15:59 Men sentýabr, sen iýun | |
MEN SENTÝABR, SEN IÝUN
Goşgular
Senýabr aýy. Bu zatlañ başy... Agaçlar ýapragyn döküp başlapdy, Saralşypdy ýaşyl maýsalyklaram. Reñki solgun halparyşan gülleriñ. Asmany büräpdi gara bulutlar Guşlar şaýlanypdy uzak ýollara. Näme galan bolsa tomusdan barsy Pytrap barýar däli ýelleñ güýjüne, Bahar gelmedik dek bolupdy hyrsy. Nämedi şo? birwagtlar Söýüpdik, söýülipdik ýaşlyk ýelgini bilen Adyn tapsana şol dälişgeligiñ! Ugursyz takdyra sunmandym boýun Gaýgy-gama gaýzygyşan ýüregmi Akyp-akyp gutaryşan gözýaşa ýuwsam-da, Öñümde dyzymy boýlan Tümlüklerde ýöräp, yzymda galan Bir üýşmek küle hem elli ýaşyma Garamasam-da. Meni ýaman ýerde tutduñ sen iýun! Gam-gussaly, weýran sentýabryma Ýazyñ howasyny getirdiñ birdem Mawy asmanyñ hem jana jan goşan Günüñ nury bilen girdiñ içime. Bägüller gül açdy ellän ýeriñde Otlar ösdi seniñ ýörän ýeriñde Gülleñ ýüzi güldi gülen ýeriñde. Dik depämde pelpelleýär guşlaryñ Señ getiren miwelerñi göterip bilmän şahalarym ýere degip dur. Iñrik garalmanka saçyñ nuruna Bir bakañda dünýämde Aý dogup dur. Uzakly gün senden öwüsen şypa Garaört bolan mañlaýymy sypaýa. Ukusyz atyran gijelerimiñ Dolduraryn seniñ bilen öwezin Ýöne ýalkymyñdan başym aýlanýa, Ah, başym aýlanýa, Dek şu pursatda Gujagyñda ölsemem bor biarman! "Ýok, ölme!" diýseñem, "Gitme!" diýseñem, Gel, onda gujakla, Boýnuma oran! Tenime gir, gaýdyp taşlama meni. Seretsene, barmagymyñ ujundan Ot çabraýar gözden, Göreçlerimden. Gel-de, tut elimden, Bile ýanaly! Garşysyna durup bialaçlygyñ Meniñ bilen ukla, Meniñ bilen tur! On üçünji aýa bile gideli! Ümit Ýaşar OGUZJAN, türk şahyry. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |