01:10 Migrantlar arkaly Türkiýäniñ basylyp alynmagy | |
MIGRANTLAR ARKALY TÜRKIÝÄNIÑ BASYLYP ALYNMAGY
Publisistika
Türkiýede edil şu günler jemgyýetçilikdäki şek-şübheli pikirlere beleñ berýän gipotezalar we garaýyşlar giñden ünsi çekýär. Muny gören käbir otstawkadaky generallaram durman käbir ýapa degmez komplimasiýa teoriýalaryny ylmy maglumat ýaly köpçüligiñ dykgatyna hödürläp, özüne ünsi çekýär, teleýaýlymdan teleýaþlyma ylgap meşhurlyklaryny we at-owazalaryny artdyrýarlar. Şeýdibem, otstawkadaky birsydyrgyn durmuşlaryna reñk we many goşmak bilen, zatlaryñ bahasynyñ barha gymmatlamagynyñ garşysynda eräp barýan gaznalaryna az-uçugam bolsa düşewünt salýarlar. Aýdylýan gep şu: "Günbatar, has dogrusy ABŞ, migrantlary (öz ýurduny taşlap, iş gözlemäge gelýän daşary ýurtlylary) Türkiýäniñ üstüne sürüp, ýurduñ demografik gurluşyny üýtgetmek arkaly basyp almaga synanyşýar". Bu yapa degmez pikiri iñ köp agzaýanam otstawkadaky admiral Jihat Ýaýjy. Fatih Altaýly ýaly ýurduñ adybelli žurnalistleri-de Ýaýjy ýaly otstawkadaky harbylary gepleşiklerine çagyryp, şeýle pikirleriñ jemgyýetçilikde ýaýramagyna sebäp bolýar. Jihat Ýaýjy Günbataryñ migrantlaryñ üsti bilen Türkiýäni basyp aljak bolýany barada orta atylýan esassyz we bolgusyz çaklamalardan başga hiç zat ýok. Ortada ne delil bar, ne subutnama. Muña garamazdan egninde uly-uly ýyldyzlar bolan öñki harbylar şeýle diýse, köpçülik muña üns berýär, hatda ynanýar. Ýogsam bolmasa, akly-huşy ýerinde bolup, logiki pikirlenip bilýän adama iñ bärki hakykat şu: Türkiýäniñ daş-töweregi otly halka. Owganystanda, Eýranda, Yrakda, Siriýada we başga-da birnäçe ýurtda graždanlyk urşundan, işsizlikden, syýasy basyşlardan, häkimiýetleriñ diýdimzorlugyndan gaçyp gelýän millionlarça adam Günbatara aşmak üçin ýola rowana bolan ýagdaýda. Bu adamlaryñ gözünde, Günbatar - ýer ýüzüniñ jenneti. Emma jennete ýetäýmek o diýen añsat bolmanlygyndan ýol ugrundaky duralgalarda dyknyşyk bolýar. Şeýle dyknyşyklaryñ birem Aziýa bilen Ýewropanyñ arasynda köpri hyzmatyny ýerine ýetirýän Türkiýe. Günbatar bosgunlaryñ öz bosagasyna çenli gelip ýetmezligi üçin birnäçe milliard ýewro ýa-da dollarlyk Türkiýe bilen "Göç we yza gaýdyp alma" şertnamasyny baglaşan ýagdaýda. Şeýle-de bolsa, ýüpüni üzüp, Günbatara aşan migrantlaryñ sany Türkiýäñkiden esseme-esse köp. Şeýle bolansoñ, häzir Ýewropanyñ iñ uly ykdysadyýeti bolan Germaniýada ilatyñ 30%-ne golaýyny asly musulman gelmişekler düzýär. Ýagny, köçedäki her üç germaniýalynyñ biri gelmişek. Muña garamazdan hiç kimse ýa hiç bir otstawkadaky nemes ofiseri "Kimdir birileri migrantlar arkaly ýurdumyzy basyp aljak bolýar" diýip jemendäni gulgula salanok. Özem bu ýurtda migrant gelip çykyşlylar Türkiýedäki ýaly iñ agyr işlerde iñ pes zähmet hakyna işläp, ýurduñ agramyny arkalaryna göterenok, gaýtam tersine: şäher häkimi, partiýanyñ başlygy, profsoýuzyñ başlygy, ýazyjy-şahyr, sungat işgäri, halk deputaty, hatda ministr bolup işleýär we nemesleriñ özündenem olara añry otur-bäri otur bolanok, gyýa göz bilen garalanok. Ýa-da Angliýany alyp göreliñ: Günbatar medeniýetiniñ paýtagty saýylýan Londony eýýäm birnäçe ýyl bäri goñras tenli asly päkistanly migrant dolandyrýar. Downing Stritdäki 10-njy belgide-de ýene goñras tenli asly hindistanly oturýar. Ýeke angliýaly iñlis "Bu gündogarly gelmişekler ýurdumyzy basyp aldy" diýip perýat çekenok. Fransiýa, Gollandiýa, Belgiýa ýaly ýurtlarda-da, umuman alanda ýagdaý şolar ýaly. Ýagny, migrantlaryñ akymyna uçrap, demografik gurluşy üýtgän Günbataryñ özi. Türkiýede bolsa bularyñ birem bolanok. Ne şäher häkiminiñ kürsüsinde siriýaly bar, ne-de partiýanyñ başlygy ýa-da ministr bolan owgan bar. Gaýtam tersine, owganystanlysyndan siriýalysyna, eýranlysyndan yraklysyna çenli ähli daşary ýurtlular hiç bir türküñ elini degresi gelmeýän iñ agyr işlerde iñ pes zähmet hakyna işläp, ýurduñ ykdysadyýetine goşant goşýarlar. Her aýyñ ahyrynda bankomatlaryñ öñüne üýşýän siriýalylar barada aýdanda bolsa: Ýewropa bileleşigi bosgun hökmünde kabul edilen her siriýala 250-300 ýewro aýlyk berýär. Ýewropanyñ käbir fondlary bosgunlara niýetlenen pullary Türkiýäniñ "Halk" we "Ziraat" banklarynyñ hasabyna geçirýärler. ÝB tarapyndan bosgunlaryñ saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşlary-da açylandygy üçin siriýalylar aýyñ ahyrynda altan aýlyklaryny bankomatlardan çekmek bilen hassahanalarda-da tölegsiz bejergi alyp bilýär. Mundan habary ýok türk jemgyýetçiligi-de "Waý, dat, biz aç otyrkak we iş tapman ýörkäk döwletimiz siriýalylara aýlyk berýär, hassahanalardan tölegsiz bejergi almasyny ýola goýýar" diýip, uly galmagal turuzýar. Prezident Erdoganyñ özem "biz on ýylda bosgunlara kyrk milliard dollar sarp etdik" diýip, jemgyýetçiligiñ gowrunyñ üstüne benzin sepýär. Ýogsam bolmasa, hiç kimiñ kellesine Maliýe ministri Mehmet Şimşegiñ 5-10 milliard dollar kredit pul tapmak üçin Günbatarda gapy kakyp ýörkä, sen nädip we haçan bosgunlara kyrk milliard dollar sowanmyşyñ?" diýip soramak pikiri gelmeýär. Türkiýede ykdysadyýetiñ emelsizliginden gelip çykýan ykdysady bökdençlikler ulaldygysaýy günäni başgalaryñ boýnuna atmak jemgyýetçilikde ýasama ynjalyk döremegine getirýär. Ýogsam bolmasa, bosgunlary ýurduñ başyna bela edenem Türkiýäniñ özi. Hiç kim "Göç we yza gaýdyp alma" şertnamasyny baglaşmagy üçun Türkiýäni mejbur etmedi ýa-da gorkuzmady. Gaýtam, Ankara muña öz razylygy we meýletin erk-ygtyýary bilen gol çekdi. Edil şolar ýaly daşary ýurtlylara puluna raýatlyk berenem, şeýtmek bilen ýurdy kisesi pully garañky ýüzler bilen doldyranam ýene