21:54 "Merkeln" | |
"MERKELN"
Publisistika
Biziñ mediýamyz nämüçindir premýer-ministr kansler Angela Merkeliñ aşygy! Sebäbine hiç düşünip bilemok. Merkeliñ umumy jemgyýetçilik jaýynda ýaşamagymy ýa-da hojalygyna gerek zatlary öz eli bilen satyn almagymy? Başga näme? Megerem, tarapgöý muşdaklar Merkeliñ başa ýapynja atynmagy gadagan etmegiñ tarapdarydygyny bilenok! Medisinanyñ atasy Gippokrat "Birnäçeleri haýrana galýar, emma az sanly adam bilýär" diýipdir. Merkeliñ muşdaklary şuny seljerip bilenok: Merkel üstünlikli bolýan bolsa, onuñ partiýasy Hristian-Demokratlar bileleşigi (CDU) şu saýlawda (1949-njy ýyldan bäri ýaranlyk eden Hristian Sosial jebislik partiýasy (CSU) bilen öñki 2017-nji ýylda saýlawlara garanda ses derejesi nämüçin 8.9 göterim azaldy? CDU-CSU ýaranlygy Ikinji jahan urşundan soñ iñ pes sesini aldy: 24.1 göterim... Özem: Merkelden öñ oppozisiýadaky CDU-CSU ýaranlygynyñ sesi 2002-nji ýyldaky saýlawlarda 23.5 göterimdi. Ýaranlygyñ Merkel döwrüniñ (2005-2021) yzyndan sesler birdenem 24.1 göterime düşdi. Peseliş 14.4 göterim! Onuñ türkiýeli muşdaklary aýtsyn indi, Merkel öñdemi? Serediñ: Germaniýada Merkele ýanap söz oýlap tapyldy: "Merkeln"... Ýagny: - Möhüm meselelerde hiç zat etmezlik, anyk beýannamalar bilen çykyş etmezlik, töwekgellik etmezlik manysynda! Dünýäde gelinen ýer şu: Syýasatda "hiç zat" etmänem üstünlik gazansa bolýar! Siz hakykatdanam 16 ýyllyk häkimiýetinde Merkeliñ ýadyñyzda galan ýeke sözüni, tutumyny, eden işini bilýäñizmi? Bilmersiñiz. Görseñizläñ: CIA-NASA-nyñ Merkeliñ telefonyny diñländigi ýüze çykdy. Merkel nägileligini "Dostlar arasynda biri-biriñi diñlemek bolmaz" sözi bilen bildirdi? Berk nägilelik gerek? Ine, tipiki "Merkelniñ" bolşy şeýle... • “MERKOZI” Daşary syýasatda dagy hijem töwekgellik etmedi. Meselem: Sosial-demokrat premýer-ministr Gerhard Şrýoder Yragyñ okkupirlenmegine garşy çykdy. Oppozisiýadadaky Merkel bolsa ABŞ-nyñ ýolbaşçylygyndaky köpçüligiñ aýdanyna eýerdi. Liwiýanyñ ýa-da Siriýanyñ çozuşlarynda-da ätiýaçly çemeleşdi. Kagyz ýüzüne seretseñ-ä, Merkeliñ daşary syýasatynyñ esasy ýörelgesi "demokratiýanyñ we adam hukuklarynyñ goldanmagyna" esaslanýar! Emma ýeñ astyndan Müsür, BAE, Saud Arabystany, Kuweýt, Bahreýn ýaly ýurtlara ýarag barsyny satdy! Merkel diñe geçen ýyl Ýemen, Liwiýa ýaly içerki gapma-garşylyklaryñ bolýan ýurtlaryna jemi 1.16 milliard euro barabar ýarag eksport etdi. Nämemiş; Merkele şeýle berekellamyş, beýle berekellamyş! 2008-nji ýylda dünýä derejesinde täsirini görkezen maliýe krizisi - neoliberalizm sebäpli euro kyn ýagdaýa düşende Merkel şeýle diýdi: "Euro şowsuzlyga uçrasa, Ýewropa hem şowsuzlyga uçrar". Nähili adatdan daşary kesgitleme! Şol döwür Gresiýa uly ykdysasy krizisi başdan geçirýärkä ýurduñ gazetleri nämüçin Merkeliñ fotosuratyny faşistik gamaly haçyñ simwoly bilen çap etdi? Hiç kim bu rehim-şepagatsyzlygy ýadyna salanokmy? Oña Fransiýanyñ Prezidenti Nikolas Sarkozi bilen birmeñzeş gödek neoliberal syýasy ugry ýöredendigi üçin "Merkozi" diýlipdi. Uzatmaýyn: • HAÝSY MERKEL Merkel soñky döwürde dünýä syýasatynda ýygy-ýygydan duş gelýän pragmatist syýasatçynyñ nusgasydy. Aslynda Merkeliñ bütin syýasy durmuşy durnuksyz, ygtybarsyz düşünjeden ybarat. Gündogar Germaniýada ýaşanda imperializme garşy göreşmek maksady bilen gurlan marksist-lenist FDJ (Azat Germaniýa ýaşlary) guramasynyñ işjeñ agzasydy. Merkeliñ awtobiografiýasyny ýazan Gerd Langgutyñ görşen şaýatlarynyñ aýtmagyna görä, ol agitasiýa we propoganda boýunça jogapkär işgärdi. (FDJ Mozambikde we Angolada buthana garşy göreşfi. Şol ýerdenem adynda "hristian" sözi bolan partiýa geçmegine näme diýýärsiñiz?) Merkel "Sosialist ýaşaýyş formasy nähili bolmaly?" ady bilen doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Berlin diwary ýykylyp, "Sowuk uruş" gutaransoñ Germaniýanyñ Sosial-Demokrat partiýasyna goşulmak isledi. Agzalyk şertlerini agyr görüp, 1989-njy ýylda gurlan we sosialistik garaýyşly "Demokratik oýanyş" (DA) partiýasyna girdi. Partiýanyñ metbugat wekili boldy. Partiýa 1990-njy ýylyñ 18-nji martynda geçen saýlawlarda 0.9 göterimlik netije gazandy! Emma ýaranlyk edilen CDU-nyñ gazanan 41 göteriminiñ arkasyndan saýlawlaryñ ýeñijisi boldy. Şol ikiarada... partiýanyñ başlygy Wolfgang Şnuryñ Gündogar Germaniýanyñ kontrrazwedka gullugynyñ (STASI) işgäri bolup çykmagy bar zady bulaşdyrdy. Partiýa CDU bilen birleşdi. Merkel soñra CDU-nyñ başlygy Şansölye Gelmut Kolyñ gyzlygy boldy. Partiýanyñ baş sekretarlygyna çenli beýgeldi. Soñam Koly satdy. Soñra 2000-nji ýylyñ 10-njy aprelinde CDU-nyñ başlyklygyna saýlandy. Elli bir ýaşynda 2005-nji ýylyñ 22-nji noýabrynda Germaniýanyñ ilkinji zenan kanslerligine saýlandy. Soñra köp gepläp hiç zat aýtmaýan-etmeýän pragmatist syýasatçy taryhyñ çañly sahypalarynda öz ýerini aldy! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||