MERMER DAŞ
Ol şäheriň çeträgindäki köçeleriň birinde, töwerekäki käbir kaşaň jaýlardan tapawutly ýönekeýje jaýda ýaşaýardy. Şeýle-de bolsa onuň öýi beýlekilere garanda has gelim-gidimlidi. Dost-ýarlary gelip, çaý başynda söhbet gurardylar, telewizorda aýdym-saz diňlärdiler.
Emma döwürem, döwranam ötegçi diýlişi ýaly wagty gelip, bu öýüň hem gelim-gidimi seýrekleşdi, soňabaka gelip gidýänleriň aýagam kesildi.
Munuň sebäbine düşünen bolsaňyz gerek, öýüň eýesi dünýäsini täzeledi. Özem ir, altmyşa-da ýetmän gitdi. Yzynda aýaly bilen entek öýerip ýetişmedik bir ogly galdy.
Günleriň birinde bu jaýyň gapysynyň öňüne ap-ak täzeje “Mersedes” gelip togtady. Ondan ýaşy altmyşdan ätlän, kümüşsöw saçly, geýnüwli daýaw adam düşdi. Şol wagt, maşynyň sesine, jaýdan garaýagyz, orta boýly, saçlary gaşyna düşüp duran ýigit çykdy. Gapynyň öňünde ýaşuly bilen ýaş ýigit bir salym biri-birine bilesigelijilik bilen seredip durdylar.
- Sen Nurmyradyň oglymy? -Ýaşuly ýigidi boýdan başa synlap sorady.
- Hawa, Salawmaleýkim…
- Salamy ilki bererler-diýip, ýaşuly kinaýaly ýylgyrdy. - Meniňem salamyňy aldygym bolsun. Indi ikimiz bir tanyşaly. Adyň kim?
- Aýmyrat.
- Aýmyrat diýsene, Nurmyrat pahyr adyňy özüniň adyna kapiýalaşdyryp dakan ekeni. Meniň adym Nedir. Ýaşlykda kakaň bilen bile oýnap ösdük, gowy görüşýädik, ýakyn dostduk…
- Ýaşuly öýe giriň, gapynyň öňünde durmaly-diýip, Aýmyrat myhmanyň sözüni böldi.
- Teklip edýän bolsaň giräýeli. Galanyny içerde gepleşeris. Ýöne sen indi maňa ýaşuly diýmän, Nedir aga diýäý.
Gapydan girilen ýer çaklaňja eýwan bolup, pukara öýüň goşlary-köneräk diwan, kreslo, kiçiräk telewizor, pola fabrik halylary düşelendi.
Myhman geçip oturandan Aýmyrat orta saçak ýazdy, çörek goýdy.
- Men häzir çaý demläýin.
- Ýok çaý gerek däl, otur. Meniň eşidişime görä ejeň ikiňiz ýaşaýan ekeniňiz. Ejeň nirede?
- Ejem işde, giçlik gelýä.
- Sen işläňokmy?
- Ýok, men ýakynda gullukdan geldim. Entek işe ýerleşmedim.
- Düşnükli. Men saňa aýtsam, kakaň ýogalanda-da, onuň soňky märekelerine-de gelip bilmedim. Sebäbi men köp ýyldan bäri Aşgabatda işleýärdim. Ýakynda geldim. Indi sen häzir meniň bilen ýör-de kakaň gubruny görkez. Men oňa zyýarat etjek.
Aýmyrat gapyny gulplap, maşyna mündi. Ol ýol boýy garaşylmadyk bu myhmanyň bolşuna birneme geň galyp barýardy. Ony gonamçylygyň törräginde jaýlanan kakasynyň gubruna eltdi. Guburyň başujynda Nurmyradyň ady, atasynyň ady, doglan we ýogalan seneleri ýazylan bir bölek tagta bardy.
