09:08 Men ýetim däl / hekaýa | |
MEN ÝETIM DÄL
Hekaýalar
Ir bilen mekdebiň jaňy kakylmanka okuwçylar synp-synp boluşyp, mekdebiň esasy girelgesiniň öňünde, oglanlar sag tarapda, gyzlar çep tarapda nyzama hatara düzülip durdylar. Okuwçylaryň arasynda şadyýanlyk duýulýardy: öňdäki hatardaky hiç zatdan bihabar oglanjygyň bykynyna hürsekläp goýberýärler, ol hem kimiň oýnudygyny anyklajak bolup azara galýar. Gyzlaryň hatarynda birneme imi-salalyk bolansoň, olaryň arasyndan diňe şadyýan gülküler eşidilýär, sebäbi ertir, otuz birinji dekabrda gyş kanikulyna gidýärdiler we mekdebe ýene on günden—1948-nji ýylyň on birinji ýanwarynda gelmelidi. Mekdep müdiri Geldi Hojagulyýewiçiň pişegine daýanyp mugallymlar bilen hatara ýakynlanda, okuwçylaryň arasynda hereket kiparlap, şadyýan gykylyklar pessaýlap, “hyşy-wyşa” geçip, hatarlara dymyşlyk aralaşdy. Mekdep müdiri mugallymlary we okuwçylary ýetip gelýän Täze ýyly bilen gutlap, gowy arzuwlary dileg edeninden soň, okuçylara ene-atalaryny hem mekdebiň adyndan gutlamaklaryny haýyş etdi. Soňundan müdir ýetim we ýarymýetim çagalara täze ýyl sowgatlaryny gowşuryp başlady. Müdir elindäki kagyza seredip okuwçylaryň atlaryny bir-birden okamaga başlady: —Meredow Begmuhammet, altynjy “B” synpdan. Atageldiýew Agamyrat, ýedinji “W” synpdan, Jumageldiýewa Dünýägözel... Ady agzalan okuwçylar hut müdiriň öz elinden Täze ýyl sowgadyny alyp, begenjini içinde saklap bilmän, ýylgyrjaklap, hatara-ýerine geçip durýardylar. Müdir ýene-de:—Baýmyradow Nazarmuhammet ýedinji “A” —dan, diýende, Nazarjyk ýyrş-ýyrş edip, müdiriň elinden ýalpyldap duran, täzeje botinkany goltuklap ýerine geçdi. Ol sowgadyna örän begendi: daşyna lak çalynan, galyň gaýyşdan göwnejaý tikilen, köwşüň dabany galyň, ýumşak—buzda taýdyrmaýan rezinden, köwşüň gonjy dabany bilen berk iki gat gara ýüplik bilen titkilipdir, onuň ýalpyldysy gözleriňi gamaşdyrsa, gaýyşyň terje ysy janyňa şypalydy. Eli bilen köwşüniň içini barlap gördi: towugyň ýelegi ýaly mymyjak gök mata bilen örtülipdir—sowuk, yzgar geçjek gümany ýok! Ýoldaşlarynyň oňa gňzigidijilik bilen seredýändiklerini görmese-de duýup durdy. Çep elini öňünde duran oglanjygyň egnine goýup, sag aýagyny gonjy aýrylan ädiginden—çokaýa meňzeş aýakgabyndan çykaryp, botinkasynyň aşagyny dolakly dabanyna deňäp gördi: çaklamasyna görä enesiniň örüp beren ýüň joraby bilen hem bolaýjak ýaly, indiki ýyl aýagy ösäýse, onda ýukarak jorap bilen geýmeli bolar. “Iki-üç ýyl aýawly geýsem, (aýagyndan çykansoň), jigim Şaja bererin. Wah, arman muny diňe gyş geýmek üçin niýetlene-dä... Aýby ýok, howa maýlanda, arassalapjyk gazete dolap enemiň sandygynda ýygşyrypjyk goýaryn, diňe toýa gidemde, bir günlüjek geýäýerin” diýip, rahatlandy-da, ýene-de pikir oýuna giti, onýança gapdalynda duran synpdaşy Orazgeldi Nazarmuhammede eşidiler ýaly pyşyrdap: —Nazar, sen näme ýetimmi? —Ýok, —diýip, Nazarmuhammet Söýün daýysynyň gonjy kesilen “kirza” ädiginiň burnuna seredip durşuna ýene öz oý-hyýallary bilen gümra boldy. Daýysy küti mütgelden dolak dolamany öwredipdi, şonda-da holpuldap duransoň, oglanlar bilen “kowalaşdy” oýnap bilenokdy, ýagyn ýaganda, diňe batgadan geçeňde peýdasy bar diýäýmeseň, yzgary-sowugy saklanokdy, ejesi ony mydama pejiň golaýynda goýup guradyp ýörendir, entegem dolagy iki jübüt—biri guraýança, beýlekisini geýäýmeli... Yene-de ony Orazgeldi “oýardy”: —Sowgat diňe ýetimlere berilýär ahyryn... Nazarmuhammet köwşüniň keýpine ilkibada Orazgeldiň sözlerini doly aňşyrmady, ýene öz pikiri bilen gümra boldy: “Begmuhammediň kakasy frontda ýogaldy diýilen habar gelende, ol on günläp mekdebe gelmedi, okuwa gatnap başlansoňam kellesindäki börügini tä tomus çykýança çykarmady. Dünýägözeliň-ä ejesem, kaksam ýok—daýzalarynda ýaşaýar, Ogulgerek gelnejä “daýza” diýýär. Meniň bolsa ejem bar, kakamam uruş gutaran hem bolsa, entek frontdan gaýdyp gelenok, indi üç-dört ýyl bolandyr ondan hat gelenok. Enemem, ejemem “Kakaň diridir oglum, hökman geler” diýýärler ahyry. Onsoň men nähili ýetim bolýaryn?” diýip, bir goltugyndaky täzeje köwşüne, bir-de aýagyndaky gonçsyz ädigine seredip durşuna aýňalyp başlady: Dünýägözele her ýyl baýramçylykda sowgatjagaz gowşurýarlar, “W” synpdaky Agamyrada öň sowgat berilenokdy, ol şu ýyl birnji gezek alýar, diýmek... Onuňam-a kakasy meňki ýaly frontan indi gelmeli, ahbetin, Ýa “wepat boldy” habaryny alaýdylarmyka? Meň kakam... “ Ol göýä ogurlykda tutulan ýaly assyrynlyk bilen töweregine göz aýlady—hamala hemmeler oňa ýazgaryp ýaly seredýän ýaly duýdy, müýnli ýüzüni aşak sallady, elleri-aýaklary gowşap, dyzlary birneme epildi, tas elindäki köwşüni gaçyrypdy. Ýaňagyna biriniň şarpygy degen ýaly çym-gyzyl boldy, elindäki sowgadyna ýigrenç bilen seretdi. “Men näme ýetimmi, men ýetimmi?” diýip, gygyrasy geldi, şo bada damagy dolup, gözleriniň ýaşyny sakalap bilmedi, müdiriň çykyşyndan soň, mekdebiň mugallymlarynyň sözleýän sözleri güýçli ýel ýaly ýaňlanyp, gulaklarynyň deňinden gaýyp gidýärdi. Haçan-da, iň soňunda, müdir: — Çagalar siziň içiňizde söz aýtjagyňyz barmy? —diýende, Nazarmuhammediň göýä biri arkasyndan itekleýän ýaly öňe çykanda, öz aýaklaryny duýmady. Berilen sowgady nirede goýjagyny peýläp, biraz ikirjiňlenip durdy-da, botinkany emaý bilen arassarak ýerde goýdy, gözleriniň ýaşyny süpürip durşuna dili tutuldy. Müdir çaga begenjine tolgunýandyr öýdüp: — Nazarjan tolgunma-da, Täze ýylda näme isleg-arzuwyň bar bolsa howlukmanjyk aýdyber! diýip, goltgy berdi. Nazarmuhammet sojap demini alyp, ýerden ýüzüni aýyrman: —Geldi Hojagulyýewiç! Men bu sowgady alyp biljek däl... —Hä, näme üçin, saňa näme boldy? diýen-de, Nazarmuhammet demi-demine ýetmän: —Men ýetim däl. —Hmm...Şeý diýsene. Mekdep direksiýasy, partbýuro bu sowgady saňa ýetim hökmünde gowşuranok. Biz fronta gidenleriň çagalaryna elmydama elimizden gelen kömegi berip durus, indiden beýläk hem hemaýt ederis. Nazarjan, oglum bu köwüşi seni kemsitmek maksady bilen beremzok, gyşda aýagyň üşemesin diýip berdik, nesip etsin! Nazarmuhammet ýumruklaryny berk düwüp, dyňzap gelen ejizligini basyp bilmän, ýaşly gözlerini müdire öwürip: — Men ýetim däl! Men...,men..., ýetim..., ýetim däl,— diýip, zordan gepini düşündirdi-de, oglanlykdan saýlanyp, ýaňy uly erkekleriň hataryna girip barýan ýetginjegin ýogynly-inçeli, döwük sesi bilen, sojap-sojap aglap başlady. Mugallymlaryň biri onuň egninden gujaklap mekdebiň içine alyp gitdi. Geldi Hojagulyýewiç dartgynlygy gowşatmak üçin, dikelip, hatarda duran çagalaryň öňünde,uzaklara, bir ýerlere seredip durşuna: —Çagalar! Nazarmuhammediň kakasy hökman gaýdyp geler—diýip, ol ynamly gürledi. Soň ýerdäki botinkany alyp, pişegine daýanyp mekdebe girip gitdi. Gyşky kanikuldan soň mekdep ýene janlandy: çagalaryň şadyýan gülkileri ýene-de uzakdan eşidilip başlady. Mekdebiň meýdançasynda oýnap ýören çagalaryň Nazarmuhammediň jir matadan titkilen “portfeline”, aýagyndaky gonjy kesilen ýarymädigine üns berýänem, geň görüp seredýänem ýokdy, sebäbi uruşdan soňky çagalaryň durmusy biri-birine örän meňzeşdi. Kakajan BALKANOW. 2016 ý. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||