MUKADDES ÝADYGÄRLIK
Durdy aga ýegeni Bekmyradyň täze salan jaýyny soraşdyryp günortana golaý zordan tapdy. Bişen kerpiçden daşy timarlanyp gurlan jaýyň öňünde aýak çeken ýaşuly ony boýdan-başa nazaryndan geçirdi. Içinden “Nesip etsin, gowy jaý eken” diýip gapynyň jaňyny basdy. Içerden nätanyş gelin çykdy.
-Salam, bize geldiňizmi?
-Men şu öýe geldim welin, ýöne seni tanamadym-la, gyzym.
-Size kim gerek özi?
-Maňa Bekke gerek, Bekkeniň öýi dälmi şu?
-Ýok, bu ýerde Bekke diýen ýaşanok. Bu Bekmyradyň öýi.
-Wah-eý, asyl özi-dä, ýaşlygynda Bekke diýip söýgüleýärdik, öwrenen dil-dä. Sen gyzym, gelniň garyndaşlaryndan bolaýsaň gerek?
-Ýok, men gelniniň özi.
-Näme? Gelniniň özi? Aý onda bu başga Bekmyradyň öýi bolup çykdy. Men ýegenimiň gelnini gowy tanaýan. Bagyşla, gyzym-diýip, Durdy aga yzyna öwrüleninde ol gelin:
-Ýaşuly, siz Bekmyradyň daýysy bolýan bolsaňyz içeri giriň, gitmäň. Onuň özi size düşündirer-diýip, yzyna dolandy. Durdy aga bu ýerde bir “Paçak gömdiniň” bardygyny aňdy. Içeri gireninde bir tarapy aýnabent uly eýwanyň bir çetinde iki ýassyga ýaplanyp çaý içýän ýegenine gözi düşüp, ardynjyrady. Bekmyrat ýalt edip seretdi-de, tirsegine galdy:
-Gel-gel, ýaşuly-diýip, bir elini uzatdy. Durdy aga eňilip onuň uzadan elini iki eliniň aýasyna alyp görüşdi-de garşysynda otury. Daýysynyň bu hereketiniň manysyna düşündimi nätdimi ol dikelip oturdy. Durdy aga soraşmagyň deregine:
-Meni tanadyňmy, ýegen?-diýdi.
-Tanaman näme, tanadym, daýy.
-Onda şol gapdalyňdaky telefony bäri süýşür.
Telefony alyp beren Bekmyrat daýysynyň soraşman dagy etmän telefona ýapyşybermegine geň galyp, sorady.
-Beýle gyssagly nirä jaň etjek, daýy?
-Bir dostum bar şoňa... Alo, trawmatologiýamy?... A? Hanjan, özüňmi-aýt? Bä, sesimden tanadyňow. Görüşmänimizede köp wagt boldy, ahyryn. Hawa obamyz şähere daşrak bolansoň seýregräk gelinýä-dä. Indiki sapar bararyn, sag bol! Näme diýsene, şu ýerde meniň bir ýegenim bar, şonuň bili döwlüpmi, oňurgasy ýazypmy, gelip, bir emini edäýseň. Salgysymy?...
-Eý, daýy, kimi aýdýaň, menimi?
-Hawa, seni.
-Meniň döwük-ýenjik ýerim ýok, näme diýip jaň edip otyrsyň.
-Eşitdiňmi? Hanjan, döwük-ýenjigi ýok ekeni. Men ýalňyş düşünipdirin, hoş, sag bol!
-Dogrudanam ýokmy döwük- ýenjigiň?
-Ýok.
-Onuň ýaly bolsa, daýyň bilen ýeriňden turup salamlaşmaga ýaramadyň-a, ýegen?
-Be daýy, ýaman öýkelek bolupsyňow, özüm ýadap gelip ýaňy bir çäýnek çaýy öňüme alypdym, ahyryn.
-Şol wagt ýaňky gelin bir çäýnek çaý getirip saçakda goýup gitdi. Durdy aga hyrçyny dişläp, ýegeniniň ýüzüne hyrsyz seretdi:
-Sen diňe jaýyňy däl, içeriňem täzeläpsiz öýdýän.
-Hawa, şeýle boldy daýy-diýip, Bekmyrat ýüzüni aşak saldy.
-Men indi seniň bu işiňe näme dijegimi bilemok, ýegen. Onyňa üýtgeşik gowy maşgalady.
-Gowy bolany üçin menem ony öýkeledemok. Ol jaýy goş-golamy bilen özlerine goýup gaýtdym. Alyp saklan gyzymyzam boýy ýetip barýar, men özümdenem bir perzent göreýin diýdim...
-Hmm düşnükli. Ýöne, ýegen, munuň ýaly-da ýerden ýeke çykan ýaly öz bildigiňi etmezler. Meni hasap etmeseň, seni terbiýeläp kemala getiren ataň bar, Entek ol aýatda dir-ä. Baryp bir agyz razylygyny sorasaň, patasyny alsaň bolmazmydy?
Durdy aganyň Bekmyrada atasyny ýatlatmagy ýöne ýere däldi. Kakasy aradan çykanda Bekmyrat alty ýaşyndaky çagady. Bir ýyldan soň onuň ejesine jogap berip, Bekmyrady atasy terbiýesinde alyp galypdy, şonda Durdy aga doganyny goş golamy bilen öz öýüne alyp gelipdi.
-Sen ýegen, soňky wagtda bir neme üýtgediň, ejeň dünýäsini täzelänine iki ýyldanam geçdi. Seniň onuň ýyl sadakasyna baryp gaýdanyňdan soň ne bizden, ne ataňlardan habar aldyň.
Bekmyrat daýysynyň geplerini diňläp otursa-da kellesinde başga pikirler aýlanýardy: “Bi garry näme diýip geldi-kä? Diňe maňa akyl bermäge gelen däldir, bir ýumuşjagazy bardyr, ýa pul gerekdir, Muny hiç zat soramaz ýaly etmesem bolmar”.
-Daýy, senem, atam dagam menden öýkelemeli dälsiňiz. Bir ýyl bäri şu jaýa ulaşyp, hiç zada elim degenok. Jaý gurmak aňsat däl ekeni.meni juldan çykardy.
-Ha-ha.-Durdy aga kellesini ýaýkap güldi.-Be, ýegen, öňüni aldyňow, men senden bir maşyna ýeter ýaly pul sorap gelipdim.
Bekmyrat daýysynyň ýaňsa alyp aýdan sözüne öýkelän kişi boldy.
-Baý daýy, oýun edýäň-ow, men saňa gara çynymy aýtdym.
-Gara çynyň bolsa bize daga baraýmaly ekeniň, kömek ederdik-diýip, Durdy aga ýegenine garap kinaýaly gülümjiredi. Edil şu wagt kellesine bir pikir gelip, ony bir synap görmekligi ýüregine düwdi.
-Ýegen men senden hiç zat sorap gelemok, gaýtam ejeň pahyrdan galan bir ýadygärlik zat bar, şony baryp alyp gaýt, diýip aýtmaga gelipdim.
-A?! O näme zat, daýy?
-Alyp gaýtmaga baranyňda görersiň.
-Ol gymmat bahaly zatmy?
-Gaty gymmat bahaly zat.
-Ony şu gelşiňde özüň getiräýmänsiň-de daýy.
-Häh, seni bir! Ejeň pahyryň öten ýerine baryp, bir aýat töwir edip, onsoň alyp gaýtsaň ejeňňem ruhy şat bolardy, ahyryn.
-Dogry, dogry, daýy. Özüm bararyn. Hany, sen indi arkaýyn oturyp çaýyňy içiber. Men bir naharyň habaryny tutaýyn-diýip, ýerinden turdy. Durdy aga-da gozgandy.
-Ýok, men çaý içdim, naharyňa oturjak däl, gaýtjak.
-Beýtme daýy, aýda-ýylda bir gelip naharsyz gitseň gelşigi bolmaz.
-Aý, onsuzam gelşiksiz zatlar ýeterlik boldy.
-Baý oňardyňow daýy, bagyşla. Indikide seni diňe ýerimden turup däl, gujaklap garşy alaryn.
Şol wagt gelin owadan mejimäniň üstünde iki şakäsede unaş getirdi. Ol:
-Bir sagada galman palawam taýýar bolýar-diýdi.
-Bu naharyňy iýeli, taýýar aşy goýup gidip bolmaz. Palawy bolsa özüňiz iýiberiň, gelin-diýip, Durdy aga aşak oturdy. Gelin gitdi.
-Gelniň gaty myhmansöýer ekeni, ýegen. Ýöne beýdip her gelen myhmana iküç nahar bişirip beriberse, seni beter juldan çykarar-diýip, Durdy aga degşip güldi.
