognum, Açyl derdi-belalañdan, geregim, Ýüregim çydamaz derdiñe, oglum, Ölerin. 15.06.1996 ý. ▶ O ÇAGLAR... Aý öpen, başga hiç zelel degmedik, O barlar hem, bu barlar hem biziñki. Didelee gujaklan, del el degmedik, O narlar hem, bu narlar hem biziñki. Armandyr ak gara garylman çykmak, Bir kemeri apat, ol biri çakmak. Otyr gögi ogşap, ýeri gujaklap, O daglar hem, bu daglar hem biziñki. Ýazlar öter didesinde ereýip, Güýzler geçer almasyna emenip. Ah, bizden hem soña galsa elenip, O baglar hem, bu baglar hem biziñki. Jümle-jahan ýete bilmez syrymna, Sarç duýgulam gelmez ynsan sygmyna, Dönüp gitsek ýazlañ ýyldyrymyna, O çagalar hem, bu çagalar hem biziñki. ▶ GIZLEME Aýly gijäñ nury bilen ýuwulan, Al ýañagyñ bessesini gizleme. Yşkyñ şirin jadysyna ýumulan, Lebleñ näzik pissesini gizleme. Ömür öter, perman ýokdur galara, Ýar yşkynda ýaryñ meñzi sarala, Men öpmesem şemal salar talaña, Zülpleñ tylla dessesini gizleme. Çykmak kyndyr yşkyñ otly kötelne, Dymmak kyndyr umyt köräp öçende, Hijran çöken kirpikleriñ göter-de, Gara gözleñ gussasyny gizleme. Didäñde umydyñ, ýürekde ýarañ, Ýar ýardan ynjanda tapmasa karar, Dirilik demi deý kalbyñda erän, Bagtly etjek kysmatyñy gizleme. Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |