17:26 Mihail Şolohow: "Halkyñ öñünde egilmegi borjum saýdym" | |
MIHAIL ŞOLOHOW: "HALKYÑ ÖÑÜNDE EGILMEGI BORJUM SAÝDYM"
Edebi makalalar
Sosialistik rewolýusiýanyñ ýurtdan gaçyp gitmäge mejbur eden rus ýazyjylary ýigriminji ýyllaryñ ortalaryndan başlap, Fransiýa ýaly Ýewropanyñ dürli ýerlerinde meşhurlyk gazanmaga başlanda, Marina Swetaýewanyñ "Gorkiý özbaşyna bir döwür, Bunin bolsa bir döwrüñ soñudyr" diýen Iwan Bunini 1933-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp boldy. SSSR-iñ dolap getirmek üçin jan edendigine garamazdan, örän dogry netijä gelip yza gaýdyp barmadyk ýazyjy 1953-nji ýylda Fransiýada "watansyzlar" kategoriýasynda aradan çykdy. "Doktor Žiwago" romanyny 1957-nji ýylda özünden interwýu alan italýan žurnalistine beren Boris Pasternak özünden soñky ýyl Nobel baýragynyñ beriljegini bilsin?.. Edilen basyşlar Pasternagy edebiýat boýunça berilen 1958-nji ýylyñ Nobel baýragyndan el çekmäge mejbur edipdi. Hut şondan soñky geçen wagtda Sowet Soýuzy sap "sosialistik realizm" teoriýasynyñ awtory Mihail Şolohowyñ Nobel baýragyny almagy üçin ähli mümkinçiliklerini güýje girizipdi. 1965-nji ýylyñ Nobel baýragyna mynasyp bolan Mihail Şolohow baýrak gowşuryş dabarasynda frak (dabaraly çärelerde geýilýän penjek) geýmejekdigini we şwed korolynyñ öñünde egilmejekdigini aýdypdyr. Ýazyjynyñ goýan bu şertleri bilenem ylalaşylypdyr. 1970-nji ýylda baýragyny almak üçin ýurtdan çykylmagyna rugsat berilmedik Aleskandr Solženisyn 1974-nji ýylda geçiren baýrak gowşuryş dabarasyndan soñ "GULAG arhipelagynyñ" awtory göni ABŞ-na uçup gitmäge mejbur bolupdy. 1998-nji ýylda ýurduna dolanan Solženisyn 2002-nji ýylda oglunyñ toýuna ýurduñ prezidenti Wladimir Putini-de çagyrypdy we ol Putine şu wakany gürrüñ beripdi: - Barmenden arak alyp durkam, KGB-niñ işgärleri maña bildirmän arkamdan iññe sanjypdylar, iki sagatdan soñ özümden gidipdirin. Nobel baýragyny alan dört rus ýazyjysyndan üçüsi ýurduny taşlap gitmäge mejbur boldy. Iosif Brodskiniñ alan baýragy bolsa, häzire çenli rus ýazyjysyna berlen iñ soñky baýrakdyr (1987). Mihail Şolohowyñ baýrak gowşuryş dabarasynda sözlän sözüniñ edebi aýratynlyklardan zyýada syýasy tarapynyñ agyr basmagy elmydama tankyt edilip gelindi we edilen tankytlar köp derejede ýerlikli. Üstünden elli ýyl geçenden soñ edebiýat boýunça 1965-nji ýylyñ Nobel baýragyna hödürlenenleriñ arasynda şahyra Anna Ahmatowanyñ hem adynyñ bardygy ýüze çykypdy. Uçursyz zehinli şahyr Ahmatowanyñ bu baýragy alyp bilmezligi edebiýat dünýäsini hiç wagt diñmejek gynanja gark edipdir. Onuñ äri Nikolaý Gumilýow Staliniñ intelligensiýanyñ wekillerini ýok etme syýasatynyñ çäginde atylypdy, şeýle-de bolsa bu iki ajaýyp ynsanyñ maşgalasynda dünýä inen ogullary Lew Gumilýow umumytürk taryhynyñ we medeniýetiniñ iñ görnükli alymlarynyñ biri bolmagy başardy. • Mihail Şolohowyñ Nobel baýragyny gowşuryş dabarasynda sözlän sözi: Maña Nobel baýragyny beren Şwesiýanyñ Korollyk akademiýasyna şu dabaraly çärede ýene bir gezek minnetdarlyk bildiresim gelýär. Men indi diñe kärimiñ däl, şol bir wagtyñ özünde edebiýatçy hökmünde şahsyýetime mahsus aýratynlyklaryñ halkara derejesinde kabul edilmeginiñ döreden şatlyk duýgusyny mälim etmek mümkinçiligini edindim. Men bu baýragyñ rus sowet ýazyjysyna berilendigi üçin çäksiz buýsanýaryn. Bärde men öz watanymyn uly edebiýat toparyna wekilçilik edýärin. Men indi bu baýragyñ roman žanrynyñ dürli ýollardan makullanmagyndan duýýan şatlygymy-da beýan etdim. Dogrymy aýtsam, soñky wagtlar roman žanrynyñ möwritiniñ geçendigi we döwrüñ talaplaryna jogap berip bilmeýändigi barada ýazylan makalalary okaýaryn, edilen çykyşlary diñleýärin. Emma hemme zada garamazdan hakykatyñ dünýäsini has doly formada gurşap almaga we beýan edijilik arkaly adamyñ ýaşaýşa çemeleşişini, onuñ wawwaly soraglaryna gyzyklanmasyny, pikirdeşleriniñ gyzyklanmasyny kesgitleme mümkinçiligini roman edýär. Roman başgaça aýdanda, öz kiçijik "menini" dünýä nyzamynyñ merkezi deýin görme synanyşyklarynyñ öñüni kesende, galapyn töweregimizdäki gojaman durmuşa düýpden göz ýetirmegimiz üçin öñden biziñ ýerimizi kesgitleýär. Öz tebigatyna mahsus aýratynlyk bilen bu ýazuw žanry realist ýazyja örän giñ meýdany hödürleýär. Hamana wezipesini soñlandyranmyş diýip, sungatdaky birnäçe ýaş akym realizmi ret etmäge synanyşýar. Konserwatizmiñ tankytçylaryndan hiç hili çekinmän, özümiñ realizm sungatynyñ ynançly tarapdarydygymy aýdasym gelýär. Edil häzir köplenç forma ugrunda ýoñ bolan synaglary göz öñüne tutup, edebi awangardyñ gürrüñini köp edýärler. Meniñ pikirimçe, hakyky awangard ýazyjylar eserlerinde asyrymyzyñ durmuşynyñ çäklerini kesgitleýän we täze düzümini orta atýan döredijilerdir. Tutuşlygyna alanda realizm we realistik romanyñ özi-de geçmişiñ beýik ussatlarynyñ toplan edebi tejribelerine goldanýar. Emma ösüş ýoluny geçende, doly täze, çuñ we döwürdeş çäkleri edindiler. Men özümde "durmuşyñ täzelenmegi" pikirini göterýän realizmiñ, adamyñ ýagty geljeginiñ hatyrasyna onda geçirilen üýtgeşmeleriñ gürrüñini edýärin. Ýagny men häzir biziñ "sosialistik realizm" diýýän realizmim žanrymyzyñ gürrüñini edýärin. Onuñ özboluşly aýratynlygy - hakykatdan gaçmaýan, adamzady ösüşe ugrukdyrmak üçin alnyp barylýan, millionlarça adamyñ umumy maksada ýetmegine ýardam edýän göreşe çagyrýan, onuñ göreş ýoluny ýagtylandyrýan dünýägaraýşynyñ görkezijisidir. Adamzat özüni ýer ýüzüniñ gowulyklarynyñ daşyna çykaran kosmonawtlar mysaly we hamana agyrlygyñ bolmadyk şertlerinde ýeke-ýalñyz galan şahslar hökmünde (toparlara) bölünmändir. Biz ýer togalagynda ýaşararys, ýer kanunlaryna eýerip ýaşaýarys. Injilde aýdylyşy ýaly, şu günüñ dünýäsiniñ şeri, gaýgy-gussasy we talaby iñ gowy geljege umytlary bilen dolup-daşýar. Ýer ýüzüniñ san-sajaksyz ilat gatlaklary umumy bähbitlede tarap hereket edýär, olar bilen bölüp-parçalamakdan zyýada galapyn birleşdirmäge gönügen umumy bähbitler bilen ýaşaýar. Bular hemme zady öz elleri we beýinleri bilen döreden adamlardyr. Men iñ ýokardaky öz ýazyjylyk buýsanjyny we galamy bilen zähmetkeş halka hyzmat etme mümkinçiligini hiç zat bilen çäklendirmezlik azatlygynda görýän ýazyjylardan. Hemme zatdan şundan gözbaş alýar. Sowet ýazyjysy hökmünde döwürdeş dünýäde ýazyjynyñ ornuny nirde görmeli däldigi boýunça pikirlerim şundan gelip çykýar we şekillenýär. Biz galagoply ýyllary başdan geçirýäris. Ýer ýüzünde uruşyñ bolmagyny isleýän halk ýok. Halklary tutuşlygyna uruş odunyñ içine atýan gara güýçler bar. Ikinji jahan urşunyñ öñi-ardy görünmeýän ýangynlarynyñ külüniñ ýazyjynyñ ýüreginu gobsundyrmazlygy mümkinmi? Wyždanly ýazyjy nädip adamzady ýok etmäge iterýän gara güýçlerine garşy çykmaz? Özüni Olimpiýa daglarynyñ çürbaşyndaky garşydaş güýçleriñ garpyşygyndanam ýokarda goýýan we Hudaýyñ beren adam muşakgatlaryna biperwaý birinden tapawutlylykda adamzadyñ kinniwanja bölegi we öz halkynyñ ogly bolan döredijilik işgäriniñ wezipesi, borjy nämeden ybarat? Adamlar bilen wyždanly görnüşde gürleşmek, kämahal ajy-da bolsa adamlara erkek ýaly hakykaty aýtmak, adamlaryñ kalbyndaky geljege bolan ynanjyñ ýany bilen, bu geljegi gurma ukyby bolan öz güýjüne ynamy berkitmek. Dünýä ýokardan aşaklygyna alanda parahatçylyk ugrunda göreşmekdir we sözüniñ ýetýän her bir ýerinde öz sözüñ bilen göreşijileri ýetişdirmekdir. Progres üçin jan çekýän adamlary tebigy we ynsanperwer işlerde birleşdirmekdir. Sungat adamyñ aklyna we kalbyna täsir edip biljek iñ uly güýje eýedir. Elmydama bu güýji adamlaryñ kalbynda gözellikler döretmäge, adam üçin ýagty geljegi kemala getirmäge ugrukdyrylan adamlaryyñ döredijilik hukugynyñ bardygyny pikir edipdim. Taryhyñ menzillerinde meniñ öz halkym endigan ýollardan ýöräp şu günlere gelmedi. Ol menziller durmuş oýlap tapyjylarynyñ, yzçylaryñ ýoly boldy. Ýazyjy hökmünde men elmydama ýazan we ýazjak eserimde hiç kime hüjüm etmeýän, çozmaýan, emma döreden zatlaryny abraý bilen goramagy, öz azatlygyny we mertebesini, öz erk-islegi bilen öz geljegini gurma hukugyny öñe sürýän bu zähmetkeş halkyñ, gurujy halkyñ, gahryman halkyñ öñünde egilmegi özüme borç saýdym. Kitaplarymyñ adamlaryñ has gowy bolmagyna, ýürekleriniñ hasam arassalanmagyna, adam söýgüsiniñ oýanmagyna, gumanistik ideallaryñ we adamzadyñ ösmegi ugrundaky göreşine ýardam etmegini isledim. Eger muny haýsydyr bir derejede başaran bolsam, özümi bagtly duýýaryn. Şu zalda oturanlaryñ hemmesine minnetdarlygymy bildirýärin. Nobel baýragyny alandygym üçin meni gutlan we gutlag sözlerini ýollan hemmelere minnetdardyryn. 1965 ý." Maýis ALIZADE, Azerbaýjan edebiýatçysy. Duşenbe, 17.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |