22:57 Meniñ Symrug guşum | |
MENIÑ SYMRUG GUŞUM
Goşgular
Köpden bäri habarym ýok guşdan, Symrug guşuň häsýetleri bar mende. Uçup ýör ol mydam gonarly bolup, Köwsar berip meniň töweregimde. Onuň ýere gonanyny gören ýok, (Güpbasdy bolmakdan çekinýän borly?) Özi-de her gezek gelende şeýle, Jemleýär özünde pikirmiň barny. Indi oňa halys öwrenşipdirnem, Kyrk ýyl bäri men ol guşuň yşgynda. Bir görsemem ol göterlip asmana, Dänjiräp uçup ýör Pendiň üstünde. Uçuber sen guşum, seni synlamak, Meniň üçin hemme zatdan ýakymly. (Ýada sen guö-gumryň üleşiginde, Bir başa berilen meniň hakymmy?) Ýöne saňa kän bir düşnüp baramok, Gel, otur egnimde syryňy aç sen. Günäň näme, müüýnüň näme öňümde, Goý, menden ýamanlyk edenler gaçsyn! Gel sen, guşum, başyn sypap bereýin, Gel, gelerçe bolsaň sen gijä galman. Men henizem bir gün seniň özümi Al-asmana äkitjegňe ynanýan. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||