Unaşdan soň turarman bolan Durdy agany ýegeni ikinji nahara-da alyp galjak bolup jan etdi. Bu mähribanlygyň ejesinden galan ýadygärligi eşideninden soň başlananyny aňyp oturan Durdy aga onuň hödür-keremine garaman omyn edip, ýerinden turdy. Daýysyny köçä çenli ugradyp çykan Bekmyrat:
-Maşynymy satmadyk bolsam özüm eltip gaýdardym, daýy-diýip, ýallaklady. Öňümizdäki bazar maşyn alaryn. Onsoň haçan gelseň özüm elinje eltip gaýdaryn.
-Sag bol, ýegen, şu aýdýanyňam bolýa. Ýöne ýaňy aýdyşyň ýaly kör-köpügiň galmadyk bolsa maşyny nädip aljak?
Öz sözünden tutulan Bekmyrat ne utandy, ne gyzardy. Gaýtam gülüp:
-Aý daýy “jaýa-toýa hudaý ýetirer” diýýäler , maşyna-da ýetirer özi-diýdi.
-Ýetirsin, ýetirsin, ýegen. Men gitdim, hoş-diýip, ýaşuly ýoluna rowana boldy.
-Daýy, ol zada men haçan baraýyn?-diýip, Bekmyrat gidip barýan daýysynyň yzyndan gygyrdy.
Durdy aga aýak çekip, yzyna öwrüldi.
-Haçan barsaň baryber. Isleseň maşyn alanyňdan soň bar.
-Aý, oňa çenli bir azrak wagt bar, ertir taksi tutup baraýaryn.
-Baryber bakaly-diýip, ýaşuly içinden gülüp goýdy.
Daýysyny ugradyp içeri giren Bekmyrat üstünden agyr ýük göçen ýaly uludan demini alyp, aşak çökdi. Kellesinde bolsa daýysynyň aýdan gymmat bahaly zadynyň pikiri at salýardy: “Be, näme zatka ol? Göwher gaşy ýüzükmi-kä ýa sap altyndan ýasalan gülýakamy-ka. Ejemde şonuň ýaly zatlar bar bolmaly. Daýym näme üçin onuň nämedigini aýtmady? Özümem hetjikläp soramadym-da”.
Bu oý-hyýal oña gijesi bilenem dynçlyk bermedi. Ertesi irden taksi tutup ýola düşdi. Ol daýysyvnyň öýüne ýetip baranda Gün ýaňy guşluga galypdy. Baharyň sergin şemaly öwüsýärdi. Obanyň howasy Bekmyrada hoş ýakyp, onuň keýpini göterdi. Mellek ýerine suw açyp ýören Durdy aga ýegeniniň gelenini görüp içinden “Be, munça irläpdir bu gijesi bilenem arkaýyn ýatyp bilmändir öýdýän” diýip, assyryn gülüp goýdy. Ol pilini çile sanjyp, gelenlere tarap ýöredi.
-Aý, tüweleme ýegen, sözüňde tapylyp geläýipsiň-diýip, görşüp, soraşdy. Içeri girdiler. Durdy aganyň özi saçak ýazyp, uly termosdaky demlenen çaýy öňlerine goýdy.
-Ýegen, siz çaý içiberiň, häzir ýeňňeňem geler, daşda däl, bir iş bilen gidipdi, arkaýynja oturyň. Men bir söwüş etmesem bolmaz-diýip, Durdy aga ýerinden gozgananynda:
-Ýok, daýy, söwüşiňem goý, köwüşiňem! Meň işim ýaman gyssagly-diýip, ör-gökden geldi.
-Bä, nätdiňaýt, ýegen, gelmän gelmän bir gelipsiň, onsoň saňa bir hezzet-hormat etmän boş gaýtaryp bolmaz, ahyryn.
-Aýdan zadyňy berseň, boş gaýtardygyň bolmaz. Şonuň özi ýeterlik. Daýy. Meni egleme. Ine duz datdyk, ejemiň ruhuna bir aýat-töwir edip ber.
-Aý, bolýa-da ýegen. Saňa zarymyz bar-da zorumyz ýok-diýip, Durdy aga aýat okap, töwür galdyrdy.
Bekmyrat ýanyndaky taksyça “Sen maşynda garaş, men häzir çykýan” diýdi. Taksyçy çykyp gideninden soň daýysyna garap:
-Meni tizräk ugrat, daýy-diýip, ýylgyrjaklady.
-Hmm... O zat bu maşyna sygmaz üstünde ýük goýulýany bar eken, gaýym edip daňyp bererin-diýeninden Bekmyradyň ýüzi üýtgäp gitdi.
-O näme şeýle uly zatmy?
-Kiçi-de däl. Hany, ýör gör-diýip, Durdy aga ony içerki otaga alyp girdi. Törde duran ýüz tarapy reňkli gaňyltyr bilen nagyşlanan çaklaňjarak sandygy görkezip:
-Ine, ýegen, ejeňden galan ýadygärlik zat şu-diýdi.-Eltip öýüň töründe goýsaň, her sapar oňa nazaryň düşende ejeňi gören ýaly bolarsyň.
Lapykeç bolan Bekmyrat gahardan ýaňa çişip, dili tutulana döndi, bir mahal:
-Daýy!-diýip, çasly seslendi.-Sen-nä meni oýnamak üçin çagyrdyňmy? Men munyňy başyma ýapaýynmy. Häzir munuň ýaly zady hiç kim öýüniň töründe goýanok. Sen maňa gaty gymmat bahaly zat diýmänmidiň, ahyryn?!
-Ejeňden ýadygärlik galan zatdanam gymmat bahaly zat bolarmy? Ejeň pahyr gelin bolup düşeninde şaý-seplerini şuňa salyp gidipdi. Näçe ýyllap tutundy bu sandygy. Sen nä...
Bekmyrat daýysynyň sözüni soňlatmanam:
-Sag bol!-diýip, hasyrdap çykyp gitdi. Durdy aga onuň yzyndan çykanynda ulag eýýäm ýola düşüp, daz ýasap barýardy.
-Hä, seni bir, namart diýsänim-diýip, Durdy aga kellesini çaýkap yzyna dolandy. Ol saçagyň başyna geçip termosdaky çaýdan birki käse içip, ýerinden turan mahaly daşarda gelip saklanan ulagyň sesi eşidildi. Durdy aga “Bu kim-kä?” diýip daşary çykanynda ulagdan düşen ýegenini görüp haýran galdy. “Bu ýene nämä geldi-kä? Maňa gaharynyň ajysyny pürküp gitjekmikä” diýip içini gepleden Durdy aga:-Hä, ýegen, eýgilikmi?-diýdi. Bekmyrat:
-Daýy, meni bagyşla-diýdi-de kellesini aşak salyp, içeri sandygyň duran otagyna tarap ýöredi. Ol göni baryp sandygyň öňünde dyza çökdi:-Eje jan meni bagyşla. Men näletkerde ogul bolmaýyn, toba etdim. Seniň elleriň degen bu sandygy öýümiň töründe iň mukaddes, iň eziz zat hökmünde saklaryn-diýip, sandyga maňlaýyny degrip togap edýärdi. Onuň bolşuny synlap duran Durdy aga: “Allatagala kalbyna salsa adamyň ynsaba gelmegi bir salymlyk iş ekeni” diýip, içinden Hudaýa şükür etdi. Bekmyradyň beýle ynsaba gelmegi tötänlikden bolan ýagdaý däldi. Ol şol gidip barşyna bir salymdan soň gahary gaçyp, akly durlanan ýaly boldy. Şonda gözüniň öňüne ejesi gelip: “Oglum, nämä gaharlandyň? Menden galan ol ýadygärlik saňa gerek däl boldumy, saňa gymmat bahaly zat gerekmidi? Utanaňokmy? Sen meniň ruhumy ynjytdyň, oglum” diýen ýaly boldy. Şonda Begmyradyň ýüregi gyýlyp gitdi. Ol taksyça seretdi-de:
-Maşyny yzyna aýla-diýdi.
-Näme üçin?-Taksyçy oňa geňirgenip garady:
-Ol ýerde bir zat bar, şony maşynyň üstüne daňyp alyp gaýdaly.
-Eý, gardaş, seniň bilen şol ýere diňe baryp gaýtmagy gepleşipdik. Ýarpy ýoldan yzyma gaýtaryp, üstüne-de zat ýüklejek bolsaň hakyny iki esse edip bermeli bolarsyň.
-Hakyny on esse diýseňem bererin, aýla yzyňa!
-Onuň ýaly bolsa baş üstüne-diýip, taksyçy ulagy yzyna aýlady.
Durdy aga sandygyň öňünde dyza çöküp oturan Bekmyrada:
-Indi turaý, ýegen. Tobaň kabul bolandyr. Menem senden razy, ejeňem razy bolandyr-diýip, ony goltugyndan tutup, ýerinden turuzdy.
Sandygy ulagyň üstündäki ýük goýulýan ýere mäkäm edip daňdylar. Daýysy bilen mähirli hoşlaşan Bekmyrat kalbynda bir asudalyk, öz-özünden razylyk bilen ýola rowana boldy. Ulagyň yzyndan seredip duran Durdy aga öz ýanyndan:
-Ine munyň bolýa, ýegen-diýdi.
Reýimbaý SABYROW.
Hekaýalar