MILLI ÝÖRELGE – EDEBI GÖRELDE
Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Medeniýetimiz jemgyýetimizi beýik işlere, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga hem-de giňden wagyz etmäge we şöhratlandyrmaga ruhlandyrýar» diýip belledi. Medeniýet — adam tarapyndan döredilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemi bolup, ol adamzat gymmatlyklaryny öndürmäge we ulanmaga bolan ukyplylygy aňladýar. Medeniýet ylym dünýäsi bilen berk baglanyşykly, sazlaşykly ösýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda ýerleşýän medeni ýadygärliklerimiziň, gadymy şäherlerimiziň taryhyny, medeniýetimizi hem-de beýik taryhy şahsyýetlerimizi ylmy jähetden öwrenmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda wagyz-nesihat işleriniň uly ähmiýete eýedigini nygtamak bilen şeýle diýdi:
«Döwlet syýasatynda, wagyz etme işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda, ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris. Munuň özi, merdana ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, beden we ruhy tämizlige, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ajaýyp mysal bolup durýar».
Adamzat bähbitlerini özünde jemläp, ylmy gymmatlyklary nusga edinmek bilen ýerine ýetirilýän ylmy işler guramaçylykly ýagdaýda, usulyýet we terbiýeçilik babatda amala aşyrylýar. Şol sanda, gadymy ýer-ýurtlarynyň ýerleşiş aýratynlyklary, ösen medeniýeti, ýeten belent derejeleri ylmy seljermelere çekildi. Şeýle gadymy şäherleriň biri-de, Sarahsdyr. Bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýär hem-de döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, olaryň medeni, ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky arabaglanyşygyny alamatlandyrmak bilen, medeniýetiň, ylmyň dünýä ýaýran ýoly derejesinde meşhurlyga eýedir. Türkmen alymlary Sarahs şäherinden geçýän bu ýol arkaly dünýäniň dürli ýurtlaryna syýahat edipdirler. Şolaryň netijesinde dürli ylym merkezleri, gymmatly kitaphanalar döräp, olar dünýäde uly şöhrata eýe bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda Sarahs barada:
«Halk aýtgylarynda Sarahs şäheriniň döremegi Turanyň akyl-paýhasy, adyl hereketleri bilen belli, mifiki şasy Afrasiabyň ady bilen hem baglanyşdyrylýar. Aýtmaklaryna görä, Afrasiab tarapyndan bina edilen bu şäheriň ýedi sany derwezesi bolupdyr. Ol senetkärleriň, ussalaryň, alymlaryň şäheri bolupdyr. Şäherde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen söwda kerwenleri goş ýazdyryp, bazarynda adyny tutan harydyň tapylypdyr, medreseleriň birnäçesi, juda owadan bina edilen, köp mähelleli metjit bar ekeni. Şäheriň daş-töweregi bagy-bossanlyga gurşalypdyr» diýilýär.
Görşümiz ýaly, biz gymmatly hem-de ygtybarly maglumatlara ser salsak, Sarahs topragynyň ylmyň, bilimiň mekany bolandygyny görýäris. Türkmen halkynyň ylmyň ähli pudaklarynda dünýä boýunça tanalýan ylymly, bilimli, ýiti zehinli beýik şahsyýetleri bolupdyr. Dünýä ylymlarynyň başy hasaplanylýan ylymlaryň ählisi şu topraklarda, şu ýollarda döräp, älem-jahana ýaýrapdyr diýip aýdyp bileris. Sebäbi halk arasynda belli ulamalar, orta asyryň görnükli pelsepeçisi Abul Fazl — Sarahs baba, Ýarty-gümmez baba, Abu Seýit Abul Haýyr — Mäne baba, bu beýik ägirtler bilen gatnaşykda bolan Ibn Sina — Lukman hekim, akyldarlar Horezmi, Al Faraby, Biruny, Nowaýy, Magtymguly ýaly, başga-da gündogar halklarynyň beýik ogullary, köp sanly tanymal şahsyýetleri şol ýollary geçip, şu topraklarda uly dünýä ähmiýetli ylmy açyşlary edip, äleme ýaýypdyrlar.
Gadymy Sarahs şäherinde medeniýetiň pajarlap ösmegine döredilen mümkinçilikler, şertler şu günüň ylmy nazaryýeti esasynda giňişleýin öwrenilýär. Şol döwürde Sarahs ýaly gadymy şäherlerde ýaşan alymlaryň, şahyrlaryň edebi, döredijilik mirasynyň türkmen edebiýatynyň ösüş derejesini kesgitlemekdäki ornuna ýokary baha berilýär. Geçmişde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, taryhyň dürli eýýamlarynda halkyň durmuşyna ornan medeni ojak bolan Sarahs topragy dünýäniň ösen döwletleriniň, meşhur syýasatçylarynyň, işewürleriniň, şeýle hem jahankeşdeleriniň, alymlarynyň üns merkezine öwrülýär. Gözbaşyny ençeme müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyzyň geçmişindäki şöhratly hem buýsançly taryhy bolan Sarahs baradaky maglumatlar halk döredijilik eserlerimizde, dürli döwürlere degişli oguz-türkmen, arap-pars, parfiýan ýazuw çeşmelerinde, sene ýazgylarynda duş gelýär. Şeýle-de bu topraga syýahat eden alymlaryň, taryhçylaryň, jahankeşdeleriň, Gündogar bilen Günbataryň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşan syýasy we söwda wekilleriniň ýol ýazgylarynda, türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanan rus, iňlis, nemes, fransuz, polýak we beýleki ýurtlaryň alymlarynyň ylmy işlerinde özboluşly beýanyny tapypdyr. Gadymy ýadygärlikler, kerwensaraýlar, köprüler bilen baglanyşykly aýdylýan hekaýatlardyr rowaýatlar dilewar, söze-sungata çeper adamlar tarapyndan örän köp aýdylýar. Olary halk döredijiligini öwrenijiler özleriçe timarlap, özboluşly edebi döredijilige siňdirip, çeperleşdirip, setir sazlaşygy bilen beýan edýärler. Gadymy Sarahs bilen baglanyşykly halk arasynda dürli rowaýatlar bar. Şolaryň biri-de Pulhatyn köprüsi bilen baglanyşyklydyr. Rowaýat türkmenleriň Myraly diýip atlandyran meşhur şahyry Alyşir Nowaýynyň we Hyrat şäheriniň hökümdary Hüseýin Baýkaranyň (türkmen folklorynda Soltan Söýün) atlary bilen baglanyşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, şahyr Myraly Soltan Söýüniň weziri bolupdyr. Bu rowaýatda Soltan Söýün bilen Myraly nökerleri bilen ýörişe gidişleri barada gürrüň berilýär. Şol wagtlar yssy günler eken, Tejen derýasy hem gurap galypdyr, şonuň üçin bir kenardan beýleki kenara geçmek kyn düşmeýär. Tejende bir baý hatyn bolupdyr. Ol soltan yzyna dolanyp gelende, derýadan aňsat geçer ýaly köpri gurdurmagy maksat edinýär. Iň gowy ussalary çagyrdyp, işe girişýär. Birnäçe aýy ara salyp, Soltan yzyna dolanyp gelýär. Derýa hem dolup akýar, ýöne, ynha, täze köpri gurlupdyr. Soltan haýran galýar, Myraly welin köprini kimiň gurdurandygyna düşünýär. Soltan Söýün köprüden geçmekçi bolýar welin, Myraly: «Bir uly Soltan halyňa, naçaryň gurduran köprüsinden geçip, mertebäňi peseldeniňden, gark bolanyň ýegdir» diýýär. Soltan Söýün onuň aýdany bilen ylalaşyp, ähli nökerlerine derýadan ýüzüp geçmegi buýurýar. Olar sagaman Tejen derýasyndan geçýärler. Dogrusy, ata Watanymyzyň her künjegi hakda täsin maglumatlar, aýtgylar, hekaýatlardyr rowaýatlar kän. Şeýle aýtgylaryň hemmesiniň düýp özenini taryhy, edebi hakykat bilen durmuş hakykaty, şol wakalaryň syrlylygy, dünýä yklymyny birleşdirýän meşhurlygy düzýär. Diýmek, ýurdumyzyň uzak taryhynda gülläp ösen ajaýyp medeniýetleriň, uly ylmy ojaklaryň, şan-şöhratly Sarahs ýaly uly şäherleriň, döwletleriň bolmagy Beýik Ýüpek ýolunyň hut biziň Watanymyzyň çäginden geçmegine esas döreden şertler bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň taryhynda, edebiýatynda ylymly, bilimli adamlar uly hormatdan peýdalanypdyr, olaryň orny mydama törde bolupdyr. Bu gadymy şäher asyrlaryň dowamynda diňe bir pars we arap edebiýatynyň we ylmynyň, medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşman, eýsem, Gündogar halklarynyň ylmynyň ösmeginde-de uly orny eýeläpdir. Sarahs şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygy hem-de beýik şahsyýetleriň ýygnanyşýan esasy merkezi, ylym we edebiýat äleminiň, hindi, arap, yrak, müsür, owgan, hytaý, türk we beýleki alymlaryň, dünýä meşhur jahankeşdeleriň, söwdagärleriň gelýän merkezi bolupdyr.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin alyp barýan syýasaty, döredýän mümkinçilikleri ylym dünýäsinde täze ylmy taglymatyň döremegine esas bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, ýurdumyzyň ylmynyň, medeniýetiniň ösmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän, milli gymmatlyklarymyzyň kämil derejede öwrenilmegi hem-de köpöwüşginli ýörelgelerimiziň halkymyzyň arasynda giňden wagyz edilmegi üçin beýik maksatnamalary durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň başy belent, işleri rowaç bolsun!
Täzegül TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty.
Edebi makalalar