09:07 Muhammet pygamber -42: romanyň dowamy | |
5. Bes, Eý Muhammet, sen musulmanlaryň jennetidigini we kapyrlaryň dowzahydygyny bilen wagtyňda (bileniňden soň), Belent-Taňryny birlemek ylmynyň üstünde pugta dur, çünki Belent-Taňryndan başga ybadata eýe boljak ýokdur we öz günäň geçilmegini Taňrydan(t) dile we musulman erkek adamlaryň we musulman aýal adamlaryň günäleriniň geçilmegini dile. Gurhan. 47-nji süre. 22-nji aýat. Muhammet pygamber Mekgeden nadyl däldi. Ol Belent-Taňrynyň mukaddes owazyna gark bolup gaplanyp, onuň hoş habarlaryny köňül aýnasyna bent eýläp, älemleriň syryna çuňňur düşünip başlapdy. Beýik-Taňry oňa täze bir ýoluň berilmeýändigini aňladypdy. Oňa berlen ygtyýar, Ybraýym pygamberden soň üzülip galan ýodalary biri-birine sepläp, uly, ak ýola öwürmekdi. Soň hem şol ýoly kyýamat-ahyryna çenli alyp gitmekdi. Muhammet pygamberiň arçan, guran giňeldip, berkiden ýoluny Alla-Tagalanyň hiç haçan köneltmejegine, ol ýoluň halklaryň, halkyýetleriň ýoluna öwrüljeginiň hakdygyna, Beýik-Biribar kepil geçipdi. Hut şol ýol açylansoň, onuň üstüne ot-çöpüň bitmejegi üçin Muhammet pygamber ahyrky pygamber boljakdy. Sebäbi, indi kyýamat-magşara çenli şol ýoldan başga bir täze ýoluň geregi ýokdy. Resul Alla şoňa gowy düşünýärdi. Gelip, köňlüne guýulýan aýatlarda Beýik Perwerdigäriň ony Adam, Idris, Nuh, Hud, Salyh, Ybraýym, Lut, Ysmaýyl, Ishak, Ýakup, Ýunus, Eýýup, Şuaýp, Musa, Harun, Dawut, Süleýman, Ylýas, Elesa, Zulkifil, Zekeriýa, Ýahýa, Isa ýaly pygamberler bilen juda çuňňur tanyşdyrýandygynyň, olaryň ýoluny, işini, maksat-myradyny sadadan paýhasly hekaýat edip berýändiginiň sebäbini aňlaýardy. Muhammet pygamber özüniň sowadynyň ýoklugyny bilýärdi. Ol hat ýazyp, okap bilmekden çagalykdan binesip galypdy. Ol hem araplaryň aýdyşy ýaly, gözli kördi. Emma Belent-Taňry oňa indi älemleriň syrly öwrümlerini görýän göz, Hakyň mukaddes owazyny eşidýän gulak, Alla-Tagalanyň ägirt giňden çuňňur paýhasynyň sümekleri jaýlaşýan köňül beripdi. Onuň köňli gün-günden giňelýärdi-de, oňa sygýan paýhas barha artýardy. Ýöne ol bir zada gynanýardy. Şu güne çenli oňa gör, näçe wahyý indi. Şolarda Hak-Tagala yslam ýolunyň ähli ugurlaryny açypdy. Emma Resul Alla şolary utgaşdyryp, öz ugruny aýan edip bilenokdy. Ol Belent Taňrynyň: 1. Alla-Tagalanyň barlygyna we birligine ynanyp ony ýalňyz bilgin! – diýenine uýdy. Lä-ilehä illallah, Muhammet Resul Allah! – diýdi. Soňra ol Belent-Ýaradanyň özünden öňki pygamberleriň Taňrynyň sözleri bilen aýdylan wakalaryna ten berdi. Ol pygamberleriň ykbaly Alla-Tagalanyň Resul Allanyň köňli, paýhasy, azaby bilen gurjak ýoly bilen baglydygyna düşündi. Ol pygamberler Hakyň buýran ýoluny gurup bilmäni üçin, halklaryň Hakyň pygamberine şek ýetireni üçin, olara ynamsyzlyk edeni üçin şol halklar ýok edilipdi. Soňra şol ýoda pelegiň gerdanyndaky öwrümleriň birinde üzülip galypdy. Muhammet pygamber şol ýodalary biri-birlerine çatmalydy-da, öz döwrüne getirmelidi. 2. Muhammet pygamber Belent-Taňrynyň perişdelerine ynanypdy. Ol şu güne çenli Taňrynyň ellä golaý wahyýyny aldy. Olar indi bir kitap bolup barýardy. Mekgäniň musulmanlary şol aýatlary, süreleri eýlenen deri böleklerine, agaç gabyklaryna, galyň matalaryň ýüzüne hat edip ýazýardylar. Bir sapar hoş habar gelende Muhammet pygamber bu aýatlary ýadymdan çykararyn diýip gaty gorkupdy. Emma Hak-Tagala oňa: «Bahym biz saňa Jebraýylyň (a.s.m), okamagy bilen tälim bereris, biz ony ýat almaga kuwwat berdik, bes, sen ony unutmarsyň. (87.6.). Meger Belent-Taňry seniň huşuňdan çykarmagyny islese, onda unudarsyň (87. 7.) – diýipdi. Muhammet pygamber şol wahyýlardan Musa «Töwradyň», Isa «Injiliň», Dawut pygambere «Zeburyň», özüne «Gurhanyň» berilýändigine jany bilen ynanypdy. Şol kitaplaryň düýp özeniniň arşda «Al-Lowh- el-Mahfuz» diýen Kitapda, Taňrynyň ygtyýarynda saklanýandygyny, olardan bölekleriň Alla– Tagalanyň buýrugy bilen gaty sak perişdeleriň göçürip, Jebraýylyň üsti bilen gowşyrylmaly eýesine, Hakyň pygamberine iberilýändigini ol ynanýardy. Ol Kitaplar Hakyň sözidi. Hak bilen sözleşmek isleseň, olary okabermelidi. 3. Alla-Tagalanyň pygamberleriniň ählisine Resul Alla jany-teni bilen ynanýardy. Olar barada oňa gelen wahyýlarda birin-birin gürrüň berlip, Resul Alla olaryň baryny ýüreginde göterip ýördi. Belent-Taňry Jebraýyl perişdäni Gurhanda köp agzaýardy. Ol:«Takyk, Kuran, elbetde, Belent-Taňrynyň ýanynda hormatly Jebraýylyň pygambere okan sözüdir. (81. 19.). Jebraýyl (a.s.m), uly güýç eýesidir. Arşyň eýesi Belent-Taňrynyň ýanynda uly orun we mekan eýesidir (81.20.)» – diýip aýdýardy. Alladan özge hudaýyň ýokdugyny, Muhammediň onuň pygamberidigini Resul-Alla ilkinji bolup aýdan Jebraýyl perişdedi. Ol Alla-Tagala bilen ötüp giden pygamberleriň arasynda hem şeýdip aragatnaşyk düzüpdi. Olara her dürli hoş habarlary ýetirip durupdy. Muhammet pygamberiň özüne-de Gurhan baradaky, onuň Hakyň Resulydygy hoş habary getiren Jebraýyl perişdedi. Onsoň, ol oňa nädip ynanmasyn. Muhammet pygamber mähriban Taňrynyň kitaplaryna ynanypdy. Onda aýdylýan mukaddes hakykat onuň din-imanydy. Hak Tagala Resul Alla ýene-de bir hakykaty aýan edipdi. Hemişe daş, agaç hudaýlara ynanyp ýören gözli kör, köňli garaňky ynsanlaryň pikir edişi ýaly, ömür diňe şu dünýäde tamam bolmaýardy. Bu düne Alla-Tagalanyň öz döreden bendeleriniň Beýik-Perwerdigäre wepadarlygyny synaýan ýeridi. Bu dünýe synag meýdanydy. Alla Tagala Adam aleýhyssalamy bir gysym toprakdan ýasady. Toprak Resul Alla üçin bu dünýäniň hapa gatlagydy. Ol ynsanyň daşyny näçe bezese-de, gaýdyp, ýene-de şu dünýäde galmalydy. Emma onuň içinde Beýik-Ýaradanyň nurundan ýasan jany bardy. Şol nur bolsa gaýdyp, ýene Alla-Tagalanyň özüne barmalydy. Şeýdip, ynsan balasy Taňrynyň alyna gazanan mal-mülki, baýlygy däl, öz teninem goýup barmalydy. Onuň Haka alyp barjak zady, Taňrynyň amanat beren jöwheri-jany, Hakyň ýoluna bolan mukaddes imanydy. Gurhan, Taňrynyň öz pygamberlerine iberen mukaddes Kitaplary hem Belent-Taňrynyň alyna baryp, onuň jennet serpaýyny almagyň mukaddes hakykatydy. Ol Kyýamat gününe ynanýardy. Ol Haýry, zulmy Alladan diýip ynanýardy. Ölmek, direlmek Alladan diýip ynanýardy... Resul Alla ynsan balasynyň Hakyň alyna alyp gitjek ynam baýlygy barada pikir etdi. – Eý, musulman bendesi, sen eziz Perwerdigäriň alyna: – Alla Tagalanyň barlygy we birligi, Muhammediň onuň Resulydygy baradaky ynanjyňy alyp gidersiň; – Onuň perişdelerine ynamyňy alyp gidersiň; – Allanyň pygamberlerine ynanan mukaddes Kitaplaryna ynamy alyp gidersiň; – Onuň pygamberlerine ynamyňy alyp gidersin; – O dünýäniň, Kyýamat gününiň barlygyna ynamyňy alyp gidersiň; – Ýagşylygyň we zulumyň Alladan gelýändigine ynamy alyp gidersiň; – Ölmek we direlmegiň Hakdandygyna ynamy alyp gidersiň. Resul Alla şu ýerde agyr oýa batdy. Belent-Taňry oňa ýene nämäniň hoş habaryny ýetir diýenini hakydasyna getirdi. Agyr oýlar ýuwaşja çözüldi-de, Resul Allanyň ýüzi ýagtylyp gitdi. «Alla Tagala: Biz sizi toprakdan ýaratdyk we biz sizi ol topraga gaýtaryp salarys we biz sizi ol toprakdan ýene bir gezek çykararys (20.61.) – diýýärdi. Ol ýene-de ynsanlara: «Takyk, siz her wagt ölseňiz we wagt geçip toprak bolsaňyz we süňk bolsaňyz, hakykat, direldilip, görden çykarylarsyňyz... (23.35.)». – diýýärdi. Resul Allanyň, oýlarynyň miwesi şu ynançdy. Ol ynsanyň bu dünýäde eden ähli amallarynyň Hak alynda aýandygyna onuň üçin her bir musulmanyň Hakyň alynda hasap okamalydygy baradaky ynamy bilen ýaşap, soň şol ynamy Taňrynyň alyna alyp gitmelidigine ynanýardy. Ine, Resul Alla üçin bularyň bary «imandy». Resul Alla Taňrynyň iman sowalyna jogap tapylmagyna begenýärdi. Ýöne, ol Alla Tagalanyň, yslam ýoluna düşüp, musulman bolmagyň şertlerini ýagşy jemläp bilenokdy. Ol namaz okaýardy. Beýik-Ýaradan oňa-da, musulmanlaryň, ählisine-de namaz okamagy buýurýardy. Ýöne, ol her günde näçe sapar namaz okamalydygyny anyklap bilenokdy. Käte, Resul Alla düşeginden turman namaz okap oturýardy. Emma namaz mahaly nähili dogalary sanamaly, adamlary namaza nähili çagyrmaly, näçe gezek sežde etmeli, bulary çözerden heniz onuň