09:18 Maslahat | |
MASLAHAT
Degişmeler
Ýigitler, aý, ýigitler! Size ýüzlenýän! Zenanlary aýaweriň! Nädip diýýärsiňizmi? Dogrusy, her kime täleýine görä dürli häsiýetli zenan duşandyr. Men size zenanlaryň keselini anyklamagy, olara ideg etmegi öwredeýin. Dogrusy, dodak reňklenen bolsa, kesel anyklamak başardybam duraýanok. Şeýle bolanda keseli anyklamagy terapewt kompýuterlere tabşyraýyň. Ýogsada eliňiziň boş wagty, reňklenmänkä gelniňiziň dodagyna syn ediň. Dodagyň reňkine seredip keseli anyklaň we bejeriň! I. Solgun ak dodak – ganazlygyň alamaty. Gelniňiziň çep eliniň ýetjek ýerinde arzan süýji kemput, sag eliniň ýetjek ýerinde gymmat süýji - ýumşak şokaladlar bolsun. Ýatanda hem agzy süýjüli ýatsyn, Ýaman etse bokurdagyna gider-dä. II. Ýaryk-ýaryk dodak – ganda demir ýetmeýär. Şeýle diýsem ýanyna demir baryny üýşürip: “Seniň bar hurşuň şu bolmaly” diýäýmäň. Bazardan diliňi degreňde eräp barýan saýlama alma alyp bileje iýiň. III. Kepäp duran dodak – süýji keseliniň alamaty. Süýji zatlardan bir menzil (25 kilometr) daşyndan aýlanyp geçsin. IV. Dym-gyzyl dodak – ganda zäheriň barlygy. Şeýle zenanlara diline gargyş sözlerini almazlygy, adamsy, goňşulary bilen mylakatly bolmagy maslahat berýäris. Ýogsa ganda zäher güýçlenip heläklemegi mümkin. V. Gögümtil öwüsýän dodak – böwrek agyrysynyň alamaty. Özüni ýyly saklasyn. Hatda tomsuň güni hem üç içmekli bolsun. VI. Garamtyl dodak – nerw dartgynlygy. Gaty gahary gelende: “Seniň aklyň dürdäne, seniňki dogry diýäýiň ..” VII. Aksowult-gyzyl dodak – ýürekde kem bar. Ýürek bile oýun edip bolmaz. Göwnüne degmäň. VIII. Tebsiräp duran dodak – içinde gyzgyn bar. Gandeper gaýnadyp içiriň. Onuň bir bähbidem bar. Howlugan çagyňyz üstünde ýumurtga çakyp heýgenek bişirinäýiň. Ýogsam işden gijä galarsyňyz ... Ýagşy niýetler bilen “tebipçeläp” maslahat beren: Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |