MIRAS — ASYRLARYÑ ÝAÑY
Hormatly Prezidentimiz milli taryhy-medeni mirasymyzyň asylly däpleriniň dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda adamzadyň ýeten derejesiniň möhüm bölegine öwrülen binagärlik ýadygärlikleriniň we maddy däl mirasyň aýawly saklanylmagy, hemmetaraplaýyn öwrenilmegi hem-de dünýäde wagyz edilmegi babatda ägirt uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda şeýle ýazýar: «Keremli topragymyzda dörän we asyrlara ýaň salan siwilizasiýa ojaklary bu günki gün türkmeni dünýä tanadýar».
Häzirki wagtda miras döredijiligiň, halkara medeni pikir we tejribe alyşmalaryň binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamy ruhy güýjüň, mümkinçilikleriň, medeniýetiň we senagatyň, aň-bilimiň hem-de jahankeşdeligiň, däp-dessurlaryň birleşýän ugry hökmünde halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup durýar. Ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer-medeni ugur boýunça hyzmatdaşlyk adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürýär, halklaryň biri-biriniň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmagyna giň mümkinçilikleri döredýär, milletleriň arasynda bitewiligi kemala getirýär we berkidýär, döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz taryhy-medeni mirasymyzy, şol sanda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, halkymyzyň buýsanjy bolup durýan we umumadamzat ähmiýetine eýe bolan binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işleri mundan beýläk-de geçirmegiň möhümdigini nygtaýar.
Taryhy-medeni mirasymyzy, şol sanda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän hem-de halkymyzyň buýsanjy bolup durýan gadymy ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça geçirilýän işleriň aýratyn ähmiýeti bar. Munuň özi ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Halkymyzyň nusgalyk ruhy-medeni mirasy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. 2009-njy ýylda milli Liderimize ÝUNESKO-nyň «Awisenna» altyn medalynyň gowşurylmagy ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň nobatdaky halkara ykrarnamasy boldy.
Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galasy bar. Munuň özi taryhy-medeni mirasymyzyň adamzadyň genji-hazynasyna uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär.
2015-nji ýylda diňe bir taryhy gymmatlyk babatynda däl, eýsem häzirki döwürde-de watançylyk ähmiýeti uly bolan «Görogly» şadessanynyň dessançylyk sungatynyň nusgasy hökmünde, 2017-nji ýylda bolsa küştdepdiniň aýdym we tans sungatynyň nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň netijesidir.
Halkymyz gahrymançylykly eposlary we şadessanlary müňýyllyklaryň jümmüşinden geçirdi. Olarda bagtyýarlyk, azat durmuş baradaky arzuw-hyýallar beýan edilýär, ol eserler çuňňur paýhasa, ajaýyp durmuşa bolan söýgä ýugrulyp, adamlaryň kalbyny şatlandyrýar.
Milli Liderimiz halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy-medeni, binagärlik we şähergurluşyk mirasyna eýedigini belleýär. Bu gadymy mirasy aýawly saklamak we düýpli öwrenmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde milli taryhymyzy öwrenmek, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-medeni we maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek işleri täze many-mazmuna eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy, bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnama Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmäge, milli mirasy öwrenmek boýunça innowasion ulgamy döretmäge, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, giň düşünjeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Maksatnamada halkara ylmy aragatnaşyklary ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerine belli alymlary çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda: «Soňky ýyllarda Türkmenistanyň häzirki çäklerinde gülläp ösen medeni ojaklar, ekerançylyk medeniýetiniň döreýşi, senetçiligiň we hünärmentçiligiň ajaýyp görnüşleri, şeýle hem täsin binagärlik sungaty boýunça gymmatly maglumatlar toplanyldy» diýip belleýär.
Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleriniň alymlary, ylmy işgärleri ýurdumyzda işlemäge uly gyzyklanma bildirýärler. Olar gadymy türkmen topragynda Gündogaryň siwilizasiýalarynyň taryhyny hem-de halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmegiň uly mümkinçiliklerini görýärler, ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar.
Syýahatçylar we jahankeşdeler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherine, adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy baradaky gymmatly maglumatlary özünde saklaýan taryhy-medeni ýadygärliklerimize gezelençleri guramak maksady bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana gelýärler.
Syýahatçylar Nusaýa, Änewdäki ýadygärliklere, «Köneürgenç» ýadygärlikler toplumyna, Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan (3139 metre barabar) Aýrybaba belentligine, Gaýnarbaba ýyly suw çeşmesine, onuň ýanyndaky Aksuw kükürtli suw çeşmesine, Köýtendag döwlet goraghanasynyň Garlyk gowaklaryna, Hojagarawul, Daraý deresine hem-de tebigy gözellikleri bilen haýran galdyrýan Köýtendag sebitine, şöhratly geçmişimizden habar berýän Astanababa kümmetine, «Gadymy Merw» ýadygärlikler toplumyna, Goňurdepä, Soltan Sanjaryň kümmetine uly höwes we gyzyklanma bilen baryp görýärler.
Häzirki wagtda «Gadymy Merw» ýadygärlikler toplumy umumadamzat gymmatlygy hökmünde Türkmenistanyň degişli kanunlary we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyny gorap saklamak baradaky Konwensiýasy esasynda goralyp saklanýar. Bu ýadygärlikler toplumy dünýä gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Taryhy çeşmelere görä, Seljuklar döwletiniň paýtagty Merw şäheri binagärçilige we binadyr desgalary haşamlamak sungatyna hem-de ylmy-medeni ösüşlere uly goşant goşupdyr. Mary şäher durmuşynyň dürli ugurlary boýunça X asyrda dünýäde iň ösen şäherleriň biri hasaplanypdyr.
Ýurdumyzda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, sahnalaşdyrylan oýunlar, aýdym-saz dabaralary guralýar. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek boýunça işler geçirilýär. Bu işleriň amala aşyrylmagynda muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Soňky ýyllarda Türkmenistana daşary ýurtlardan dürli derejedäki myhmanlaryň — wekiliýetleriň, alymlaryň we jahankeşdeleriň köp gelýändigini nazara alanyňda, bu işler has-da ähmiýetlidir. Jahankeşdeleriň ýurdumyzyň muzeýlerine baryp görmeklerini guramak, ýaşlary, mekdep okuwçylaryny aň-bilim çärelerine çekmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Milli Liderimiziň yzygiderli üns we goldaw bermegi netijesinde bu ulgamyň hünärmenleriniň netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Daşary ýurtly myhmanlar muzeýlerde saklanylýan ýurdumyzyň baý taryhynyň we medeniýetiniň subutnamalary — gymmatlyklaryň ýygyndysy bilen tanyşýarlar. Arheologik tapyndylar, gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, gymmat bahaly bezeg şaý-sepleri, öý goşlary häzirki zaman Türkmenistan hakynda gürrüň berýän gymmatlyklaryň hataryndadyr.
Ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek babatynda ägirt uly tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Kakageldi HÜMMÄÝEW.
Edebi makalalar