güýji egsikdi. Ol namazy her günde iki sapar okaýardy. Musulmanlara hem şony buýurýardy. Bu ýol Ybraýym pygamberiň ýoludy. Emma indi şol ýol bilen oňup boljakmy, bolmajakmy, ony ol bilenokdy. Musulman bolmak üçin Hakyň barlygyna, ýekedigine, Alladan başga hudaýlaryň ýokdugyna, Muhammediň onuň Resulydygyna ynanmalymy, ynan- maly: Musulman bolmak üçin: – Hakyň, perwerdigärligine, onuň deňine, derejesine ýetmegiň ýoklugynyň, öziňi ýaradyp, seni bu dünýä inderip, seni sahawaty, şirin rysgallar bilen besläp, ýagşy amallaryň üçin ahyrýetde jennete saljagynyň umydyna namaz okamalymy, okamaly; Musulman bolmak üçin: – Alla-Tagalanyň, ýagşylygynyň, sahawatynyň, amallaryňa eden tobalaryňy kabul etmegi üçin mallaryňdan gurbanlyk soýmalymy, soýmaly; Musulman bolmak üçin: – Hudaýyň hormatyna, beýik Ýaradanyň şüküranasyna oraza tutup, agyz beklemelimi, beklemeli; Musulman bolmak üçin: – Mallaryňdan, baýlygyňdan Hakyň paýy, onuň razylygy üçin diýip garyp-gasarlara, ýetimlere, açlara-gedaýlara hüşr-zekat bermelimi, bermeli; Musulman bolmak üçin: – Käbä zyýarata gitmelimi, gitmeli; Musulman bolmak üçin: – Öz musulmançylyk ynanjyňy, Alla-Tagala bolan beýik söýgiňi, onuň ýolunyň mukaddesligini, musulman doganlaryňy gözli körlerden Hakyň ýoluny garaňky görüp, ol ýola heniz düşmediklerden, ýöne soň bir gün musulman boljaklardan ýa-da bolmajaklardan goramalymy, goramaly!.. Resul Alla oýlanýardy. Ol musulmanlara, musulman dällere yslam dininiň berk ýoluny aýan etmelidi. – Ynsan Hakyň permany bilen dünýä inýär. Ony nädip musulmançylyga kabul etmeli? Ol çaga döwründe näme etmeli? Ol haçandan başlap musulmançylygyň düzgünlerini berjaý etmeli? – Ol ýigit wagtynda özüni nähili alyp barmaly? – Orta ýaşdaky musulman bendesine näme buýrulan? – Musulman bendesi garrylygynda näme etmeli? – Ony o dünýe, Beýik-Ýaradan bilen boljak duşuşyga nähili taýýarlamaly? – Beýik Ýaradan ony nähili kabul etjek? – Onuň täleýine, kylan günä-sogap işlerine nähili garaljak? – Ondan kim hasap sorajak? – Ondan nirede, nähili ýagdaýda hasap soraljak? – Haýsy amallary eden Hakyň alynda ýalkanar? – Näme günä, näme sogap? – Näme günä edenler ýalkanar? – Alla-Tagala kimleri jennet bilen sylaglar? – Dowzah belasyna kimler duçar bolar? – Musulmanlar haçan direljekdir!.. Bu sowallara her bir musulman-ha däl, Resul Allanyň özüne-de jogap tapaýmak aňsat däldi. Dogrusy, bu sowallara onuň özi jogap berip biljek hem däldi. Oňa diňe Beýik-Ýaradan jogap bermelidi. Şonuň üçin heniz sabyr etmelidi. Alla-Tagalanyň oňa iberýän wahyýlarynda bu sowallara jogap bolmasa-da, olar barada aýdylýardy. Alla-Tagala Muhammet pygambere:« Indi sen Kuran bilen wagyz et, eger wagyz peýda berse-de et