Ankaranyñ özi. Ömürlerini harby gulluk, ok-ýarag, däri ýaly meseleler bilen geçiren otstawkadaky generallar we admirallar ýurduñ goranyşyna degişli haýsydyr bir derekli meýilnamany, taslamany, maksatnamany orta atmakdan ejiz gelýär. Muña derek Orta Gündogar Tehniki uniwersitetiniñ, Bosfor uniwersitetiniñ ýaş hünärmenleri, "dinçi" we "ýobaz" diýlip üstünden gülnen Temel Kotil ýaly badam murtly ýolbaşçylaryñ başlyklygynda raketalary, dronlary, tanklary, wertolýotlary, söweşjeñ uçarlary öndürip, ýurdy mynasyp ornuna götermek üçin der dökýär. Häzirki otstawkadaky generallarymyzyñ podpolkownik we polkownik çininde gulluk edip ýören ýyllarynda bolsa, PKK etraplara dökülip, hendek gazyp, birnäçe aýlap ilatly punktlary elinde saklaýardy, olam az bolýan ýaly nobatçylykda duran esgerlerimizi ýesir alyp, daglaryñ üsti bilen ýüzlerçe kilometr ýol aşyp, Demirgazyk Yrakdaky lagerlerine äkidip bilýärdiler. Otstawkadaky generallar bu aýybyñ hasabyny bermekden geçen, gaýtam bilmeýän zatlary hakda akyl satyp, ýalan-ýaşryk maglumatlar bilen jemgyýetçiligiñ añyny bulaşdyrýar hem-de lapyny keç edýär. Ilker Başbug Ýadyñyza salyñ, Ýaragly Güýçleriñ Baş Ştabynyñ öñki başlygy Ilker Başbug goşun bölüminiñ ýaşaýyş jaýynyñ howlusynda ýeriñ astyndan çykan raketany žurnalistlere görkezip, "bu ýarag däl, turba" diýip gygyrypdy. Şonda ýeke žurnalist "Ýoldaş general, göz bar, gulak bar. Munyñ ýaragdygy görnüp dur-a, turba däl bu" diýip bilmändi. Başbug paşa edil şol ýaly wezipe elindekä FETÖ-çy prokurorlaryñ kosmiki otaga girip, Ýaragly Güýçleriñ iñ gizlin syrlaryny ele salmagyna-da sesini çykarmandy, ýöne otstawka çykansoñ welin, teleýaýlymdan teleýaýlyma ylgap, hemme temadan akyl satmaga başlapdy. Dogry, migrantlar Türkiýe üçin ullakan problema. Emma şol bir wagtyñ özünde arzan işçi güýji hökmünde-de tapdyrgysyz nygmat. Biziñ günlerimizde göçüşlikler, uruşlar, açlyk, gahatçylyk zerarly diñe Türkiýäniñ däl, gaty köp ýurduñ demografiki gurluşy üýtgeýär. Türkiýäniñ özündenem her ýyl ak ýakaly ýüz müñlerçe raýat Gübbatara göçýär. Häzir hiç bir uruşyñ ýa-da sosial oñşuksyzlygyñ bolmadyk Türkiýesinden gaçyp Germaniýa sygynan türkleriñ sany owganlardanam geçip, ikinji orna gelen ýagdaýda. Geñ ýeri-de şu: owganlar we siriýalylar uruşdan gaçýar, a türkler nämeden gaçýar? Gepiñ keltesi, hiç kimiñ Türkiýäniñ demografik gurluşyny üýtgedip basyp almak ýaly pikiri ýok. Gorkmañ, arkaýyn boluñ. Her aýdylýan zada-da ynanmañ, aýratynam muny otstawkadaky admiraldyr general ýa-da pensiýadaky ilçi ýaly biri aýdýan bolsa... Bular ýaly adamlaryñ aýdýan sözünden öñ eden işlerine ser salyñ. Öñküleriñ aýdyşy ýaly, "adamyñ sözüne däl-de, işine seredilýär". Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 18.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |