MERWDE ÖNDÜRILEN ÖNÜMLER BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYÑ HARYTLARY HÖKMÜNDE
Türkmenistanyň üstünden geçen we halkara gatnaşyklarynda möhüm orny eýelän Beýik Ýüpek ýoly Gündogary Günbatar bilen birleşdirip, dürli siwilizasiýaly we medeniýetli halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm orny eýeläpdir.
Orta asyrlarda türkmen şäherleriniň gülläp ösmegine ýardam eden söwda ýoly arkaly ýüzlerçe görnüşli harytlar daşalypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşiniň başky döwründe Hytaýa Merkezi Aziýadan ýyndam bedewler, ýorunja tohumy, üzüm bilen bir hatarda, bakja önümleri we miweli agaçlar hem ilkinji gezek aralaşypdyr. Öz gezeginde, tüwi, çaý ýaly harytlar Hytaýdan getirilipdir. Hytaýda Parfiýanyň gobelen usulynda dokalan matalary we haly-palaslary uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Şol bir wagtda kagyz öndürmegiň, farfor önümçiliginiň tehnologiýasy ýaly täzelikler Hytaýda oýlanyp tapylyp, Beýik Ýüpek ýoly arkaly dünýäniň çar künjüne ýaýrapdyr. Dürli döwürlerde Merkezi Aziýadan Hytaýa harby enjamlar, altyn we kümüş, ýarym gymmatbaha daşlar, aýna we deri önümleri, halydyr palaslar, gawun, garpyz ýaly bakja ekinleri, bedewlerdir tazy itleri alnyp gidilipdir. Hytaý öz gezeginde meşhur ýüpegi we farfory bilen bir hatarda, lak önümlerini, parfýumeriýa we derman önümlerini, bürünçden ýasalan harytlary, metal gap-gaçlary dünýä halklaryna hödürläpdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalarynyň birinde ýerleşen Merw şäheri orta asyrlarda ägirt uly we gülläp ösen söwda merkezi bolupdyr. Taryhy çeşmelerde Merw şäheriniň berkitmeleri we şäher derwezeleri, kaşaň metjitleri we haryda baý bazarlary, kanallarydyr howuzlary, Merwde öndürilen harytlar barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu şäher barada şeýle diýilýär: «Marynyň geçmişi, edil onuň üstüni müňýyllyklaryň dumany gaplan ýaly, örän syrly. Hatda gadymy şäheriň ýaşy hakynda-da ylymda kesgitli pikir ýok. Bir zat welin anyk, Merw gülläp ösen gadymy Margiananyň paýtagty, kerwen ýollarynyň hem möhüm bir çatrygy bolupdyr».
Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri türkmen topragynda ýetişdirilen ajaýyp bag-bakja önümlerini Gündogaryň we Günbataryň dürli ýurtlaryna äkidipdirler. Türkmen gawunlary we ondan taýýarlanylýan kak, üzüm we kişmişler dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlaryň hatarynda bolupdyr.
Orta asyr awtorlarynyň işlerinde Merwiň bag we bakja önümleriniň ýokary hilliligi we olaryň dürli ýurtlara äkidilendigi barada gyzykly maglumatlar berilýär. Arap syýahatçysy al-Istehri «Kitab mesalik al-memalik» atly geografik eserinde (X asyr): «Merwiň gury önümleri — üzüm we beýlekiler başga ýerleriň önümlerine görä has gowy görülýär. Gawunlary dilimläp, Yraga-da äkidýärler» diýip ýazýar. Taryhçy al-Mukaddasi «Ahsan at-takasim fi marifat al-akalim» («Ýurtlary öwrenmek üçin iň amatly bölünişik») atly işinde: «Onda (Merwde) örän köp üzüm we ülje bar. Merwiň süýji tagamlaryna we gawunlaryna deň geljek zat ýokdur» diýip belleýär. Eýran taryhçysy Hamdallah Kazwininiň XIV asyra degişli «Tarih-e-gozide» («Saýlanan ýyl ýazgysy») atly taryhy eserinde «Merwiň miwelerinden üzüm, armyt, gawunlar örän tagamly; olary guradyp, dürli ýurtlara äkidýärler» diýlip aýdylýar. Geograf Hafizi Abru «Zubdat at-tawarih» atly eserinde (XV asyr): «Merwde gawunlar örän gowy ösýär. Olary guradýarlar we «kak» diýip atlandyrýarlar, gawunyň suwundan şerbet gaýnadýarlar» diýip ýazýar.
Merwiň tagamlaryny Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dürli ýurtlara abatlygyna äkitmek üçin, külallar tarapyndan ýasalan dürli görnüşli küýzeler ulanylypdyr. 1960-1961-nji ýyllarda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasynyň alymlary tarapyndan Merwde saklanyp galan XII asyra degişli «kepderihana» diýlip atlandyrylýan jaýlar öwrenilende, bu jaýlaryň miweleri we bag-bakja önümlerini saklamak üçin niýetlenilendigi anyklanyldy. Jaýlaryň diwarlarynda köp sanly 25x30x25 ölçegdäki tekjeler bolupdyr. Bu tekjelere uzyn pürsleri geýdirip, miweleri, gawun-garpyzlary asypdyrlar, gawunlary dilimläp, kak guradypdyrlar. Şol ýadygärlikden dürli görnüşli miweleriň çigitleri, köp sanly küýze bölekleri tapyldy. Arheolog alymlaryň pikirine görä, şol ýadygärlikden tapylan gapdal diwarlary deşikli, düýpsüz küýzeler gawunlary, miweleri kerwen ýollary bilen daşary ýurtlara äkitmek üçin ulanylypdyr.
Merwde öndürilen we Beýik Ýüpek ýoly bilen daşary döwletlere äkidilen harytlaryň hatarynda merw matalary aýratyn meşhurlyga eýe bolupdyr. Taryhçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Gündogar ýurtlarynda sünnälenip, inçe dokalan gowy matalaryň ählisine «merw matasy» diýilmeginiň özi-de ol matalaryň hiliniň ykrar edilendigini aňladýar. Merwiň ýüpek sapak bilen keşdelenen parçasyna, «şahyjany», «mulham» matalaryna taý geljek mata şol döwürde bolmandyr we olar Nyşapuryň, Buharanyň we Bagdadyň bazarlaryna-da äkidilipdir.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde Merwde dokalan ýokary hilli pagta matalar barada: «Marynyň bazarynda, esasan, pagta ýüplüginden dokalan matalar has köp bolupdyr. Ýerli ussalar şeýle bir ussatlyga ýetipdirler, olar matalaryň aýry-aýry görnüşlerinden soltanlardyr emeldarlar üçin lybaslar tikipdirler, olaryň bahasy bolsa parça bilen deň ekeni» diýip ýazsa, ýüpek matanyň önümçiligi babatynda şeýle belleýär: «Merwde ýüpek öndürýänler we işleýänler hem köp eken... Merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Şähere suw barýan Majan hem-de Razik akabalarynyň töwereginde tut agaçlary ösüpdir. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklary näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir».
Orta asyr awtorlary Merwde hünärmençilik önümçiliginde dokmaçylygyň esasy orny eýeländigi, şäherde dokmaçylaryň kwartallarynyň bolandygy baradaky ýazgylary galdyrypdyrlar. Has gymmat bahaly matalar arap halyfynyň şahsy eýeçiligindäki dokma ussahanalarynda dokalypdyr. Şol ussahanalarda bezeg ýazgysy bolan ýokary hilli ýüpek tiražy matalary öndürilipdir. Ýazgylarda halyfyň ady, matanyň dokalan senesi we ýeri, käte dokmaçynyň ady görkezilipdir.
Merwde dokalan matalaryň örän seýrek nusgalary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ýokarky Müsüriň orta asyra degişli adam jaýlanan ýerlerinde merw dokmaçylarynyň dokan matalarynyň nusgalary ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda şol nusgalar Müsüriň, Angliýanyň we ABŞ-nyň muzeýlerinde saklanýar. Merwde dokalan tiražy görnüşli has irki mata 873-874-nji ýyllara degişlidir. Şonda şeýle mazmunly ýazgy bar: «Alla onuň şu ýerde bolmagyny uzaltsyn! Bu (iki ýüz) altmyşynjy ýylda Merwde hut öz tiražynda musulmanlaryň işlerini dolandyryjy, hudaýa tagzym edýänleriň dogany (Alla oňa hemaýat etsin!) emir Abu Ahmet al-Muwaffak bi-l-lahiniň berjaý etmegi buýrany». Ol mata sary ýüpekden dokalyp, ýüzüne garamtyl gök ýüpekden keşde salnypdyr. Ýüpekden we kenepden dokalan başga bir mata böleginde 891-nji ýylda Merwde halyfyň ýegeniniň buýrugy esasynda halyf al-Mutamid ala-llanyň ady ýazylan ýazgy bar. Bu matalar, adatça, satlyga çykarylmandyr. Olaryň hemmesi halyfyň hazynasyna baryp düşüpdir we harbylardyr köşk emeldarlaryna hak-heşdek tölemek üçin ulanylypdyr. 944-946-njy ýyllarda halyf al-Mustafi aradan çykanda, onuň hazynasynda merw matasynyň 63 müň bölegi we merw selleleriniň 13 müňüsi bar ekeni. Halyflygyň şäher merkezleriniň ençemesinde merw matalaryna meňzeş matalary dokajak bolup synanyşypdyrlar, emma merw matalary hili boýunça-da, owadanlygy boýunça-da deňi-taýy bolmadyk mata diýlip hasaplanypdyr.
Arap ilçisi Ahmed ibn Fadlanyň kitabynda patyşanyň türklere-oguzlara gowşuran sowgat-peşgeşi sanalyp geçilýär, olaryň arasynda «merw egin-eşikleriniň ikisi», parçadan tikilen egin-eşikler we bäş sany ýüpek lybas agzalýar. Şol sanawdan görnüşi ýaly, merw egin-eşikleri, ýüpek matalary ýokary nyrhda bahalanypdyr.
Sungatyň taryhy boýunça edebiýatlarda tiražy matalarynyň Müsürde ýa-da Tunisde dokalan bolmagy mümkin, arap dokmaçylary tiražy matalaryny dokamagyň usulyny eýran dokmaçylaryndan öwrenipdirler diýen nätakyk maglumatlar duş gelýär. Emma taryhy maglumatlar tiražy matalarynyň şeýle ýokary ussatlyk bilen hut merw dokmaçylary tarapyndan dokalandygyny tassyklaýar, munuň özi bolsa türkmen halkynyň dokmaçylyk tärleriniň örän gadymy kökleriniň bardygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.
Parahatçylyk, söwda we aragatnaşyk ýoly bolan gadymy Beýik Ýüpek ýoly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen täze görnüşde, täze öwüşginler bilen dikeldilýär. Ýurdumyzda halkara ähmiýetli Türkmenabat — Kerki; Tejen — Sarahs — Maşat; Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýollary, transgaragum şosse ýollary, Hytaýa, Eýrana transkontinental gaz geçirijileri — bularyň hemmesi gadymy söwda ýollarynyň häzirki zaman dowamaty bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşlerde hem täze öwüşginler bilen dikeldilmegi Türkmenistanyň halkara, syýasy, medeni, söwda we aragatnaşyk ulgamlarynyň öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykmagyna, bütin ýurdumyzyň gülläp ösmegine ýardam edýär. Asyrlaryň dowamynda söwda gatnaşyklarynyň ösüşi bilen bilelikde halklaryň ýakynlaşmagyna getiren Beýik Ýüpek ýolunyň şu günki gün täzeden dikeldilmegi ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki günde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dürli ýurtlara äkidilýän türkmen milli önümleri dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar bolup, Garaşsyz döwletimiziň şan-şöhratyny arşa göterýär.
Maýa BEKNAZAROWA,
TDLU-nyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Taryhy makalalar