we peýda bermese-de et (87.9.)» diýýärdi. Emma bu gyldan inçe, gylyçdan ýuka meseläni diňe ýeke-täk Taňrynyň özünden başga kim açyp, beýan edip bilsin!.. Muhammet pygamber özüne buýrulan işler bilen buýrulmadyk işleriň arasyny açyp bilenokdy. Mekgedäki gijede-gündizde yzarlanmalar, kuraýyşlaryň galmagal turzup ýörmesi, olaryň özüni masgaralajak bolup ýörmesi, musulmanlara edilýän ters wagyzlar, namaz, güzeran aladasy, Beýik-Perwerdigäriň, häli-şindi öldirip-direldip, kalbyňa salýan wahyýlary beýle pikire onuň elini hem ýetirenokdy. Resul Alla şu mukaddes paýhasy seljermek üçin ony ilki ýoda, soň yslam şerigatynyň ak ýoluna öwürmek üçin köp wagtyň gerekdigini aňlaýardy. Ýöne wagt, ömür hem geçip barýardy. Ol bu işleri Mekgäniň gohly-galmagally durmuşynda edip bilmejegine göz ýetiripdi. Bu ýerde ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň ýüregi eýýäm gatap, daşa dönüpdi. Köp adam ýeke-täk Alla, yslama, pygambere garşy öjükdirilipdi. Ebu Jähil, Ebu Läheb ýalylar yslam diýseň, Muhammet pygamber diýseň guduz açan ite dönüp, şol demde, kim bolsa-da ýarjak bolup durdylar. Olaryň bu ildäki täsiri heniz juda uludy. Entekler olaryň diýenini edýänler köpdi. Çünki, olar Mekgäniň eýesidi. Mekge olaryň özüniňkidi. Yslamy ine-gana ýaýratmak üçin onuň öz şäheri gerekdi. Muhammet pygamber bagry heniz gatamadyk, Allanyň ýoly, Ýaradanyň hormaty üçin onuň razylygy üçin ini tisginmedik, kalby musulman adamlaryň zaryny çekýärdi. Şeýle şäheriň bolsa oýlanmaga-da, yslamy, onuň şerigatyny düzmäge, Kuranyň aýatlarynda beýan edilen hökümleri durmuşa ýaýmaga-da ýagdaý dörejekdi. Ýogsa, yslamyň heniz adam oglunyň paýhasynyň nazary degmedik çuňluklaryny açmak mümkin däldi. Ol heniz ynsan aňy, ynsan duýgusy degmedik syrly hazynady. Ol hazynanyň açary Älemleriň Beýik Perwerdigärinde bolsa onuň Resuly bolan Muhammet pygamberiň elindedi. Muhammet pygamberiň-ä ol hazynalary açyp, paýlamagyna halklar heniz taýýardy däldi. Resul Allanyň özüniň hem şol hazynalary açmaga heniz ygtyýary-da ýokdy. Ol şol hazynalaryň bardygyny welin bilýärdi. Ol hazynalarda hakyky ynsan bolmagyň açary bardy. Eýsem, ynsan özüni nähili alyp barmaly? Ynsanyň üst-başy nähili bolmaly? Ynsan öz kalbyny nähili saklamaly? Ynsan musulmançylygyň ýoluny nähili tutmaly? Ynsan musulmançylygyň şertlerini nähili berjaý etmeli? Ol hazynalarda musulmançylyk edebiniň açary bardy. Ynsan ynsan bilen nähili gatnaşyk etmeli? Ynsan öz enesi bilen nähili gatnaşyk etmeli? Ynsan öz kakasy bilen nähili gatnaşyk etmeli? Ynsan öz dogan-garyndaşlary bilen nähili gatnaşyk etmeli? Ynsan öz aga-inisi bilen nähili gatnaşyk etmeli? Ynsan öz ogul-gyzy bilen nähili gatnaşyk etmeli? Ol hazynalarda ynsanyň toýuny-ýasyny geçirmegiň açary bardy: Musulmanlaryň toýy nähili bolmaly? Ogul öýerilende nämeleri etmeli? Gyz çykarylanda nämeler etmeli? Nika nähili bolmaly? Talak nähili bolmaly? Hun nähili alynmaly?' Tereke nähili paýlanmaly? Miras nähili paýlanmaly? Karz, algy-bergi nähili bolmaly? Peýda-zyýan nähili bolmaly? Musulmançylyk däpleri, dessurlary nähili bolmaly?.. Bularyň barysy täze döwürleriň aýagynyň astynda sozulyp, ýoýlup, kepege dönüp gidipdir. Mekgede näçe tire-taýpa, urug bar bolsa, bu ýerde şonçarak hem däp-dessur bardy. Eýsem, öz gyz çagajyklaryny diriligine gömýän adamlardan musulman bolarmy? Gyz, näme, Allanyň bendesi dälmi?! Özi gulka, gullary ezýän, olara zalymlyk edýän musulman bolup bilermi? Ol hazynalarda musulmançylygyň iň gymmatly sapaklary bardy. Eýsem, musulman bendesiniň namysy-ary nähili bolmaly? Musulman bendesiniň utanjy-haýasy nähili bolmaly? Musulman bendesiniň wepasy-ygrary nähili bolmaly? Musulman bendesiniň şerti-kasamy nähili bolmaly? Musulman bendesiniň hak-heşdegi, güzerany, gahary-gazaby, abraýy mertebesi nähili bolmaly? Muhammet pygamber bu ýagdaýlary seljermäge wagtynyň bolandygyna begendi. Onuň özem: – Watana wepasy bolan; – Beýik-Taňrynyň barlygyna, ýalňyzlygyna, Muhammediň, onuň Resulydygyna çirksiz ynamy bolan; – Musulmançylyk diýip: – Taňrynyň haky diýip, – Din yslam diýip, – Maşgalasy, aýaly, çagalary, ata-enesi, dogan-garyndaşlary diýip: – Lebiz, iman diýip, – Halal rysk diýip, – Din yslamyň mertebesi-diýip, başyny goýjak merdan ärleriň döremegini isleýärdi. Emma adamlaryň bu dünýäniň maly, baýlygy diýip bosagasyndan aňryny görmän ýörşüne, ol beýle adamlaryň heniz-heniz döremejegine göz ýetirýärdi. Resul Alla bu adamlaryň arasynda, adamkärçiligiň gadymdan gelýän näzikden inçe, ene süýdi ýaly halal ýörelgelerini dikeltmelidigine düşünýärdi. Ol däpler asyrlaryň öwrüm-çöwrümlerinde ýitip gidipdi. Indi, şol mukaddes däpleri adamlaryň özüne gaýtaryp bermelidi. Diňe şondan soň musulmançylyk ýörelgeleri halkyň aňyna şerbet kimin ýagşy ornap gitjekdi. Alla-Tagalanyň musulmançylyk ýörelgeleri- edepdi. Şol edebiň ulgamlary durmuşda bardy. Adamlar ýaşap ýörkä, musulmançylyk edebi durmuş edebi bilen garyşyp, gatyşyp gitmelidi. Dogry, Resul Allanyň pikirleriçe, bu ýagşy günleri musulmanlar indi görmelidi. Muhammet pygamber oýlanýardy. Hakykatdan hem, şeýle mukaddes edebiň adamlaryň köňlüne siňip, olaryň kalbynyň arassalanyp, çagajygyň ýüregi ýaly, çirksiz, päk boljagyna Resul Alla ynanýardy. Indi ol gün uzakda däldi. Şol gadyrly günleriň başy başlanypdy. Şonuň üçin Resul Alla Mekgeden nadyl däldi. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Yslam dini-günä iş etmekde Allatagaladan utanmakdyr... Yslam dini arassalyk we päklikdir. Şonuň üçin içiňizi hem daşyňyzy her dürli hapalyklardan päk saklaň. Jennete hiç kim girmez, meger, içini we daşyny yslam dininiň görkezen päkligine laýyk kylan adamlar girer». Rowaýat: Resul Alla körpe gyzy Patmanyň Ala durmuşa çykmagyna razylygyny alypdy. Muňa Aly hem razydy. Emma Patmany durmuşa çykarmaly bolanda, Patmanyň oňa entek razylyk bermeýändigini aýtdylar. Muhammet pygamber Patmany juda eziz görýärdi. Ol ýanynda ýalňyz galan balasynyň göwnüni ýykyp, ony durmuşa çykaryp biljek däldi. Ýöne indi toý sähedem bellenilipdi. Adamlar toýa çagyrylypdy. Eger ähti-peýman edilip, sähedi bellenilensoň, toýly gürrüň goýbolsun edilse, onda ol Patmanyň özi üçin-ä däl, Muhammet pygamber üçin hem abraý däldi. Onsoň, hem ata-babadan gelýän: «Ogul göwni ýüpek, gyz göwni kepek» ýörelgä görä, gyzyň gepine gidilip toý ýatyrylsa, onuň juda uly emmajygam bolmalydy. Ol ýagdaý bolsa il içinde bolar-bolgusyz gürrüňleriň gep-gybatlaryň örç almagyna ýol açaýmagy ähtimaldy. Resul Alla gyzy Patmany ýanyna çagyrtdy. Patma eglenmän kakasynyň alyna geldi. – Salam, ata jan! Resul Alla gyzynyň ejesine meňzäp duran päkize roýuna, mähribandan owadan didelerine atalyk mähri bilen garady. Patma uýaljaňlyk bilen ýylgyrypjyk, ýere garap otyrdy. – Gyzym, näme gep çykdy? Patmanyň öň hem al öwsüp duran ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Ýöne ol sesini çykarmady. – Ýagşy däldir, balam. Muhammet pygamber gyzy üçin ähti-peýmanyny bozupdyr diýen gürrüň çykmasyn. Lebiz ýuwdulýan däldir. – Onda meniň bir şertim bar! – diýip, Patma badam kimin enaýyja gabaklaryny galdyrman aýtdy. – Şol şertime «bolýar» diýseňiz, men razy. Resul Alla gyzynyň näzik didarynda Hatyjanyň üýtgeşik owadanlygynyň yzlaryny görüp, gyzyna mähribanlyk bilen garady. – Ol nähili şertdir?! Patma ýylgyrdy. – Eý, Allanyň, Pygamberi! «Men o dünýäde öz ymmatymyň günäsini Beýik Ýaradandan diläp alyp, olaryň ählisini jennete laýyk ederin» diýip, onam hat bilen äht edip berýänçäňiz, men Ala durmuşa çykmaryn. Resul Alla gyzynyň bu sözlerine geň galdy-da, başyny aladaly ýaýkady. – Ýok, ýok, balam, men beýle agyr ýüki egnime alardan ejizdirin. Men pygamber bolsam hem, diňe Alla Tagalanyň buýrugyny berjaý etmäge ygtyýarlydyryn. Meniň başga bir ygtyýarym ýokdur. Sen beýle agyr ýüki meniň boýnuma urma, urma... Patma sesini çykarman gitdi. Resul Alla hem bu gepi ýadyndan çykarmakçy boldy. Ahyr soňunda-da, birneme gün geçenden soň ol Ala ýazdyryp, gyzyna gowşurdy. (Patma bolsa şol haty tä ömrüniň ahyryna çenli saçynyň arasynda saklap gezdi). Patmanyň toýy diňe soň bolupdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |