Mihail Semýonowiç Golodnyý (hakyky familiýasy Epşteýn), tanymal rus sowet şahyry, terjimeçi, žurnalist, harby korrespondent, sosialistik realizm edebi metodynyñ görnükli wekili.
1903-nji ýylyñ 11(24)-nji dekabrynda şol wagtky Ýekaterinoslaw guberniýasynyñ Bahmut posýologynda ýewreý maşgalasynda dogulýar.
Onuñ çagalygy we ýaşlygy Ýekaterinoslawyñ (häzirki Dnepropetrowsk) Aleksandrowsk köçesinde geçýär. Sowet häkimiýetiniñ gurulmagy bilen komsomol şahyry M.Swetlowyñ ýaşlar hereketine aktiw gatnaşan M.Golodnyý 1919-njy ýylda döredijilik bilen ymykly meşgullanyp başlaýar. Onuñ ilkinji goşgulary «Юный пролетарий» (1920), «Молодая кузница» (1924) žurnallarynda, «Грядущая смена» gazetind çap edilýär.
1920-nji ýylyñ başynda Harkowa, soñra Moskwa gidýär. Ol rabfakda okandan soñ W.Ý.Brýusow adyndaky edebiýat we çeperçilik institutynda bilimini dowam etdirýär. Soñra Moskwa uniwersitetine okuwa girýär. 1939-njy ýylda Kommunistik partiýanyñ agzasy bolýar. Ol Moskwanyñ Kamergerskiý pereulogynyñ 2-nji jaýynda adybelli "Ýazyjylar kooperatiwiniñ öýünde" («Доме писательского кооператива») ýaşap başlaýar. Ikinji jahan urşy başlanda merkezi we front gazetleriniñ harby habarçysy bolup işleýär.
Şahyr 1949-njy ýylyñ 20-nji ýanwarynda awtoulag heläkçiligine uçrap aradan çykýar we Moskwanyñ "Новодевичье" gonamçylygynda jaýlanýar.
Onuñ ogly Sezar Golodnyý (1927—1971) žurnalistdir we aýaly Lidiýa Pawlowna Sýung-Golodnaýa (1918—1992) bolsa tanymal aýdymçydyr.
Şahyr M.Golodnyý öz eserlerinde esasan Russiýanyñ Beýik Watançylyk ýyllaryndan öñki Graždanlyk urşy ýyllarynyñ üstünde köp durýar. Onuñ poemalary, aýdymlary, balladalary we «Верка Вольная», «Судья ревтрибунала», «Песня чапаевца», «Песня о Щорсе», «Партизан Железняк» ýaly gymmatly eserleri 1920-30-njy ýyllaryñ taryhy mif derejesine ýetirilen epiki beýanydyr. Şeýle hem M.Golodnyý ukrain şahyry T.G.Şewçenkonyñ, polýak şahyry A.Miskewiçiñ, M.F.Rylskiniñ we başgalaryñ eserlerini rus diline terjime etdi.