Nedir gubryň başujyna geçdi-de aýagynyň üstünde aşak oturdy. Aýmyrat hem oturyp, onuň töwür galdyrmagyna garaşdy. Emma ol beýle etmedi, ýazgyly tagtanyň ýüzüne seredip, esli wagt dymyp oturdy. Ol oýa çümüpdi. Bütin geçmişini-çagalyk, ýetginjeklik, ýigitlik ýyllaryny, şol döwürde Nurik bilen, Nurjan bilen (ol Nurmyrada oglankalar “Nurik”, ýigit çykanlaryndan soň “Nurjan” diýerdi) oýnap-ösen ýyllaryny, soňra ýigitligiň käbir şohlyklaryny ýatlaýardy. Aýratynam, bir sapar Şabat kanalyna suwa düşenlerinde bolan aýylganç waka ömürboýy ýadynda möhürlenip galypdy. Şonda oglanlar Şabadyň aňyrky gyrasyna ýüzüp geçmişek edenlerinde ol kanalyň ortasyna-da ýetmän ysgyny gaçyp çümüp gitdi. Şo mahal onuň ýanynda ýüzüp gelýän Nurmyrat şol bada çümüp ony aşagyndan göterip suwyň ýüzüne çykardy we ýagyrnysynda gyra alyp çykdy.
Nurmyradyň öz janyny howp astynda goýup, bu eden işi ýöne-möne ýagşylyk däldi. Muny gowy bilýän Nediriň ýüreginde dostuna çäksiz minnetdarlyk bilen bergidarlyk duýgusy hemişelik saklanýardy.
Nedir Nurmyradyň gubrunyň başynda bu wakany ýene bir gezek ýatlap, “Eziz dostum, seniň şol eden batyrlygyň sebäpli men häzirem ýaşap ýörün. Men seniň bu ýagşylygyňy diriligiňde gaýtaryp bilmedim. Indi seniň ýoklygyňda nädip gaýtaraýyn?...”-diýip pyşyrdady. Ol gözüniň ýaşyny ýaglygy bilen süpürip oturan Aýmyrada garady-da, ellerini galdyryp, bilen dogalaryny okady. Soňra “Ýatan ýeriň ýagty bolsun, dostum” diýip, ýerinden turup, töweregine göz aýlady.
Gonamçylykdaky dürli guburlar - üstüne mermer daş ýatyrlanlary, bişen kerpiçden timarlanyp, nagyşlanyp gurlanlary Nurmyradyňky ýaly ýönekeý guburlardan gurply adamlar bilen pukara adamlaryň ýaşaýyş jaýlary ýaly tapawutlanýardy. Muny synlap duran Nedir: “Deňlik o dünýäde diýenleri dogry däl-ä. Bu ýerde-de deňlik ýok ekeni” diýip serinden geçirdi.
Gonamçylykdan gaýdyşyn tä Aýmyrady öýlerine eltýänçä Nedir ýeke agyz hem geplemedi. Aýmyrat hem onuň häzir näme iş edýändigini, nirede ýaşaýandygyny bilesi gelse-de soramaga çekinip ümsüm oturdy. Maşyn gelip gapynyň öňünde saklananda Nedir jübüsinden “wizitkasyny” çykaryp Aýmyrada uzatdy:
- Ine, şunda salgym, telefonlarym ýazylan. Menlik ýumşuň bolsa çekinme, bar, jaň et-diýdi.
Aýmyrat ak “Mersedes” köçeden çykyp gidýänçä onuň yzyndan seredip durdy. Soňra elindäki “wizitkany” okap, Nediriň öýüniň salgysyny, telefonlaryny bilip aldy. Giçlik ejesi işinden gelende bolan wakany gürrüň berdi.
-Nedir diýdiňmi? Ýadymda ýok. Kakaňyň dostlary köpdi. Olam şolaryň biridir-de-diýip, ejesi oňa känbir ähmiýet bermedi.
Şol günüň ertesi Nedir ýene-de geldi. Maşynyň sesine içerden çykan Aýmyrat salamlaşyp:
- Nedir aga, içeri giriň, çaýlaşaly-diýdi.
- Sag bol, Aýmyrat, seniň bilen soň arkaýyn oturarys. Häzir meniň işim gyssagly. Sen maňa kakaňyň soňky wagtda düşen suraty bolsa ber. Öýde onuň bilen ýaşlykda düşen suratlarymyz bar eken. Men onuň soňky döwrüni göresim gelýär.
Aýmyrat içeri girip, bir salymdan kakasynyň soňky düşen suratlaryndan birini çykaryp berdi. Nedir aga suraty alyp, oňa bir salym seretdi-de, goltuk jübüsine salyp, Aýmyrat bilen hoşlaşdy.
Arandan iki aýa golaý wagt geçdi. Hatyra günüdi. Aýmyrat ejesi bilen irden gonamçylyga barmak üçin ýola çykdylar. Gonamçylyga baryp gelýän goňşysy Güljan daýza olary saklap saglyk-amanlyk soraşdy, soňra:
- Aýmyratjan, dädeňiň üstüni ne enaýy edip bejeripsiň, görüp haýran galdym, tüwelleme!-diýdi.
Aýmyrat bilen ejesi bu gepe geň galyp, biri-birine seredişdi. Ýöne hiç zat diýmän, gonamçylyga tizräk ýetmäge howlukdylar. Baryp görseler, goňşysynyň aýdyşy ýaly gubur göreni aňk edýän edip bejerilipdir. Töweregi betonlanan gubryň üstüne uzynlygy bir ýarym metr, ini bir metre golaý ýalpyldap duran gara mermer ýatyrylyp, başujyna-da şonuň ýaly mermer dikligine oturdylypdyr. Onuň ýüzünde bolsa Nurmyradyň suraty şeýle bir ussatlyk bilen çekilipdir welin, göýä ol daşyň ýüzünde däl-de, içinde oturan ýalydy.
Suratyň aşagynda merhumyň doglan we ýogalan seneleri, ýatyrylan daşa bolsa onuň ýagty ýadygärliginiň ýüreklerde ebedi ýaşajakdygy barada şahyrana sözler zer harplar bilen ýazylypdyr.
Mermerdäki surat Nedir aganyň Aýmyratdan alyp giden suratydy. Şondanam bu işi kimiň edendigi bellidi.
Ejesi bilen Aýmyrat gubryň başynda esli wagt oturdylar. Soňra ejesi gözüniň ýaşlaryny süpürip:
- Oglum, ol adamyň ýanyna baryp, sag bolsun aýdyp gaýt-diýdi.
- Barjak, şu günüň özünde barjak, eje.
Aýmyrat agşamara Nedir aganyň berip giden salgysy boýunça jaň etdi. Öýünde ekeni. Bardy. Ol ony güler ýüz bilen garşy aldy. Köşk ýaly jaýy görüp Aýmyradyň kalbynda, görüplig-ä däl, “Meniňem öýüm şunuň ýaly bolsady” diýen arzuwa meňzeş bir duýgy döredi. Içerki otagdan Nedir aganyň özünden has ýaş, owadan aýal çykdy. Salamlaşyp saçak ýazdy.
- Ýeri, Aýmyrat, aýdyp otur, bir ýumuş bilenmi ýa-da Nedir agam bilen bir salamlaşyp gaýdaýyn diýip geldiňmi?
- Ýumuş bilen gelemok, Nedir aga. Dädemiň gubruny mermer örtüp bejerdipsiňiz, men şoňa sag bolsun aýtmaga geldim. Bu ýagşylygyňyz Alladan gaýtsyn!
Nedir aga mylaýym ýylgyrdy:
- Aýmyrat jan, onuň üçin maňa sag bolsun aýtmagyň geregi ýok. Sebäbi men ony ýagşylyk hökmünde däl-de, kakaňa örän uly bergim bolany üçin, diriliginde gaýtaryp bilmänim üçin etdim.
Bu gepe bir hili geň galan Aýmyrat Nedir aganyň ýüzüne bilesigelijilik bilen garady, kellesine gelen soragy dile almaga ejap etse-de soraman durup bilmedi:
- Uly bergim üçin diýdiňizmi? Ol näçeräkdi?...
Nedir aga bu sapar kellesini ýaýkap gamgyn ýylgyrdy:
- Meniň kakaňa bergim, seniň oýlaýşyň ýaly näçe-päçe däl. Ony pul bilen, zat bilen ölçäp bolmaýar. Meniň oňa bergim gursagymda urup duran ýüregim, janym.
Nedir aganyň jogabyna beter geň galan Aýmyrat:
- Düşünmedim, Nedir aga-diýdi. Şundan soň Nedir aga Aýmyrada oglanlykda bolan şol wakany gürrüň berdi. Soňunda:
- Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk unudylmaýar diýýärler. Adam birinden gören ýamanlygyny unutsa-da, ýagşylygy hiç haçan unutmaly däldir. Mümkinçiligi bolsa ony nähili ýol bilen bolsa-da gaýtarmagy gerek-diýdi.
Hekaýalar